A. soatow, A. Abdulkasimow, M. Mirakmalow


Download 4.19 Kb.
Pdf ko'rish
bet2/10
Sana27.11.2017
Hajmi4.19 Kb.
#21038
1   2   3   4   5   6   7   8   9   10
zontal we wertikal ugurda bolýar. Atmosferadaky we Dünýä okeanyn-
daky  suwuò  hereketinde  we  litosferadaky  wulkanlaryò  hereketinde
maddalaryò hem gorizontal, hem wertikal çalºygy bolýar. Geografik
gabykdaky maddanyò we energiýanyò çalºygyna Ýeriò içki energiýasy
we Gün energiýasy hem-de grawitasiýa güýji täsir edýär. Geografik
gabykda  madda  we  energiýa  dyngysyz  çalºyp  durýar.  Bu  proses
çylºyrymly bolup, onda hil taýdan özgeriºler bolup geçýär.
Geografik gabykda ritmlilik. Tebigatda wagtyò geçmegi bilen
birmeòzeº hadysalaryò gaýtalanmagyna ritmlilik diýilýär. Ritmlilik ikä
bölünýär: sutkalyk we ýyllyk (möwsümleýin).
Ýeriò öz okunyò daºynda aýlanmagy sutkalyk, Günüò daºyndan
doly  bir  gezek  aýlawy  ýyllyk  ýa-da  möwsümleýin  ritmlilige  sebäp
bolýar.  Sutkalyk  ritmlilige  gündiz  bilen  gijäniò  çalyºmagy  mysal
bolýar.  Netijede  sutkanyò  dowamynda  temperatura  we  çyglylyk
üýtgäp durýar. Haýwanat dünýäsiniò durmuºynda-da ritmlilik bolýar.
Meselem, käbir haýwanlar gündizine iºjeò bolup, gijesine dynç alsa,
baºgalary, tersine, gijesine gaty iºjeò bolýar. Daglardaky gar we buz-
luklar  gündizine  köpräk  ereýär.  ªonuò  üçin  derýalar  öýländen  soò
köp suwly bolýar.
Möwsümleýin ritmlilige Ýerde pasyllaryò çalyºmagy mysal bolýar.
Tebigatda köp ýyllyk ritmlilikler hem bar. Bular Gündäki prosesleriò,
Ýeriò içki güýçleriniò ritmliligi sebäp bolýar.
Geografik zolaklylyk we beýiklik guºaklylygy. Gury ýerde ek-
watordan polýar giòliklere tarap tebigy toplumlaryò olargiderli çalyº-
magyna zolaklylyk diýilýär. Oòa Ýeriò ºar ºekilliligi netijesinde Ýeriò
üstüne Gün ºöhlesiniò bir tekiz düºmän ekwatordan polýuslara tarap
barha  kemelýändigi  sebäp  bolýar.  Daglarda  beýiklige  tarap  tebigy
toplumlaryò gezekleºmegine beýiklik guºaklylygy diýilýär.

16
Adalgalar, daýanç düºünjeler we atlar
Biogen  däl,  biogen,  antropogen,  era,  döwür,  bir  bitewilik,  zolak-
lylyk, giòiºleýin zolaklylyk, beýiklik guºaklylygy.
Barlag  üçin  soraglar
1. Geografik gabygyò ösüºi nähili basgançaklara bölünýär?
2.  Geografik  gabygyò  umumy  kanunalaýyklyklary  nämelerden
ybarat?
Amaly ýumuº
1. Geografik gabygyò umumy kanunalaýyklyklaryny we
geohronologik jedweli geografiýa depderiòize ýazyò.
6- §. Litosfera we Ýeriò relýefi
Litosfera  (ýunança  „litos“ — daº,  gaty,  „sfera“ — gabyk)  Ýer
gabygynyò we ýokary mantiýanyò bir bölegini eýeleýär. Ýer gabygy
bilen ýokary mantiýanyò arasyndaky araçägi 1914-nji ýylda ýewropaly
alym Mohorowiçiç kesgitläpdir. Ýer gabygy gurluºyna we galyòlygyna
görä iki  tipe bölünýär. Ýer gabygynyò kontinental tipi materiklerde
ýaýran  bolup,  düzlüklerde  35 — 40  km,  ýaº  daglarda  55 — 70  km
galyòlykda  bolýar. Pamirde we Hindukuºda 60 — 70 km, Gimolaý
daglarynda  80  km-e  ýetýär.  Kontinental  ýa-da  materik  gabygy
çökündili, granitli we bazaltly gatlaklardan düzülen.
Ýer gabygynda platforma we geosinklinal çäkler tapawutlanýar.
Platformalar  Ýer  gabygynyò  gaty  berk  bölekleri  bolup,  dag  gat-
laklanmalary, güýçli ýer titremeleri we wulkan hereketleri bolmaýar.
Olara  Gündogar  Ýewropa,  Hindistan,  Sibir  we  baºga  platformalar
degiºli. Platformalar düzlüklere gabat gelýär. Geosinklinal guºaklyklar
Ýer gabygynyò hereketjeò ýerleri: olara güýçli ýer titremeleri, here-
ketdäki  wulkanlar,  dag  gatlaklanyºlary  mahsusdyr.  Ýuwaº  okean

17
„ýalynly halkasy“, Orta deòiz, Gimolaý, Gündogar Afrika, Merkezi
Amerika geosinklinal guºaklyklary Ýer gabygynyò iò iºjeò bölekleridir.
Okean gabygy 5 — 10 km galyòlyga eýe. Soòky barlag iºleri neti-
jesinde bazaltly gatlakdan aºakda ýerleºýän we galyòlygy 3,5—5 km
bolan magmatik jynslaryò bardygy anyklandy. Diýmek, okean gaby-
gy-da üç gatlakdan düzülen. Ýöne onda granitli gatlak duºmaýar.
Litosfera  okeanyò  düýbünde  50 — 60  km  çenli,  gury  ýerlerde
100 — 200 km çenli galyòlykda bolýar. Litosfera Ýer gabygynyò iri
bitewi bölekleri — plitalarydyr. Olar materigiò we okeanyò düýplerini
Orta okean geriºlerine çenli eýeleýär. Ýedi sany iri (6 materik we bir
sany  Ýuwaº  okean)  we  alty  sany  kiçiräk  litosfera  plitalary  tapa-
wutlanýar. Litosfera plitalarynyò çaknyºýan bölekleri gaty iºjeò bolup,
ýaº daglar, hereketdäki wulkanlar, ýer titremeleri bolup durýar.
„Litosfera  plitalary  näme  sebäpdan  gorizontal  süýºýär?“  diýen
soraga alymlar jogap tapdylar. Anyklanmagyna görä, Ýer gabygy bilen
mantiýanyò  arasyndaky  astenosfera  (grekçe  „astenos“ — güýçsüz)
gatlagynyò  ýumºak  we  maýyºgak  halyndaky  maddalardan  düzü-
lendigine  bagly  eken.  Ähli  diýen  ýaly  wulkan  ojaklary  hem  aste-
nosfera gabat gelýändigi anyklandy. Orta okean ulgamlarynda litosfera
plitalary  mantiýadan  çykýan  maddalaryò  halka  ºekilli  hereketiniò
hasabyna  bir-birinden  uzaklaºýar.  Netijede  olaryò  arasynda  täze
okean gabygy emele gelýär we barha giòelýär (4-nji surat). Daglaryò
döreýºi, hereketdäki wulkanlar, ýer titremeleri litosfera plitalarynyò
utgaºýan araçäklerine dogry gelýär.
Relýef  (ýunança,  ýokary  galýaryn)  Ýer  üstüniò  uludygy,  emele
gelºi, ýaºy we ösüº taryhy dürlüçe bolan ºekilleridir. Ýer ýüzündäki
ähli relýef ºekilleri içki we daºky güýçleriò netijesidir. Esasy relýef
ºekillerine dag we düzlükler mysal bolýar. Daglar gury ýeriò 40 %-ini,
düzlükler bolsa 60 %-ini eýeleýär.
Ýer ºarynyò gury ýeriniò iò pes nokady –405 m-e (Öli deòiz), iò
belent  nokady  8 848  m-e  (Jomolungma  ýa-da  Ewerest)  deò.  Gury
ýerdäki deòiz derejesinden pes ýerlere çöketlikler we oýuklar diýilýär.
2 — A. Soatow,  A. Abdulkasimow, M. Mirakmalow

18
Deòiz derejesinden 200 m beýiklige çenli bolan pesliklere düzlükler
diýilýär. 200 m-den 500 metre çenli aralykdaky beýiklige gyrlar ýa-
da  belentlikler  diýilýär.  500  m-den  1 000  m  beýiklige  çenli  bolan
ýerlere pes daglar, 1 000 m-den 2 000 m çenli bolan daglar ortaça
daglar, 2 000  m-den  3 000  m  çenli  bolan  daglar  orta  beýiklikli
daglar, ondan ýokarylaryna beýik daglar diýilýär. Bular gury ýeriò
esasy relýef ºekilleri hasaplanýar.
Okeanlaryò  düýbüniò  relýefi-de  çylºyrymly  gurluºa  eýe.  Ma-
terikleriò 35%-ine golaýy deòiz we okean suwlarynyò aºagynda ýer-
leºýär. Olar ýalpak üstli deòiz ºelfine gabat gelýär we 200 m çuòluga
çenli  dowam  edýär.  Ondan  aºakda  ýapgydrak  materik  etegi  ýa-da
batial  (grekçe,  çukur)  3 000  m-e  çenli,  abissal  (grekçe,  düýpsiz)
6 000 m-e çenli we okean oýuklary (6 000 m-den çuò) guºaklyklary
ýerleºýär.  Okean  düýbüniò  relýefinde  üznüksiz  dowam  edýän
(uzynlygy  60  müò  km)  Orta  okean  ulgamlary,  wulkanik  daglar,
çöketlikler, peslikler, ýagny basseýnler, jülgeler we platolar bar.
Adalga, daýanç düºünje we atlar
Litosfera, platforma, geosinklinal, Ýer gabygy, relýef, dag, düzlük,
ºelf, batial, abissal, Mohorowiçiç.
4-nji surat. Litosferanyò gurluºy.
Çökündili 
gatlak
Materigiò 
ýer gabygy
Okeanyò ýer gabygy
Materigiò 
ýer gabygy
Litosfera
Daºky mantiýa
Ýer gabygy

19
Barlag  üçin  soraglar
1. Litosfera näme we nähili görnüºlere bölünýär?
2. Ýer ýüzünde nähili esasy relýef ºekilleri ýaýrapdyr?
Amaly ýumuºlar
1. Dersligiò  18-nji sahypasyndaky 4-nji  suraty  („Litosferanyò
gurluºy“) depderiòize çyzyò we düºündiriò.
2. Sudury  karta  litosfera  plitalaryny  we  esasy  relýef  ºekillerini
geçiriò.
7- §. Materikleriò we okeanlaryò
peýda bolºy we ösüºi
Ýeriò  we  litosferanyò  döreýºi.  Alymlaryò  nygtamagyna  görä,
Gün ulgamy we Ýer Älemdäki hereketlenýän tozan ºekilli bölejikleriò
birikmeginden emele gelipdir. Beýle pikiri ilki fransuz alymy R. De-
kart  1644-nji  ýylda,  soòluk  bilen  nemes  filosofy  I.  Kant  1755-nji
ýylda  we  fransuz  alymy  R. S. Laplas  1796-njy  ýylda  aýdypdyrlar.
ªonuò üçin bu gipoteza Dekart-Kant-Laplasyò gipotezasy diýýärler.
Litosfera  we  Ýer  gabygy  ýeriò  içki  maddalarynyò  saýlanmagy
netijesinde emele gelipdir. Gyzgyn halyndaky ýeriò ýeòil maddalary
ýokary galypdyr, agyr maddalary bolsa aºak çöküpdir. Netijede beý-
lekilere garanda ýeòil we gaty litosfera (grekçe, daº gabyk) hem-de
Ýer gabygy, mantiýa we ýadrolar dörän.
Materikleriò we okean oýuklarynyò döreýºi. Materikleriò we
okean  oýuklarynyò  döreýºi  hakynda  ençeme  gipotezalar  (ylmy
takmynlar)  döredilen  bolsa-da,  alymlar  henize  çenli  bir  çözgüde
gelenoklar. ªeýle gipotezalardan biri mobilizmdir.
Mobilizm (grekçe, süýºýän, hereketlenýän) gipotezasyny 1912-nji
ýylda nemes geology A.Wegener iºläp düzüpdir. Ýöne ondan baryp
9  asyr  öò  watandaºymyz  Abu  Reýhan  Biruny  (973 — 1048)  ma-
terikleriò süýºýändigi hakynda ºeýle diýipdir „Kontinentler göýä suw

20
derejesinde ýüzüp ýörän agaç ýapraklary ýaly bir-birine tarap ýakyn-
laºyp ýa-da uzaklaºyp, haýal hereketde bolýar“. Birunynyò bu pikiri
hut mobilizm gipotezasynyò manysydyr.
A.Wegener öz  gipotezasyny döredende Atlantik okeana utgaºýan
Günorta  Amerika  we  Afrika  kenarlarynyò  bir-birine  gabat  gelºine
esaslanýar.  Onuò  pikiriçe,  takmynan  200  mln  ýyl  öò  Ýer  ýüzünde
ýeke-täk Pangeýa materigi we ýeke-täk Pantalassa okeany bolupdyr.
Soòluk  bilen  Pangeýa  iki  iri  materige:  Lawraziýa  we  Gondwana,
Pantalassa  bolsa  Paleotinç  we  Tetis  okeanlaryna  bölünipdir.  Öz
gezeginde,  65  mln  ýyl  öò  Lawraziýadan  Demirgazyk  Amerika  we
Ýewraziýa,  Gondwanadan  bolsa  Afrika,  Awstraliýa,  Antarktida  we
Günorta  Amerika  materikleri  bölünip  çykypdyr.  Olaryò  arasynda
häzirki okeanlar döräpdir.
  Litosfera  plitalarynyò  tektonikasy.  1968-nji  ýylda  bir  topar
amerikan  alymlary  (L. R. Saýks,  J. Oliwer  we  b.)  tarapyndan  täze
mobilizm,  ýagny  „litosfera  plitalarynyò  tektonikasy“  gipotezasyny
yglan edipdirler. Bu Birunynyò we Wegeneriò taglymlary esasynda
döredilen iò soòky, kämil gipotezadyr. Okean düýbi barlaglary, kosmik
suratlaryò  deròewi,  takyk  geodezik  ölçegler  we  baºga  çeºmelerden
alnan täze maglumatlar netijesinde litosfera plitalarynyò dürli tarapa,
dürlüçe tizlikde hereketlenýändigi mälim boldy. Muòa ýokary mantiýa
we astenosfera gatlaklaryndaky maddalaryò tüweleýli hereketi sebäp-
dir (5-nji surat).
5-nji surat. Litosfera plitalarynyò hereket mehanizmi.
Mantiya
Materik ýer
gabygy
Okean ýer
gabygy
ÝADRO
Giòelme
Süýºme

21
Mantiýa maddalarynyò ýokary hereketlenmegi netijesinde litosfera
plitalary bir-birinden daºlaºýar. Netijede orta okean ulgamlary peýda
bolup,  bazaltly  okean  gabygy  giòeýär.  Bu  zolakda  rifler,  ýer
jaýryklary, hereketdäki wulkanlar bar, güýçli ýer titremeleri bolýar.
Giòelme  hadysasy  Afrika  ýer  jaýrygynda,  Baýkal  kölünde,  Gyzyl
deòizde we baºga ýerlerde hem bolupdyr.
Ylmy-tehniki ösüºiò täze maglumatlary esasynda materikleriò we
okeanlaryò  emele  gelmegi  hakynda  has-da  kämil  gipotezalar
döredilmegi  mümkin.  Häzirlikçe  litosfera  plitalarynyò  tektonikasy
gipotezasy barlagçy alymlaryò aglabasy tarapyndan ykrar edilendir.
Adalgalar, daýanç düºünjeler we atlar
Maddalaryò saýlanmagy, mobilizm, Birunynyò gipotezasy, Pangeýa,
Pantalassa, Lawraziýa, Gondwana.
Barlag  üçin  soraglar
1. Gün ulgamy, Ýer, litosfera nähili emele gelipdir?
2. Birunynyò gipotezasy nähili mazmuna eýolar. Haýsy gipotezany
köpçülik ykrar edipdir?
Amaly ýumuºlar
1. Atlasyò  5-nji  sahypasyndaky  materikleriò  we  okeanlaryò
döreýºine degiºli kartany sudury karta geçiriò.
2. Materikleriò we okeanlaryò döreýºine degiºli gipotezalary  bir-
birine deòeºdirip, depderiòize ýazyò.
8- §. Gidrosfera, onuò düzüm
bölekleri
Gidrosferanyò  düzüm  bölekleri.  Gidrosfera  (grekçe, suw  ga-
bygy)  geografik  gabygyò  esasy  düzüm  bölegi  bolup,  ýerüsti  we
ýerasty  suwlardan,  buzluklardan,  atmosferadaky  suw  buglaryndan
ybarat.

22
Okean  suwlary.  Ýer  üstüniò  71 %-den  köpräk  bölegini  okean
suwlary eýeleýär. Olar dünýä suw gorunyò 96,5 %-ini tutýar. Okean
suwlarynyò esasy aýratynlygy ºorlugy we temperaturasydyr. Okean
suwlarynyò  ortaça  ºorlugy  35 ‰,  ekwatoryò  golaýynda  34 ‰,  tro-
piklerde 36 ‰, aram we polýar giòliklerde 33 ‰. Suwuò ortaça tem-
peraturasy +17,5 °C, Ýuwaº okean iò yssy +19,4 °C, iò sowuk okean
Demirgazyk  Buzly  okean  (–0,75 °C).  Suwuò  3 — 4  km-den  çuò
böleklerinde temperatura +2 °C-dan  0 °C töwereginde üýtgäp durýar.
Okean suwy ºor bolanlygy üçin – 2 °C-da doòýar.
Okean  suwlary  mantiýadan  bölünip  çykypdyr  diýen  taglymy
köpçülik  alymlar  ykrar  edýärler.  Muòa  sebäp  häzirki  wagtda
mantiýadan suw bölünip çykýanlygydyr.
Ýeriò  tebigatyna  mahsus  bolan  aýratynlyklaryò  aglabasy  okean
bilen bagly. Okean gün energiýasyny özünde toplaýan akkumulýator
hasaplanýar. Okeanlar materikleriò klimatyna, topraklaryna, haýwanat
dünýäsine we adamyò hojalyk iºine täsir edýär.
Gury  ýerdäki  suwlar.  Derýa,  köl,  batgalyk,  buz  we  ýerasty
suwlary  gidrosferanyò  gury  ýerdäki  suwlarydyr.  Olar  umumy  gid-
rosfera  suwlarynyò  3,5 %  bölegini  tutýar.  ªondan  2,5 %-i  süýji
suwlardyr.
Derýalaryò dykyzlygy, bol suwlulygy klimata we relýefe bagly.
Ygallar köp ýagýan çäklerde Amazonka, Kongo, Missisipi, Huanhe,
Wolga ýaly derýalar emele gelendir. Az ygal ýagýan çöllerde derýalar
bolmaýar. Syrderýa, Amyderýa, Nil ýaly tranzit derýalar çölleri kesip
geçýär.
Köller ululygyna, çuòlugyna, akýandygyna ýa-da akmaýandygyna,
ºor  ýa-da  süýji  suwlulygyna,  gelip  çykyºyna  görä  dürli-dürlüdir.
Dünýädäki iò uly köl Kaspi köli (376 müò km
2
) bolup, ony we Araly
uly bolanlygy üçin deòiz diýip atlandyrýarlar. Ýapyk basseýnde ýer-
leºýän Kaspi, Aral, Yssykköl we Balhaº akmaýan köller hasaplanýar.
Dünýädäki iò çuò köller Baýkal (1 620 m) we Tanganika (1 470 m)
akýan köllerdir. Balhaº kölüniò ýarysy süýji, ýarysy ºor. Rudolf köli
we  Öli  deòiz  (270 ‰)  ºor  köllerdir.  Gelip  çykyºyna  görä,  köller

23
tektonik  (Baýkal,  Tanganika,  Nýasa),  buz  emele  getiren  (Finlýan-
diýadaky  köp  köller),  daglardaky  morena,  wulkanik,  arna,  emeli,
karst köllere bölünýär.
Suw howdanlary, kanallar ýerleri suwarmak, elektrik energiýasyny
almak,  sil  hadysalarynyò  öòüni  almak,  derýa  suwlaryny  kadalaº-
dyrmak, dynç alyº ýaly maksatlarda gurulýar.
Buzluklar gury ýeriò 11 % meýdanyny eýeleýär. Buzlaryò 99 %-i
polýar ülkelerde, örtük halynda ýerleºýär (Antarktida, Grenlandiýa,
Arktika).  Dag  buzluklary  gar  çyzygyndan  ýokarda  emele  gelýär.
Ekwatorda gar çyzygy 4,5 — 5 km beýiklikden geçýär. Kilimanjaro
wulkanyny  4 500  m-den  ýokarsyny  buz  örtüpdir.  Polýuslarda  gar
çyzygy deòiz derejesine deòleýär.
Ýerasty  suwlar  ygallaryò  Ýer  gabygyna  sorulmagyndan  emele
gelýär. Ýöne gelip çykyºyna görä magmatik aýratynlyga eýe bolan
geýzerler  hem  ýerasty  suwlara  degiºlidir.  Ýerasty  suwlaryò  gidros-
feradaky ülºi 1,7 %-i düzýär. Olar suwly gatlaklarda (gum, çagyl, daº)
toplanýar. Eger suw geçirmeýän gatlaklaryò (toýun) arasynda ýerleºse,
artezian basseýnlerini emele getirýär. Ähli diýen ýaly düzlüklerde we
dag  aralygynda  oýuklarda  ýerasty  suw  basseýnleri  bar.  Olaryò
käbirleri ºypa beriji mineral suwlardyr.
Köp  ýyllyk  buzluk  ýerler  toprak,  çökündi  jynslar  bilen  ýerasty
suwlaryò  bilelikde  doòmagyndan  emele  gelýär.  Olar  Demirgazyk
Amerikanyò we Ýewraziýanyò demirgazyk böleginde uly meýdanlary
eýeleýär. Olaryò galyòlygy 0 metrden 1 500 metre çenli ýetýär.
Adalgalar, daýanç düºünjeler we atlar
Gidrosfera, ýerüsti suwlar, okean, deòiz, köl, suw howdanlary,
derýa, buzluklar, buzluk ýerler, ýerasty suwlar, mineral suwlar,
bulaklar, artezian suw basseýnleri, geýzerler, gar çyzygy.
Barlag  üçin  soraglar
1. Gidrosferanyò düzüm bölegine nämeler girýär?
2. Örtme buzluklar we dag buzluklary nirelerde ýaýrapdyr?

24
Amaly ýumuºlar
1. Gidrosferanyò düzüm böleklerini geografiýa depderiòize ýazyò.
2. Atlasdaky we derslikdäki kartalardan okeanlaryò, iri deòizleriò,
kölleriò we derýalaryò atlaryny sudury karta ýazyò.
9–10- §. Atmosfera.
Ýeriò klimat guºaklyklary
Atmosfera we onuò gurluºy. Atmosfera (grekçe, bug — howa
gabygy) geografik gabygyò iò ýokary bölegini eýeleýän, ýeòil we
hereketjeò howa gabygydyr. Ol Ýeriò baºga gabyklary bilen üznük-
siz aragatnaºykda bolup, özara täsir ediºip durýar.
Atmosferanyò aºaky araçägi Ýeriò üstünden, ýokarky araçägi 2 müò
km beýiklikden geçýär. Atmosfera massasynyò 99,5 %-i 80 km-e çenli
bolan  aºaky  gatlagyna  dogry  gelýär.  Atmosferanyò  gaz  düzümini
birinji bolup 1774-nji ýylda fransuz alymy A. Lawuazýe kesgitläpdir.
Häzir onuò düzüminde 78 % azot, 21 % kislorod we 1 % inert gaz-
lary duºýar. Ýer dartyº güýji bilen howany saklap durýar. ªonuò üçin
hem  planetamyzda  atmosfera  bar.  Atmosfera  gatlakly  gurluºa  eýe.
Olar bir-birinden temperaturasy, dykyzlygy, basyºy ýaly aýratynlyklary
bilen tapawutlanýar. Aºaky gatlak troposfera (grekçe, öwrüliºik) Gün
ºöhlesi  we  Ýerden  serpigen  ºöhläniò  hasabyna  gyzýar.  Howanyò
temperaturasy deòiz derejesinde +14 °C bolsa, troposferanyò ýokary
araçäginde  –55 °C  çenli  peselýär.  Bu  gatlaga  atmosfera  howa
massasynyò 80 %-i dogry gelýär. Dürli-dürli prosesler (suwuò aýlanma
hereketi, ygallar, ýeller) ºu gatlakda bolýar. Galyòlygy ekwatorda 17
km,  polýuslarda  8 — 9  km.  Howanyò  temperaturasy  her  100  m
beýiklige galanda 0,6 °C sowaýar. Troposferadan ýokarda stratosfera
(50 — 55 km-e çenli), mezosfera (80 — 85 km-e çenli), termosfera
(1 000 km-e  çenli),  ekzosfera  (2 000  km-e  çenli)  ýerleºýär  (6-njy
surat).

25
Klimaty  emele  getirýän  sebäpler.  Ýer  üstüniò  klimatynyò
dürlüçe  bolmagyna,  esasan,  üç  faktor  täsir  edýär.  Geografik  giòlik
faktory  temperatura,  basyº,  howa  massalary  we  hemiºelik  ýelleriò
zolaklaýyn  ýaýramagyna  getirýär.  Howanyò  temperaturasynyò  Ýer
ýüzünde  ýaýramagy  gün  energiýasyna  bagly.  Ekwatordan  iki
polýuslara  tarap  howanyò  ortaça  ýyllyk  temperaturasy  25 — 26°C-
dan –10 °C çenli peselýär.
Klimatyò esasy görkezijisi bolan ygalyò mukdary we hemiºelik
ýeller klimat emele getirýän ikinji faktora — atmosfera basyºyna we
howa massalaryna bagly. Troposferanyò birmeòzeº aýratynlyga eýe
bolan uly göwrümli howalaryna howa massasy diýilýär. Ýer ýüzünde
5-ñ¯ð£ò.  Àòìîñôåðàíûí  ò¯ç¯ë¯ø¯.
0.01
0.06
0.2
0.8
2.4
9.5
2.4
210
760
1 2 0 °
0 ° 60° 1 2 0 ° 1 8 0 ° 240° 3 0 0 °360°C
- 1 0 °
Termosfera
Temperatura
Mezosfera
Troposfera
Ozon 
gatlagy
Beýiklik, 
km
Stratosfera
Ozon gatlagy
Basyº, 
mm 
 simap 
 sütüninde
0 °
10
20
30
40
50
60
70
80
90
100
120
140
160
180
200
250
300
400
500
600
700
800
6- njy surat.  Atmosferanyò gurluºy.

26
ekwatorial  (yssy  we  çyg),  arktika  we  antarktika  (sowuk  we  gurak)
howa massalary bar. Bular ºu yzygiderlikde ekwatordan polýuslara
tarap iki ýarymºarda çaºyp durýarlar.
Üçünji  klimat  emele  getirýän  faktor — ýerüsti  gurluºy  tebigy
toplumlaryò dürli-dürli bolmagyna klimat arkaly täsir edýär.
Klimat  guºaklyklary.   Ekwatordan  polýuslara  tarap  ýylylygyò
kemelmegi hem-de dürli giòliklerde ýylyò dowamynda ýa-da pasyllar
boýunça  dürli  howa  massalarynyò  höküm  sürýänligi  sebäpli  Ýer
ýüzünde 7 esasy we 6 sany aralyk klimat guºaklyklary emele gelipdir.
Esasy guºaklyklarda ýylboýy atlary degiºli howa tipi bilen bagly bir
howa  massasy  agdyklyk  edýär.  Aralyk  guºaklyklarda  howa  tipleri
pasyllar boýunça çalºyp durýarlar (2- nji jedwel).
2- nji  jedwel
Ýeriò klimat guºaklyklary
 
Aralyk  klimat  guºaklyklary
Polýar,  sowuk  we
gurak
Aram,  maýyl  we
çygly
Tropik,  yssy  we
gurak
Ekwatorial,  yssy
we  çygly
Ýylboýy yssy we ýagynly ýaz, tempera-
tura  +24 +26 C  töwereginde  saklanýar.
Tomus  yssy,  gurak;  gyº  maýyl,
gurak,  Ygal  kem  ýagýar.
Dört  pasyl  hem  anyk,  aýdyò  geçýär.
Ýylboýy  sowuk,  ýagyn  kem  ýagýar,
Ýer  gar  we  buzluk  bilen  örtülýär
Ýazda  ekwatorial,
gyºda tropik
Ýaz  yssy,  ýagynly,  gyº  maýyl,  gurak
Ekwatorial
Demirgazyk  we
günorta  tropik
Demirgazyk  we
günorta  aram
Polýar  (arktika  we
antarktika)
Demirgazyk  we
günorta  subekwatorial
Demirgazyk  we
günorta subtropik
Subarktika  we
subantarktika
Ýazda  aram,
gyºda polýar
Ýazda tropik,
gyºda  aram
Ýaz  birneme  maýyl,  ýagynly,  gyº
sowuk,  gurak
Ýaz  yssy,  gurak,  gyº  maýyl,  ýagynly
(ýagyº,  käte  gar)
Klimat  guºaklyklary Howa  massalary
Klimat aýratynlyklary
Esasy  klimat  guºaklyklary

27
Adalgalar, daýanç düºünjeler we atlar
Atmosfera, troposfera, howa massalary, klimat emele getirýän
faktorlar, howanyò temperaturasy, ygallar.
Barlag  üçin  soraglar
1. Howa massalary diýip nämä aýdylýar?
2. Klimat emele getirýän nähili esasy faktorlary bilýärsiòiz?
Amaly ýumuºlar
1.  Atlasyò  klimat  kartasyndan  köp  we  az  ygal  ýagýan  ýerleri
anyklaò. Olary sudury kartada bellik ediò.
2.  Atlasdaky  klimat  kartasyndan  Özbegistanyò  ortaça  ýyllyk
temperaturasynyò we ygalyò mukdaryny anyklaò.
11- §. Tebigy toplumlary,
olaryò döwürliligi we zolaklylygy
Dag  jynslary,  relýef,  klimat,  ýerasty  we  ýerüsti  suwlar,  toprak,
ösümlik, haýwanat dünýäsi tebigat komponentlerini emele getirýär.
Tebigat komponentleriniò özara aýrylmaz baglanyºygy we bir-birine
täsiri netijesinde emele gelen we özboluºly aýratynlyklara eýe bolan
çäklere tebigy toplum (landºaft) diýilýär.
Tebigy toplumlar (TT) gury ýerde eýeleýän meýdanyna görä dürli
ululykda  bolmagy  mümkin.  Meselem,  materikler  we  okeanlar  geo-
grafik  gabykdan  soòky  iò  iri  TT-larydyr.  Öz  gezeginde,  materikler
kiçiräk tebigy toplumlara (TT) ülkelere, kiçi ülkelere, tebigy-geografik

Download 4.19 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   2   3   4   5   6   7   8   9   10




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling