A. soatow, A. Abdulkasimow, M. Mirakmalow
Download 4.19 Kb. Pdf ko'rish
|
zontal we wertikal ugurda bolýar. Atmosferadaky we Dünýä okeanyn-
daky suwuò hereketinde we litosferadaky wulkanlaryò hereketinde maddalaryò hem gorizontal, hem wertikal çalºygy bolýar. Geografik gabykdaky maddanyò we energiýanyò çalºygyna Ýeriò içki energiýasy we Gün energiýasy hem-de grawitasiýa güýji täsir edýär. Geografik gabykda madda we energiýa dyngysyz çalºyp durýar. Bu proses çylºyrymly bolup, onda hil taýdan özgeriºler bolup geçýär. Geografik gabykda ritmlilik. Tebigatda wagtyò geçmegi bilen birmeòzeº hadysalaryò gaýtalanmagyna ritmlilik diýilýär. Ritmlilik ikä bölünýär: sutkalyk we ýyllyk (möwsümleýin). Ýeriò öz okunyò daºynda aýlanmagy sutkalyk, Günüò daºyndan doly bir gezek aýlawy ýyllyk ýa-da möwsümleýin ritmlilige sebäp bolýar. Sutkalyk ritmlilige gündiz bilen gijäniò çalyºmagy mysal bolýar. Netijede sutkanyò dowamynda temperatura we çyglylyk üýtgäp durýar. Haýwanat dünýäsiniò durmuºynda-da ritmlilik bolýar. Meselem, käbir haýwanlar gündizine iºjeò bolup, gijesine dynç alsa, baºgalary, tersine, gijesine gaty iºjeò bolýar. Daglardaky gar we buz- luklar gündizine köpräk ereýär. ªonuò üçin derýalar öýländen soò köp suwly bolýar. Möwsümleýin ritmlilige Ýerde pasyllaryò çalyºmagy mysal bolýar. Tebigatda köp ýyllyk ritmlilikler hem bar. Bular Gündäki prosesleriò, Ýeriò içki güýçleriniò ritmliligi sebäp bolýar. Geografik zolaklylyk we beýiklik guºaklylygy. Gury ýerde ek- watordan polýar giòliklere tarap tebigy toplumlaryò olargiderli çalyº- magyna zolaklylyk diýilýär. Oòa Ýeriò ºar ºekilliligi netijesinde Ýeriò üstüne Gün ºöhlesiniò bir tekiz düºmän ekwatordan polýuslara tarap barha kemelýändigi sebäp bolýar. Daglarda beýiklige tarap tebigy toplumlaryò gezekleºmegine beýiklik guºaklylygy diýilýär. 16 Adalgalar, daýanç düºünjeler we atlar Biogen däl, biogen, antropogen, era, döwür, bir bitewilik, zolak- lylyk, giòiºleýin zolaklylyk, beýiklik guºaklylygy. Barlag üçin soraglar 1. Geografik gabygyò ösüºi nähili basgançaklara bölünýär? 2. Geografik gabygyò umumy kanunalaýyklyklary nämelerden ybarat? Amaly ýumuº 1. Geografik gabygyò umumy kanunalaýyklyklaryny we geohronologik jedweli geografiýa depderiòize ýazyò. 6- §. Litosfera we Ýeriò relýefi Litosfera (ýunança litos daº, gaty, sfera gabyk) Ýer gabygynyò we ýokary mantiýanyò bir bölegini eýeleýär. Ýer gabygy bilen ýokary mantiýanyò arasyndaky araçägi 1914-nji ýylda ýewropaly alym Mohorowiçiç kesgitläpdir. Ýer gabygy gurluºyna we galyòlygyna görä iki tipe bölünýär. Ýer gabygynyò kontinental tipi materiklerde ýaýran bolup, düzlüklerde 35 40 km, ýaº daglarda 55 70 km galyòlykda bolýar. Pamirde we Hindukuºda 60 70 km, Gimolaý daglarynda 80 km-e ýetýär. Kontinental ýa-da materik gabygy çökündili, granitli we bazaltly gatlaklardan düzülen. Ýer gabygynda platforma we geosinklinal çäkler tapawutlanýar. Platformalar Ýer gabygynyò gaty berk bölekleri bolup, dag gat- laklanmalary, güýçli ýer titremeleri we wulkan hereketleri bolmaýar. Olara Gündogar Ýewropa, Hindistan, Sibir we baºga platformalar degiºli. Platformalar düzlüklere gabat gelýär. Geosinklinal guºaklyklar Ýer gabygynyò hereketjeò ýerleri: olara güýçli ýer titremeleri, here- ketdäki wulkanlar, dag gatlaklanyºlary mahsusdyr. Ýuwaº okean 17 ýalynly halkasy, Orta deòiz, Gimolaý, Gündogar Afrika, Merkezi Amerika geosinklinal guºaklyklary Ýer gabygynyò iò iºjeò bölekleridir. Okean gabygy 5 10 km galyòlyga eýe. Soòky barlag iºleri neti- jesinde bazaltly gatlakdan aºakda ýerleºýän we galyòlygy 3,55 km bolan magmatik jynslaryò bardygy anyklandy. Diýmek, okean gaby- gy-da üç gatlakdan düzülen. Ýöne onda granitli gatlak duºmaýar. Litosfera okeanyò düýbünde 50 60 km çenli, gury ýerlerde 100 200 km çenli galyòlykda bolýar. Litosfera Ýer gabygynyò iri bitewi bölekleri plitalarydyr. Olar materigiò we okeanyò düýplerini Orta okean geriºlerine çenli eýeleýär. Ýedi sany iri (6 materik we bir sany Ýuwaº okean) we alty sany kiçiräk litosfera plitalary tapa- wutlanýar. Litosfera plitalarynyò çaknyºýan bölekleri gaty iºjeò bolup, ýaº daglar, hereketdäki wulkanlar, ýer titremeleri bolup durýar. Litosfera plitalary näme sebäpdan gorizontal süýºýär? diýen soraga alymlar jogap tapdylar. Anyklanmagyna görä, Ýer gabygy bilen mantiýanyò arasyndaky astenosfera (grekçe astenos güýçsüz) gatlagynyò ýumºak we maýyºgak halyndaky maddalardan düzü- lendigine bagly eken. Ähli diýen ýaly wulkan ojaklary hem aste- nosfera gabat gelýändigi anyklandy. Orta okean ulgamlarynda litosfera plitalary mantiýadan çykýan maddalaryò halka ºekilli hereketiniò hasabyna bir-birinden uzaklaºýar. Netijede olaryò arasynda täze okean gabygy emele gelýär we barha giòelýär (4-nji surat). Daglaryò döreýºi, hereketdäki wulkanlar, ýer titremeleri litosfera plitalarynyò utgaºýan araçäklerine dogry gelýär. Relýef (ýunança, ýokary galýaryn) Ýer üstüniò uludygy, emele gelºi, ýaºy we ösüº taryhy dürlüçe bolan ºekilleridir. Ýer ýüzündäki ähli relýef ºekilleri içki we daºky güýçleriò netijesidir. Esasy relýef ºekillerine dag we düzlükler mysal bolýar. Daglar gury ýeriò 40 %-ini, düzlükler bolsa 60 %-ini eýeleýär. Ýer ºarynyò gury ýeriniò iò pes nokady 405 m-e (Öli deòiz), iò belent nokady 8 848 m-e (Jomolungma ýa-da Ewerest) deò. Gury ýerdäki deòiz derejesinden pes ýerlere çöketlikler we oýuklar diýilýär. 2 A. Soatow, A. Abdulkasimow, M. Mirakmalow 18 Deòiz derejesinden 200 m beýiklige çenli bolan pesliklere düzlükler diýilýär. 200 m-den 500 metre çenli aralykdaky beýiklige gyrlar ýa- da belentlikler diýilýär. 500 m-den 1 000 m beýiklige çenli bolan ýerlere pes daglar, 1 000 m-den 2 000 m çenli bolan daglar ortaça daglar, 2 000 m-den 3 000 m çenli bolan daglar orta beýiklikli daglar, ondan ýokarylaryna beýik daglar diýilýär. Bular gury ýeriò esasy relýef ºekilleri hasaplanýar. Okeanlaryò düýbüniò relýefi-de çylºyrymly gurluºa eýe. Ma- terikleriò 35%-ine golaýy deòiz we okean suwlarynyò aºagynda ýer- leºýär. Olar ýalpak üstli deòiz ºelfine gabat gelýär we 200 m çuòluga çenli dowam edýär. Ondan aºakda ýapgydrak materik etegi ýa-da batial (grekçe, çukur) 3 000 m-e çenli, abissal (grekçe, düýpsiz) 6 000 m-e çenli we okean oýuklary (6 000 m-den çuò) guºaklyklary ýerleºýär. Okean düýbüniò relýefinde üznüksiz dowam edýän (uzynlygy 60 müò km) Orta okean ulgamlary, wulkanik daglar, çöketlikler, peslikler, ýagny basseýnler, jülgeler we platolar bar. Adalga, daýanç düºünje we atlar Litosfera, platforma, geosinklinal, Ýer gabygy, relýef, dag, düzlük, ºelf, batial, abissal, Mohorowiçiç. 4-nji surat. Litosferanyò gurluºy. Çökündili gatlak Materigiò ýer gabygy Okeanyò ýer gabygy Materigiò ýer gabygy Litosfera Daºky mantiýa Ýer gabygy 19 Barlag üçin soraglar 1. Litosfera näme we nähili görnüºlere bölünýär? 2. Ýer ýüzünde nähili esasy relýef ºekilleri ýaýrapdyr? Amaly ýumuºlar 1. Dersligiò 18-nji sahypasyndaky 4-nji suraty (Litosferanyò gurluºy) depderiòize çyzyò we düºündiriò. 2. Sudury karta litosfera plitalaryny we esasy relýef ºekillerini geçiriò. 7- §. Materikleriò we okeanlaryò peýda bolºy we ösüºi Ýeriò we litosferanyò döreýºi. Alymlaryò nygtamagyna görä, Gün ulgamy we Ýer Älemdäki hereketlenýän tozan ºekilli bölejikleriò birikmeginden emele gelipdir. Beýle pikiri ilki fransuz alymy R. De- kart 1644-nji ýylda, soòluk bilen nemes filosofy I. Kant 1755-nji ýylda we fransuz alymy R. S. Laplas 1796-njy ýylda aýdypdyrlar. ªonuò üçin bu gipoteza Dekart-Kant-Laplasyò gipotezasy diýýärler. Litosfera we Ýer gabygy ýeriò içki maddalarynyò saýlanmagy netijesinde emele gelipdir. Gyzgyn halyndaky ýeriò ýeòil maddalary ýokary galypdyr, agyr maddalary bolsa aºak çöküpdir. Netijede beý- lekilere garanda ýeòil we gaty litosfera (grekçe, daº gabyk) hem-de Ýer gabygy, mantiýa we ýadrolar dörän. Materikleriò we okean oýuklarynyò döreýºi. Materikleriò we okean oýuklarynyò döreýºi hakynda ençeme gipotezalar (ylmy takmynlar) döredilen bolsa-da, alymlar henize çenli bir çözgüde gelenoklar. ªeýle gipotezalardan biri mobilizmdir. Mobilizm (grekçe, süýºýän, hereketlenýän) gipotezasyny 1912-nji ýylda nemes geology A.Wegener iºläp düzüpdir. Ýöne ondan baryp 9 asyr öò watandaºymyz Abu Reýhan Biruny (973 1048) ma- terikleriò süýºýändigi hakynda ºeýle diýipdir Kontinentler göýä suw 20 derejesinde ýüzüp ýörän agaç ýapraklary ýaly bir-birine tarap ýakyn- laºyp ýa-da uzaklaºyp, haýal hereketde bolýar. Birunynyò bu pikiri hut mobilizm gipotezasynyò manysydyr. A.Wegener öz gipotezasyny döredende Atlantik okeana utgaºýan Günorta Amerika we Afrika kenarlarynyò bir-birine gabat gelºine esaslanýar. Onuò pikiriçe, takmynan 200 mln ýyl öò Ýer ýüzünde ýeke-täk Pangeýa materigi we ýeke-täk Pantalassa okeany bolupdyr. Soòluk bilen Pangeýa iki iri materige: Lawraziýa we Gondwana, Pantalassa bolsa Paleotinç we Tetis okeanlaryna bölünipdir. Öz gezeginde, 65 mln ýyl öò Lawraziýadan Demirgazyk Amerika we Ýewraziýa, Gondwanadan bolsa Afrika, Awstraliýa, Antarktida we Günorta Amerika materikleri bölünip çykypdyr. Olaryò arasynda häzirki okeanlar döräpdir. Litosfera plitalarynyò tektonikasy. 1968-nji ýylda bir topar amerikan alymlary (L. R. Saýks, J. Oliwer we b.) tarapyndan täze mobilizm, ýagny litosfera plitalarynyò tektonikasy gipotezasyny yglan edipdirler. Bu Birunynyò we Wegeneriò taglymlary esasynda döredilen iò soòky, kämil gipotezadyr. Okean düýbi barlaglary, kosmik suratlaryò deròewi, takyk geodezik ölçegler we baºga çeºmelerden alnan täze maglumatlar netijesinde litosfera plitalarynyò dürli tarapa, dürlüçe tizlikde hereketlenýändigi mälim boldy. Muòa ýokary mantiýa we astenosfera gatlaklaryndaky maddalaryò tüweleýli hereketi sebäp- dir (5-nji surat). 5-nji surat. Litosfera plitalarynyò hereket mehanizmi. Mantiya Materik ýer gabygy Okean ýer gabygy ÝADRO Giòelme Süýºme 21 Mantiýa maddalarynyò ýokary hereketlenmegi netijesinde litosfera plitalary bir-birinden daºlaºýar. Netijede orta okean ulgamlary peýda bolup, bazaltly okean gabygy giòeýär. Bu zolakda rifler, ýer jaýryklary, hereketdäki wulkanlar bar, güýçli ýer titremeleri bolýar. Giòelme hadysasy Afrika ýer jaýrygynda, Baýkal kölünde, Gyzyl deòizde we baºga ýerlerde hem bolupdyr. Ylmy-tehniki ösüºiò täze maglumatlary esasynda materikleriò we okeanlaryò emele gelmegi hakynda has-da kämil gipotezalar döredilmegi mümkin. Häzirlikçe litosfera plitalarynyò tektonikasy gipotezasy barlagçy alymlaryò aglabasy tarapyndan ykrar edilendir. Adalgalar, daýanç düºünjeler we atlar Maddalaryò saýlanmagy, mobilizm, Birunynyò gipotezasy, Pangeýa, Pantalassa, Lawraziýa, Gondwana. Barlag üçin soraglar 1. Gün ulgamy, Ýer, litosfera nähili emele gelipdir? 2. Birunynyò gipotezasy nähili mazmuna eýolar. Haýsy gipotezany köpçülik ykrar edipdir? Amaly ýumuºlar 1. Atlasyò 5-nji sahypasyndaky materikleriò we okeanlaryò döreýºine degiºli kartany sudury karta geçiriò. 2. Materikleriò we okeanlaryò döreýºine degiºli gipotezalary bir- birine deòeºdirip, depderiòize ýazyò. 8- §. Gidrosfera, onuò düzüm bölekleri Gidrosferanyò düzüm bölekleri. Gidrosfera (grekçe, suw ga- bygy) geografik gabygyò esasy düzüm bölegi bolup, ýerüsti we ýerasty suwlardan, buzluklardan, atmosferadaky suw buglaryndan ybarat. 22 Okean suwlary. Ýer üstüniò 71 %-den köpräk bölegini okean suwlary eýeleýär. Olar dünýä suw gorunyò 96,5 %-ini tutýar. Okean suwlarynyò esasy aýratynlygy ºorlugy we temperaturasydyr. Okean suwlarynyò ortaça ºorlugy 35 , ekwatoryò golaýynda 34 , tro- piklerde 36 , aram we polýar giòliklerde 33 . Suwuò ortaça tem- peraturasy +17,5 °C, Ýuwaº okean iò yssy +19,4 °C, iò sowuk okean Demirgazyk Buzly okean (0,75 °C). Suwuò 3 4 km-den çuò böleklerinde temperatura +2 °C-dan 0 °C töwereginde üýtgäp durýar. Okean suwy ºor bolanlygy üçin 2 °C-da doòýar. Okean suwlary mantiýadan bölünip çykypdyr diýen taglymy köpçülik alymlar ykrar edýärler. Muòa sebäp häzirki wagtda mantiýadan suw bölünip çykýanlygydyr. Ýeriò tebigatyna mahsus bolan aýratynlyklaryò aglabasy okean bilen bagly. Okean gün energiýasyny özünde toplaýan akkumulýator hasaplanýar. Okeanlar materikleriò klimatyna, topraklaryna, haýwanat dünýäsine we adamyò hojalyk iºine täsir edýär. Gury ýerdäki suwlar. Derýa, köl, batgalyk, buz we ýerasty suwlary gidrosferanyò gury ýerdäki suwlarydyr. Olar umumy gid- rosfera suwlarynyò 3,5 % bölegini tutýar. ªondan 2,5 %-i süýji suwlardyr. Derýalaryò dykyzlygy, bol suwlulygy klimata we relýefe bagly. Ygallar köp ýagýan çäklerde Amazonka, Kongo, Missisipi, Huanhe, Wolga ýaly derýalar emele gelendir. Az ygal ýagýan çöllerde derýalar bolmaýar. Syrderýa, Amyderýa, Nil ýaly tranzit derýalar çölleri kesip geçýär. Köller ululygyna, çuòlugyna, akýandygyna ýa-da akmaýandygyna, ºor ýa-da süýji suwlulygyna, gelip çykyºyna görä dürli-dürlüdir. Dünýädäki iò uly köl Kaspi köli (376 müò km 2 ) bolup, ony we Araly uly bolanlygy üçin deòiz diýip atlandyrýarlar. Ýapyk basseýnde ýer- leºýän Kaspi, Aral, Yssykköl we Balhaº akmaýan köller hasaplanýar. Dünýädäki iò çuò köller Baýkal (1 620 m) we Tanganika (1 470 m) akýan köllerdir. Balhaº kölüniò ýarysy süýji, ýarysy ºor. Rudolf köli we Öli deòiz (270 ) ºor köllerdir. Gelip çykyºyna görä, köller 23 tektonik (Baýkal, Tanganika, Nýasa), buz emele getiren (Finlýan- diýadaky köp köller), daglardaky morena, wulkanik, arna, emeli, karst köllere bölünýär. Suw howdanlary, kanallar ýerleri suwarmak, elektrik energiýasyny almak, sil hadysalarynyò öòüni almak, derýa suwlaryny kadalaº- dyrmak, dynç alyº ýaly maksatlarda gurulýar. Buzluklar gury ýeriò 11 % meýdanyny eýeleýär. Buzlaryò 99 %-i polýar ülkelerde, örtük halynda ýerleºýär (Antarktida, Grenlandiýa, Arktika). Dag buzluklary gar çyzygyndan ýokarda emele gelýär. Ekwatorda gar çyzygy 4,5 5 km beýiklikden geçýär. Kilimanjaro wulkanyny 4 500 m-den ýokarsyny buz örtüpdir. Polýuslarda gar çyzygy deòiz derejesine deòleýär. Ýerasty suwlar ygallaryò Ýer gabygyna sorulmagyndan emele gelýär. Ýöne gelip çykyºyna görä magmatik aýratynlyga eýe bolan geýzerler hem ýerasty suwlara degiºlidir. Ýerasty suwlaryò gidros- feradaky ülºi 1,7 %-i düzýär. Olar suwly gatlaklarda (gum, çagyl, daº) toplanýar. Eger suw geçirmeýän gatlaklaryò (toýun) arasynda ýerleºse, artezian basseýnlerini emele getirýär. Ähli diýen ýaly düzlüklerde we dag aralygynda oýuklarda ýerasty suw basseýnleri bar. Olaryò käbirleri ºypa beriji mineral suwlardyr. Köp ýyllyk buzluk ýerler toprak, çökündi jynslar bilen ýerasty suwlaryò bilelikde doòmagyndan emele gelýär. Olar Demirgazyk Amerikanyò we Ýewraziýanyò demirgazyk böleginde uly meýdanlary eýeleýär. Olaryò galyòlygy 0 metrden 1 500 metre çenli ýetýär. Adalgalar, daýanç düºünjeler we atlar Gidrosfera, ýerüsti suwlar, okean, deòiz, köl, suw howdanlary, derýa, buzluklar, buzluk ýerler, ýerasty suwlar, mineral suwlar, bulaklar, artezian suw basseýnleri, geýzerler, gar çyzygy. Barlag üçin soraglar 1. Gidrosferanyò düzüm bölegine nämeler girýär? 2. Örtme buzluklar we dag buzluklary nirelerde ýaýrapdyr? 24 Amaly ýumuºlar 1. Gidrosferanyò düzüm böleklerini geografiýa depderiòize ýazyò. 2. Atlasdaky we derslikdäki kartalardan okeanlaryò, iri deòizleriò, kölleriò we derýalaryò atlaryny sudury karta ýazyò. 910- §. Atmosfera. Ýeriò klimat guºaklyklary Atmosfera we onuò gurluºy. Atmosfera (grekçe, bug howa gabygy) geografik gabygyò iò ýokary bölegini eýeleýän, ýeòil we hereketjeò howa gabygydyr. Ol Ýeriò baºga gabyklary bilen üznük- siz aragatnaºykda bolup, özara täsir ediºip durýar. Atmosferanyò aºaky araçägi Ýeriò üstünden, ýokarky araçägi 2 müò km beýiklikden geçýär. Atmosfera massasynyò 99,5 %-i 80 km-e çenli bolan aºaky gatlagyna dogry gelýär. Atmosferanyò gaz düzümini birinji bolup 1774-nji ýylda fransuz alymy A. Lawuazýe kesgitläpdir. Häzir onuò düzüminde 78 % azot, 21 % kislorod we 1 % inert gaz- lary duºýar. Ýer dartyº güýji bilen howany saklap durýar. ªonuò üçin hem planetamyzda atmosfera bar. Atmosfera gatlakly gurluºa eýe. Olar bir-birinden temperaturasy, dykyzlygy, basyºy ýaly aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Aºaky gatlak troposfera (grekçe, öwrüliºik) Gün ºöhlesi we Ýerden serpigen ºöhläniò hasabyna gyzýar. Howanyò temperaturasy deòiz derejesinde +14 °C bolsa, troposferanyò ýokary araçäginde 55 °C çenli peselýär. Bu gatlaga atmosfera howa massasynyò 80 %-i dogry gelýär. Dürli-dürli prosesler (suwuò aýlanma hereketi, ygallar, ýeller) ºu gatlakda bolýar. Galyòlygy ekwatorda 17 km, polýuslarda 8 9 km. Howanyò temperaturasy her 100 m beýiklige galanda 0,6 °C sowaýar. Troposferadan ýokarda stratosfera (50 55 km-e çenli), mezosfera (80 85 km-e çenli), termosfera (1 000 km-e çenli), ekzosfera (2 000 km-e çenli) ýerleºýär (6-njy surat). 25 Klimaty emele getirýän sebäpler. Ýer üstüniò klimatynyò dürlüçe bolmagyna, esasan, üç faktor täsir edýär. Geografik giòlik faktory temperatura, basyº, howa massalary we hemiºelik ýelleriò zolaklaýyn ýaýramagyna getirýär. Howanyò temperaturasynyò Ýer ýüzünde ýaýramagy gün energiýasyna bagly. Ekwatordan iki polýuslara tarap howanyò ortaça ýyllyk temperaturasy 25 26°C- dan 10 °C çenli peselýär. Klimatyò esasy görkezijisi bolan ygalyò mukdary we hemiºelik ýeller klimat emele getirýän ikinji faktora atmosfera basyºyna we howa massalaryna bagly. Troposferanyò birmeòzeº aýratynlyga eýe bolan uly göwrümli howalaryna howa massasy diýilýär. Ýer ýüzünde 5-ñ¯ð£ò. Àòìîñôåðàíûí ò¯ç¯ë¯ø¯. 0.01 0.06 0.2 0.8 2.4 9.5 2.4 210 760 1 2 0 ° 0 ° 60° 1 2 0 ° 1 8 0 ° 240° 3 0 0 °360°C - 1 0 ° Termosfera Temperatura Mezosfera Troposfera Ozon gatlagy Beýiklik, km Stratosfera Ozon gatlagy Basyº, mm simap sütüninde 0 ° 10 20 30 40 50 60 70 80 90 100 120 140 160 180 200 250 300 400 500 600 700 800 6- njy surat. Atmosferanyò gurluºy. 26 ekwatorial (yssy we çyg), arktika we antarktika (sowuk we gurak) howa massalary bar. Bular ºu yzygiderlikde ekwatordan polýuslara tarap iki ýarymºarda çaºyp durýarlar. Üçünji klimat emele getirýän faktor ýerüsti gurluºy tebigy toplumlaryò dürli-dürli bolmagyna klimat arkaly täsir edýär. Klimat guºaklyklary. Ekwatordan polýuslara tarap ýylylygyò kemelmegi hem-de dürli giòliklerde ýylyò dowamynda ýa-da pasyllar boýunça dürli howa massalarynyò höküm sürýänligi sebäpli Ýer ýüzünde 7 esasy we 6 sany aralyk klimat guºaklyklary emele gelipdir. Esasy guºaklyklarda ýylboýy atlary degiºli howa tipi bilen bagly bir howa massasy agdyklyk edýär. Aralyk guºaklyklarda howa tipleri pasyllar boýunça çalºyp durýarlar (2- nji jedwel). 2- nji jedwel Ýeriò klimat guºaklyklary Aralyk klimat guºaklyklary Polýar, sowuk we gurak Aram, maýyl we çygly Tropik, yssy we gurak Ekwatorial, yssy we çygly Ýylboýy yssy we ýagynly ýaz, tempera- tura +24 +26 C töwereginde saklanýar. Tomus yssy, gurak; gyº maýyl, gurak, Ygal kem ýagýar. Dört pasyl hem anyk, aýdyò geçýär. Ýylboýy sowuk, ýagyn kem ýagýar, Ýer gar we buzluk bilen örtülýär Ýazda ekwatorial, gyºda tropik Ýaz yssy, ýagynly, gyº maýyl, gurak Ekwatorial Demirgazyk we günorta tropik Demirgazyk we günorta aram Polýar (arktika we antarktika) Demirgazyk we günorta subekwatorial Demirgazyk we günorta subtropik Subarktika we subantarktika Ýazda aram, gyºda polýar Ýazda tropik, gyºda aram Ýaz birneme maýyl, ýagynly, gyº sowuk, gurak Ýaz yssy, gurak, gyº maýyl, ýagynly (ýagyº, käte gar) Klimat guºaklyklary Howa massalary Klimat aýratynlyklary Esasy klimat guºaklyklary 27 Adalgalar, daýanç düºünjeler we atlar Atmosfera, troposfera, howa massalary, klimat emele getirýän faktorlar, howanyò temperaturasy, ygallar. Barlag üçin soraglar 1. Howa massalary diýip nämä aýdylýar? 2. Klimat emele getirýän nähili esasy faktorlary bilýärsiòiz? Amaly ýumuºlar 1. Atlasyò klimat kartasyndan köp we az ygal ýagýan ýerleri anyklaò. Olary sudury kartada bellik ediò. 2. Atlasdaky klimat kartasyndan Özbegistanyò ortaça ýyllyk temperaturasynyò we ygalyò mukdaryny anyklaò. 11- §. Tebigy toplumlary, olaryò döwürliligi we zolaklylygy Dag jynslary, relýef, klimat, ýerasty we ýerüsti suwlar, toprak, ösümlik, haýwanat dünýäsi tebigat komponentlerini emele getirýär. Tebigat komponentleriniò özara aýrylmaz baglanyºygy we bir-birine täsiri netijesinde emele gelen we özboluºly aýratynlyklara eýe bolan çäklere tebigy toplum (landºaft) diýilýär. Tebigy toplumlar (TT) gury ýerde eýeleýän meýdanyna görä dürli ululykda bolmagy mümkin. Meselem, materikler we okeanlar geo- grafik gabykdan soòky iò iri TT-larydyr. Öz gezeginde, materikler kiçiräk tebigy toplumlara (TT) ülkelere, kiçi ülkelere, tebigy-geografik Download 4.19 Kb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling