2. Häzirki türkmen ýazuwynda täze elipbiýimiz. Ttürkmen dili fonetikasyna degişli ýazylan işleriň awtorlary barada
Download 20.39 Kb.
|
1-MOWZUK. GIRIŞ. DERSIŇ MAKSADY, WEZIPESI WE ONDA ÖWRENILÝÄN MESELELER.
Harplaryň tertibini ýatdan bilmek sözlüklerden peýdalanmak, raýatlaryň sanawyny düzmek üçin, harplaryň atlaryny bilmek bolsa gysgaldylan atlaryň (abbrewiaturalaryň) ýazuw düzgünlerini özleşdirmek üçin juda zerur. 1990-njy ýylyň Maý aýynyň 24-i Türkmenistanyň Dil hakyndaky kanunynyň kabul edilmegi we şoňa laýyklykda Dil hakyndaky kanuny durmuşa geçirmegiň döwlet maksatnamasyny tassyklanmagy netijesinde türkmen diline döwlet dili hukugy berildi hem-de onuň normalaryny kämilleşdirmegiň, jemgyýetçilik funksiýasyny ösdürmegiň ýollary bellenildi. Häzirem şoňa laýyklykda is alnyp barylýar. Türkmen diliniň fonetikasy barada edilen işleriň taryhy barada. Türkmen diliniň fonetikasy barada edilen işleriň taryhyna nazar salanymyzda XX asyryň 40-nji ýyllaryndan başlap ylmy işler ýazylyp başlandy. Esasanam olardan: M.Hydyrowyň we K.Begenjowyň ”Türkmen diliniň fonetikasy” okuw gollanmasyndan başlanýar. Bu gollanma birnäҫe gezek 1948, 1956, 1960, 1977-nji ýyllarda Aşgabatda neşir edilýär. Soňra A.P.Poseluewskiýniň “Fonetiҫeskiý stroý türkmenskogo ýazyka” (Aşgabat 1975), A.Annanurowyň “Fonetika dil biliminiň bӧlümidir” (Aşgabat 1959), H.Maşakowyň “Türkmen diliniň ҫekimsiz sesleriň fonema sostawy” (Aşgabat 1975), H.Bagyýewiň “Türkmen dilinde kombinator ses üýtgemeleri” (Aşgabat 1975), S. Kürenow “Türkmen diliniň uzyn we gysga çekimlileri” (Aşgabat 1971), A.Muhammedowyň, S. Kürenow “Türkmen dilinde süýkeş we sonarly ҫekimsizler” (Aşgabat 1979) iýen ekisperimental derňewler ýazyldy. Häzirki günde biziň ýurdumyzyň ýokary okuw jaýlarynda tükmen dili we edebiýaty boýunҫa bakalaw ýӧnelişinde “Häzirki zaman türkmen dili” dersiniň “Fonetika” bӧlümi okadylyp gelinýär. Bu dersde esasanda T.Täçmuradowyň “Häzirki zaman türkmen dili. Fonetika” (Aşgabat 2002), M.Hudaýgulyýewiň “Häzirki zaman türkmen dili - Fonetika” (Aşgabat 1992), T.Täçmuradow, M.Hudaýgulyýewlaryň “Häzirki zaman türkmen edebi diliniň fonetikasy” (Aşgabat 1970), P.Azymow, N.Garaýew, G.Sopyýewleriň “Türkmen diliniň orfografiýasy we punktuasiýasy” (Aşgabat 1983), A.Annanurowyň “Dil biliminiň esaslary” (Aşgabat 1971), K.Agaýew, T.Bekjäýew “Dil bilimine giriş” (Aşgabat 2007), T.Bekjäýew “Umumy dil bilimi” (Aşgabat 2010), Amanmuhamed Nurmuhammedowyň “Türkmen dilinde sözüň bogun gurluşy” (Aşgabat 2005), A.Nurmuhammedowyň “Türkmen dilinde söz basymy” (Aşgabat 2012), B.Weýisow, G.Babaýewa “Turkmen dilinin fonetikasy” (Aşgabat 2009), B.Weýisow, G.Babaýewa “Türkmen dili (praktikum)” (Aşgabat 2010), B.Weýisow, G.Babaýewa “Türkmen dilinden tejribelik (praktikum)” (Aşgabat 2012), T.Keruenow, O,Gaýlyewa, A.Kurtçaýewleriň “Häzirki türkmen edebi dili (fonetika, leksikologiýa)” (Höküs 2019) ýaly okuw gollanmalar esasynda alynyp barylýar. Bu işler häzirki gündäki “Türkmen diliniň Fonetika”syny ӧwrenmekde ygtybarly ҫeşme bolup hasaplanýar. Soraglar we ýumuşlar: 1. Fonetika nämäni öwredýär? Ene dilimiziň fonetik aýratynlyklaryny öwrenmegiň ähmiýetini aýdyp beriň. 2. Ses bilen harpyň tapawudyny aýdyp beriň. 3. Sözleýiş dili bilen ýazuw diliniň aýratynlyklaryny düşündiriň. 4. Harplaryň elipbiý tertibini ýat tutuň. 5.Toparyňyzdaky talplaryň elipbiý tertibinde sanawyny düzüp depderiňize ýazyň. 6. Şu güne çenli türkmen dili fonetikasyna degişli ýazylan işleriň awtorlaryny bilýäňizmi? Download 20.39 Kb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling