A. soatow, A. Abdulkasimow, M. Mirakmalow
Download 4.19 Kb. Pdf ko'rish
|
Adalgalar, daýanç düºnjeler we atlar
Okean ← → atmosfera ← → gury ýer ulgamy, ýylylyk maºyny, deòiz akymlary, taýfun, tupan, Koriolis güýçi. Barlag üçin soraglar 1. Okean ← → atmosfera ← → gury ýer ulgamyny düºündiriò. 2. Ýylylyk maºyny nähili manyny aòladýar? 10- njy surat. Okean ← → atmosfera ← → gury ýer ulgamyndaky suwuò aý- lanma hereketi. 41 Amaly ýumuºlar 1. Howa massalarynyò okean ← → atmosfera ← → gury ýer ulgamyna täsirini depderiòize ýazyò. 2. Okean bilen gury ýeriò özara täsirinde suwuò aýlanma here- ketniò shemasyny çyzgyda ºekillendiriò. 17- §. Okean baýlyklary, olardan peýdalanmak we goramak Okean baýlyklary we olardan peýdalanmak. Alymlaryò pikiriçe, ýaºaýyº okeanyò kenarlaryndaky tolkunlar emele getiren durmuº ºerbeti batga ºekilli lüýk li suw gurºawynda emele gelipdir. Okean suwlarynda mikroskop bilen görünýän organizmlerden çekip 150 tonna gelýän gök kitlere çenli, dürli organizmler ýaºaýar. Häzir Dünýä okea- nynda 160 müò haýwan görnüºi, 10 müòe golaý ösümlik görnüºi bar. Okean organizmleri ýaºaýan ýerlerine görä toparlara bölünýär. Me- selem, bentos organizmler okean suwlarynyò düýbünde, gatlaklaryò arasynda ýaºaýar. Nektonlar erkin göçüp ýöreýän organizmler bolsa, planktonlar suw akymlaryna garºylyk görkezip bilmän, asylgy ýagdaýynda ýüzüp ýöreýän organizmlerdir (fitoplanktonlar we zoop- lanktonlar). Dünýä okeany tebigy baýlyklaryò hazynasy hasaplanýar. Bu baý- lyklar biologik, himiki, magdanly we ýangyç-energetika resurslaryndan ybarat. Häzir biologik resurslaryò diòe 2 %-inden peýdalanylýar. Ýöne bu dünýäde ulanylýan belok maddalaryò 20 %-ini tutýar. Okean suwlaryndan ýylyna treska, seld, skumbriýa balyklary köp tutulýar. Okean düýbünden nahar duzy, brom, magniý, kükürt, alýu- miniý, mis, uran, kümüº, altyn alynýar. Dünýä okeanynda nebit we gaz iò köp Pars aýlagyndan, ºeýe hem, Wenesuela kenarlaryndan, Demirgazyk deòizden, Meksika aýla- gyndan gazylyp alynýar. 42 Dünýä okeany iò möhüm we arzan deòiz transporty ýoly wezipesini ýerine ýetirýär. Söwda-ykdysady aragatnaºyk çägindäki önüm daºamagyò 60 %-inden artygy deòiz transporty arkaly ýerine ýetirilýär. Dünýä hojalygynyò ösüºi, halkara zähmet paýlanyºygynyò emele gelmegi, söwda-satygyò ösüºi deòiz transporty arkalydyr. Häzir Dünýä okeanynyò kenar-larynda 2 700 sany deòiz port-ºäherleri bar. Deòiz transportynda daºalýan esasy ýük nebit we nebit önüm- lerine dogry gelýär. Käte bu önümleri daºaýan ýörite gämi tanker- ler heläkçilige duçar bolup, kenaryò tebigatyna, deòiz organizmlerine uly zyýan ýetirýär. Deòiz turizmi hem okean resurslaryndan peýdalanmagyò bir pu- dagy hökmünde barha rowaçlanýar. Dünýä okeanyny goramak milli, regional we halkara möçberde amala aºyrylýan çäredir. Dünýä okeanyny öwrenmek we peýda- lanmak hem-de goramak maksadynda ençeme halkara guramalar düzüldi. Halkara deòiz komiteti, Döwletlerara okeanografik komissiýa (UNESKO-nyò ýanynda) we baºgalar Dünýä okeanynyò baýlyk- laryndan akylly-baºly we tygºytlylyk bilen peýdalanmak, olary goramak, dikeltmek we ekologik ýagdaýy gowulandyrmak boýunça göreldeli iº alyp barýarlar. Adalgalar, daýanç düºünjeler we atlar Okean baýlyklary, suwotylar, Halkara deòiz komiteti, bentos, nekton, plankton, turizm. Barlag üçin soraglar 1. Dünýä okeanyndan haýsy organizmler iò köp awlanýar? 2. Okean suwlary köpräk näme sebäpden hapalanýar? Amaly ýumuºlar 1. Okean baýlyklarynyò görnüºlerini geografiýa depderiòize ýazyò. 2. Kartadan Dünýä okeanyndaky esasy nebit we gaz gazyp alynýan çäkleri tapyò. 43 MATERIKLERIÒ WE OKEANLARYÒ TEBIGATY AFRIKA 18 - §. Afrika materiginiò geografik ýerleºiºi we öwreniliº taryhy Esasy aýratynlyklary. Afrika ekwatoryò arasyndan we baº meri- dianyò günbataryndan kesip geçýän ýeke-täk materik, iò uly çölleri bar, iò yssy materik, iò ýokary temperatura anyklandy, iò uzyn we gündogar ýarymºaryò iò bol suwly derýalary bar, iò iri maýmynlar, iò iri süýdemdirijiler ýaºaýar, kenary iò kem dilkawlanan, gury ýerdäki iò uly Beýik Afrika ýer jaýrygy bar, iki giòlikler boýunça hem klimat guºaklyklary we tebigy zolaklar gaýtalanyp ýerleºýär, süýji suwly iò uzyn (750 km) we çuò Tanganika (1 435 m) köli bar, almaz gazyp almak boýunça dünýäde birinji orunda. Mälim bolºy ýaly, Ýer ºarynda okeanlar we materikler dürlüçe paýlanandyr. ªol sanda, Demirgazyk ýarymºaryò 39 %-i, Günorta ýarymºaryò bolsa 19 %-i gury ýerden ybarat. Eger globusy köpräk materikler çägine gabat getirilse, Materikler ýarymºary emele gelýär. ªu ýarymºarda gury ýer 53 % meýdany eýeleýär. ªolara esaslanyp, soòky wagtda alymlar Materikler ýarym- ºaryny tapawutlandyrmakçy bolýarlar (11- nji surat). Geografik ýerleºiºi. Afrika dört ýa- rymºarda ýerleºýän ýeke-täk materik. Ek- wator Afrikany deò ikä bölýär. Onuò de- mirgazyk we günorta çetki nokatlary ekwa- tordan deò aralykda diýen ýaly ýerleºýär. Gibraltar bogazy arkaly Ýewropa, Sues kanaly arkaly Aziýa kontinentleri bilen ut- gaºýar. Materigiò demirgazyk we günbatar 11- nji surat. Materikler ýarymºary. 44 kenarlaryny Atlantik okeanyò suwlary, demirgazyk-gündogar we gün- dogar kenarlaryny bolsa Hindi okeanynyò suwlary ýuwýar. Afrikanyò kenarlary kem dilkawlanan bolup, uzynlygy 30 500 km-e deò. Afrika demirgazykdan günorta barha daralýar. Demirgazyk böleginiò ini (Almadi we Ros-Hafun burunlary aralygy) 7 500 km bolsa, günortasynyò ini 3 000 km-e deò. Materigiò gündogarynda iri Somali ýarymadasy we Mozambik bogazy bilen bölünen Madagas- kar adasy ýerleºýär. Günbatarynda iò iri Gwineýa aýlagy bar. Öwreniliº taryhy. Afrika materigine ilki Liwiýa diýipdirler. Alym- laryò pikiriçe, Afrika sözi eramyzdan öòki II asyrdan ulanylyp, materigiò demirgazyk-günbatar böleginde (Tunis, Marokko ýerleri) ýaºan gadymky berberleriò afarik taýpasynyò adyndan alnan. Afrika siwilizasiýanyò ilki dörän ýeri hasaplanýar. Onda 3 4 mln ýyl öò adamlaryò ýaºandyklary arheolog alymlar tarapyndan anyklandy. 6 000 ýyl öò Nil derýasynyò jülgesiniò hasyldar ýerlerinde irki siwilizasiýa döräpdir. Afrikanyò tebigatyny, ilatynyò urp-adatlaryny, hojalygyny öwren- mekde meºhur marokkoly syýahatçy Ibn Battutanyò aýratyn orny bar. Ol Afrikanyò demirgazyk we gündogar kenarlaryny, Nil basseýnini (1325 1349- njy ý.), Saharanyò günbatar bölegini, Niger derýasy- nyò ýokarky akymyndan orta akymyna çenli öwrenipdir. XV asyr ýewropalylaryò Afrikany öwrenmeginde möhüm bas- gançak bolsa-da, oòa gara günleri gullar söwdasyny getirdi. 1487- nji ýylda Bartolomeu Diaº Afrikanyò günortasyndaky Hoº Umyt burnuna çenli Atlantik okeanyò kenarlaryny öwrendi. 1497 1498- nji ýyllarda portugaliýaly Wasko da Gama Afrikany günortadan aýlanyp geçip, 1498- nji ýylyò 20-nji maýynda Hindistanyò Kalkutta portuna ýetip geldi. Ol ýewropalylar üçin Hindistana barýan deòiz ýoluny açyº etdi. Afrikanyò içerki böleginiò tebigatyny öwrenmekde iòlis barlag- çysy Dewid Liwingstonyò hyzmatlary uly boldy. Ol Kalahari çölü- ni, Zambezi derýasyny, Kongo derýasynyò ýokarky akymlaryny, Nýasa, Tanganika köllerini öwrendi. Zambezi derýasyndaky ºag- 45 lawuga Wiktoriýa adyny berdi. Iòlis-amerikan ekspedisiýasynyò baºlygy G. M. Stenli (1817 1877- nji ý.) Zanzibar adasyny, Wik- toriýa kölüni we Nil derýasynyò gözbaºynyò Kageradygyny anyklady, Lialoba we Kongo derýasy boýunça aºaky akymyna çenli öwrendi. Afrikanyò tebigatyny we halklarynyò durmuºyny rus alymlaryndan W. W. Ýunker, Ý. P. Kowalewskiý, A. A. Ýeliseýew, N. I. Wawilowlar barladylar. N. I. Wawilow guran ekspedisiýa (1926 1927- nji ý.) 6 000-den artyk medeni ösümliklerden nusga aldy. Ol Efiopiýanyò gymmatly gaty bugdaý sortunyò watanydygyny anyklady. Adalgalar, daýanç düºünjeler we atlar Afrika, berberler, siwilizasiýanyò merkezi, Wiktoriýa, Mozambik, Madagaskar, Liwingston, Stenli, Ibn Battuta, Wawilow. Barlag üçin soraglar 1. Afrikanyò esasy aýratynlyklary nämelerden ybarat? 2. Afrika haýsy ýarymºarlarda ýerleºýär? 3. Afrikanyò kenarlaryny we içerki bölegini kimler öwrenipdir? Amaly ýumuºlar 1. Afrikanyò çet nokatlaryny anyklaò we koordinatalaryny tapyò. 2. Afrikany öwrenen syýahatçylaryò ýörän ýollaryny sudury karta geçiriò. 19- §. Geologik gurluºy we gazylyp alynýan peýdaly zatlary. Relýefi Geologik gurluºy. Afrika gadymky Gondwana gury ýeriniò bir bölegi. 180 mln ýyl öò Arabystan ýarymadasy bilen bilelikde bitewi platformany emele getiripdir. Alp dag ýygyrtlanyº döwründe Gyzyl deòziò orny açylypdyr. Netijede Arabystan ýarymadasy Ýew- raziýa utgaºypdyr. 46 Afrika materigi, esasan, gadymky platformanyò üstünde ýerleºen bolup, köpräk düzlük we ýasy daglardan ybarat. Seýsmik çäkler beýlekilerden az. Çet demirgazyk-günbatarynda Ýewraziýa plitasy bi- len galtaºmasynda beýikligi 4 165 m-e ýetýän Atlas gatlamkly dag ulgamy ýokary galypdyr. Gury ýerdäki iò iri Gündogar Afrika ýer jaýrygy 6500 km ara- lyga uzap giden bolup, Akoba aýlagyndan Zambezi derýasynyò aºaky akymyna çenli dowam edýär. Alymlaryò çaklamalaryna görä, geljekde Beýik Afrika ýer jaýrygyndan gündogardaky ýerler materigiò adasy hökmünde (Madagaskar adasy ýaly) Afrikadan bölünip gidýär. Bu zolakda ýer gabygy hereketjeò bolup, oòa hereketdäki wulkanlar (Kilimanjaro, Karisimbi) we ýer titremeleri mahsusdyr. Gündogar Afrika ýasy daglary gatlaklanyp ýokary galan gorstlardan we gra- benlerden ybarat. Çuò köller grabenlerde döräpdir. Daglar, platolar magmatik we metamorfik jynslardan düzülen. Oýuklar, çöketlikler, pes düzýerleºýärdüzlükler çökündi jynslar bilen örtülen. Gazylyp alynýan peýdaly zatlary. Afrika dürli-dürli gymmatbaha tebigy baýlyklary öz jümmüºinde saklap ýatan ullakan hazynadyr. Afrikada magmatik jynslaryò giò ýaýramagy magdanly peýdaly baýlyklaryò köp emele gelmegine sebäp bolupdyr. Afrika almaz gazyp almakda dünýäde birinji orunda durýar. Gadymky kristal jynslar demir magdany, hrom, mis, sink, galaýy, uran magdany, altyn we gymmatbaha daºlara baý. Meºhur mis guºaklygy Zambiýa we Kongo Demokratik Respublikasynyò araçäk zolagynda ýerleºýär. Materigiò oýuk, çökündi jynslar toplanan ýer- lerinde daºkömür, nebit, tebigy gaz, marganes magdanlary, duzlar, fosforitler giò ýaýrandyr (goºmaçadaky 24- nji surata garaò). Relýefi. Afrikanyò çägi relýef aýratynlygyna görä iki bölege bölünýär. Aòrybaº belentligi 1 000 metre çenli bolan düzlüklerden, platolardan we daglyklardan ybarat pes Afrika. Bu ýerler Demirgazyk we Günbatar Afrika mahsusdyr. Belent Afrika Gündogar we Günorta Afrikany eýeleýär. Pes we belent Afrikanyò arasyndaky araçäk Angola-Efiopiýa ýöneliºinden geçýär (24- nji surat, goºmaça garaò). 47 Pes Afrikada çägeli pes-beýiklikler köp bolan Sahara, tekiz we batgaly Kongo çöketligi, plato we daglyk (Darfur, Ahaggar, Tibesti we baºga)lar esasy relýef ºekilleridir. Saharanyò demirgazyk-gündogaryn- da Atlas daglary ýerleºýär. Onuò iò belent depesi Tubkal dagydyr (4 165 m). Atlas daglary Belent Atlas, Sahara Atlasy, Ar-Rif Atlas we Antiatlas daglaryna bölünýär. Belent Afrikada Efiopiýa daglary, Gündogar Afrika ýasy daglary we Günorta Afrika ýasy daglary ýer- leºýär. Bu ýerde-de dag aralygyndaky (Wiktoriýa, Kalahari) we Gün- dogar Afrika ýer jaýrygy geçen zolakdaky çuò çöketlikler bar. Gün- dogar Afrika ýasy daglarynda Kilimanjaro (5 895 m), Keniýa (5 199 m), Margerita (5 109 m) we baºga dag depeleri bar. Gündogar Afrika daglaryndan demirgazyk tarapda Efiopiýa daglary ýerleºýär. Onuò iò belent depesi Ras-Daºan dagydyr (4 620 m). Plato, daglyk we ýasy daglykdan baºlanýan ýa-da akyp geçýän derýa jülgelerinde relýefiò dara, kanýon, ºaglawuk (Wiktoriýa, Liwingston, Stenli), bosagalar köp emele gelipdir. Afrikanyò iò beýik (Kilimanjaro wulkany, 5 895 m) we iò pes nokatlary (Afar çöketligindäki Assal köli, 153 m) hem belent Afrikada ýerleºýär. Pes Afrikanyò iò pes ýeri Kattara çöketligidir (133 m). Adalgalar, daýanç düºünjeler we atlar Gondwana, Belent Afrika ýer jaýrygy, gorst, graben, mis guºaklygy, Tanganika. Barlag üçin soraglar 1. Gondwana nähili iri materik? 2. Afrika nähili gazylyp alynýan peýdaly zatlara baý? 3. Afrikanyò köp bölegini nähili relýef ºekli eýeleýär? Amaly ýumuºlar 1. Sudury karta Afrikanyò iri relýef ºekillerini geçiriò. 2. Atlasdan Gündogar Afrika ýer jaýrygyny tapyò. 48 20- §. Materigiò klimatynyò aýratynlyklary Klimatyò emele gelºi. Afrika diýende ilki bilen jöwzaly yssyda taplanan, gara tenli, buýra saçly adamlar göz öòümize gelýär. Hakykatdan hem Afrika yssy materik diýlip ýöne ýere aýdyl- mandyr. Tropikler aralygynda Gün gorizontdan gaty belentde we her ýyl iki gezek zenitde bolýar. ªonuò üçin onuò örän uly böleginde islendik aýyò ortaça temperaturasy +20 o C-dan artyk. Hatda iò demir- gazyk we günorta böleklerinde gyº aýynyò ortaça temperaturasy +10 +15 o C-dan peselmeýär. Afrikanyò klimatynyò emele gelmeginde onuò geografik ýerleºiºi, howanyò basyºy we massalary, relýefi, okean akymlary ýaly faktorlar güýçli täsir edýär. Ekwatora ýakyn ýerleºýän ornuna görä örän uly mukdarda gün radiasiýasyny (ýylyna bir sm 2 -a 160 200 kkal) alýar. Ýylyò pasyllary ygalyò mukdaryna garap tapawutlanýar. Ek- watorial çäklerde pes basyºly guºaklyklar, tropiki giòliklerde bolsa ýokary basyºly guºaklyklaryò emele gelmegi Günüò belentligine bagly. ªoòa görä-de materigiò üstünde ekwatorial, tropiki we aram howa massalary hereketlenýär. Materigiò klimatynyò ºekillenmeginde hemiºelik ýeller passat- laryò täsiri güýçli. Ýylyò dowamynda Atlantik okeandan öwüsýän çygly howa massalary Gwineýa aýlagynyò kenarlaryna we ekwatorial zolaklara gaty köp ygal getirýär. Meselem, Gwineýa aýlagynyò kena- ryndaky Debunja çägine 10 000 mm-e çenli ýagyn ýagýar. Ygallar paýlanyºygyna relýef ºekilleri täsir edýär. Çygly howa massalarynyò ugruna garºy duran dag eteklerine köp ygal ýagýar. Okean akymlary materigiò klimatyny düýpgöter üýtgedýär. Eger kenaryò boýunda sowuk akym bolsa, ygal ýagmaýar we çöl klimaty emele gelýär (meselem, Namib, Somali). Kanar, Bengela sowuk akym- larynyò üstünden öwüsýän ýeller materige sowuk howa alyp gelýär. 49 Ýöne ýokardaky howanyò maýyl bolmagyna seretmezden, gyraw we ümürler emele gelse-de, ýagyn ýagmaýar. Netijede gurakçyl çöller emele gelýär. Klimat aýratynlyklary. Afrika iò yssy materik. Bu onuò uly böleginiò ýagtylandyryº guºaklygynda ýerleºýänligindendir. Plane- tamyzdaky iò yssy temperatura ºu ýerde bolýar (Tripoli ºäheriniò ýanynda +58 o C). Ýöne iò belent daglarda hemiºelik garlar we buz- luklar bar. Afrikanyò klimatynyò özboluºly aýratynlyklary klimat guºaklyklarynda aýdyò görünýär. Adalgalar, daýanç düºünjeler we atlar Iò yssy materik, ýagtylandyryº guºaklygy, gün radiasiýasy, ortaça temperatura, Tripoli, sowuk akymlar. Barlag üçin soraglar 1. Afrikanyò klimaty haýsy faktorlaryò täsirinde emele gelýär? 2. Näme üçin Afrikany iò yssy materik diýýäris? 3. Afrikada nähili howa massalary bar? Amaly ýumuºlar 1. Afrikanyò klimat kartasyny sudury karta geçiriò. 2. Depderiòize köp we az mukdarda ygal ýagýan ýerleri, ýelleriò ugruny we olaryò sebäplerini ýazyò. 3. Relýef bilen klimat kartalaryny deòeºdiriò we deròäò. 21- §. Klimat guºaklyklary Afrikada bir sany ekwatorial, iki-ikiden subekwatorial, tropiki we subtropiki klimat guºaklyklary ºekillenen. Ekwatorial guºaklyk. Bu guºaklyk Kongo derýasynyò basseýni- niò bir bölegini we Gwineýa aýlagynyò kenarlaryny öz içine alýar. Bu ýerlerde ýylyò dowamynda ekwatorial howa massalary agdyklyk 4 A. Soatow, A. Abdulkasimow, M. Mirakmalow 50 edýär. Ortaça ýyllyk we aýlyk temperatura hemiºe ýokary we bir tekiz paýlanan bolup, ol 26°C-a deò. Ygal hem bir tekiz ýagýar. Käbir ýerlerde 10 000 mm ygal ýagýar. ªonuò üçin ösümlikleriò ösüºi ýylboýy dyngysyz dowam edýär. Bu guºaklykda her gün ir bilen Gün çykyp ºöhle saçyp durýar wýerleºýärni güýçli gysdyryp baºlaýar. Öýlän gyzan we nemlenen howa ýokary galyp, bulut emele getirýär. Öýländen soò bolsa güýçli ýagyº ýagýar. Agºamara Gün ýene ºöhle- sini saçyp baºlaýar. Beýle howa günüò, aýyò we ýylyò dowamynda gaýtalanyp durýar diýen ýalydyr. Ekwatorial guºaklykda ýylboýy tomus pasly bolýar. Subekwatorial guºaklyk. Subekwatorial klimat guºaklygy ekwa- torial klimat guºaklygyny demirgazykdan we günortadan gurºaýar. Araçäkleri ekwatordan demirgazyk we günorta taraplara 15 20° giòliklere çenli uzap gidýär. Subekwatorial klimat ekwatorial klimatdan ygalyò mukdarynyò otnositel kemligi we ygallaryò pasyllar boýunça biendigan paýlanmagy bilen tapawutlanýar. Bu ýerde iki pasyl, ýagny çygly tomuz, gurak gyº aýdyò duýulýär. Tropiki guºaklyk. Bu guºaklyk iki ýarymºaryò tropiki giòliklerine dogry gelýär. Demirgazyk tropiki klimat guºaklygy Saharanyò örän uly bölegini eýeleýär. Bu ýeriò klimaty diòe bir materikde däl, eýsem bütin dünýäde iò yssy we iò gurak klimat hasaplanýar. Meselem, tom- suna gaty yssy bolup, howa-da bulut bolmaýar diýen ýaly, Gün daºly we çägeli çölleriò ýer üstüni 70° 80 °C çenli gyzdyrýar, howanyò temperaturasy 40°45 ° C çenli ýokarlanýar. Gijesine bolsa ýeriò üsti we howanyò temperaturasy 0 °C çenli peselýän wagtlary-da bolýar. Demirgazyk tropigiò ýaz aýlarynda wagty-wagty bilen güýçli samum(arapça yssy ýel) we hamsin(yssy, gurak,güýçli günorta we günorta-günbatar ýel) ýeli öwsüp, gum tupany bolup durýar. Gurak jülgeler tötänden ýagan ýagyº suwlaryndan ganýar. Subtropik klimat guºaklygy. Afrikanyò çetki günorta we de- mirgazyk çäkleri subtropiki klimat guºaklygynda ýerleºýär. Bu ýer- de möwsümleýin howa massalary çalºyp durýar: ýazda deòiz tropiki howasy, gyºda aram giòlikleriò deòiz howasy höküm sürýär. Ne- 51 tijede subtropikleriò orta deòiz klimaty tipi ºekillenipdir. Günorta Afrikanyò günorta-gündogar kenarýaka çäklerinde ygal ýylyò do- wamynda birsydyrgyn ýagýar, ýöne musson ýelleri ýazda iò köp ygal getirýär. Materigiò demirgazyk-günbatarynda (iýul aýynyò ortaça temperaturasy +27 °C, +28 °C, ýanwarda +11 °C, +12 °C) we günorta-günbatarynda (iýul +13 °C, +14 °C, ýanwarda +21 °C), tersine, ýaz gurak gelýär, gyºda ýagynly howa bolýar. Adalgalar, daýanç düºünjeler we atlar Klimat guºaklyklary, Sahara, daºly çöl, samum, gum tupanlary, jülge. Barlag üçin soraglar 1. Afrikada nähili klimat guºaklyklary ºekillenipdir? 2. Afrika klimatynyò döremeginde nähili howa massalary gat- naºýar? Amaly ýumuºlar 1. Klimat guºaklyklaryny sudury karta geçiriò. 2. Ýazda we gyºda ýagynly klimat guºaklyklaryny anyklaò. 22- §. Içerki suwlary Afrikanyò ýerüsti we ýerasty suwlary onuò içerki suwlaryny emele getirýär. Olary basseýnler boýunça öwrenýäris. Bular Atlantik we Hindi okeany basseýnleri hem-de ýapyk basseýnlerdir. Afrikanyò ýerüsti suwlary derýalardan, köllerden, suw howdan- laryndan, kanallardan ybarat. Nil dünýädäki iò uzyn (6 671 km) derýa. Ol Gündogar Afrika ýasy daglaryndan baºlanýan Ak Nil bilen Efiopiýa daglaryndan baºlanýan Gök Nil ºahalarynyò goºulyºmagyndan Nil adyny alypdyr. 52 Onuò Kagera goºandy 3° go.g.den baºlanyp, Wiktoriýa kölüne guý- ýar. Ak Nil ºu kölden akyp çykýar. Nil derýasy Orta deòze guýulýan ýerinde uly delta emele getirýär. Watandaºymyz Al-Fergany (IX asyr) birinji bolup Nil derýasynyò mysalynda suwuò sarpyny ölçeý- än nilometr gurluºyny döredipdir. Kongo (Zair) uzynlygyna (4 320 km) görä Afrikada ikinji, ýöne bol suwlulygy (1 414 km 3 ) we basseýniniò meýdanyna (3 691 müò km 2 ) görä dünýäde Amazonka derýasyndan soò ikinji orunda durýar. Onuò Lukuga goºandy Tanganika kölünden baºlanýar. Derýanyò suw sarpy ýylyò dowamynda üýtgemeýär diýen ýalydyr. Munuò sebäbi ýyllyk ygallaryò birsydyrgyn ýagmagydyr. Kongo aºaky we ýokary akymynda ençeme bosagalary we ºaglawuklary emele getiripdir. ªol sanda, aºaky akymynda Liwingston ºaglawuklar topary bar. Orta akymynda ekwatory iki gezek kesip geçýär. Ol Nil derýasyndan tapawutlylykda, delta emele getirmeýär. Niger uzynlygyna we basseýniniò meýdanyna görä Afrikanyò üçünji derýasy. Ýokary we aºaky akymlarynda bosagalar we ºag- lawuklar köp. Orta akymynda Sahara utgaºýan tekiz we oýuk relýefli çöl zolagyndan akyp geçýär. Oranj derýasy Afrikanyò günortasynda ýerleºýär. Ol gündogarda Drakon daglaryndan baºlanyp, günbatarda Atlantik okeana guýulýar. Afrikanyò Zambezi, Limpopo, Rufiji, Tana, Jubba, Uabi-ªe- belle we baºga ençeme kiçi derýalary Hindi okeanynyò basseýnin- den orun alypdyr. Bulardan iò irisi Zambezi derýasydyr (uzynlygy 2 660 km). Derýada köp bosagalar we ºaglawuklar emele gelipdir. Aºaky akymynda delta döräpdir we gämiler gatnaýar. Derýadaky Wiktoriýa ºaglawugy giò (1 800 m) suw akymyny emele getirip, 120 m beýiklikden dar derä akyp düºýär. Bu dünýädäki iò iri we gözel ºagla-wuklardan hasaplanýar. Ýapyk basseýnde ýerleºýän ªary derýasy Çad kölüne guýulýar. Afrikanyò ähli iri derýalarynda balyklar kän. Wiktoriýa, Tanganika, Nýasa kölleri esasy köllerdir. Wiktoriýa tektoniki oýukda, galan ikisi Afrikanyò ýer jaýrygynda ýerleºýär. Ählisi akýan köllerdir. Çad, Download 4.19 Kb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling