A. soatow, A. Abdulkasimow, M. Mirakmalow


Download 4.19 Kb.
Pdf ko'rish
bet8/10
Sana27.11.2017
Hajmi4.19 Kb.
#21038
1   2   3   4   5   6   7   8   9   10
synda 4 000-e golaý daragt görnüºi duºýar. Amazoniýa ençeme gym-
matbaha daragtlar bolan, kauçuk berýän geweýa daragty, palmalaryò
dürli  görnüºleri,  kakao  daragty,  seýba  (pagta)  daragty  (beýikligi
80 m),  gawun  daragty  we  baºgalaryò  watany  hasaplanýar.  Iò  ýeòil
we  gaty  bals  daragty  ºu  zolakda  ösýär.  Ondan  T. Heýerdel  özüniò
„Kon-Tiki“ gämisini ýasapdyr. Tokaýlarda uly daragtlaryò bedenine
çyrmaºyp giden çyrmaºyk ösümlikler ösýär.

92
Afrikadaky ýaly bu ýerde-de ekwatorial
tokaýlaryò aºagynda podzollaºan laterit top-
raklar — gyzyl-sary ferralitler emele gelipdir.
Zolagyò  haýwanat  dünýäsi  Aziýa  we
Afrika haýwanlary ýaly, agaçlarda ýaºamaga
uýgunlaºan. Meselem, guýrugy bilen asylyp
ýaºamaga uýgunlaºan maýmynlar, ýaltalar,
hatda gurbaga we suwulganlar hem daragt-
larda  ýaºaýar.  Derýalaryò  boýunda,  suw
basseýnlerinde we batgaly ýerlerde toýnakly
haýwanlar — tapyrlar we suw doòzy — ka-
ribarlar, iò uly gömülgen anakonda ýylany,
ýyrtyjy  piranýa  balygy — „derýa  adam-
hory“  (17- nji surat)  ýaºaýar.  Gür  tokaýlarda  ýyrtyjy  haýwanlardan
ýaguar duºýar.
Guºlardan  kalibri  guºy,  dürli-dürli  totuguºlar,  uly  ºetdalyhorlar
köp ýaýran. Iri kebelekler, ýalpylýaýan tomzaklar, möýler we garyn-
jalaryò dürli-dürli görnüºleri bar.
Subekwatorial tokaýlar zolagy. Bu zolak Braziliýa hem-de Gwia-
na daglarynyò demirgazyk eòòitlerini eýeleýär. Braziliýa daglaryndaky
tokaýlarda  ýagynly  möwsüm  uzak  dowam  edýär,  gurakçyl  döwür
bolsa  üç-dört  aýa  çenli  dowam  edýär.  ªu  sebäpli  tokaýlarda  ýap-
ragyny gaçyrýan daragtlaryò sany artyp baºlaýar. Subekwatorial to-
kaýlarda ýylyna 2 000 — 3 000 mm ygal ýagýar. Gwiana daglygynyò
demirgazyk böleginde ygal mundan-da köp ýagýar. Netijede hemiºelik
ýaºyl tokaýlar döräpdir.
Sawannalar zolagy subekwatorial klimat guºaklyklary çägindäki
pesliklerde, ýasy daglyklarda emele gelipdir.
Sawannalaryò haýwanat dünýäsinde kiçi sugunlar — mazamlar,
ýabany  doòuzlar — pekarlar,  zirhliler — buýnuz  maddadan  ybarat
galkany bolan süýdemdiriji haýwanlar, garynja iýýänler, gemrijiler,
uly guºlardan nandu düýeguºy ýaºaýar.
Bu  zolakda  çygly  sawanna  tokaýlary,  gurak  sawanna,  çöle
17-nji surat. Piranýa.

93
öwrülen  sawanna,  selçeò  tokaýly  sawanna  we  gyrymsyly  sawanna
tebigy toplumlary bar.
Sähralar  zolagy.  Sähralar  Günorta  Amerikada  pampa
(indeýesleriò  dilinde  „daragtsyz“  ýerler)  diýlip  atlandyrylýar.
Sähralarda, esasan, ot ösümliklerinden çalow, betaga, ýabany taryk
we baºgalar duºýar. Çygly subtropiki klimat ºertinde hasylly gyzyl
ferralit  topraklar  emele  gelipdir.  Pampalarda  lamalar, düýeguºlar,
pampa suguny,  pampa piºigi we baºga haýwanlar ýaºaýar.
Çöl  we  ýarym  çöller  zolagy.  Günorta  Amerikada  tropiki  çöller
ýok.  Diòe  Ýuwaº  okeanyò  kenarlarynda  sowuk  Peru  akymynyò
täsirinde Atakama çöli döräpdir. Bu çölde ýylyna 25 — 100 mm ygal
ýagýar, käte ygal ýagmaýar. Çöl ösümlikleri çyglylygy ümürden we
gyrawdan  alýar.  Aram  klimat  guºaklygynda  ýarym  çöller  zolagy
emele gelen. Tebigy ºerti gaty, ygal kem ýagýan bu ülke Patagoniýa
diýilýär. Bu zolakda kem hasylly boz topraklar giò ýaýran. Ösümlik
örtügi  gaty  seýrek,  olar  bajakly  gallagüllilerden  we  tikenli  gyrym-
sylardan ybarat. Gemrijiler, nutriýa, maýda zirhliler ýaly haýwanlar
köp duºýar.
Beýiklik  guºaklyklary.  And  daglary  birnäçe  klimat  guºaklyk-
laryny kesip geçýär. Beýiklik guºaklyklarynyò köp ýa-da kem bolma-
Beýik-
lik, m
Tebigy
guºaklyklar
Ösümlikleri
Ýagyn,
mm
Tempera-
tura C
6
 
000
5
 
000
Gar we
buzluklar
Ösümliksiz gaýalar,
daºly ýerler,
mohlar
500-den
kem
0-dan
 pes
4
 
000
Belent dag
otluklary
(paramoz)
Mahly batgalyklar,
sümmülli ösümlikler,
çylºyrymly güllüler.
500
4
 
—
 
8
3
 
000 Belent dag
tokaýlary
Pes we egrem-bugram
agaçlar, gyrymsylar
1
 
200
1
 
800
10
 
—
 
12
2
 
000 Dag tokaýlary
Hin agajy, liana, agaç
ºekilli paporotnik, bambuk
2
 
000
3
 
000
15
 
—
 
20
1
 
000 Çygly ekwatorial
tokaýlar
Kauçukly agaçlar,
palmalar, çyrmaºyklar
3 000-den
artyk
24
 
—
 
26

94
gy, esasan, iki sebäbe: dag geriºleriniò beýikligine we olaryò ekwatora
ýakyn ýa-da ondan uzakda ýerleºendigine bagly. Meselem, ekwatora
ýakyn ýerlerde And daglarynyò beýikligi 5 000 — 6 000 metre ýetýär.
Bu ýerde aºakdaky beýiklik guºaklyklary duºýar.
Subtropik guºaklygyò And dagynyò eteklerinde ýarym çöller ýer-
leºýär. Ýokary galdygy saýyn bu guºaklyk gaty ýaprakly, hemiºelik
ýaºyl tokaýlar we gyrymsylar guºaklygy bilen çalºyp durýar. Ondan
beýikde  ýapragyny  gaçyrýan  buk  tokaýlary  guºaklygy,  ondan  hem
ýokarda alp otluklary ýerleºýär.
And daglarynyò haýwanat dünýäsi örän dürli-dürlüdir. Bu ýerde
äýnekli  aýy,  sütükli  ºinºilla,  ýabany  lamalar  duºýar.  Daglaryò  dik
eòòitlerinde iri ýyrtyjy guºlardan kondorlar ýaºaýar.
Adalgalar, daýanç düºünjeler we atlar
Selwa, Amazoniýa, gawun daragty, zirhliler, pampa, paramos, liana,
kauçukly daragt.
Barlag  üçin  soraglar
1. Günorta Amerikada nähili tebigy zolaklar bar?
2. Günorta  Amerika  mahsus  bolan  nähili  haýwan  görnüºlerini
bilýärsiòiz?
3. And daglarynyò haýsy böleginde beýiklik guºaklyklarynyò sany
köp?
Amaly ýumuºlar
1. Materikdäki tebigy zolaklary sudury karta geçiriò.
2. 93-nji sahypadaky jedweli depderiòize çyzyò we düºündiriò.
41- §. Tebigy geografik ülkeleri
Günorta Amerikanyò relýefindäki tapawutlara görä iki sany uly
tebigy-geografik ülkä bölünen — Dagly Günbatar we Düzlükli Gün-
dogar. Ülkeler tebigy aýratynlyklaryna garap birnäçe kiçiräk tebigy

95
toplumlara  bölünýär.  Dagly  ýerlerde  Demirgazyk,  Merkezi  we
Günorta And, düzlükli ýerlerde bolsa Orinoko, Amazoniýa, Gwiana
we  Braziliýa  ýasy  daglary,  Patagoniýa  ýaly  kiçi  tebigy-geografik
ülkeleri tapawutlandyrmak mümkin. Aºakda käbir tebigy toplumlara
gysgaça häsiýetnama berýäris.
Amazoniýa materigiò iò uly batgalaºan düzlügidir. Ol Gwiana we
Braziliýa ýasy daglyklarynyò aralygynda ýerleºýär.
Amazoniýa  yssy  we  çygly  klimatly  ülke  hasaplanýar.  Ýylboýy
temperatura +24 °C, +27 °C töwereginde bolýar. Ygal 1 500 — 3 000
mm düºýär. Derýanyò ºahalary örän gür ýerleºýär. Bu derýalar gar,
buz, ýagyº suwlaryndan doýunýar.
Amazoniýanyò günbatar bölegi köp ýarusly hemiºelik ýaºyl ekwa-
torial tokaýlar bilen örtülen. Tokaýlarda ýogynlygy 15 gulaç gelýän
beýik boýly seýba — pagta daragty, gymmatly agaç berýän sedrella
daragty, dürli-dürli palmalar, Braziliýa adynyò gelip çykmagyna sebäp
bolan  paý  brazil  daragty  (gyzyl  daragt),  kakao  daragty,  kauçuk
berýän geweýa daragty ösýär. Suw basmaýan ýerlerde süýtli daragt,
gyzyl  reòkli  mango  daragty,  braziliýa  hozy  köp  duºýar.
Bu kiçi ülkede daragt gurbagalary, dürli ýylanlar, iò uly ýylan —
anakonda, pyºdyl we suwulgan ýaly haýwanlar ýaºaýar. Derýalarda,
ºonuò ýaly-da, kaýmanlar, alligatorlar hem-de balyklar köp duºýar.
Braziliýa ýasy daglygy Amazonka we La-Plata peslikleride hem-
de  Atlantik  okeanyò  aralygynda  ýerleºýär.  Ol,  esasan,  iò  gadymky
kristal  we  metamorfik  dag  jynslaryndan  düzülen.  Kristal  jynslaryò
arasynda  demir,  almaz,  altyn,  uran  magdan-lary,  marganes,  reòkli
metal magdanlarynyò uly känleri bar. Ýasy daglaryò üsti çuò derýa
jülgeleri  bilen  ýumrulan,  olar  pes-beýik  gyrlary  ýada  salýar.  Ýasy
daglaryò  uly  bölegi  subekwatorial  we  tropik,  günorta  bölegi  bolsa
subtropik guºaklyklarda ýerleºýär. ªonuò üçin bu ülkede ýanwaryò
ortaça temperaturasy +22 °C-dan +29 °C çenli, iýuluò ortaça tempe-
raturasy +12 °C çenli bolýar. Ygalyò ýyllyk mukdary ortaça 1 400 —
2 000 mm-e deò.

96
Braziliýa ýasy daglarynyò ähli derýalary ýagyºdan suwlulanýar.
Bu ýerde hemiºelik çygly ýaºyl tropiki tokaýlar Atlantik okeanyndan
uzaklaºdygy saýyn gyrymsy agaçly sawannalar hem-de otluk sawan-
nalar  bilen  gezekleºip  gelýär.  Demirgazyk  bölegindäki  tokaýlarda
ýelimli palma ösýär. Günortasynda Braziliýa araukariýasy, hemiºelik
ýaºyl we garyºyk subtropik tokaýlar bar. Tokaýlaryò birinji ýarusynda
hemiºelik  ýaºyl  ösümlikler  giò  ýaýran,  olaryò  arasynda  Paragwaý
çaýy aýratyn tapawutlanýar. Selçeò tokaýlarda we sawannalarda gyzyl
tumºuk, ýolly möjek, gyzyl sugun, nandu düýeguºy, tapirler ýaºaýar.
Adalgalar, daýanç düºünjeler we atlar
And,  Amazoniýa,  Orinoko,  Braziliýa,  Gwiana,  anakonda,  daragt
gurbagasy, piranýa, Paragwaý çaýy.
Barlag  üçin  soraglar
1. Materigiò çägini tebigy-geografik ülkelere bölmekde näme esas
hökmünde alnypdyr?
2. Düzlükli Gündogar tebigaty hakynda nämeleri bilýärsiòiz?
Amaly ýumuºlar
1. Amazoniýanyò tebigatyny depderiòize ýazyò.
2. Braziliýa ýasy daglary bilen Amazoniýany bir-birine deòeºdiriò,
olaryò arasynda nähili tapawutlaryò bardygyny anyklaò.
42- §. 
Günorta Amerikanyò ilaty
Ilaty. Günorta Amerikada 419 mln. ilat ýaºaýar (2016-njy ý., 1-
nji iýul), olaryò düzümi juda çylºyrymly. Materige adamlar mundan
20 müò ýyllar öò Aziýadan gelipdir. XVI asyrda ilki ispanlar bilen
portugallar, soòluk bilen bolsa Ýewropa, Aziýa we Afrika ýurtlaryndan
gelip ornaºypdyrlar.

97
Häzirki  wagtda  Günorta  Amerikada  adamzadyò  üç  jynsynyò
wekilleri ýaºaýar. Ýewropalylar bilen indeýesleriò goºulyºmagyndan
emele gelen nesiller metisler, ýewropalylar bilen negrleriò nikasynyò
nesilleri  mulatlar  ýaºaýar.  Indeýesler  bilen  negrleriò  goºulyºmagy
sambo diýlip atlandyrylýar. Ilatyò köpçüligi ispan dilinde, braziliýalylar
portugal dilinde gepleºýärler.
Ýewropalylar gelen wagtdan indeýes halklarynyò aglabasy ösüºiò
urug-taýpa derejesinde bolupdyr. Diòe And daglarynda inkleriò ga-
dymky döwletleri bardy. Olarda hojalyk we medeniýet ösen bolupdyr.
Inkleriò  ullakan  ybadathanasy  we  köºkleriniò  harabalary,  ýollary,
suwaryº kanallary häzire çenli hem adamlary haýran galdyrýar.
Düzlükde bolsa indeýesler mekgejöweni, kartoºkany, arahisi birinji
bolup  ekip  baºlapdyrlar,  häzir  bolsa  bu  ekinler  dünýäniò  köp  ýurt-
larynda ýetiºdirilýär.
Materigiò ýewropalylar tarapyndan basyp alynmagy düýpli ilata
çäksiz  pelaket  getiripdir.  Inkler  döwleti  talanypdyr.  Atlantikanyò
boýundaky ülkelerde ýaºaýan indeýesler gullara öwrülip, olaryò bir
bölegi  materigiò  içersindäki  ýaºamak  üçin  amatsyz  ýerlere  gysyp
çykarylypdyr. Indeýesleriò sanynyò kemelmegi ýewropalylary iºçi güýji
gözlemäge mejbur edipdir. Plantasiýalarda iºletmek üçin Afrikadan
negr gullary getirip baºlapdyrlar.
Materigiò  ilatynyò  arasynda  diller,  urp-adatlar,  ruhyýet  gatyºyp
gidipdir.
Ilatyò ýerleºiºi. Ilat materikde örän biendigan ornaºypdyr. Ilatyò
aglabasy  okeanlaryò  kenarlarynda,  ýagny  gelmiºekler  göçüp  gelen
ýerlerde ýaºaýar. And daglartnyò merkezi ýasy daglarynda-da ilatyò
gürlügi uly. Materigiò giò içki düzlüklerinde ilat seýrek ýerleºipdir.
Ekwatorial tokaýlaryò käbir ýerlerinde ilat ýaºamaýar diýen ýalydy.
Tebigatyna  adamyò  täsiri.  Milli  baglar  we  goraghanalar.
Günorta Amerikanyò tebigatyna adamyò täsiri materige ýewropalylar
girip gelenden soò güýçlenýär. Tokaýlar aýawsyz çapylýar, ekin meý-
danlary  we  iri  plantasiýalar  döredilýär.  Netijede,  dünýädäki  iò  iri
tokaýlardan biri — Amazoniýa tokaýlarynyò meýdany barha gyagalýar.
7 — A. Soatow,  A. Abdulkasimow, M. Mirakmalow

98
Argentinadaky Çako milli bagy
        Braziliýadaky Jau milli bagy
18- nji surat. Günorta Amerikadaky milli baglar.
XX  asyryò  baºlaryndan  tebigaty  goramak  meselelerine  üns  berlip
baºlandy. Häzirki günde köp ýurtlarda milli baglar we goraghanalar
döredilen. Goralýan çäkler materigiò 1 %-ini tutýar. Iò iri milli bag we
goraghanalar — Jau,  Çako,  Manu,  Parakas,  Podokarpus  we  baºga-
lardyr  (18- nji  surat).  Braziliýadaky  Jau  milli  bagy  UNESCO
sanawyna girizilen we halkara derejesi berlen.
Adalgalar, daýanç düºünjeler we atlar
Indeýesler, inkler, metisler, mulatlar, sambo, plantasiýa, Jau, Çako, Manu, Pa-
rakas, Podokarpus.
Barlag üçin soraglar
1. Günorta Amerika ilki ýewropalylardan kimler gelip  ornaºypdyr?
2. Mulatlar we sambo kimleriò nesilleri?
Amaly ýumuºlar
1. Kartadan peýdalanyp, Günorta Amerika ilatynyò gür  ýaºaýan çäkleri
anyklaò we deròäò.
2. Günorta Amerikanyò milli baglaryny we  goraghanalaryny sudury karta
geçiriò.

99
  
DEMIRGAZYK AMERIKA
43- §. Geografik ýerleºiºi, öwreniliº
taryhy, geologik gurluºy, gazylyp
alynýan peýdaly zatlary. Relýefi
Esasy  aýratynlyklary.  Dünýädäki  iò  uly  adasy  bar  materik
(Grenlandiýa, 2,2 mln km
2
), iò uly arhipelag ºu materikde (Kanada
Arktikasy), iò çuò deresi (Kolorado kanýony 2 km-e golaý, uzynlygy
446  km),  iò  uzyn  gowagy  (Flint-Mamont,  500  km),  iò  gözel  we
özüne  çekiji  ºaglawugy  bar  (Niagara,  bir  ýylda  10  mln  syýahatçy
gelýär), iò beýik suw galkmasy bolýar (Fandi aýlagy, 18 m), iò uzyn
jülge buzlugy bar (Alýaskada, 145 km).
Geografik ýerleºiºi. Demirgazyk Amerika Günbatar we Demir-
gazyk ýarymºarlarda ýerleºýär. Ol baºga materiklere garanda polýusa
tarap uzap gidýär. Materigiò ºekli Günorta Amerika ýaly üçburçlugy
ýada salýar. Ululygy taýdan üçünji orunda durýar.
Materigiò  kenarlaryny  3  okeanyò  suwlary  ýuwup  durýar.  Gü-
nortada Panama çatrygy arkaly (iò dar ýeri 48 km) Günorta Amerika
bilen utgaºýar. Ýewraziýadan Bering bogazy (giòligi 85 km) arkaly
bölünýär.
Öwreniliº taryhy. X asyryò ahyrynda norman Erik Rauda (Mal-
la) Grenlandiýany, materigiò demirgazyk-gündogar bölegini öwrenýär.
Jon Kabot Nýufaundlend adasyny we Labrador ýarymadasynyò ke-
narlaryny  açýar.  XVII  asyrda  G. Gudzon,  A. Makenzi  we  baºgalar
materigiò  gündogar  we  demirgazyk  böleklerini  öwrenýärler.  XX
asyryò  baºynda  R. Amundsen  birinji  bolup  materigiò  demirgazyk
kenarlary boýunça ýüzüp geçýär we Demirgazyk magnit polýusynyò
geografik ýerleºiºini kesgitleýär. 1732-nji ýylda rus syýahatçylaryndan
I. Fýodorow  we  M. Gwozdew  materigiò  demirgazyk-günbatar  ke-
narlaryny  öwrenýär.  Aleut  adalaryny  we  Alýaska  kenarlaryny  öw-
renmek  we  karta  geçirmek  iºlerini  W. Bering,  A. Çirikowlar  ýerine
ýetirýärler (1741-nji ý.). Söwda-satyk iºlerini ýola goýmakda G. ªe-

100
lehowyò  hyzmatlary  uly  boldy.  ªol  wagtda  Demirgazyk-günbatar
Amerikany Alýaska diýip atlandyrypdyrlar. Ol 1798-nji ýylda ruslar
tarapyndan  monopoliýa  öwrülipdi  we  „Rus  Amerikasy“  ady  bilen
atlandyrylyp baºlanypdyr. 1867-nji ýylda Alýaska ABª-a satylýar.
Geologik gurluºy we gazylyp alynýan peýdaly zatlary. Demir-
gazyk  Amerika  bilen  Ýewraziýa  gadymky  Lawraziýa  gury  ýeriniò
düzüm bölegi bolupdyr. Mezozoý erasynyò baºlarynda Demirgazyk
Amerika  Ýewraziýadan  bölünip  aýrylypdyr.  Soòky  1  mln  ýylyò
dowamynda  Ýewraziýa  bilen  Demirgazyk  Amerika  bir-birinden  40
km aralyga uzaklaºypdyr. Materigiò düzlük bölegi gadymky platforma
gabat gelýär.
Daglar (Kordilýera, Gaýaly daglar, Appalaçi) kaledon, gersin, me-
zozoý  dag  gatlaklanmalarynda  ýokary  galypdyr.  Ýöne  alp  gatlak-
lanmasynda  ýaºarypdyr.  Düzlüklerde,  esasan,  çökündi  dag  jynslary
duºsa,  dagly  ülkelerde  magmatik  we  metamorfik  dag  jynslary  dö-
räpdir. Günbatar dagly guºaklykda heläkçilikli ýer titremeleri bolup,
wulkanlar atylyp durýar.
Demirgazyk Amerika gazylyp alynýan peýdaly zatlara baý. Mag-
matik  we  metamorfik  jynslardan  düzülen  dag  we  ýasy  daglyklarda
demir,  uran,  mis, nikel,  altyn,  kümüº  känleri  bar.  Aýratynam,  Ap-
palaçi daglary magdanly gazylyp alynýan zatlara baý. Çökündi dag
jynsy gatlaklarynda nebit, gaz, kömür, duz ýaly baýlyklar döräpdir.
Relýefi.  Demirgazyk  Amerikany  relýef  gurluºyna  görä  iki  uly
bölege: düzlük we dagly böleklere bölmek mümkin. Dagly bölegindäki
Kordilýera, onuò gündogaryndaky Gaýaly daglar esasy dag ulgam-
larydyr. Materigiò iò beýik nokady Denali (Mak-Kinli) depesi (6 194 m),
iò pes nokady Ajal jülgesi (–86 m) hem dag guºaklygynda ýerleºýär.
Uly Basseýniò günorta-gündogarynda Kolorado platosyny Kolorado
derýasy  kesip  geçýär.  Ol  dünýädäki  iò  çuò  (2  km-e  golaý)  we  dar
dere — Uly Kanýony emele getirýär. Materigiò dagly bölegi Ýuwaº
okeanyò „ýalynly halkasy“ guºaklygyna dogry gelýär. Bu ullakan ul-
gam Alýaska Kordilýerasy, Kanada Kordilýerasy, ABª Kordilýerasy
we Meksika Kordilýerasyna bölünýär. Düzlükler materigiò gündogar

101
bölegini eýeleýär. Materigiò demirgazyk böleginde gyrlar we baýyr
ºekilli  beýiklikler  duºýar.  Bu  çäklerde  Lawrentiý  gyrlary,  Merkezi
düzlük, Missisipi pesligi we Beýik düzlükler esasy relýef ºekilleridir
(goºmaçadaky 26- njy surata garaò).
Materigiò gündogar böleginde Appalaçi dagy ýerleºýär. Bu pes dag
bolup,  Ural  dagy  ýaly  goja  dagdyr.  Onuò  iò  beýik  depesi  Mitçel
dagydyr (2 037 m). Onuò günorta-günbatar eòòidinde dünýädäki iò
uzyn (500 km) Flint-Mamont gowagy bar.
Adalgalar, daýanç düºünjeler we atlar
Kordilýera,  Gaýaly  daglar,  „Rus  Amerikasy“,  Appalaçi,  Flint-
Mamont, E. Rauda, A. Makkenzi.
Barlag  üçin  soraglar
1. Materigi öwrenmäge kimler gatnaºypdyr?
2. Magdanly peýdaly baýlyklar nirelerde ýaýrapdyr?
3. Demirgazyk Amerika relýefine görä nähili böleklere bölünýär?
Amaly ýumuºlar
1. Demirgazyk Amerikanyò relýefini we gazylyp alynýan peýdaly
zatlaryny sudury karta geçiriò.
2. Demirgazyk Amerikanyò fiziki kartasynyò kömeginde 40° dg.g.
boýunça Atlantik okeandan Ýuwaº okeana syýahat ediò, nähili
geografik obýektlerden geçendigiòizi aýdyp beriò.
44- §. Demirgazyk Amerikanyò
klimaty we içerki suwlary
Klimaty.  Materigiò  demirgazykdan  günorta  uzak  aralyga  uzap
gidenligi klimatyò dürli-dürli bolmagyna sebäp bolupdyr. Klimatyò
ºekillenmeginde  Ýuwaº,  Atlantik  we  Demirgazyk  Buzly  okeanlary
tarapyndan öwüsýän ýeller, ºeýle-de, Kordilýera daglary we düzlük-
leriò barlygy uly täsir edýär.

102
Materikde  6  klimat  guºaklyklary  emele  gelipdir.  Demirgazykda
arktika klimat guºaklygy uly meýdanlary eýeleýär. Ýyl dowamynda
diýen  ýaly  howanyò  temperaturasy  pes.  Käte  tomusda  temperatura
bary-ýogy  +5 °C  çenli  ýokarlanýar.  Günbatarynda  50 — 100  mm,
gündogarynda 300 — 400 mm ygal ýagýar.
Subarktika klimat guºaklygynyò çägi tomusda aram, gyºda arktika
howa massalarynyò täsirinde bolýar. Ýanwaryò ortaça temperaturasy –
25 °C-dan  –30 °C,  iýulda  +5 °C-dan  +7 °C  çenli  bolýar.  Ýagynlar
gündogardan günbatara tarap barha (300 mm — 600 mm) kemelýär.
Aram klimat guºaklygy uly meýdanlary eýeleýänligi üçin klimat
dürlüçe,  ygalyò  mukdary  gündogardan  günbatar  tarapa  barha  ke-
melýär  (1 500 — 1 000  mm).  Bu  guºaklyga  köprak  deòiz  klimaty
mahsus. Arktika sowuk howa massalarynyò täsiri güýçli.
Subtropik klimat guºaklygy 40 °dg.g.-dan Meksika aýlagy araly-
gyndaky çäkleri eýeleýär. Yssy, çygly tomus we maýyl, çygly gyº bu
guºaklygyò  esasy  aýratynlygydyr.  Ýuwaº  okeanyò  kenarlary  Orta
deòziò  subtropik  klimat  tipine  mahsus  bolup,  sowuk  Kaliforniýa
akymy täsir edýär. Gyºy maýyl (+6 °C-dan +8 °C çenli), çyg (400 —
500 mm) düºýär, tomsy bolsa gurak we maýyl bolýar.
Tropiki klimat guºaklygy ýylyò dowamynda yssy bolup, Atlantik
okeanyò  howa  massalarynyò  agdyklyk  etmegi  duýlup  durýar.  To-
musda  ýagynlar  köp  bolýar.  Diòe  guºaklygyò  günbatarynda  gurak,
ümürli günleri görmek mümkin.
Subekwatorial  klimat  guºaklygy  materigiò  iò  günorta  dar  böle-
ginde  duºýar.  Bu  ýerde  ortaça  ýyllyk  temperatura  ýokary  (+25 °C)
we ýagynlar köp (1 500 — 2 000 mm).
Içerki suwlary. Ýerüsti suwlar üç sany okean basseýnlerine we
bölekleýin ýapyk basseýne bölünýär. Esasy derýa we kölleri Atlantik,
Demirgazyk Buzly okeana we bölekleýin Ýuwaº okeanyò basseýnine
degiºli.
Materigiò  iò  uly  derýasy  Missisipidir  (indeýesleriò  dilinde  „uly
derýa“). Onuò orta böleginde özünden uzyn bolan Missuri („bulanyk
derýa“)  goºandy  gelip  guýulýar.  Missisipi  deltasy  her  ýyl  Meksika

103
aýlagyna  tarap  100  m  ulalýar.  Derýa  gar-ýagyº  suwundan  suw-
lulanýar. Öwliýä Lawrentiý derýasynyò aºaky akymynda uzyn we giò
estuariý  (lat.  derýanyò  suw  basan  aºaky  bölegi)  emele  getirýär.
Kordilýera daglaryndan baºlanyp, Meksika aýlagyna guýulýan Rio-
Grande derýasy bar.
Materigiò  kölleri,  esasan,  buz  emele  getiren  çukurlarda  peýda
bolupdyr. B亠sany köl, ýagny Ýokary, Guron, Miçigan, Eri, Ontario
kölleri  Beýik  köller  diýlip  atlandyrylýar.  Olar  ululygyna  görä,  ºu
yzygiderlikde bir-birine kaskad bolup utgaºýar. Diòe Eri we Ontario
kölleri aralygynda millionlarça turistleri özüne çekýän meºhur Niagara
ºaglawugy (beýikligi 48 m) bar. Oòa GES gurlan.
Demirgazyk Buzly okeana guýulýan derýalardan iò ulusy Mak-
kenzi derýasydyr.
Basseýnde iò iri Uly Aýy we Winnipeg kölleri ýerleºýär. Ýuwaº
okean basseýnindäki derýalara Ýukon, Kolorado, Freýzer, Kolumbiýa
ýaly  gysga  we  bol  suwly,  jülgeleri  dar  we  çuò,  suw  akymy  güýçli
derýalar mahsusdyr. Kolorado derýasynyò Uly Kanýon deresi dünýä
meºhurdyr.
Demirgazyk Amerikanyò ýapyk basseýnine Uly Basseýn daglary
degiºli bolup, onda Uly ªor köl bar. Onuò meýdany klimatyna bag-
lylykda ýyldan ýyla üýtgäp durýar.
Grenlandiýa, Kanada-Arktika arhipelagy, Kordilýera daglaryndaky
buzlaryò eýeleýän meýdany 2,2 mln kw km-dan geçýär. Alýaskadaky
Habbort  dag-jülge  buzlugynyò  uzynlygy  145  km-e  ýetýär.  Bu  Ýer
ºaryndaky iò uzyn buzlukdyr.
Adalgalar, daýanç düºünjeler we atlar
Arktika  howa  massalary,  deòiz  klimaty,  içerki  suwlar,  Missisipi,
Kolorado, Niagara, ýapyk basseýn, Uly Basseýn, Beýik köller

Download 4.19 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   2   3   4   5   6   7   8   9   10




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling