A. soatow, A. Abdulkasimow, M. Mirakmalow
Download 4.19 Kb. Pdf ko'rish
|
synda 4 000-e golaý daragt görnüºi duºýar. Amazoniýa ençeme gym-
matbaha daragtlar bolan, kauçuk berýän geweýa daragty, palmalaryò dürli görnüºleri, kakao daragty, seýba (pagta) daragty (beýikligi 80 m), gawun daragty we baºgalaryò watany hasaplanýar. Iò ýeòil we gaty bals daragty ºu zolakda ösýär. Ondan T. Heýerdel özüniò Kon-Tiki gämisini ýasapdyr. Tokaýlarda uly daragtlaryò bedenine çyrmaºyp giden çyrmaºyk ösümlikler ösýär. 92 Afrikadaky ýaly bu ýerde-de ekwatorial tokaýlaryò aºagynda podzollaºan laterit top- raklar gyzyl-sary ferralitler emele gelipdir. Zolagyò haýwanat dünýäsi Aziýa we Afrika haýwanlary ýaly, agaçlarda ýaºamaga uýgunlaºan. Meselem, guýrugy bilen asylyp ýaºamaga uýgunlaºan maýmynlar, ýaltalar, hatda gurbaga we suwulganlar hem daragt- larda ýaºaýar. Derýalaryò boýunda, suw basseýnlerinde we batgaly ýerlerde toýnakly haýwanlar tapyrlar we suw doòzy ka- ribarlar, iò uly gömülgen anakonda ýylany, ýyrtyjy piranýa balygy derýa adam- hory (17- nji surat) ýaºaýar. Gür tokaýlarda ýyrtyjy haýwanlardan ýaguar duºýar. Guºlardan kalibri guºy, dürli-dürli totuguºlar, uly ºetdalyhorlar köp ýaýran. Iri kebelekler, ýalpylýaýan tomzaklar, möýler we garyn- jalaryò dürli-dürli görnüºleri bar. Subekwatorial tokaýlar zolagy. Bu zolak Braziliýa hem-de Gwia- na daglarynyò demirgazyk eòòitlerini eýeleýär. Braziliýa daglaryndaky tokaýlarda ýagynly möwsüm uzak dowam edýär, gurakçyl döwür bolsa üç-dört aýa çenli dowam edýär. ªu sebäpli tokaýlarda ýap- ragyny gaçyrýan daragtlaryò sany artyp baºlaýar. Subekwatorial to- kaýlarda ýylyna 2 000 3 000 mm ygal ýagýar. Gwiana daglygynyò demirgazyk böleginde ygal mundan-da köp ýagýar. Netijede hemiºelik ýaºyl tokaýlar döräpdir. Sawannalar zolagy subekwatorial klimat guºaklyklary çägindäki pesliklerde, ýasy daglyklarda emele gelipdir. Sawannalaryò haýwanat dünýäsinde kiçi sugunlar mazamlar, ýabany doòuzlar pekarlar, zirhliler buýnuz maddadan ybarat galkany bolan süýdemdiriji haýwanlar, garynja iýýänler, gemrijiler, uly guºlardan nandu düýeguºy ýaºaýar. Bu zolakda çygly sawanna tokaýlary, gurak sawanna, çöle 17-nji surat. Piranýa. 93 öwrülen sawanna, selçeò tokaýly sawanna we gyrymsyly sawanna tebigy toplumlary bar. Sähralar zolagy. Sähralar Günorta Amerikada pampa (indeýesleriò dilinde daragtsyz ýerler) diýlip atlandyrylýar. Sähralarda, esasan, ot ösümliklerinden çalow, betaga, ýabany taryk we baºgalar duºýar. Çygly subtropiki klimat ºertinde hasylly gyzyl ferralit topraklar emele gelipdir. Pampalarda lamalar, düýeguºlar, pampa suguny, pampa piºigi we baºga haýwanlar ýaºaýar. Çöl we ýarym çöller zolagy. Günorta Amerikada tropiki çöller ýok. Diòe Ýuwaº okeanyò kenarlarynda sowuk Peru akymynyò täsirinde Atakama çöli döräpdir. Bu çölde ýylyna 25 100 mm ygal ýagýar, käte ygal ýagmaýar. Çöl ösümlikleri çyglylygy ümürden we gyrawdan alýar. Aram klimat guºaklygynda ýarym çöller zolagy emele gelen. Tebigy ºerti gaty, ygal kem ýagýan bu ülke Patagoniýa diýilýär. Bu zolakda kem hasylly boz topraklar giò ýaýran. Ösümlik örtügi gaty seýrek, olar bajakly gallagüllilerden we tikenli gyrym- sylardan ybarat. Gemrijiler, nutriýa, maýda zirhliler ýaly haýwanlar köp duºýar. Beýiklik guºaklyklary. And daglary birnäçe klimat guºaklyk- laryny kesip geçýär. Beýiklik guºaklyklarynyò köp ýa-da kem bolma- Beýik- lik, m Tebigy guºaklyklar Ösümlikleri Ýagyn, mm Tempera- tura C 6 000 5 000 Gar we buzluklar Ösümliksiz gaýalar, daºly ýerler, mohlar 500-den kem 0-dan pes 4 000 Belent dag otluklary (paramoz) Mahly batgalyklar, sümmülli ösümlikler, çylºyrymly güllüler. 500 4 8 3 000 Belent dag tokaýlary Pes we egrem-bugram agaçlar, gyrymsylar 1 200 1 800 10 12 2 000 Dag tokaýlary Hin agajy, liana, agaç ºekilli paporotnik, bambuk 2 000 3 000 15 20 1 000 Çygly ekwatorial tokaýlar Kauçukly agaçlar, palmalar, çyrmaºyklar 3 000-den artyk 24 26 94 gy, esasan, iki sebäbe: dag geriºleriniò beýikligine we olaryò ekwatora ýakyn ýa-da ondan uzakda ýerleºendigine bagly. Meselem, ekwatora ýakyn ýerlerde And daglarynyò beýikligi 5 000 6 000 metre ýetýär. Bu ýerde aºakdaky beýiklik guºaklyklary duºýar. Subtropik guºaklygyò And dagynyò eteklerinde ýarym çöller ýer- leºýär. Ýokary galdygy saýyn bu guºaklyk gaty ýaprakly, hemiºelik ýaºyl tokaýlar we gyrymsylar guºaklygy bilen çalºyp durýar. Ondan beýikde ýapragyny gaçyrýan buk tokaýlary guºaklygy, ondan hem ýokarda alp otluklary ýerleºýär. And daglarynyò haýwanat dünýäsi örän dürli-dürlüdir. Bu ýerde äýnekli aýy, sütükli ºinºilla, ýabany lamalar duºýar. Daglaryò dik eòòitlerinde iri ýyrtyjy guºlardan kondorlar ýaºaýar. Adalgalar, daýanç düºünjeler we atlar Selwa, Amazoniýa, gawun daragty, zirhliler, pampa, paramos, liana, kauçukly daragt. Barlag üçin soraglar 1. Günorta Amerikada nähili tebigy zolaklar bar? 2. Günorta Amerika mahsus bolan nähili haýwan görnüºlerini bilýärsiòiz? 3. And daglarynyò haýsy böleginde beýiklik guºaklyklarynyò sany köp? Amaly ýumuºlar 1. Materikdäki tebigy zolaklary sudury karta geçiriò. 2. 93-nji sahypadaky jedweli depderiòize çyzyò we düºündiriò. 41- §. Tebigy geografik ülkeleri Günorta Amerikanyò relýefindäki tapawutlara görä iki sany uly tebigy-geografik ülkä bölünen Dagly Günbatar we Düzlükli Gün- dogar. Ülkeler tebigy aýratynlyklaryna garap birnäçe kiçiräk tebigy 95 toplumlara bölünýär. Dagly ýerlerde Demirgazyk, Merkezi we Günorta And, düzlükli ýerlerde bolsa Orinoko, Amazoniýa, Gwiana we Braziliýa ýasy daglary, Patagoniýa ýaly kiçi tebigy-geografik ülkeleri tapawutlandyrmak mümkin. Aºakda käbir tebigy toplumlara gysgaça häsiýetnama berýäris. Amazoniýa materigiò iò uly batgalaºan düzlügidir. Ol Gwiana we Braziliýa ýasy daglyklarynyò aralygynda ýerleºýär. Amazoniýa yssy we çygly klimatly ülke hasaplanýar. Ýylboýy temperatura +24 °C, +27 °C töwereginde bolýar. Ygal 1 500 3 000 mm düºýär. Derýanyò ºahalary örän gür ýerleºýär. Bu derýalar gar, buz, ýagyº suwlaryndan doýunýar. Amazoniýanyò günbatar bölegi köp ýarusly hemiºelik ýaºyl ekwa- torial tokaýlar bilen örtülen. Tokaýlarda ýogynlygy 15 gulaç gelýän beýik boýly seýba pagta daragty, gymmatly agaç berýän sedrella daragty, dürli-dürli palmalar, Braziliýa adynyò gelip çykmagyna sebäp bolan paý brazil daragty (gyzyl daragt), kakao daragty, kauçuk berýän geweýa daragty ösýär. Suw basmaýan ýerlerde süýtli daragt, gyzyl reòkli mango daragty, braziliýa hozy köp duºýar. Bu kiçi ülkede daragt gurbagalary, dürli ýylanlar, iò uly ýylan anakonda, pyºdyl we suwulgan ýaly haýwanlar ýaºaýar. Derýalarda, ºonuò ýaly-da, kaýmanlar, alligatorlar hem-de balyklar köp duºýar. Braziliýa ýasy daglygy Amazonka we La-Plata peslikleride hem- de Atlantik okeanyò aralygynda ýerleºýär. Ol, esasan, iò gadymky kristal we metamorfik dag jynslaryndan düzülen. Kristal jynslaryò arasynda demir, almaz, altyn, uran magdan-lary, marganes, reòkli metal magdanlarynyò uly känleri bar. Ýasy daglaryò üsti çuò derýa jülgeleri bilen ýumrulan, olar pes-beýik gyrlary ýada salýar. Ýasy daglaryò uly bölegi subekwatorial we tropik, günorta bölegi bolsa subtropik guºaklyklarda ýerleºýär. ªonuò üçin bu ülkede ýanwaryò ortaça temperaturasy +22 °C-dan +29 °C çenli, iýuluò ortaça tempe- raturasy +12 °C çenli bolýar. Ygalyò ýyllyk mukdary ortaça 1 400 2 000 mm-e deò. 96 Braziliýa ýasy daglarynyò ähli derýalary ýagyºdan suwlulanýar. Bu ýerde hemiºelik çygly ýaºyl tropiki tokaýlar Atlantik okeanyndan uzaklaºdygy saýyn gyrymsy agaçly sawannalar hem-de otluk sawan- nalar bilen gezekleºip gelýär. Demirgazyk bölegindäki tokaýlarda ýelimli palma ösýär. Günortasynda Braziliýa araukariýasy, hemiºelik ýaºyl we garyºyk subtropik tokaýlar bar. Tokaýlaryò birinji ýarusynda hemiºelik ýaºyl ösümlikler giò ýaýran, olaryò arasynda Paragwaý çaýy aýratyn tapawutlanýar. Selçeò tokaýlarda we sawannalarda gyzyl tumºuk, ýolly möjek, gyzyl sugun, nandu düýeguºy, tapirler ýaºaýar. Adalgalar, daýanç düºünjeler we atlar And, Amazoniýa, Orinoko, Braziliýa, Gwiana, anakonda, daragt gurbagasy, piranýa, Paragwaý çaýy. Barlag üçin soraglar 1. Materigiò çägini tebigy-geografik ülkelere bölmekde näme esas hökmünde alnypdyr? 2. Düzlükli Gündogar tebigaty hakynda nämeleri bilýärsiòiz? Amaly ýumuºlar 1. Amazoniýanyò tebigatyny depderiòize ýazyò. 2. Braziliýa ýasy daglary bilen Amazoniýany bir-birine deòeºdiriò, olaryò arasynda nähili tapawutlaryò bardygyny anyklaò. 42- §. Günorta Amerikanyò ilaty Ilaty. Günorta Amerikada 419 mln. ilat ýaºaýar (2016-njy ý., 1- nji iýul), olaryò düzümi juda çylºyrymly. Materige adamlar mundan 20 müò ýyllar öò Aziýadan gelipdir. XVI asyrda ilki ispanlar bilen portugallar, soòluk bilen bolsa Ýewropa, Aziýa we Afrika ýurtlaryndan gelip ornaºypdyrlar. 97 Häzirki wagtda Günorta Amerikada adamzadyò üç jynsynyò wekilleri ýaºaýar. Ýewropalylar bilen indeýesleriò goºulyºmagyndan emele gelen nesiller metisler, ýewropalylar bilen negrleriò nikasynyò nesilleri mulatlar ýaºaýar. Indeýesler bilen negrleriò goºulyºmagy sambo diýlip atlandyrylýar. Ilatyò köpçüligi ispan dilinde, braziliýalylar portugal dilinde gepleºýärler. Ýewropalylar gelen wagtdan indeýes halklarynyò aglabasy ösüºiò urug-taýpa derejesinde bolupdyr. Diòe And daglarynda inkleriò ga- dymky döwletleri bardy. Olarda hojalyk we medeniýet ösen bolupdyr. Inkleriò ullakan ybadathanasy we köºkleriniò harabalary, ýollary, suwaryº kanallary häzire çenli hem adamlary haýran galdyrýar. Düzlükde bolsa indeýesler mekgejöweni, kartoºkany, arahisi birinji bolup ekip baºlapdyrlar, häzir bolsa bu ekinler dünýäniò köp ýurt- larynda ýetiºdirilýär. Materigiò ýewropalylar tarapyndan basyp alynmagy düýpli ilata çäksiz pelaket getiripdir. Inkler döwleti talanypdyr. Atlantikanyò boýundaky ülkelerde ýaºaýan indeýesler gullara öwrülip, olaryò bir bölegi materigiò içersindäki ýaºamak üçin amatsyz ýerlere gysyp çykarylypdyr. Indeýesleriò sanynyò kemelmegi ýewropalylary iºçi güýji gözlemäge mejbur edipdir. Plantasiýalarda iºletmek üçin Afrikadan negr gullary getirip baºlapdyrlar. Materigiò ilatynyò arasynda diller, urp-adatlar, ruhyýet gatyºyp gidipdir. Ilatyò ýerleºiºi. Ilat materikde örän biendigan ornaºypdyr. Ilatyò aglabasy okeanlaryò kenarlarynda, ýagny gelmiºekler göçüp gelen ýerlerde ýaºaýar. And daglartnyò merkezi ýasy daglarynda-da ilatyò gürlügi uly. Materigiò giò içki düzlüklerinde ilat seýrek ýerleºipdir. Ekwatorial tokaýlaryò käbir ýerlerinde ilat ýaºamaýar diýen ýalydy. Tebigatyna adamyò täsiri. Milli baglar we goraghanalar. Günorta Amerikanyò tebigatyna adamyò täsiri materige ýewropalylar girip gelenden soò güýçlenýär. Tokaýlar aýawsyz çapylýar, ekin meý- danlary we iri plantasiýalar döredilýär. Netijede, dünýädäki iò iri tokaýlardan biri Amazoniýa tokaýlarynyò meýdany barha gyagalýar. 7 A. Soatow, A. Abdulkasimow, M. Mirakmalow 98 Argentinadaky Çako milli bagy Braziliýadaky Jau milli bagy 18- nji surat. Günorta Amerikadaky milli baglar. XX asyryò baºlaryndan tebigaty goramak meselelerine üns berlip baºlandy. Häzirki günde köp ýurtlarda milli baglar we goraghanalar döredilen. Goralýan çäkler materigiò 1 %-ini tutýar. Iò iri milli bag we goraghanalar Jau, Çako, Manu, Parakas, Podokarpus we baºga- lardyr (18- nji surat). Braziliýadaky Jau milli bagy UNESCO sanawyna girizilen we halkara derejesi berlen. Adalgalar, daýanç düºünjeler we atlar Indeýesler, inkler, metisler, mulatlar, sambo, plantasiýa, Jau, Çako, Manu, Pa- rakas, Podokarpus. Barlag üçin soraglar 1. Günorta Amerika ilki ýewropalylardan kimler gelip ornaºypdyr? 2. Mulatlar we sambo kimleriò nesilleri? Amaly ýumuºlar 1. Kartadan peýdalanyp, Günorta Amerika ilatynyò gür ýaºaýan çäkleri anyklaò we deròäò. 2. Günorta Amerikanyò milli baglaryny we goraghanalaryny sudury karta geçiriò. 99 DEMIRGAZYK AMERIKA 43- §. Geografik ýerleºiºi, öwreniliº taryhy, geologik gurluºy, gazylyp alynýan peýdaly zatlary. Relýefi Esasy aýratynlyklary. Dünýädäki iò uly adasy bar materik (Grenlandiýa, 2,2 mln km 2 ), iò uly arhipelag ºu materikde (Kanada Arktikasy), iò çuò deresi (Kolorado kanýony 2 km-e golaý, uzynlygy 446 km), iò uzyn gowagy (Flint-Mamont, 500 km), iò gözel we özüne çekiji ºaglawugy bar (Niagara, bir ýylda 10 mln syýahatçy gelýär), iò beýik suw galkmasy bolýar (Fandi aýlagy, 18 m), iò uzyn jülge buzlugy bar (Alýaskada, 145 km). Geografik ýerleºiºi. Demirgazyk Amerika Günbatar we Demir- gazyk ýarymºarlarda ýerleºýär. Ol baºga materiklere garanda polýusa tarap uzap gidýär. Materigiò ºekli Günorta Amerika ýaly üçburçlugy ýada salýar. Ululygy taýdan üçünji orunda durýar. Materigiò kenarlaryny 3 okeanyò suwlary ýuwup durýar. Gü- nortada Panama çatrygy arkaly (iò dar ýeri 48 km) Günorta Amerika bilen utgaºýar. Ýewraziýadan Bering bogazy (giòligi 85 km) arkaly bölünýär. Öwreniliº taryhy. X asyryò ahyrynda norman Erik Rauda (Mal- la) Grenlandiýany, materigiò demirgazyk-gündogar bölegini öwrenýär. Jon Kabot Nýufaundlend adasyny we Labrador ýarymadasynyò ke- narlaryny açýar. XVII asyrda G. Gudzon, A. Makenzi we baºgalar materigiò gündogar we demirgazyk böleklerini öwrenýärler. XX asyryò baºynda R. Amundsen birinji bolup materigiò demirgazyk kenarlary boýunça ýüzüp geçýär we Demirgazyk magnit polýusynyò geografik ýerleºiºini kesgitleýär. 1732-nji ýylda rus syýahatçylaryndan I. Fýodorow we M. Gwozdew materigiò demirgazyk-günbatar ke- narlaryny öwrenýär. Aleut adalaryny we Alýaska kenarlaryny öw- renmek we karta geçirmek iºlerini W. Bering, A. Çirikowlar ýerine ýetirýärler (1741-nji ý.). Söwda-satyk iºlerini ýola goýmakda G. ªe- 100 lehowyò hyzmatlary uly boldy. ªol wagtda Demirgazyk-günbatar Amerikany Alýaska diýip atlandyrypdyrlar. Ol 1798-nji ýylda ruslar tarapyndan monopoliýa öwrülipdi we Rus Amerikasy ady bilen atlandyrylyp baºlanypdyr. 1867-nji ýylda Alýaska ABª-a satylýar. Geologik gurluºy we gazylyp alynýan peýdaly zatlary. Demir- gazyk Amerika bilen Ýewraziýa gadymky Lawraziýa gury ýeriniò düzüm bölegi bolupdyr. Mezozoý erasynyò baºlarynda Demirgazyk Amerika Ýewraziýadan bölünip aýrylypdyr. Soòky 1 mln ýylyò dowamynda Ýewraziýa bilen Demirgazyk Amerika bir-birinden 40 km aralyga uzaklaºypdyr. Materigiò düzlük bölegi gadymky platforma gabat gelýär. Daglar (Kordilýera, Gaýaly daglar, Appalaçi) kaledon, gersin, me- zozoý dag gatlaklanmalarynda ýokary galypdyr. Ýöne alp gatlak- lanmasynda ýaºarypdyr. Düzlüklerde, esasan, çökündi dag jynslary duºsa, dagly ülkelerde magmatik we metamorfik dag jynslary dö- räpdir. Günbatar dagly guºaklykda heläkçilikli ýer titremeleri bolup, wulkanlar atylyp durýar. Demirgazyk Amerika gazylyp alynýan peýdaly zatlara baý. Mag- matik we metamorfik jynslardan düzülen dag we ýasy daglyklarda demir, uran, mis, nikel, altyn, kümüº känleri bar. Aýratynam, Ap- palaçi daglary magdanly gazylyp alynýan zatlara baý. Çökündi dag jynsy gatlaklarynda nebit, gaz, kömür, duz ýaly baýlyklar döräpdir. Relýefi. Demirgazyk Amerikany relýef gurluºyna görä iki uly bölege: düzlük we dagly böleklere bölmek mümkin. Dagly bölegindäki Kordilýera, onuò gündogaryndaky Gaýaly daglar esasy dag ulgam- larydyr. Materigiò iò beýik nokady Denali (Mak-Kinli) depesi (6 194 m), iò pes nokady Ajal jülgesi (86 m) hem dag guºaklygynda ýerleºýär. Uly Basseýniò günorta-gündogarynda Kolorado platosyny Kolorado derýasy kesip geçýär. Ol dünýädäki iò çuò (2 km-e golaý) we dar dere Uly Kanýony emele getirýär. Materigiò dagly bölegi Ýuwaº okeanyò ýalynly halkasy guºaklygyna dogry gelýär. Bu ullakan ul- gam Alýaska Kordilýerasy, Kanada Kordilýerasy, ABª Kordilýerasy we Meksika Kordilýerasyna bölünýär. Düzlükler materigiò gündogar 101 bölegini eýeleýär. Materigiò demirgazyk böleginde gyrlar we baýyr ºekilli beýiklikler duºýar. Bu çäklerde Lawrentiý gyrlary, Merkezi düzlük, Missisipi pesligi we Beýik düzlükler esasy relýef ºekilleridir (goºmaçadaky 26- njy surata garaò). Materigiò gündogar böleginde Appalaçi dagy ýerleºýär. Bu pes dag bolup, Ural dagy ýaly goja dagdyr. Onuò iò beýik depesi Mitçel dagydyr (2 037 m). Onuò günorta-günbatar eòòidinde dünýädäki iò uzyn (500 km) Flint-Mamont gowagy bar. Adalgalar, daýanç düºünjeler we atlar Kordilýera, Gaýaly daglar, Rus Amerikasy, Appalaçi, Flint- Mamont, E. Rauda, A. Makkenzi. Barlag üçin soraglar 1. Materigi öwrenmäge kimler gatnaºypdyr? 2. Magdanly peýdaly baýlyklar nirelerde ýaýrapdyr? 3. Demirgazyk Amerika relýefine görä nähili böleklere bölünýär? Amaly ýumuºlar 1. Demirgazyk Amerikanyò relýefini we gazylyp alynýan peýdaly zatlaryny sudury karta geçiriò. 2. Demirgazyk Amerikanyò fiziki kartasynyò kömeginde 40° dg.g. boýunça Atlantik okeandan Ýuwaº okeana syýahat ediò, nähili geografik obýektlerden geçendigiòizi aýdyp beriò. 44- §. Demirgazyk Amerikanyò klimaty we içerki suwlary Klimaty. Materigiò demirgazykdan günorta uzak aralyga uzap gidenligi klimatyò dürli-dürli bolmagyna sebäp bolupdyr. Klimatyò ºekillenmeginde Ýuwaº, Atlantik we Demirgazyk Buzly okeanlary tarapyndan öwüsýän ýeller, ºeýle-de, Kordilýera daglary we düzlük- leriò barlygy uly täsir edýär. 102 Materikde 6 klimat guºaklyklary emele gelipdir. Demirgazykda arktika klimat guºaklygy uly meýdanlary eýeleýär. Ýyl dowamynda diýen ýaly howanyò temperaturasy pes. Käte tomusda temperatura bary-ýogy +5 °C çenli ýokarlanýar. Günbatarynda 50 100 mm, gündogarynda 300 400 mm ygal ýagýar. Subarktika klimat guºaklygynyò çägi tomusda aram, gyºda arktika howa massalarynyò täsirinde bolýar. Ýanwaryò ortaça temperaturasy 25 °C-dan 30 °C, iýulda +5 °C-dan +7 °C çenli bolýar. Ýagynlar gündogardan günbatara tarap barha (300 mm 600 mm) kemelýär. Aram klimat guºaklygy uly meýdanlary eýeleýänligi üçin klimat dürlüçe, ygalyò mukdary gündogardan günbatar tarapa barha ke- melýär (1 500 1 000 mm). Bu guºaklyga köprak deòiz klimaty mahsus. Arktika sowuk howa massalarynyò täsiri güýçli. Subtropik klimat guºaklygy 40 °dg.g.-dan Meksika aýlagy araly- gyndaky çäkleri eýeleýär. Yssy, çygly tomus we maýyl, çygly gyº bu guºaklygyò esasy aýratynlygydyr. Ýuwaº okeanyò kenarlary Orta deòziò subtropik klimat tipine mahsus bolup, sowuk Kaliforniýa akymy täsir edýär. Gyºy maýyl (+6 °C-dan +8 °C çenli), çyg (400 500 mm) düºýär, tomsy bolsa gurak we maýyl bolýar. Tropiki klimat guºaklygy ýylyò dowamynda yssy bolup, Atlantik okeanyò howa massalarynyò agdyklyk etmegi duýlup durýar. To- musda ýagynlar köp bolýar. Diòe guºaklygyò günbatarynda gurak, ümürli günleri görmek mümkin. Subekwatorial klimat guºaklygy materigiò iò günorta dar böle- ginde duºýar. Bu ýerde ortaça ýyllyk temperatura ýokary (+25 °C) we ýagynlar köp (1 500 2 000 mm). Içerki suwlary. Ýerüsti suwlar üç sany okean basseýnlerine we bölekleýin ýapyk basseýne bölünýär. Esasy derýa we kölleri Atlantik, Demirgazyk Buzly okeana we bölekleýin Ýuwaº okeanyò basseýnine degiºli. Materigiò iò uly derýasy Missisipidir (indeýesleriò dilinde uly derýa). Onuò orta böleginde özünden uzyn bolan Missuri (bulanyk derýa) goºandy gelip guýulýar. Missisipi deltasy her ýyl Meksika 103 aýlagyna tarap 100 m ulalýar. Derýa gar-ýagyº suwundan suw- lulanýar. Öwliýä Lawrentiý derýasynyò aºaky akymynda uzyn we giò estuariý (lat. derýanyò suw basan aºaky bölegi) emele getirýär. Kordilýera daglaryndan baºlanyp, Meksika aýlagyna guýulýan Rio- Grande derýasy bar. Materigiò kölleri, esasan, buz emele getiren çukurlarda peýda bolupdyr. Bäº sany köl, ýagny Ýokary, Guron, Miçigan, Eri, Ontario kölleri Beýik köller diýlip atlandyrylýar. Olar ululygyna görä, ºu yzygiderlikde bir-birine kaskad bolup utgaºýar. Diòe Eri we Ontario kölleri aralygynda millionlarça turistleri özüne çekýän meºhur Niagara ºaglawugy (beýikligi 48 m) bar. Oòa GES gurlan. Demirgazyk Buzly okeana guýulýan derýalardan iò ulusy Mak- kenzi derýasydyr. Basseýnde iò iri Uly Aýy we Winnipeg kölleri ýerleºýär. Ýuwaº okean basseýnindäki derýalara Ýukon, Kolorado, Freýzer, Kolumbiýa ýaly gysga we bol suwly, jülgeleri dar we çuò, suw akymy güýçli derýalar mahsusdyr. Kolorado derýasynyò Uly Kanýon deresi dünýä meºhurdyr. Demirgazyk Amerikanyò ýapyk basseýnine Uly Basseýn daglary degiºli bolup, onda Uly ªor köl bar. Onuò meýdany klimatyna bag- lylykda ýyldan ýyla üýtgäp durýar. Grenlandiýa, Kanada-Arktika arhipelagy, Kordilýera daglaryndaky buzlaryò eýeleýän meýdany 2,2 mln kw km-dan geçýär. Alýaskadaky Habbort dag-jülge buzlugynyò uzynlygy 145 km-e ýetýär. Bu Ýer ºaryndaky iò uzyn buzlukdyr. Adalgalar, daýanç düºünjeler we atlar Arktika howa massalary, deòiz klimaty, içerki suwlar, Missisipi, Kolorado, Niagara, ýapyk basseýn, Uly Basseýn, Beýik köller Download 4.19 Kb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling