A. soatow, A. Abdulkasimow, M. Mirakmalow
Download 4.19 Kb. Pdf ko'rish
|
53 Rudolf, Rukwa akmaýan köller toparyna girýär. Çad kölüne ýagyº ýagan wagtynda derýalar köp suwly bolýarlar. ªol wagt kölüò meý- dany iki esse giòeýär. Ýerasty suwlary Afrikanyò gurakçyl çäklerinde ýeke-täk suw çeº- mesi hasaplanýar. Sahara, Namib, Kalahari we Somali çöllerinde ýerasty suwlary tapylan. Adalgalar, daýanç düºünjeler we atlar Içerki suwlar, ýapyk basseýn, bosagalar, ºaglawuklar, Al-Fergany, nilometr, Wiktoriýa, Liwingston ºaglawuklary. Barlag üçin soraglar 1. Afrikanyò içerki suwlaryny nähili basseýnlere bölmek mümkin? 2. Haýsy derýalar iò uzyn, basseýni uly we bol suwly? 3. Akýan, akmaýan we ºor köller nirede ýerleºipdir? Amaly ýumuºlar 1. Afrikanyò içerki suwlaryny sudury karta geçiriò. 2. Iri derýalaryò nähili geografik obýektlerden akýandygyny dep- deriòize ýazyò. 23- §. Ekwatorial tokaýlar we sawannalar Afrika materiginde hemiºelik çygly ekwatorial tokaýlar zolagy bir, pasyllaýyn çygly tokaýlar, sawannalar we seýrek tokaýlar, ýarym çöl we çöller, gaty ýaprakly hemiºelik ýaºyl tokaýlar we gyrymsylar zolaklary iki gezekden gaýtalanýar. Daglarda beýiklik zolaklylygy bar. Ekwatorial tokaýlar zolagy. Bu zolak ekwatorial klimat gu- ºaklygynda, ekwatora utgaºýan çäklerde we Gwineýa aýlagynyò ke- narlarynda döräpdir. Ony gileýa ýa-da çygly tokaýlar diýip hem at- landyrýarlar. 54 Dag jynslarynda demir birikmeleriniò bolmagy gyzyl-sary ferralit topraklary emele getiripdir. Topraklar çüýrüntgä baý däl. Ösümlikler iýmiti köpräk ýapraklary arkaly alýar. Ekwatorial tokaýlaryò esasy aýratynlygy hemiºelik ýaºyllygy, köp ýaruslylygy we örän galyòlygydyr. Käte teòòe ýaly ýere-de gün ºöh- lesi düºmeýär. Bu ýerde ösümlikleriò 25 000 görnüºi, ºol sanda, da- ragtlaryò 1 000 görnüºi bar. Ýokary ýarusda (35 50 m) seýba, palma agaçlary köpräk. Orta ýarusda ýagly palmalar, aºaky ýarusda bolsa rafiýa palmasy bilen agaç ºekilli paporotnikler, lianalar, iò aºakda ot ösümlikler we gyrymsylar ýaýrandyr. Haýwanlaryò aglabasy agaçlarda ýaºaýar. Dürli guºlar, gemrijiler, mör-möjekler, martyºkalar, ºimpanzeler daragtlarda ýaºaýarlar. Ýerde diòe kiçi afrika sugunjygy (boýy 40 sm), karlik begemot (boýy 80 sm), tokaý pili, okapi, gorilla we baºgalar ýaºaýar. Iri ýyrtyjy haý- wanlardan bars duºýar. Tokaýyò ähli böleklerinde garynjalar ýaýran. Guºlaryò ýüzlerçe görnüºi, ýylanlar, suwulganlar bar. Ekwatorial tokaýlar zolagy möwsümleýin çygly tokaýlar bilen çalºyp durýar. Tebigaty ekwatorial çygly tokaýlaryò tebigatyna meòzeº, diòe gyºda bir-iki aý az ýagyn ýagýar, käte ygalsyz bolýar. Ýöne haýwanlaryò görnüºi we sany köpelýär. Sawannalar. Afrikanyò meýdanynyò 40 %-ini sawannalar eýe- leýär. Bu ýerlerdäki belent boýly ot ösümlikleri sähra landºaftlaryny ýada salýar, tebigatyò pasyllaýyn üýtgeýºi güýçli, çygly we gurakçyl pasyllar gezekleºip gelýärler. Sawannalar iri haýwanlaryò köpligi bilen tapawutlanýar. Möwsümleýin çygly ekwatorial tokaýlar zolagyna utgaºýan zo- lajykda gür ot ösümliklerniò boýy 3 m-e ýetýär. Sawannada agaçlar we gyrymsylar topbak-topbak bolup ösýärler. Bu ýerlerde gyzyl fer- ralit topraklar emele gelipdir. Ýagyn, esasan, ýazda ýagýar. Topragy gyzyl-goòur, ot ösümlikler onçakly belent däl, uzak aralykda ýeke we topbak-topbak daragtlar we gyrymsylar duºýar. Iò köp ýaýran daragt gür ºahaly akasiýa, gum 55 palmasy. Sahara utgaºýan kiçi zolakda çölleºen sawanna landºafty ºekillenen. Pes we seýrek ot ösümlikleri, tikenli gyrymsylar, ýapraksyz moloçaý, tikenli we suwly daragt ºekilli ot ösümligi köp ýaýran. Sawannalar üçin baobab we kaktuslar mahsusdyr. Dünýäde sawannadaky ýaly iri haýwanlar toplanan baºga ýer ýok. Bu ýerde dürli-dürli antilopalar (olaryò 40 sany görnüºi bar), zebra, iraf, pil (beýikligi 4 m, agyrlygy 12 t çenli), gäwmiº, kerk, be- gemot, pawian (maýmynyò bir görnüºi), ýolbars, bars, syrtlan, ºa- gal, geçigaplaò, suwda krokodiller (Nil krokodili 5 6 m uzynlyga eýe) duºýar (12- nji surat). Guºlardan iò kiçi nektarhor, kätip guº, iò uly afrika düýeguºy (boýy 2,8 m, agyrlygy 90 kg çenli), marabu, mürzeguº we baºgalar köp ýaýran. Sawannalaryò özboluºly landºaftlaryny goramak boýunça halkara möçberde çäreler geçirilýär. Köp milli baglar, goraghanalar, buýur- malar döredildi. 12- nji surat. Afrikanyò haýwanat dünýäsi. Begemot Setse siòegi Düýguº Kerk iraf Zebra Ýolbars 56 Adalgalar, daýanç düºünjeler we atlar Ekwatorial tokaýlar, sawannalar, ferralit, seýba, karlik begemot, go- rilla, termitler, baobab, düýeguº, marabu. Barlag üçin soraglar 1. Ekwatorial tokaýlar we sawannalar nirelerde ýerleºipdir? 2. Sawannalaryò esasy aýratynlyklary nämelerden ybarat? 3. Bu tebigy zolaklar üçin haýsy ösümlik we haýwanlar mahsus? Amaly ýumuºlar 1. Afrikanyò tebigy zolaklaryny sudury karta geçiriò. 2. Dersligiò we atlasyò maglumatlary esasynda tebigy zolaklardaky ösümlikleriò we haýwanlaryò atlaryny depderiòize ýazyò. 24- §. Tropiki çöller we subtropikler Tropiki çölleriò tebigaty. Tropiki howa massalarynyò gaty gu- rak bolmagy, howanyò basyºynyò ýokary bolmagy tropiki ýarym çölleriò we çölleriò döremegine sebäp bolupdyr. Tropiki çöller ma- terigiò uly bölegini (30 %) eýeleýär we esasan, demirgazyk böle- ginde ýerleºýär. Sahara hakyky tropiki çöllerden ybarat. Ol dünýädäki çölleriò iò irisi (meýdany 7,8 mln. km 2 ). Ygalyò ýyllyk mukdary 100 mm-e çenli. Içki böleklerinde birnäçe ýyllaryò dowamynda ygal ýagmaýar. Gum, çaò-tozanly gurak we yssy samum ýeli güýçli öwüsýär. Tropiki çöllerde gije bilen gündiziò temperaturasy ýiti üýtgeýär. Meselem, gündizine howanyò temperaturasy 40 50 °C bolsa, gije- sine 0°C-a peselmegi mümkin. ªonuò netijesinde çöldäki daglarda dag jynslarynda yºlar we jaýryklar peýda bolup, güýçli dargama ýüze çykýar. Beýle ýerlerde ýerli ilat gamada diýýän daºly sähralar peýda bolýar. 57 Mundan baºga-da, toprak we ösümlik örtüginden bütinleý mah- rum bolan barhan çägeli çöller uly meýdany eýeleýär. Çölüò mer- kezinde Tibesti (3 415 m), Darfur (3 088 m), Ahaggar (2 918 m) ýaly galyndy daglar bar. Çöllerde çüýrüntgisiz çägesow çöl topraklary, düzlük ýerlerde ºor- hek topraklar, oazislerde medeni topraklar ºekillenipdir. Ösümligi gaty az, düzlük ýerlerde ºora, ýowºan, sazak, ýylgyn, gyrymsy, akasiýa, Namib çölünde seýrek welwiçiýa ýaly ösümlikler ösýär. Namib çölüniò demirgazyk we gündogar taraplarynda ýarym çöller baºlanýar. Bu ýerlerde ýassyk ºekilli ösümlikler, moloçaý, aloý, ýabany suwly garpyzlar ösýär. Garpyzlar haýwanlar we ilat üçin suwuò ýerine ulanylýar. Oazisleriò esasy ösümligi hurma hasap- lanýar. Çöl ºertine uýgunlaºan antilopa, giýena (menekli syrtlan), tilki, ºagal, düýe, suwulgan, zemzen, pyºdyl ýalylar esasy haýwan- lardyr. Subtropikleriò tebigaty. Afrikanyò demirgazyk-günbatar we günorta-günbatar böleklerinde gaty ýaprakly hemiºelik ýaºyl tokaý- lardan we gyrymsylardan ybarat subtropiki zolak ýerleºýär. Demirgazyk subtropikdäki Atlas daglarynyò 3 000 m-den ýokary böleginde gyºda howa sowap (10° 17 °C çenli), gar ýagýar. Käbir ýerlerde garyò galyòlygy 2 m-e ýetýär. Kenarda we dag eteklerinde makwis, zeýtun, kiçi palma, probka emany (dub) tokaýlary, ýokar- rakda iri atlas kedri, tis (gyrymsy agaç), ýene belendiräkde (1 500 3 000 m) giò ýaprakly tokaýlar, ondan belentde alp otluklary ýerleºýär. Bu zolakda haýwan görnüºleri köp. Ululygy towºan ýaly ot iýýän daman daglarda süri bolup ýaºaýar. Ony awlaýarlar we etini iýýärler. Ýene dürli gemrijiler, guýruksyz makaka, ýyrtyjylardan ºagal, ýabany piºik, bars, syrtlan, süýrenijilerden suwulgan, ýylan, zemzen, pyºdyllar ýaºaýar. Käte çekirtgeleriò çozuºyndan oba ho- jalygy zyýan çekýär. Günorta Afrikanyò subtropiki landºaftynda kiparis, kap zeýtuny, kümüº daragty, kedr, afrika hozy, kap kaºtany, sary daragt we dürli ot ösümlikleri ösýär. 58 Adalgalar, daýanç düºünjeler we atlar Tropiki çöller, samum, daºly we çägeli çöller, oazisler, welwiçiýa, Sahara, Namib çölleri. Barlag üçin soraglar 1. Daºly sähralar nähili emele gelýär? 2. Tropiki çöllerde nähili haýwanlar ýaºaýar? Amaly ýumuºlar 1. Saharanyò tebigy toplumlaryny sudury karta geçiriò we geografik häsiýetnama beriò. 2. Tema degiºli maglumatlary dersligiò we atlasyò 15- nji sahy- pasyndaky kartadan peýdalanyp, sudury karta geçiriò. 25- §. Tebigy geografik ülkeleri Häzirki wagtda Afrika tebigy ºertine görä dört sany iri tebigy- geografik ülkä bölünýär. Olar Demirgazyk, Merkezi, Gündogar we Günorta Afrika diýlip atlandyrylýar. Demirgazyk Afrika günortada möwsümleýin çygly tokaýlar zo- lagyndan demirgazykda Orta deòze çenli, günbatarda Atlantik okeanyò kenarlaryndan gündogarda Efiopiýa daglarynyò eteklerine çenli bolan çäkleri eýeleýär. Sawannaly Sudan (arapça garalar ülkesi), Sahara we Atlas daglary ºu ülkede ýerleºýär. Demirgazyk Afrika ülkesiniò düzüminde bir-birinden tapawutlanýan üç sany tebigy toplumlar bar. Olar: 1) gaty ýaprakly hemiºelik ýaºyl tokaýlar we gyrymsy agaçlar zolagy, 2) çägeli we daºly çölli Sahara we 3) ot ösümligine baý sawannaly Sudan ýa-da Sahel çäkleridir. Merkezi Afrika Gwineýa aýlagynyò kenarlaryny we Kongo bas- seýnini öz içine alýar. Bu ülkede hemiºelik ýaºyl çygly ekwatorial tokaýlar we möwsümleýin çygly tokaýlar zolaklarynyò seýrek land- 59 ºaftlary döräpdir. Ülkede gymmatbaha mebeller ýasalýan gyzyl da- ragt, ýag alynýan palma, seýba we muskat daragtlary, kauçuk alynýan daragtlar ösýär. Kiçijik pigmeý taýpasy tokaý adamlary, äpet gorilla, setse siòegi, kiçi sugun, okapi we baºgalar diòe ºu ýer- lerde ýaºaýar. Gündogar Afrika materigiò belent dagly bölegini eýeleýär. Bu ülkede gury ýerdäki iò uly ýer jaýrygy Beýik Afrika ýer jaýrygy ýerleºýär. ªu sebäpli-de ülkede tektonik köller köp. Afrikanyò iò beýik nokady Kilimanjaro wulkany (5 895 m) ºu ýerde ýerleºýär. Gündogar Afrikany käte Afrika materiginiò tamy diýip atlandyrýarlar. Ülke, esasan, Efio-piýa daglaryndan we Gündogar Afrika ýasy daglaryndan ybarat. Relýefi we klimat aýratynlyklaryna baglylykda ösümlik we haýwanat älemi emele gelipdir. Beýiklik guºaklanyºy aýdyò görünýär. Ülkäniò tebigaty dürli-dürli. Tebigaty goramak maksadynda gorag- hana we milli baglar döredilen. Serengeti, Rungwa, Nýasa, Ngo- rongoro ºolara degiºlidir. Günorta Afrika ülkesi Kongo Zambezi derýalarynyò suwaýry- dyndan günortadaky çäkleri eýeleýär. Bu ülkäni kiçi Afrika diýip hem atlandyrýarlar. Sebäbi kiçi çäkde klimatyna baglylykda tebigaty giòlik we uzaklyk boýunça çalºyp gelýär. Daglarynda beýiklik guºaklyklary bar. Madagaskar peýda bolºuna görä iri materik adasydyr. Tebi- gatyna okeanyò täsiri uly. Tropiki tokaýlar we sawannalar köp. Adalgalar, daýanç düºünjeler we atlar Sawannaly Sudan, Afrika ülkeleri, Afrika ýer jaýrygy, Atlas, Madagaskar, milli bag. Barlag üçin soraglar 1. Afrikada näçe tebigy-geografik ülkeler bar? 2. Ülkeler haýsy aýratynlyklary bilen bir-birinden tapawutlanýar? 3. Antropogen landºaftlar, esasy milli baglar nirelerde köp? 60 Amaly ýumuºlar 1. Tebigy-geografik ülkeleri fiziki kartadan görkeziò. 2. Milli baglary we goraghanalary sudury karta geçiriò. 26- §. Materigiò ilaty we onuò tebigata täsiri Afrikanyò ilaty 1 mlrd 203 mln (2016-njy ýyl, 1-nji iýul), sy- ýasy kartasynda 50-den artyk ýurt bar. Materigiò demirgazygynda araplar bilen berberler (Ýewropoid jynsyna de-giºli) ýaºaýar. Afri- kanyò galan böleginde, esasan, negroid jynsyna degiºli ilat (bantu, gottentot, pigmeý, bur we b.) ýaºaýar. Afrikada esasan düýpli ilat, ýagny ºu ýeriò hemiºelik ilaty ýaºaýar. Afrikanyò iò uzyn boýly halklary materigiò demirgazyk bölegin- däki sawannalarynda ýaºaýar (tutslar, himler we b.). Olaryò boýunyò uzynlygy 180 200 sm. Ekwatorial tokaýlarda bolsa pigmeýler, pes boýly (150 sm-den kem) adamlar ýaºaýarlar. Afrikanyò günortasyndaky ýarymçöllerde we çöllerde buºmenler hem-de gottentotlar ýaºaýar. Madagaskar adasynda esasan mongoloid we negroid jynslaryò ga- tyºmagyndan gelip çykan malagasiler ýaºaýar. Afrikada Ýewropadan göçüp gelen ilat esasan klimat ºerti gowy ýerlerde ýaºaýar. Olaryò sany materigiò ilatyna garanda ujypsyzdyr. Materigiò demirgazygynda, Orta deòziò kenarlarynda fransuzlar, gü- nortasynda bolsa iòlisler, afrikanerler (niderland nesilleri) we baºgalar ýaºaýar. Afrikanyò ilaty örän biendigan ýerleºýär. Ilatyò ýerleºiºine birinji nobatda tebigy ºert täsir eden bolsa, soòky nobatda taryhy sebäplar täsir edipdir. Orta deòziò kenarlarynda, Gwineýa aýlagynyò we materigiò günorta-gündogar kenarlarynda ilat gür ýerleºýär. 61 Adamyò tebigata täsiri. Tebigaty goramak. Afrikanyò tebigatyny goramak derwaýys meselä öwrülen. Materikde ösümlik we haýwanat älemini goramak maksadynda 392 sany milli bag we goraghanalar döredilen. Kongo Demokratik Respublikasynyò 15 % çägini milli baglar, botanika baglary, tejribe stansiýalary, Keniýa döwletinde 10 % meýdany milli baglar eýeleýär. Afrikanyò tebigaty adam tarapyndan ep- esli özgerdilen. Goraghanalara diòe ylmy iºgärler goýberilýär. Milli baglara bolsa ondan tapawutlylykda, syýahatçylaryò girmegi mümkin, ýöne olar bel- lenilen düzgünlere amal etmelidirler. Milli baglar we goraghanalar Gündogar we Günorta Afrikada köp. Iò irileri Serengeti, Masai-Mara, Bwandi, Krýugera, Çobe, Etoºa, Sentral-Kalahari, Rungwa we baºgalardyr (13- nji surat). Adalgalar, daýanç düºnjeler we atlar Düýpli ilat, pigmeýler, afrikanerler, Serengeti, Masai-Mara, Bwandi, Krýugera, Çobe, Etoºa, Sentral-Kalahari, Rungwa. Barlag üçin soraglar 1. Afrikada esasan haýsy jynsa degiºli ilat ýaºaýar? 2. Materikde nähili goraghanalar we milli baglar bar? Serengeti milli bagyndaky Sentral-Kalaharidäki ýolbars zebralar 13- nji surat. Afrikadaky milli baglar. 62 Amaly ýumuºlar 1. Sudury karta Afrikanyò milli baglaryny we goraghanalaryny ge- çiriò. 2. Afrikanyò ilaty gür ýerleºýän çäkleri kartadan görüp deròäò, sebäbini düºündiriò. 27- §. Atlantik okeany Esasy aýratynlyklary. Ähli ýarymºarlarda ýerleºýär. Beýik geo- grafik açyºlar ºu okeandan baºlanypdyr, uç-gyraksyz deòzi bar, ro- waýatlara baý, meridian boýunça ýönelen iò uzyn Orta okean gerºi bar, iò iri port-ºäherleri bar, içerki deòizleri gaty köp, iò bol suwly we iò uzyn derýalar ºu okeana guýulýar, iò belent galkma-da ºu okeanda bolýar, materikleriò dreýfi gipotezasyna esas bolan, deòiz transpor- tynda dünýäde birinji orny eýeleýär. Geografik ýerleºiºi. Atlantik okean bäº materigiò arasynda ýer- leºýär. Demirgazykdan günorta 12 müò km aralyga uzap gidýär. Okeanyò meýdany 91 mln km 2 , iò giò ýeri aram giòliklere (9 450 km) we iò dar ýeri (2 620 km) demirgazyk bölegine dogry gelýär. Öwreniliº taryhy. Okeanyò ady Atlanta (grek rowaýatyna görä, egninde asman gümmezini göterýän pälwan) adalgasy bilen bagly. Ilkinji gezek 1507-nji ýylda geografik karta Atlantik okeanyò ady ýazylypdyr. Miladydan öòki döwürlerde finikiýalylar, araplar, rimliler okeanda ýüzüpdirler. Beýik geografik açyºlar döwründe B. Diaº, H. Kolumb, J. Kabot, Wasko da Gama, F. Magellan, J. Kuk we baºgalaryò syýahatlary At- lantik okeany barada ençeme maglumatlary berdi. Okeanyò tebigatyny kompleks öwrenmek XIX asyryò ahyryndan baºlanýar. Çellenjer gämisindäki iòlis ekspedisiýasy, Halkara geo- fizika ýyly (1957 1958), Jak Iw Kusto ekspedisiýasy döwründe 63 okeanyò ýaºaýºyna we tebigy komponentlerine degiºli gaty köp mag- lumat toplandy. Geologik gurluºy we relýefi. Gondwana we Lawraziýa mate- rikleriniò gorizontal ugurda dargamagy netijesinde Atlantik okeany peýda bolupdyr. Geologik gurluºynda dürli-dürli gatlaklar gatnaºýar. ªol sanda, Orta okean geriºlerinde bazaltly we wulkanik jynslar, materigiò ke- narlarynda derýalaryò akdyryp getiren çäge, toýun, bulanyk jynslar ýaýrapdyr. Materigiò ýalpaklygy okeanyò demirgazyk böleginde, Florida ýary- madasynyò, Folklend adalarynyò ýanynda uly meýdanlary eýeleýär, Afrikanyò günbatar kenarlarynda bolsa dar ýodany emele getirýär. Materigiò eòòidi ep-esli dik. Okeanyò düýbünde Orta Atlantik suwasty dag gerºi demirgazykdan günorta 15 000 km aralyga uzap gidýär. Orta Atlantik gerºi öz gezeginde Demirgazyk we Günorta Atlantik geriºlerine bölünýär. Bu geriºleriò aralygynda birnäçe oýuklar ýer- leºýär. ªu oýuklaryò çuòlugy 3 000 m-dan 7 000 m-e çenli ýetýär. Orta okean gerºiniò üstki bölegini keseligine we dikligine çuò dere- ler rifler kesip geçýär. Okeanyò iò çuò bölegi Puerto-Riko çöketligi bolup, 8 742 m aºakda ýerleºýär. Klimaty. Atlantik okeanyò üstki suwlarynyò temperaturasy Ýuwaº we Hindi okeanlarynyò suwlaryna garanda pes (+16,5 °C). Muòa Demirgazyk Buzly okeandan we Antarktida tarapyndan sowuk akym- laryò girip gelmegine sebäpçidir. Termiki ekwatorda suw üstüniò orta- ça ýyllyk temperaturasy 27 28 °C. Okeanyò günorta we demir- gazyk böleklerinde 0, 1 °C çenli peselýär. Okeanda ähli klimat guºaklyklary bar. Onuò günorta ortaça giò- liklerinde ýylyò dowamynda güýçli ýeller bolsa, subtropiklerde hep- deläp ºtil ºemalsyz günler bolýar. Okeanyò ortaça ºorlugy (37,5 0 00 ) Dünýä okeanynyò ortaça ºor- lugyndan ýokary. Okeanyò demirgazyk we günorta araçäklerinde suwuò ºorlugy 34 35 0 00 , iò ºor deòzi Orta deòiz (37 39 0 00 ) hasaplanýar. Akymlary. Atlantik okeanda akymlar halkalar emele getirýär. 64 Meºhur Golfstrim akymy okeandaky güýçli derýa ýaly Demirgazyk Amerika we Ýewropa klimatyna, demirgazyk tarapdaky buzlaryò, aýsbergleriò eremegine hem-de ümürli günleriniò köp bolmagyna se- bäp bolýar. Okeanyò tebigy guºaklyklary. Okeanyò orta böleginde ekwa- torial guºaklyk ýerleºýär. Bu guºaklykda ygalyò ýyllyk mukdary 1 770 mm-e we suwuò ortaça ºorlugy 35 0 00 deò. Ondan demir- gazykda we günortada tropik, subtropik, aram, subpolýar we bir sany polýar guºaklyklarynyò ummasyz suwlary ýerleºýär. Subtropik we tropik guºaklyklarda ygal kem ýagýanlygy sebäpli olaryò suwunyò ºorlugy birneme artýar. Demirgazyk subtropik guºaklykda tebigaty özboluºly bolan Sar- gasso deòzi ýerleºýär. Deòiz suwunyò ºorlugy 37 0 00 deò, temperatu- rasy ýokary, gyºda 23 °C we ýazda 28 °C. Adamyò hojalyk iºi. Beýik geografik açyºlar Atlantik okeandan baºlanypdyr. Meºhur deòizçiler ºu okean arkaly sapara çykypdyrlar. Häzir hem transportdaky ähmiýeti taýdan birinji orny eýeleýär. Orta deòziò kenarlary dünýä turizminde birinji orunda durýar. Sues (1869- njy ý.) we Panama kanal-larynyò (1914-nji ý.) iºe düºürilmegi okea- nyò ähmiýetini has-da artdyrdy. Okean ºelflerinden dürli-dürli baýlyklar gazylyp alynýar, balyk tut- mak köpräk okeanyò demirgazygynda alnyp barylýar. Adalgalar, daýanç düºünjeler we atlar Atlantika, Atlantida, Orta okean ulgamy, Golfstrim, ºtil, Beýik geografik açyºlar, tebigy guºaklyklar. Barlag üçin soraglar 1. Atlantik okeanyny haýsy materikler gurºaýar? 2. Okeany kimler öwrenipdir? 3. Okeanda nähili tebigy guºaklyklar bar? Amaly ýumuºlar 1. Sudury karta okean düýbi relýefini geçiriò. 2. Okeany öwrenen deòizçileri depderiòize ýazyò. 65 28- §. Hindi okeany Esasy aýratynlyklary. Iò ºor okean, iò yssy aýlagy bar, iò uly suwasty deltasy bar, çökündi jynslar iò galyò (5,5 km, Gang deltasy), esasy bölegi Günorta ýarymºarda, ösümliklere we haýwanlara iò garyp, iò uzyn bogazy bar, nebit we gaz gory we gazylyp alnyºy, daºalýan nebitiò göwrümi boýunça birinji orunda durýar. Dürleri ýygnap almakda öòdebaryjy hasaplanýar. Geografik ýerleºiºi. Sanskrit ýazuwynda hindi sözi derýa diýen manyny aòladýar. Hindi okeany dört materik (Afrika, Ýewraziýa, Awstraliýa, Antarktida) aralygynda ýerleºýär. Okeanyò esasy bölegi Günorta ýarymºarda ýerleºýär. Demirgazyk-gündogar we demirgazyk- günbatar kenarlary ep-esli dilkawlanan. Meýdany 76 mln km 2 . Öwreniliº taryhy. Ilki araplar, ºumerliler Pars aýlagy, Gyzyl deòiz we Hindi okeanynda ýüzen (er. öò. IV V asyrlarda) bolsalar, fini- kiýalylar (er. öò. VI asyrda) Hindi okeany arkaly Afrikany günortadan aýlanyp, günbatardan gaýdyp gelipdirler. Eramyzyò baºlaryndan araplar (aýratynam, VII XII asyrlarda) Hindi okeanyny özleºdiripdirler. Olar okeanyò kenarlaryny, adalary, akymlary, ýelleri giòiºleýin öwrenipdirler. Wasko da Gama Hin- distana deòiz ýoluny açypdyr (1498-nji ý). Hindi okeanyny birinji bolup A. Tasman (1642 1643) günbatardan gündogar tarapa (Awst- raliýanyò günortasyna) ýüzüp geçen bolsa, J. Kuk (1771 1775) okeanyò çuòlugyny anyklady. Okeany yzygider öwrenmek XIX asyryò ahyryndan baºlanýar. Çellenjer gämisiniò agzalary, UNESCO baºlangyjy bilen 1960 1965-nji ýyllarda guralan Halkara Hindi okeany ylmy ekspedisiýasy okean barada kämil ylmy maglumatlary toplady. Okean düýbi relýefi. Hindi okeanynyò düýbünde üç tarapa ºa- halanan Ortalyk Hindi okean dag ulgamlary bar. Bular Arabystan- 5 A. Soatow, A. Abdulkasimow, M. Mirakmalow 66 Hindistan, Günbatar Hindi daglary we Awstraliýa-Antarktida beýik- likleridir. Okeanyò gündogar böleginde Merkezi we Günbatar Awst- Download 4.19 Kb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling