A. soatow, A. Abdulkasimow, M. Mirakmalow
Download 4.19 Kb. Pdf ko'rish
|
Barlag üçin soraglar
1. Materigiò klimatyna nähili faktorlar täsir edýär? 2. Materigiò klimat guºaklyklarynyò tapawudy nämede? 3. Esasy derýalar we köller haýsy basseýnlerde ýerleºýär? 104 19-njy surat. Goýunöküz. Amaly ýumuºlar 1. Klimat guºaklyklaryny sudury karta geçiriò. 2. Materigiò içerki suwlarynyò basseýnler boýunça paýlanyºyny anyklaò. 3. Uly derýalaryny we köllerini depderiòize ýazyò. 45- §. Demirgazyk Amerikanyò tebigy zolaklary we beýiklik guºaklyklary Tebigy zolaklar. Materigiò klimatyndaky we relýefindäki tapa- wutlar tebigy zolaklaryò dürlüçe bolmagyna esas bolýar. Beýik köl- lerden demirgazykdaky tebigy zolaklar giòliik boýunça dörän bolsa, günortadaky tebigy zolaklar meridianyò ugrunda diýen ýaly ýerleºýär. Arktika çölleri zolagy Grenlandiýa adasyny we Kanada-Arktika arhipelagyny eýeleýär. Gyºy gaty sowuk (35 °C-dan pes), tomsuna salkyn (+5 °C-dan pes). Esasy ösümlikleri moh we liºaýnikler. Haýwanat dünýäsi ak aýy, mor, goýunöküz (olar diòe ºu zolakda ýaºaýar, 19- njy surat), ak ýapalakguº we baºgalardan emele gelen. Tundra we tokaý-tundra zolagynyò günorta araçägi gündogarda 53° gd. g.-den, günbatarda 62° dg.g. ýöneliºine çenli barýar. Batga we tundra gleýli topraklarda gyrymsy we ot ösümlikler, pes boýly berýoza we tal, daºýarar, moh we liºaýnikler ösýär. Tokaý-tundrada gara we ak sosna, balzam pihtasy tila- gaçlar ösýär. Tundrada demirgazyk sugu- ny, goýunöküz, lemming, polýar tilkisi, polýar möjeki, ak käkilik, ak towºan, Al- ýaskada dag goçy, gar geçisi köp duºýar. Taýga zolagy 45° dg.g çenli ýaýran. Zolakda batga, podzol we buzly topraklar döräpdir. Esasy ösümligi gara we ak sosna, amerika tilagajy, balzam pihtasy, sosna ýaly iòòeýaprakly daragtlar tokaýlary 105 emele getirýär. Labrador ýarymadasyndaky agaçlaryò 90%-i gara sosna dogry gelýär. Haýwanlardan gara we goòur aýy, amerika losy, keýik, tokaý bizony, sugun, kanada gum piºigi, ýenot, möjek, skuns, ondatra, gyzyl tilki ýalylar ýaºaýar. Ýuwaº okeanyò kenarlarynda-da duglas sosnasy, ak we gara sosna, kedr köp ösýär. Daragtlaryò boýy 80 100 m-e ýetýär. Garyºyk we giò ýaprakly tokaýlar zolagynyò ýumºak tokaý topraklarynda sosna, berýoza, derek, tal, kaºtan, dub, buk, amerika hozy, landyº, ýertut ýaly ösümlikler ösýär. Wirgins suguny, alaka, puma, bobr (suw gunduzy), gyzyl belka, ýenot, burunduk esasy haýwanlarydyr. Tokaý-sähra we sähra zolaklarynyò kaºtan we gara topraklarynda çalaw, betaga, bizon oty iò köp duºýar. Zolaklaryò demirgazyk we gündogar böleklerinde gür otlaryò boýy 1,5 m-e ýetýär. Beýik düzlüklerde ot ösümlikleri ep-esli seýrekleºýär, tikenli gyrymsylar, günortada, hatda dub, akasiýa ýaly daragtlar duºýar. Esasy haýwan- lary bizon, möjek, tilki, keýik, skuns, opossum, akbaº bürgüt we baºgalar dan ybarat. Ýarym çöl we çöl zolaklarynyò esasy ösümligi gara ýowºan, kaktus (boýy 4 9 m), ýukka (daragt ºekilli hemiºelik ýaºyl ösümlik) goòur topraklarda ösýär. Süýrenijiler (gara ýylan) we gem- rijiler, galkanlylar ýaºaýar. Sawannalar we selçeò tokaýlar zolagynda gyzyl we gyzyl-goòur topraklar emele gelen. Beýik ot ösümlikli, kaktus-akasiýaly sawan- nalar we dub-sosnaly selçeò tokaýlara mahsusdyr. Pasyllaýyn çygly (musson) tokaýlar zolagy üçin ferrolit topraklar, dub, Karib sosnasy, palma, kiparis ýaly ösümlikler mahsusdyr. Haýwanlardan alligator (krokodiliò bir görnüºi), gara ýylan, hind towugy, Nikaraguanyò kenarlarynda anakonda ýylanlary ýaºaýar. Beýiklik guºaklyklary Kordilýera we Appalaçi daglarynyò çägini gurºaýar. Daglarda ak sosna, kedr, sekwoýýa, gara sosna ösýär. Haýwanlardan dag goçy, gyzyl aýy, ýaguar, puma, gar geçisi, kondor we baºgalar ýaºaýar. 106 Adalgalar, daýanç düºünjeler we atlar Arktika çölleri, goýunöküz, ondatra, bobr, alligator, gyzyl kerkaw, daºýarar, sekwoýýa, kaktus, ýukka, puma. Barlag üçin soraglar 1. Tebigy zolaklar nähili faktorlaryò täsirinde emele gelýär? 2. Materikde nähili beýiklik guºaklyklary bar? Amaly ýumuºlar 1. Tebigy zolaklary sudury karta geçiriò. 2. Tebigy zolaklaryò esasy organizmlerini öwreniò. 3. Beýiklik guºaklyklaryny depderiòize ýazyò. 46- §. Demirgazyk Amerikanyò tebigy geografik ülkeleri Tebigy geografik ülkeleri. Demirgazyk Amerikanyò tebiga-tynyò dürli-dürlüligi ony iki uly bölege bölmäge mümkinçilik berýär. Bular: 1. Gündogar düzlük ülkesi we 2. Günbatar Kordilýera dagly ül- kesi. Öz gezeginde, bu ülkeler ençeme tebigy geografik oblastlara bölünen. Aºakda ºolardan käbirlerine häsiýetnama berýäris. Alýaska we Kanada Kordilýera daglary (20- nji surat). Alýaska birnäçe parallel ýerleºen daglardan emele gelen bolup, olar bir-birin- den çuò jülgeler bilen bölünýär. Materigiò iò belent depesi Denali (Mak-Kinli) (6 194 m) ºu ýerde ýerleºýär. Alýaska ýarymadasynda we Aleut adalarynda güýçli ýer titremeleri bolup durýar, onlarça he- reketdäki we sönen wulkanlar bar. Bu daglardan altyn, kümüº, reòkli metallar, nebit we daºkömür gazylyp alynýar. Alýaska we Kanada Kordilýera daglarynyò günbatar kenarynda klimat deòiz klimaty bolanlygyndan ýagynlar köp bolýar. ªu sebäpli iòòeýaprakly gür tokaýlar ösýär. Içerki ýasy daglyklarda dag-tundra ösümlikleri ösýär. Dag tundralarynda demirgazyk suguny, polýar tilkisi, lemmingler ýaºaýar. Tokaýlarda los, grizli aýysy, puma, bars, dag goçy duºýar. 107 Kordilýera dagly ülkesinde ýene Uly Basseýn (20- nji surat) we Kolorado platosy ýerleºýär. Olaryò tebigy toplumlary onçakly belent bolmadyk dag ulgamlaryndan, sönen wulkan konuslaryndan we çuòòur oýuklardan emele gelipdir. Daglaryò arasynda suwsuz çölden ybarat iò çuò Ajal jülgesi (86 m) ýerleºýär. Ajal jülgesi Demirgazyk Amerikanyò iò yssy we ygal kem ýagýan raýonydyr. Uly Basseýn bilen Kolorado platosynda çöl we ýarym çöllere mahsus bolan ýow- ºanlar, dürli gyrymsylar, ºoralar ösýär. Ýabany haýwanlardan bizon, antilopa, gemrijiler we süýrenijiler ýaºaýar. Adalgalar, daýanç düºünjeler we atlar Tebigy geografik ülke, Alýaska, Sýerra-Newada, Uly Basseýn, Aleut adalary, Kanada Kordilýerasy, Denali (Mak-Kinli). Barlag üçin soraglar 1. Tebigy geografik ülkeleri tapawutlandyranda nämelere esasla- nylýar? 2. Demirgazyk Amerikanyò iò çuò nokady näme diýip atlan- dyrylýar? Amaly ýumuºlar 1. Tebigy geografik ülkeleri sudury karta geçiriò. 2. Alýaska we Kanada daglaryny häsiýetlendiriò. 20-nji surat. Uly Basseýn we Kanada Kordilýera daglary. 108 47- §. Demirgazyk Amerikanyò ilaty Ilaty. Demirgazyk Amerikanyò ilaty 578 mln adam (2016-njy ý.,1-nji iýul, Merkezi Amerika bilen). Düýpli ýerli ilaty indeýesler, eskimoslar we aleutlardyr. Olar häzir ep-esli azalypdyr (20 mln adam). Materigiò düýpli ýerli ilaty 25 30 müò ýyl öò Ýewra- ziýadan Bering bogazy arkaly gelipdir. Soòluk bilen, ýuwaº-ýuwaºdan Günorta Amerika-da aralaºypdyrlar. Ýewropalylar gelmezinden öò eskimoslar, aleutlar, esasan, awçy- lyk, balykçylyk bilen, indeýesler bolsa awçylyk, maldarçylyk we ekerançylyk bilen meºgullanypdyrlar. Demirgazyk Amerika edil Günorta Amerika ýaly H.Kolumbyò açyºyndan soò ýewropalylar topar-topar bolup gelip baºlapdyrlar. Meksika we Merkezi Amerikada mulatlar we metisler köpçüligi düzýär. Demirgazyk Amerikanyò ilatynyò esasy bölegini Ýewropadan gö- çüp gelenler we olaryò nesilleri düzýär. Bular amerikan we kanadaly iòlisler bolup, iòlis dilinde gepleºýänler. Kanada göçüp gelen fran- suzlaryò nesilleri fransuzça gepleºýär. Ilatyò ýerleºiºi. Ilatyò ýerleºiºi, ilki bilen, materige ilatyò göçüp geliº taryhyna we tebigy ºerte bagly. Materigiò günorta ýarymynda ilat iò köp ornaºan. Materigiò Ýewropa ýurtlaryndan ilkibaºda göçüp gelen adamlar ýerleºýän gündogar böleginde ilatyò gürlügi uly. Iò iri ºäherler Demirgazyk Amerikanyò ºu böleginde ýerleºýär. Materigiò ýaºamak üçin amatsyz, tundra we taýga tokaýlaryndan ybarat bolan demirgazyk ýerlerinde ilat seýrek ýerleºen. Klimaty gurak we üsti biendigan dagly tokaýlarda-da ilat kem. Tebigatyna adamyò täsiri. Milli baglary we goraghanalary. Adamyò hojalyk iºi Demirgazyk Amerikanyò tebigatyna uly täsir etdi. Bu bolsa tebigy toplumlaryò özgermegine we antropogen landºaftlaryò 109 emele gelmegine getirdi. ªonuò üçin tebigaty goramaga gönükdirilen kanunlar kabul edilipdir. Tebigaty goramak, ony aýawly saklap geljekki nesle galdyrmak maksadynda ençeme milli baglar, gorag- hanalar döredildi. Materikde birinji milli bag 1872-nji ýylda (Ýel- loustoun) ABª-da döredildi. Wud-Baffalo, Ýelloustoun, Grand-Kan- ýon, Sekwoýýa, Mamont, Ajal jülgesi, Jasper, Katmaý, El-Wiskaino, Ýosemit we baºgalar iò iri milli parklar we goraghanalardyr. Olaryò meýdany boýunça Demirgazyk Amerika materigi dünýäde birinji orunda. Adalgalar, daýanç düºünjeler we atlar ABª amerikanlary, eskimoslar, astekler, mayyalar, Ýelloustoun, Grand-Kanýon, Sekwoýýa, Mamont. Barlag üçin soraglar 1. Demirgazyk Amerikada ilatynyò esasy bölegini kimler düzýär? 2. Materikde birinji milli bag haçan we nirede döredildi? Amaly ýumuºlar 1. Kartadan peýdalanyp materigiò ilaty gür ýaºaýan çäkleri anyklaò we deròäò. 2. Demirgazyk Amerikanyò milli baglaryny we goraghanalaryny sudury karta geçiriò. 48- §. Demirgazyk Buzly okean Esasy aýratynlyklary. Okeanlaryò iò kiçisi, Demirgazyk polýusyò töwereginde ýerleºýär, deòizleri okeanyò meýdanynyò ýarysyny eýe- leýär, ºelf eýeleýän meýdanyna görä birinji orunda, iò saý, köp ýyllyk buzlar bilen örtülen ýeke-täk okean, iò sowuk, klimaty we tebigy guºaklyklary iò kem, morlar, ak aýylar ýaºaýar, iò iri adasy bar, uzak polýar gijeleri we gündizleri bolýar. 110 Geografik ýerleºiºi. Okean demirgazyk polýusyò töwereginde ýerleºýär. Ony iki materik gurºaýar. Bering bogazy arkaly Ýuwaº okean bilen, Skandinawiýa ýarymadasy Farer, Irlandiýa we Gren- landiýa adalary Smit bogazy Kanada arhipelaglary arkaly Atlantik okeany bilen araçäkleºýär. Kenarlary ep-esli dilkawlanan. Adalary köp. Meýdany 14 mln km 2 . Öwreniliº taryhy. Okean baradaky birinji maglumaty grek alymy Pifeý (er. öò. 325-nji ýyl) ýazypdyr we Öwrülen deòiz diýip at beripdir. Soòluk bilen, ýewropalylar Giperboreý (grekçe, Boreý demirgazykdaky ýelleriò hudaýy) diýip atlandyrypdyrlar. 1650-nji ýylda B. Werenius özbaºdak okean hökmünde tapawutlandyrypdyr. XIX asyryò baºlarynda içerki deòiz hökmünde Atlantik okeanyò düzümine girizildi. 1845-nji ýylda London Geografiýa jemgyýeti, 1928-nji ýylda Halkara gidrografik býuro, 1936-njy ýylda Rus Geog- rafiýa jemgyýeti Demirgazyk Buzly okeany özbaºdak okean hök- münde karar kabul edipdirler. Okeany öwrenmekde Pýotr I (Beýik Demirgazyk ekspedisiýasy, 1733 1743-nji ý.), M.W.Lomonosow (XVIII asyryò ikinji ýary- my), ºwed alymy N.A.Nordenºeldler (1878 1879) tarapyndan guralan ekspedisiýalar möhüm ähmiýete eýe bolupdyr. ªonuò ýaly-da, XIX asyryò ahyrynda F. Nansen, S.O. Makarow (1899-njy ý.), R. Piri (1909-njy ý.) Demirgazyk polýusy birinji bolup zabt edipdir, R. Amundsen (1903 1906-njy ý., 1918 1920-nji ý.) we baºgalar gymmatly maglumatlary topladylar. Häzirki wagtda Russiýa, ABª we Kanadanyò hünärmenleri Demirgazyk Buzly okeanyò tebigatyny öwrenýärler. Geologik gurluºy we tebigy baýlyklary. Okean mundan 60 mln ýyl öò peýda bolup baºlapdyr. Onuò düýbi geologik taýdan Demirga- zyk Amerikanyò we Ýewraziýanyò litosfera plitalarynyò düzümine girýär. Okeanyò düýbünde deòiz, derýa we aýsberg gatlaklary uly meý- dana ýaýrandyr. Olaryò galyòlygy 1 000 3 500 m töwereginde. ªelf zolagynda derýalar, deòiz akymlary getiren çökündi jynslar, okeanyò merkezinde bolsa tozan ºekilli bölejikler, biogen gatlaklar duºýar. 111 Gazylyp alynýan baýlyklardan demir magdany ºahta usulynda gazylyp alynýar, Norwegiýa kenarlarynda titan pytraòòy ýagdaýda ýaýran. Nebit we gaz Kanada utgaºýan suwlarda köp gazylyp alynýar. Derýalaryò guýulýan ýerlerinde, Ak, Barens, Norwegiýa deòizlerinden köp balyk tutulýar we suwotylar ýygnalýar. Okean düýbi relýefi. Suwuò düýbüniò relýefini öwrenmek bu çäkleriò deòiz däl, eýsem okeandygyny görkezýär. Relýefinde parallel uzap gidýän dag geriºleri, olaryò aralygynda çuò çöketlikler (Litke çöketligi 5 449 m) we oýuklar, uly meýdany eýeleýän ºelfler duºýar. Demirgazyk Buzly okeanyò baºga okeanlardan tapawudy, onuò 70 % meýdanynyò ºelflerden ybaratlygydyr. Okeanyò orta böleginden dag ulgamlary we Ýer gabygynyò tektonik jaýryklary kesip geçýär. Okeanyò aºagy 2 000 km aralyga uzap gidýän Lomonosow suwasty dag ulgamy (belentligi 2 500 3 300 m) bilen iki bölege bölünen. Bu ulgamdan günbatarda Gakkel wulkanik dagy we gündogarda Mende- leýew dag ulgamy parallel uzap gidýär. Ulgamlaryò arasynda Amundsen(çuòlugy 4 321 m), Nansen (5 449 m), Maka-row (3 940), Kanada (3 810 m) we baºga oýuklar ýerleºýär. Okeanyò ortaça çuòlugy 1 225 m, iò çuò ýeri 5 527 m bolup, ol Grenlandiýa deòzinde ýerleºýär. Klimaty. Okeanyò klimatynyò özboluºly aýratynlygy Arktikanyò merkezinde ýerleºýänligi we ýylyò dowamynda sowuk howa mas- salarynyò agdyklyk etmegi bilen aòladylýar. Uzak polýar gijeleri we gündizler 3 6 aýlap dowam edýär. Gyº aýlarynda aýazly sowuk (30 °C 40 °C) we garly tupanlaryò mekanyna öwrülýär. Antar- ktidanyò howasyna garanda maýyl. Muòa sebäp Atlantik we Ýuwaº okeanlardan ýyly we ºor suwlaryò okean düýbüniò akymlaryny emele getirip girip gelmegidir. Anyklanmagyna görä, 150 1 000 m çuò- luklary, esasan, Atlantik okeanyò ýyly we ºor suwlary eýeleýär. Okeandan Grenlandiýa sowuk suw akymy (aýsbergler bilen) çykyp gidýär. Iki klimat guºaklygy (arktika we subarktika) bar. Köp ýyllyk buzlaryò galyòlygy 3 5 m. 112 Tebigy guºaklyklary. Klimat guºaklyklaryna laýyklykda iki: polýar we subpolýar tebigy guºaklyga bölünýär. Polýar tebigy gu- ºaklygy okeanyò çuò ýerlerini eýeleýär. Süýºüp gezýän buzlar bar. Garyºyp giden buzlar toroslar köp duºýar. Organizme iò garyp Arktika sähralar zolagy ºu ýerlerde ýerleºýär. Subpolýar guºaklyk, esasan, deòizleriò çägini eýeleýär. Beýleki ýerlere garanda organizme (haýwanat dünýäsine we suwotylara) baý. Tomsuna buzlaryò köp bölegi ereýär. Derýa suwlary okean suw- laryny ep-esli süýjeldýär. Netijede, organizmleriò ösmegi üçin ºert peýda bolýar. Balyklardan treska, diºli (zubatka), deòiz okuny, seld, paltus, kambala, ºonuò ýaly-da, kemelip giden kit ºekilliler, mor, týulen, ak aýy köp duºýar. Arktikada deòiz guºlary guºlar bazary- ny emele getirýär. Hojalykda peýdalanylyºy. Demirgazyk Buzly okean Kanada, Russiýa we bölekleýin ABª üçin möhüm ähmiýete eýe. Ol ilkinji nobatda arzan deòiz ýoly hasaplanýar. Nawigasiýa döwri 1 4 aý, ýöne atom buzýaryjy gämileri nawigasiýa döwrüni ep-esli uzaldýar. Norwegiýa kenarlary, Barens deòzinde ýylyò dowamynda gämiler gatnaýar. Adalgalar, daýanç düºünjeler we atlar Arktika, Öwrülen deòiz, Giperboreý, Litke çöketligi, Lomonosow ulgamy, guºaklyklar, toroslar, guºlar bazary, nawigasiýa. Barlag üçin soraglar 1. Häzir okeany haýsy ýurtlar öwrenýärler? 2. Okeanda nähili tebigy guºaklyklar bar? Amaly ýumuºlar 1. Okeanyò araçägini, düýbüni, relýefini, baýlyklaryny sudury karta geçiriò. 2. Okeanyò hojalyk ähmiýetini, barlagçylary depderiòize ýazyò. 113 ÝEWRAZIÝA 49- §. Ýewraziýanyò geografik ýerleºiºi, öwreniliº taryhy Esasy aýratynlyklary. Ýer ýüzündäki iò uly, iò belent superma- terik (8 848 m), Demirgazyk ýarymºaryò sowuklyk polýusy bar, iò iri ýarymadasy, iò çukur gowagy, iò çukur we iò uly köli bar, iò uzyn lianalar hem ºu ýerde (300 m) ösýär, Demirgazyk ýarymºaryò ähli klimat guºaklyklary we tebigy zolaklary ºekillenen, iò uly deltasy bar, Ýer ºaryndaky sekiz müòlük 14 sany depäniò ählisi ºu materikde ýerleºen, hemiºelik buzluk ýerler meýdanyna görä birinji orunda, ýapyk basseýnler meýdanyna görä öòdebaryjy, gar çyzy- gy beýiklik polýusy iò belentden geçýän ýer (6400 m, Merkezi Tibet) ºu ýerde. Tebigy geografik ýerleºiºi. Ýewraziýa materigi Demirgazyk ýa- rymºarda doly ýerleºýär. (Malaýýa arhipelagynyò käbir adalary ekwa- torda günortada). Gury ýer meýdanynyò 36,5 %-ini diýen ýaly eýeleýär. Bu ma- terik Ýewropa (meýdany 10 mln kw km) we Aziýa (meýdany 44 mln kw km) kontinentlerinden emele gelen. Ýewropa adalgasy ga- dymy finikiýalylaryò (assiriýa) Ýerep günbatar we Aziýa adalgasy Osu bolsa gündogar sözlerinden gelip çykypdyr. Ýewraziýa materigi gündogarda Bering bogazy arkaly Demirgazyk Amerikadan bölünse, günbatarda Gibraltar bogazy ony Afrikadan bölüp durýar. Ýewraziýanyò Atlantik we Ýuwaº okean kenarlary güýçli dil- kawlanan. Materigiò töwereginde müòlerçe adalar we ençeme ýary- madalar ýerleºýär. Öwreniliº taryhy. Ýewraziýa iò gadymky siwilizasiýa merkezi hasaplanýar. Ilkinji geografik kartalar, globuslar hem ºu çäkde açyº edilen. Eratosfen we Ptolemeý düzen kartalarda Ýewraziýa we De- mirgazyk Afrika görkezilen. Materik baradaky ilkinji geografik mag- 8 A. Soatow, A. Abdulkasimow, M. Mirakmalow 114 lumatlar gadymky filosof, tebigaty öwreniji alymlardan Gerodot (er.öò. 485 425-nji ýyllar), Geraklit (er.öò. IV asyr), Strabon, Af- lotun (Aristotel), Ptolemeý we baºgalaryò eserlerinde berlen. Ýewraziýanyò içerki ülkeleriniò tebigatyny öwrenmekde Orta aziýaly geograf alymlaryò hyzmatlary örän uly. Orta Aziýa we Arap geografiýasyny esaslandyran Muhammet ibn Musa al-Horezminiò (783 850-nji ý.) hyzmatyny aýratyn bellemek gerek. Horezmi ylmy iºiniò dowamynda tebigy ylymlary ösdürmäge, tebigaty öw- renmäge aýratyn üns beripdir. Onuò ýolbaºçylygynda 70-e golaý alymlar Dünýäniò kartalaryny düzüpdirler. ªu kartalar esasynda Horezmi Kitap surat al-arz (Ýeriò suraty) kitabyny ýazypdyr. Abu Reýhan Biruny (973 1048-nji ý.) Hindistanda ýaºan döwründe ülkäniò derýalaryny, daglaryny, ösümlik we haýwanat dünýäsini jikme-jik öwrenip, Hindistan atly eserini ýazypdyr. Ol Amyderýanyò mysalynda derýalaryò getirýän dag jynslarynyò mas- sasynyò (uly-kiçiligi) suwuò akymynyò tizligine göni proporsional- dygyny anyklady. Bu, soòluk bilen, Biruny kanuny diýlip aýdylýan boldy. Biruny Garagumuò we Gyzylgumuò çäkleriniò döreýºini, materikleriò süýºme taglymyny birinjilerden bolup aýdypdyr. Biruny 1010 1017-nji ýyllarda Horezmde alymlary birleºdirip Ylymlar akademiýasyny (Mamun akademiýasyny) döretdi. Alymlaryò arasynda Ibn Sina hem bolupdyr. Zahiriddin Babur Orta Aziýanyò, Eýranyò, Owganystanyò, Hin- distanyò çäginiò ilaty, hojalygy barada gymmatly maglumatlary ýazyp galdyrypdyr. Aýratynam, onuò Baburnama eserindäki geografik mag- lumatlar göreldeli we üns bererlikdir. Umuman, orta aziýaly alymlar dünýä geografiýa taryhyna, adamzat medeniýetine ullakan goºant goºan halk wekilleridir. Olaryò ylmy mirasy hakda H. Hasanow Syýahatçy alymlar eserinde (1981-nji ý.) uly höweslenme bilen ýazýar. XVIII XIX asyrlarda guralan syýahat we ylmy ekspedisiýalar wagtynda Ýewraziýany ylmy taýdan öwrenmek iºleri alnyp barylypdyr. Alymlar Ýewraziýanyò dürli böleklerini her taraplaýyn 115 öwrenipdirler. XX asyrdaky alnyp barylan ylmy iºler öòki düºünjeleri giòeltdi we täze maglumatlar bilen baýlaºdyrdy. Adalgalar, daýanç düºünjeler we atlar Ýewraziýa, Ýewropa, Aziýa, Muhammet al-Horezmi, Birunynyò kanuny, Babur, Ibn Sina, Mamun akademiýasy. Barlag üçin soraglar 1. Ýewraziýanyò nähili aýratynlyklaryny bilýärsiòiz? 2. Ýewraziýa haýsy okeanlaryò aralygynda ýerleºýär? 3. Orta aziýaly alymlaryò geografik mirasy barada aýdyò? Amaly ýumuºlar 1. Ýewraziýa materiginiò çet nokatlaryny sudury karta geçiriò. 2. Orta aziýaly beýik alymlaryò geografik mirasyny depderiòize ýazyò. 50- §. Geologik gurluºy we gazylyp alynýan peýdaly zatlary. Relýefi Ýewraziýanyò geologik gurluºy. Geologik taýdan Ýewraziýa gadymky berk platformalardan we olary utgaºdyrýan dürli ýaºdaky gatlakly guºaklyklardan emele gelipdir. Gadymky Lawraziýa ma- teriginiò dargamagyndan Ýewraziýa we Demirgazyk Amerika bölünip çykypdyr (65 mln ýyl öò). Häzir Ýewraziýa materiginde iki sany iºjeò geosinklinal guºaklyk bar: Alp-Gimalaý we Ýuwaº okean ýalynly halkasy. Bu guºaklyklarda hereketdäki wulkanlar, gazaply ýer titremeleri ýygy-ýygydan bolup durýar. Bu guºaklygyò daglary ýaº gatlakly daglar bolup, käbir ýerlerde zynjyrly ulgamlary (Alp- Gimalaý), baºga ýerde dag düwünlerini (meselem, Pamir, Tibet) emele getirýär. Alp-Gimalaý geosinklinal guºaklygynyò Orta deòiz böleginde Etna, Stromboli, Wezuwiý ýaly hereketdäki wulkanlar, biziò ülkemiz Orta we Günorta-Gündogar Aziýada heläkçilikli ýer tit- 116 remeleri (Aºgabat 1948, Daºkent 1966, Hindukuº 2002, Eýran 2003, Indoneziýa 2004, 2009, Hytaý 2009 we b.). Bular Ýer gabygynyò iºjeòdigini delillendirýär. Gazylyp alynýan baýlyklary. Ýewraziýa gazylyp alynýan peý- daly zatlara baý. Magdanly baýlyklar magmatik we metamorfik dag jynslarynyò düzüminde köp duºýar. Demirgazyk-gündogar Hytaý, Skandinawiýa we Hindistan ýarymadasyndaky demir magdanlary magmatik dag jynslaryndan gazylyp alynýar. Gündogar Ýewropa platformasyndaky Kursk magnit anomaliýasy demir magdan käni metamorfik dag jynslarynda emele gelipdir. Altyn, mis, wolfram, uran, galaýy, simap we baºga reòkli metallar hem-de gymmatbaha daºlaryò emele gelmegi magmatik dag jynslarynda köp duºýar. Pireneý ýary- madasynda, Sibirde, Orta Aziýada, Koreýa ýarymadasynda altyn kän- leri, Merkezi Ýakudys-tanda, Hindistan ýarymadasynda almaz känleri köp. Uralda, Hindistan ýarymadasynda, ªri-Lanka adasynda dürli hili gymmatbaha mawy sapfir (gök ýakut), gyzyl ýakut känleri bar. Çökündi jynslaryò gatlaklarynda, esasan, nebit, gaz, daº we goòur kömür känleri döräpdir. Ýewraziýa nebit we gaz känleriniò baýlygy taýdan baºga materiklerden öòki orunda. Relýefi. Esasy relýef ºekillerine dag we düzlükler degiºli. Daglar materigiò meýdanynyò 50 % bölegini eýeleýär. Olar geosinklinal gu- ºaklyklarda we litosfera plitalarynyò özara çaknyºan zolaklarynda döräpdir. Ural, Dekan, Gazagystan ýasy daglary iò garry gadymy daglardyr. Ýaºaran daglara Týanºan, Altaý, iò ýaº daglara Alp, Kar- pat, Kawkaz, Pamir, Hindukuº, Köpetdag we baºgalar degiºli. Wul- kanik daglar Kamçatka ýarymadasynda, Kuril, Sisiliýa we Islandiýa adalarynda, Apennin ýarymadasyndaky daglarda, Karpat we Kawkaz daglarynyò käbir böleklerinde ýaýran. Hereketdäki iò belent wulkan- lardan biri (Kamçatka ýarymadasyndaky Klýuçi Sopkasydyr 4 750 m). Ýer üstüniò iò belent nokady Gimalaý gerºindäki Jomolungma (Ewerest) depesi bolup, onuò absolýut beýikligi 8 848 m. Ýer ºa- rynyò gury ýeriniò iò pes nokady hem Ýewraziýada ýerleºen Öli de- òizdir (405 m). 117 Düzlükler garry we ýaº platformalaryò üstünde döräpdir. Gün- dogar Ýewropa, Gündogar Sibir, Hindistan, Beýik Hytaý, Arabystan ýarymadasyndaky düzlükleriò esasy iò garry platformalar hasaplanýar. Günbatar Sibir, Hind-Gang we Turan peslikleri esasy bolsa ýaº bolup, olar çökündi jynslar bilen örtülen (goºmaçadaky 27-nji surata garaò). Düzlükleriò üstki bölegi gyr-ýaýlalar we pes daglar bilen çylºy- rymlaºan. Daglaryò we düzlükleriò ösüºinde hem-de ºekillenmeginde dörtlenji döwürdäki buz örtme basgançaklaryndaky buzlaryò iºi hem uly rol oýnapdyr. Ýewraziýanyò demirgazygynda we belent daglarda buzlar emele getiren relýef ºekilleri köp duºýar. Adalgalar, daýanç düºünjeler we atlar Lawraziýa, geosinklinal guºaklyk, platforma, Jomolungma, Ewerest, Soltan Uweýs, buz örtme basgançaklary. Barlag üçin soraglar 1. Ýewraziýa haýsy gadymky supermaterigiò bir bölegi bolupdyr? 2. Gazylyp alynýan peýdaly zatlar nähili dag jynslarynda emele gelýär? 3. Esasy relýef ºekilleri nirerlerde ýaýrapdyr? Amaly ýumuºlar 1. Ýewraziýanyò esasy platformalary we hereketdäki wulkanlaryny sudury karta geçiriò. 2. Daglary we düzlükleri sudury karta geçiriò. 51- §. Ýewraziýanyò klimaty Ýewraziýanyò klimaty baºga materikleriò klimatyna garanda ep- esli köpdürlüdir. Materigiò klimatynyò aýratynlyklary, ilki bilen, Ýewraziýa çäginiò demirgazykdan günorta we günbatardan gündogara 118 garap örän uly aralyga uzap gidenligine bagly bolsa, ikinjiden, okeanlardan gelýän howa massalaryna we relýefine bagly. Geografik giòligiò klimata täsiri. Gury ýeriò demirgazykdan günorta uzap gidenligi ýylylygyò paýlanyºynda uly täsir edýär. Ýew- raziýada iýul aýynyò ortaça temperaturasy ep-esli ýokary. Onuò demirgazygynda bu temperatura +12 °C we günortasynda +28 °C-a deò. Arabystan ýarymadasynda bolsa +32 °C. Gyº materigiò gün- batarynda maýyl, ýöne demirgazyk-gündogarynda gaty sowuk bolýar. Aýratynam, Sibirde ýanwar aýynyò ortaça temperaturasy 48 °C çenli peselýär. Käbir günler bu temperatura Oýmýakonda 71 °C-a düºýär. ªonuò üçin bu ýer Demirgazyk ýarymºaryò sowuklyk polýusy di- ýilýär. Gyº Ýewropanyò günorta-günbatarynda maýyl, Aziýanyò gü- nortasynda bolsa yssy (+20 °C) bolýar. Esasy klimat elementlerinden hasaplanýan ygalyò mukdary hem materigiò içersine tarap barha ke- melýär. Meselem, Orta we Merkezi Aziýa çäklerinden haýsy tarapa ýöreseò-de ygal barha köpelýär. Dünýädäki iò köp ygal düºýän ýer Çerrapunja obasydyr. Bu ýerde orta hasapda ýylyna 12 665 mm ygal ýagýar. 1856-njy ýylda bu ýere 23 000 mm-e golaý ygal ýagypdyr. Okeanlaryò klimata täsiri. Ýewraziýada klimat ºerti diòe bir giò- lik boýunça üýtgemän, eýsem günbatardan gündogara tarap hem üýt- geýär. Munuò esasy sebäbi, Ýewraziýa materiginiò günbatar böleginiò hemiºe Atlantik okeandan gelýän maýyl we çygly deòiz howa mas- sasynyò täsirinde bolanlygydyr. Netijede, Günbatar Ýewropada ygal köp ýagýar, gyº ep-esli maýyl we tomus bolsa salkyn bolýar. Gündogara gitdigiòçe deòiz howa massasynyò düzüminde çygly- lygyò barha kemelmegi netijesinde ýagynlaryò mukdary hem ke- melýär, klimatyò kontinentallygy barha artýar, tomus aýlarynyò tem- peraturasy ýokarlanýar, gyºyò tempera-turasy bolsa gaty peselýär, ne- tijede gyº we tomus aýlarynyò temperaturalarynyò arasynda uly ta- pawut emele gelýär. Tomusda Ýuwaº okeandan gelýän deòiz howa massasy, ýagny tomusky musson ýelleri özi bilen köp mukdarda ygal getirýär. Gyºda materigiò üstünde, aýratynam, Merkezi Aziýanyò uly böleginde ýokary howa basyºy oblasty emele gelýär, netijede howa ' gurak we açyk bolýar, ygal kem düºýär, sowuk howa agdyklyk edýär. Özbegistanyò çäginde-de ºeýle howa ýagdaýynyò bolmagyna Merkezi Aziýadan girip gelýän howa sebäpçidir. Relýefiò klimata täsiri. Ýewraziýanyò ýer üstüniò gurluºy-da kli- matyò emele gelmegine uly täsir edýär. Aýratynam, beýik dag geriº- leri atmosferada hereket edýän maýyl we sowuk howa massalarynyò öòüni bekläp, klimatyò ýiti üýtgemegine sebäp bolýar. Beýle ýagdaýy Alp, Kawkaz, Týanºan, Gimalaý daglarynyò mysalynda görmek bo- lar. Bu dag ulgamlary günbatardan gündogara tarap uzap giden bolup, demirgazykdan gelýän sowuk ýelleriò günorta geçmegine päsgel berýär. Ýewraziýa daglarynda klimat ºerti beýiklik guºaklyklary bo- ýunça hem üýtgeýär. Beýiklik klimat guºaklyklary Alp, Karpat, Kawkaz, Týanºan, Gimalaý ýaly daglarda aýdyò göze ilýär. Tibet we Pamir daglaryndaky klimat belent dag klimaty bolup, tomsunyò yssylygy, gyºynyò gaty sowuklygy we atmosfera çyglylygynyò örän kem ýagýandygy bilen baºga ýerlerden tapawutlanýar. Adalgalar, daýanç düºünjeler we atlar Sowuklik polýusy, Oýmýakon, Çerrapunja, klimatyò ºekillen- megindäki faktorlar, Tibet, Pamir. Barlag üçin soraglar 1. Ýewraziýanyò klimat ºertiniò giòlik boýunça üýtgemegine sebäp näme? 2. Klimaty günbatardan gündogara näme üçin üýtgeýär? Amaly ýumuºlar 1. Ýewraziýanyò klimatynyò aýratynlygyny görkezýän faktorlary depderiòize ýazyò. 2. Atlasyò 28-nji sahypasyndaky klimat kartasyny deròäò. 120 52- §. Sowuk we aram klimat guºaklyklary Klimat guºaklyklary. Materigiò demirgazykdan günorta garap uly aralyga uzap gidýänligi sebäpli onuò klimat ºerti örän dürli-dürli. Sowuk klimat guºaklygyna arktika we subarktika klimat guºaklyklary girýär. Arktika klimat guºaklygy Ýewraziýanyò Arktikadaky adalaryny we gury ýeriò Demirgazyk Buzly okeana utgaºyp duran bölegini eýeleýär. Bu ýerde ýylyò dowamynda sowuk arktika howa massasy agdyklyk edýär. Temperatura tomus aýlarynda-da pes (+1 °C, +3 °C) bolýar, gyºda bolsa gaty sowuk uzak dowam edýär. Tomsy gaty gysga bolup, polýus güni birnäçe aý gorizontdan birneme ýokary galyp durýar we gury ýeriò üstüni gyzdyryp bilmeýär. Gyºyò ortaça temperaturasy (40 °C) pes bolup, gar tupanlary gaýtalanyp durýar. Ýyllyk ygal 50 100 mm töwereginde gar ºeklinde ýagýar. Gury ýerleriò esasy bölegi buz we gar bilen örtülen. Subarktika klimat guºaklygy günbatarda Skandinawiýa ýaryma- dasynyò demirgazygyndan gündogarda Bering deòziniò kenaryna çenli dowam edýär. Tomus aýlarynda ortaça temperatura +4 °C-dan +14 °C çenli ýokarlanýar. Ýylyò dowamynda sowuk ýeller öwsüp durýar, bulutly günler köp bolýar. Bu ýere 200 400 mm töwe- reginde ygal düºýär. Aram klimat guºaklygy Ýewraziýanyò iò uly bölegini eýeläpdir. Ol günbatarda Atlantik okeanyò kenarlaryndan baºlanyp, gündogarda Ýuwaº okeanyò kenarlaryna çenli dowam edýär. Aram guºaklygyò klimat ºertiniò ºekillenmeginde Atlantik okeandan gelýän deòiz howa massasy, materigiò içersinde dörän kontinental howa massasy we Ýuwaº okeandan gelýän musson howasy möhüm rol oýnaýar. ªonuò üçin bu ýerde aram klimat guºaklygynyò deòiz, aram-kontinental, kontinental we musson klimat tipleri emele gelýär. 121 Ýewraziýanyò günbatar böleginde Atlantik okeanyndan gelýän ýyly howa massalarynyò täsiri sebäpli gyº ýumºak, tomus salkyn bolýar. Ýanwaryò ortaça temperaturasy 0°C töwereginde, iýulyòky bolsa +15 °C, +20 °C-a deò. Ýagynlar ýylyò dowamynda bolup durýar we onuò ortaça ýyllyk mukdary 1 000 mm-dan geçýär. Aram guºaklygyò gündogar bölegindäki Ýuwaº okeanyò kenar- larynda musson ýelleri höküm sürýär. Bu howa massalary pasyllara garap gezekleºip durýar we aram guºaklygyò musson klimat tipini emele getirýär. Ýagynlar, esasan, tomus aýlarynda bolýar (ygalyò ýyllyk mukdarynyò 90 %-i aprel-noýabr aýlaryna dogry gelýär), gyºda bolsa tersine, ygal az (100 mm). Adalgalar, daýanç düºünjeler we atlar Sowuk guºaklyklar, arktika, subarktika we aram klimat guºaklyklary, klimatyò tipleri. Barlag üçin soraglar 1. Aram klimat guºaklygynda klimatyò nähili tipleri bar? 2. Bu guºaklyklarda temperaturanyò we ygallar mukdary uzaklyk boýunça nähili üýtgeýär? Amaly ýumuºlar 1. Sowuk we aram guºaklyklaryny sudury karta geçiriò. 2. Depderiòize klimatyò tiplerini häsiýetlendirip ýazyò. 53- §. Ýylylyk klimat guºaklyklary Ýewraziýanyò yssy klimat guºaklyklary subtropiki, tropiki, subek- watorial (2 sanydan) we ekwatorial klimat guºaklyklaryndan ybarat. Subtropiki klimat guºaklygy materigiò günbataryndaky Pireneý ýarymadasyndan tä Ýuwaº okeanyò kenaryna çenli bolan bölegini eýeleýär. Tomusda tropiki howa we gyºda aram giòlik howa massa- 122 lary agdyklyk edýär. Materigiò içersinde tomusda tropiki howa mas- salarynyò täsirinde temperatura +30 °C, +35 °C çenli ýokarlanýar, howa açyk bolýar, ýagyº örän az ýagýar. Orta deòiz kenarlarynda gyº örän maýyl bolýar. Ýagyº ýygy-ýygydan ýagyp durýar, howanyò ortaça temperaturasy hemme ýerde 0 °C-dan ýokary. ªonuò üçin ösümlikleriò wegetasiýasy ýylboýy togtamaýar. Ygaly Atlantik okean- dan öwüsýän günbatar çygly ýeller getirýär. Bu subtropik klimat tipi Orta deòze mahsusdyr. Gruziýanyò Gara dedeòiz kenarlarynda-da subtropik klimat emele gelen. Günbatardan gündogara materigiò içersine tarap howanyò çyg- lylygy gitdigiçe kemelip, kontinentallygy barha artýar. Netijede sub- tropiki guºaklygyò orta böleginde subtropiki kontinental klimat emele gelýär. Bu ýerde tomus örän yssy we gurak, gyº bolsa ep-esli sowuk bolýar. Ýagynlar kem, 100 150 mm töwereginde ýagýar. Orta Aziýanyò günorta bölekleriniò klimaty ºeýle klimata dogry gelýär. Azerbaýjanyò Kaspiboýy düzlükleri, Türkmenistanyò, Özbegistanyò günorta gurak subtropiki çägine girýär. Materigiò Gündogar Ýuwaº okeanyò kenaryndaky subtropiki guºaklykda möwsümleýin ýelleriò täsirinde subtropiki musson klimaty emele gelýär. Tropiki klimat guºaklygy Arabystan ýarymadasyny, Eýran dag- laryny we Hindi derýasynyò basseýnini eýeleýär. Guºaklygyò gü- nortasynda ýylyò dowamynda gurak we yssy kontinental tropiki howa massalary emele gelýär. Tomsy örän yssy (+30, +35 °C), gyºy maýyl (+18, +24 °C) bolup, 500 1 000 mm töwereginde ygal ýagýar. Subekwatorial klimat guºaklygy Hindistan ýarymadasynyò mer- kezi we gündogar böleginden Ýuwaº okeana çenli dowam edýär. Hytaýyò günorta bölegi (25° dg.g. çenli), Filippin adalary hem ºu guºaklyga girýär. Bu çäklere musson klimat tipi mahsusdyr. Ygal köp ýagýar. Ýer ºarynyò iò köp ygal ýagýan ýeri bolan Çerrapunjada ýyllyk ygal 12 000 mm-den geçýär. Ekwatorial klimat guºaklygy ªri-Lanka adasy bilen Malakka ýarymadasynyò günorta bölekleri hem-de Aziýanyò günorta-gündo- 123 garyndaky adalary öz içine alýar. Bu guºaklykda ýylyò dowamynda temperatura ýokary (+24 °C), ygal bol (3 000 mm-den köp) bolýar. Günorta subekwatorial guºaklyga Ýawa adasynyò ýarysy we on- dan gündogardaky adalar, Täze Gwineýa adasynyò günorta-günbatary girýär. Klimaty ekwatorial guºaklyk klimatyna meòzeº. Diòe ygallaryò mukdary birneme az (1 000 2 500 mm). Diýmek, Ýewraziýada bäº sany yssy klimat guºaklygy ºekillenen bolup, subtropiki guºaklyk baºga ýerlere garanda iò köp meýdany eýelese, günorta subek- watorial guºaklyk Aziýada az meýdanda ºekillenen. Adalgalar, daýanç düºünjeler we atlar Yssy klimat guºaklyklary, ösümlik wegetasiýasy, Hindi derýasynyò basseýni, Malakka ýarymadasy, Ýawa adasy, çygly we gurak subtropik. Barlag üçin soraglar 1. Yssy klimat guºaklyklary diýende nämäni düºünýärsiòiz? 2. Subtropiki klimat guºaklygynda nähili klimat tipleri bar? 3. Ekwatorial klimat guºaklygy Ýewraziýanyò haýsy çäklerini öz içine alýar? Amaly ýumuºlar 1. Yssy klimat guºaklyklaryny sudury karta geçiriò. 2. Yssy klimat guºaklyklary gysga düºündirip, depderiòize ýazyò. 54-§. Içerki suwlary Içki suwlaryò ýerleºiºi. Içerki suwlary ýerüsti we ýerasty suw- lara bölüp öwrenmek mümkin. Ýerüsti suwlar derýalardan, köllerden we buzluklardan, suw howdanlaryndan we kanallardan emele gelen. Iò uly bol suwly derýalar aram we musson klimatly ülkelerde ýerleºýär. Gurak klimatly ülkelerde derýalar ep-esli seýrek. Ýewra- 124 ziýanyò derýalary suwlaryny bäº sany basseýne guýýar. Olar Demirgazyk Buzly, Atlantik, Ýuwaº we Hindi okeanlarynyò bas- seýnleri hem-de ýapyk basseýndir. Ýanszy, Huanhe, Ob, Ýeniseý, Wolga, Dnepr, Hindi, Gang uly derýalardyr. Ülkämizdäki Amyderýa we Syrderýa, Ýewropadaky Wolga ýapyk basseýniò iò iri derýalary hasaplanýar. Derýalaryò suwlulanyº tipleri. Ýewraziýanyò derýalary suw- lulanyºyna görä dört tipe bölünýär: ýagyº, gar, buz we ýerasty suw- dan suwlulanýanlar. Ýöne olar köplenç garyºyk ýagdaýda suw- lulanýar. Meselem, ýagyº we gar, gar we buz, buz we ýerasty suwlardan suwlulanýar. Derýalaryò suw reimi we suwlulanyºy ýylyò pasyllaryna bagly. Ýewraziýanyò iò iri derýalaryndan Wolga, Ob (Yrtyº goºandy bilen) Ýeniseý, Lena, Peçora, adatda, gar we ýagyº suwlaryndan suwlunayp, baharda dolup akýar we kenarlaryndan daºýar. Demir- gazyga akýan derýalar gyºda uzak wagt doòýar. Musson klimatly ülkelerdäki derýalar Amur, Huanhe, Mekong, Gang, Hindi we baºgalar musson ygallaryndan suwlulanyp, olaryò suwy tomusda ýiti ýokarlanýar. Ekwatorial klimatly Uly Zond adalaryndaky derýalar ýagyº suw- laryndan suwlulanýar we olaryò reimi ýylboýy üýtgemeýär. Orta Aziýanyò derýalary Amyderýa, Syrderýa (Özbegistanyò çäginden akyp geçýär), Ili, Tarim belent daglarynyò buz we gar suwlaryndan suwlulanyp, tomsuò baºynda dolup akýar, güýzde we gyºda ýiti kemelýär. Ýewraziýada köller örän köp. Olaryò esasy bölegi materigiò demirgazyk we gündogar ülkelerinde ýerleºýär. Dünýädäki iò uly (Kaspi, 376 müò km 2 ) we iò çuò (Baýkal 1 620 m) köl hem ºu materikdedir. Emele gelºine görä, tektonik (Baýkal, enewa, Yssyk- köl), bentli (Sarez), wulkanik, morena kölleri bar. Häzirki zaman buzluklary süýji suwlaryò esasy çeºmesidir. ªolardan biri Pamir dagyndaky Fedçenko buzlugy. Onuò uzynlygy 72 km, galyòlygy orta böleginde 1 000 m, ini 1 700 3 100 m. 125 Suw akymyna görä köller akýan (Baýkal, Onega), akmaýan (Yssykköl, Balhaº, Kaspi, Aral) köllere bölünýär. Emeli köller hem bar. Materik ýerasty suwlara-da baý. Uly düzlükleriò aºagynda ýerasty suwlaryò örän uly gory bar. Geýzerler, bulak suwlary hem ýerasty suwlary düzýär. Köpýyllyk buzluk ýerler Ýewraziýanyò demirgazyk böleginde uly meýdanlary eýeleýär. Olar ýerasty suw bilen çökündi dag jynslarynyò doòmagyndan emele gelýär. Olaryò temperaturasy hemiºe 0 °C-dan pes. Hemiºelik buzluk ýerleriò galyòlygy günortadan demirgazyk tarapa barha artýar (0 1 500 m). Adalgalar, daýanç düºünjeler we atlar Içerki suwlar, ýerüsti we ýerasty suwlar, hemiºelik buzluk ýerler, derýalaryò suwlulanyº tipleri, kölleriò gelip çykyºyna görä gör- nüºleri, Kaspi, Baýkal, enewa, Aral. Barlag üçin soraglar 1. Nähili suwlar ýerüsti suwlaryny düzýär? 2. Ýewraziýada gelip çykyºyna görä nähili köller bar? 3. Hemiºelik buzluk ýerler diýende nämäni düºünýärsiòiz? Amaly ýumuºlar 1. Ýewraziýanyò derýalaryny we köllerini sudury karta ýazyò. 2. Derýalaryò gürlügi bilen klimat kartasyny deòeºdirip, deròäò. 55- §. Sowuk we aram klimat guºaklyklaryndaky tebigy zolaklary Arktika guºaklygynyò tebigy zolaklary. Arktika guºaklygynda bir sany tebigy zolak Arktika sähralary bar. Arktika sähralarynda howa gaty sowuk we pes temperaturaly döwür uzak dowam edýär. Ygal gar halynda ýagýar. Köp ýyllyk buzlar zolagyò hemme bölegini 126 diýen ýaly eýeleýär. Adalaryò daºly ýerlerinde diòe mohlar we liºaýnikler ösýär. Haýwanlardan ak aýy, mor, týulen, ak käkilikler köp ýaýran. Subarktika guºaklygynyò tebigy zolaklary. Subarktika guºak- lygy iki sany tebigy zolakdan: tundra we tokaý-tundradan emele gelen. Tundra solagynda ýylyò dowamynda temperatura ep-esli pes bolýar, ygal kem ýagýar. Zolagyò günortasynda iò yssy aýyò ortaça temperaturasy +10 °C bolýar. Zolagyò esasy toprak tipi tundra-gleýli, torfly-gleýli topraklardyr. Olar moh-liºaýnik we gyrymsylar bilen örtülen. Pes boýly berýoza, gyrymsylar, polýar gülälekleri köp duºýar. Tundrada demirgazyk suguny, lemmingler ýaºaýar. Tokaý-tundra zolagy klimaty tundra garanda maýylrak. Iýuluò ortaça temperaturasy +11 °, +13 °C-a deò. Ygal köpräk (300 400 mm) ýagýar. Zolakda podzolly-gleýli, torfly-podzolly we batga topraklar giò ýaýran. Zola- gyò selçeò tokaýlarynda pes boýly sosna, berýoza, tilagaç, tal ösýär. Bu ýerlerde polýar tilkisi, polýar käkiligi, rosomaha ýaly haýwanlar köp ýaýran. Aram guºaklygyò tebigy zolaklary. Bu guºaklykda demir-ga- zykdan günorta tarap aºakdaky tebigy zolaklar gezekleºýär. Taýga zolagynda, esasan, podzol topraklar duºýar. Taýga tokaý- larynda iòòeýaprakly daragtlardan Ýewropa sosnasy, gara we ak sosna, kedr, tilagaçlar ösýär. Bu zolakda haýwanlardan sugunlar, goòur aýy, gum piºigi, belka, karkur we baºgalar köp duºýar. Garyºyk tokaýlar zolagy materigiò günbatar we gündogar bölek- lerinde ýerleºýär. Zolagyò klimaty ep-esli maýyl, ygal köp ýagýar. Zolagyò esasy bölegi bajakly-podzol toprak bilen örtülen. Tokaýlaryò düzüminde iòòeýaprakly we giò ýaprakly daragtlar duºýar. Garyºyk tokaýlarda gyrymsy we ot ösümlikler köpelýär. Giò ýapraklylardan dub, gara berýoza, lipa, kerkaw, grab (berýozalar maºgalasyna de- giºli daragt), joka we baºga daragtlar ösýär. Giò ýaprakly tokaýlar zolagy hem materigiò diòe günbatar we gündogar böleklerinde bar. Giò ýaprakly tokaýlaryò (buk bilen dub) 127 aºagynda, esasan, goòur tokaý topraklary ýaýran. Ösümlikleriò köp ýaruslylygy giò ýaprakly tokaýlar üçin mahsusdyr. Tokaý-sähra we sähra zolaklarynda tokaý we sähra tebigy toplumlar bile duºýar. Tokaýlarda ýumºak-goòur topraklar, sähralarda gara topraklar ýaýran. Ot ösümliklerden ýylak, betaga, ýowºan ösýär. Haýwanlary saýgak, sugur, möjek, sassykközen, alaka, atýalman, bürgüt, alahorjun we syçanlardan ybarat. Ýarym çöl zolagynda temperatura ýokary, tomusda +24 °, +27 °C, ygal kem (150 250 mm). Zolagyò demirgazygynda garamtyl kaºtan we tipik kaºtan topraklary, günortada açyk kaºtan topraklary dörän. Çöl zolagy aram guºaklygyò günortasynda ýerleºýär. Onuò kli- maty ýiti kontinental. Tomsy gurak we yssy (+25 °, +32 °C) bolýar. Ýagynlar, esasan, baharda we giçki güýzde bolýar. Gyºda gaty sowuklar ýygy-ýygydan gaýtalanyp durýar. Çöller diòe alabaharda ýaºyl reòke girýär. Garagum we Gyzylgum, Taklamekan, Gobi çöl- lerinde gumak, ºorhek ýumºak-goòur, dag eteklerinde açyk boz top- raklar emele gelipdir. Ýarym çöllerde we çöllerde gemriji hem-de toý- nakly haýwan görnüºleri köp. Aziýada iki örküçli düýe, Prewals- kiniò aty, jeren, saýgak, zemzen, pyºsyl, ýylanlar we ýabany eºekler duºýar. Çöllerden ýaýla hökmünde peýdalanylýar. Adalgalar, daýanç düºünjeler we atlar Tebigy zolaklar, pes sosna, berýoza, polýar gülägi, podzol topraklar, Prewalskiniò aty, jeren, saýgak, zemzen. Barlag üçin soraglar 1. Sowuk guºaklykda nähili tebigy zolaklar ºekillenen? 2. Aram guºaklykda nähili tebigy zolaklar bar? Amaly ýumuºlar 1. Öwrenilen tebigy zolaklary sudury karta geçiriò. 2. Dersligiò tekstinden peýdalanyp, tebigy zolaklaryna degiºli aºak- daky jedweli dolduryò.. 128 T/n Tebigy zolaklaryò ady Topraklary Ösümlikleri Haýwanat dünýäsi 1. Arktika sähralary 2. Tundra 3. Tokaý-tundra 4. Taýga 5. Garyºyk tokaýlar 6. Giò ýaprakly tokaýlar 7. Tokaý-sähra we sähra 8. Ýarymçol 9. Çöl 56- §. Yssy klimat guºaklyklaryndaky tebigy zolaklary Subtropik guºaklygyò tebigy zolaklary. Ýewraziýanyò sub- tropik guºaklyklarynda gaty ýaprakly hemiºelik ýaºyl tokaýlar we gyrymsy agaçlar, subtropik garyºyk tokaýlar, subtropik ýarym çöl hem-de çöller zolaklary ºekillenen. Subtropik tokaýlar we gyrymsylar zolagy Ýewraziýanyò Orta deòiz kenarlary boýunça ýerleºýär. Bu ýerde tomus gurak we yssy, gyº maýyl (ortaça temperatura +5°, +7°) hem-de köp ýagyºly. ªonuò üçin ösümlikleriò wegetasiýasy ýylboýy dowam edýär. Ýaºyl ösüm- likleriò aºagynda hasyldar gyrmyzy reòkli topraklar ösen. Pes boýly daragtlar, maýda ýaprakly daº dub, ýertut daragty, mirta we baº- galar köp ýaýran. Medeni ösümliklerden injir, nar, üzüm, zeýtun we sitrus miweler ýetiºdirilýär. Subtropik çygly musson tokaýlar zolagy. Bu zolak Ýewra- ziýanyò günorta-gündogarynda musson klimatyò täsirinde emele gelipdir. Bu ýerde tomus örän çyglylygy, gyº bolsa guraklygy we 129 salkynlygy bilen tapawutlanýar. Çygly tokaýlar üçin kameliýa, kam- foraly dafna, paporotnik daragtlary mahsusdyr. Haýwanat dünýäsinde panda, bars, gibbon (maýmyn), tapir, piton ýylanlary duºýar. Subtropik ýarym çöl we çöl zolaklary. Bu zolaklar aram gu- ºaklygyò çöllerinden tapawutlylykda, tomsy ep-esli yssy, ýagyº kem ýagýar. Ýöne aram guºaklygyò çöl ösümlikleri bilen meòzeºligi bar. Bu guºaklykdaky çöl we ýarym çölleri gurak subtropik çölleri diýip hem atlandyrýarlar. Çygly subtropik guºaklygyna Gara deòziò kenarlary tipik mysaldyr. Gurak subtropik guºaklygyna uýgunlaºan ak we gara sazaklar, ýowºan, ýandak, gum leýlisaçy, ir baharda lülälekler, ýylak ýaly ösümlikler ösýär. Haýwanlardan jeren, saýgak, dürli suwulganlar we ýylanlar, gemrijiler, çöl bürgüdi, çaý-çaò- òalak, ýabany kepderiler, pyºdyl, towºan, tilki, jeòòellerde ýabany doòuz, ondatra, ýabany piºik, dürli guºlar ýaºaýar. Bular Özbe- gistanyò çöllerinde-de bar. Tropiki guºaklygyò tebigy zolaklary. Tropiki guºaklykda ýarym çöl we çöl zolaklary hem-de sawannalar bar. Aram we subtropik guºaklyklaryò ýarym çöl we çöllerine garanda bu ýerde temperatura örän ýokary (iýuluò ortaça temperaturasy +30 °C-a deò), ýagynlar bolsa gaty kem bolýar. Arabystan ýarymadasyndaky Rubel-Hali çägeli çöli iò gurak we yssy ýer hasaplanýar. Ösümlik we haýwanlary az. Arabystanyò çöllerinde ýabany eºek onagr, uçgur keýik, ýyrtyjy- lardan syrtlan we ºagallar duºýar. Tropiki sawannalar zolagy. Belent boýly gallagülli ösüm-likler, selçeò tokaýlarda daragtlardan sal (belentligi 30 35 m), tik, aka- siýa we palmalar ösýär. Subekwatorial guºaklyga golaýlaºdygyò saýyn sawannalarda ýagynlaryò mukdary barha artýar. Tokaýlaryò meýdany hem barha giòeýär. Subekwatorial guºaklygyò tebigy zolaklary. Bu guºaklyk sa- wannalar we pasyllaýyn çygly tokaýlar zolagyndan dörän. Sawannalar Hindistan we Hindihytaý ýarymadalarynda ýerleºýär. Afrikanyò sawannalaryna meòzäp gidýär. Bu ýerde-de ot ösümlikleri, agaçlar (palma), paporotnikler, akasiýa, mangra (Gang deltasynda) ösýär. 9 A. Soatow, A. Abdulkasimow, M. Mirakmalow 130 Hindihytaý ýarymadasynda bambuklar köp. Haýwanlardan pil, maýmyn, gaplaò, panda, bars, jeren, krokodil, ýylan we dürli guºlar bar (21- nji surat). Subekwatorial pasyllaýyn çygly tokaýlar zolagy daragt gör- nüºlerine örän baý. Zolagyò çäginde gyº örän maýyl bolýar. Ýan- waryò ortaça temperaturasy +15°, +18 °C-a deò. Haýwanat dünýäsi dürli-dürli. Hindistanda we ªri-Lanka adasynda häzir hem ýabany pillere duºmak mümkin. Gür tokaýlarda maýmynlaryò birnäçe görnüºleri ýaºaýar. Ekwatorial guºaklygyò tebigy zolagy. Ýewraziýanyò ekwatorial guºaklygynda bir sany tebigy zolak ekwatorial çygly tokaýlar zo- lagy ºekillenen. Bu zolak Malakka ýarymadasynda we köpräk ada- larda ýerleºýär. Ekwatorial çygly tokaýlar zolagy baºga zolaklardan ýylboýy ýagynlaryò köplügi, temperaturanyò birmeòzeº diýen ýaly bolmagy bilen tapawutlanýar. Ekwatorial çygly tokaýlarda ferralit- laterit topraklar emele gelýär. Olar köp ýarusly gür tokaýlar bilen örtülen. Ösümlik örtügi görnüºlere baý. Malakkanyò özünde 7,5 müò görnüºli ösümlik duºýar. Ýabany öküz, kerkler, orangutan maýmynlar zolaga mahsus haýwanlardyr. 21- nji surat. Aram we yssy klimatly guºaklyklaryò haýwanlary. Gaplaò Panda Ýak Pil Piton ýylany 131 Adalgalar, daýanç düºünjeler we atlar Yssy klimat guºaklyklaryndaky tebigy zolaklar, daº dub, ýertut daragty, paporotnik, bambuk, piton, kerk. Barlag üçin soraglar 1. Çöller haýsy klimat guºaklyklarynda duºýar? 2. Sawannalar nirerlerde döräpdir? Amaly ýumuºlar 1. Tema degiºli tebigy zolaklary sudury karta geçiriò. 2. Tokaý-sähra zolagy bilen sawannalary deòeºdiriò. 57- §. Beýiklik guºaklyklary Ýewraziýa çäginiò ýarysy diýen ýaly daglardan ybarat. Dag- lardaky beýiklik guºaklyklarynyò sany we görnüºi olaryò geografik ýerleºiºine, beýikligine, ýöneliºine, howa akymlaryna garºy durºuna bagly. Dag haýsy tebigy zolakda ýerleºen bolsa, beýiklik guºaklygyò esasy hem ºu tebigy zolak hasaplanýar. Beýiklik guºaklyklarynyò gezekleºip gelmegi Gimalaý (38° dg.g., 88° gd.u.), Alp (46° dg.g., 18° gd.u.) daglarynyò günorta eòòidinde anyk görünýär. Gimalaýyò dag eteklerinde batalaºan jeòòeller teraýalar ýerleºýär. Topragy garapalçyk-batga, ösümligi belent boýly (5 m çenli) ot ösümlikler, sa- byn agajy, mimoza, palma we bam-buklardan ybarat. Ondan ýokarda tropiki çygly tokaýlar (ferrolit topraklar, esasy ösümligi dafna, pal- ma), subekwatorial hemiºelik ýaºyl tokaýlar (ferrolit topraklar, esasy ösümligi dub, magnoliýa), subtropik hemiºelik ýaºyl tokaýlar, ýap- ragyny gaçyrýan giò ýaprakly tokaýlar (tokaý-goòur topraklar, hoz, berýoza, kerkaw), iòòeýaprakly tokaýlar (çala-podzol topraklar, ak sosna, tilagaç), belent boýly subalp we pes boýly alp otluklary (dag- otluk topraklar), gar we buzluklar gezekleºip gelýär (22- nji surat). 132 Teraýalaryò klimat ºerti ýerden 2 3 gezek hasyl almaga mümkin- çilik berýär. Adatda, tomusda ºaly, kenep, ºekerçiòrik, gyºda bolsa arpa, greçiha we bugdaý ýetiºdirilýär. Gimalaý we Alp daglaryndaky beýiklik guºaklyklaryny deòeº- dirsek, ºeýle netijä gelmek mümkin: belent daglardaky guºaklyklaryò sany polýuslardan ekwatora tarap barha artýar. Eger beýle dag pol- ýusda bolsa bir sany, eger taýgada ýerleºse üç sany, sähra zolagynda ýerleºse ýedi sany beýiklik guºaklygy emele gelýär. Meselem, Kaw- kaz daglaryndan polýusa çenli näçe düzlük guºaklyklary bolsa, ºu dagyò demirgazyk eòòidinde ºonça beýiklik guºaklyklary emele gelýär. Kawkaz dagynyò demirgazyk eòòidinde sähra, tokaý-sähra, giò ýaprakly tokaýlar, garyºyk tokaýlar, iòòeýaprakly tokaýlar, subalp we alp otluklary, iò belentde gar we buzluklar gezekleºip gelýär. Adalgalar, daýanç düºünjeler we atlar Beýiklik guºaklyklary, Alp, Kawkaz, Gimalaý, teraýa, gileýa, berýoza, kerkaw, sabyn agajy, mimoza. 22- nji surat. Gimalaý we Alp daglaryndaky beýiklik guºaklyklary. 133 Barlag üçin soraglar 1. Beýiklik guºaklyklarynyò köp ýa-da azlygynyò sebäbi näme? 2. Gimalaý we Alp daglaryndaky beýiklik guºaklyklaryny deòeºdiriò. 3. Näme üçin Ural dagynda hem giòlik zolaklylygy, hem beýiklik gatlalanyºy görkezilen? Amaly ýumuºlar 1. Gimalaý we Alp daglaryndaky beýiklik guºaklyklaryny deròäò we depderiòize çyzyò. 2. Kawkaz daglaryndaky beýiklik guºaklyklaryny shema ýazyò. 58- §. Ýewraziýanyò ilaty we syýasy kartasy Ilat sany we jynslary. Ýewraziýada 2016-njy ýylyò 1-nji iýul hasaby boýunça 5 mlrd 177 mln adam ýaºaýar (Ýewropada 740 mln, Aziýada 4 mlrd 437 mln). Bu dünýä ilatynyò esasy bölegini tutýar. Ýewraziýa ilatyò gürlügi (1 kw km-e 96 adamdan artyk) we ösüºi boýunça baºga materiklere garanda öòde durýar. Ilatyò artmagy Orta Aziýada, Aziýanyò günorta we günorta-gündogar böleginde ýokary bolsa, Ýewropada ep-esli pes. Hindistan ýarymadasynda, Beýik Hytaý düzlüginde, Ýewropada ilat gür, materigiò demirgazyk böleginde, daglarda we çöllerinde örän seýrek ýaºaýar. Ýewraziýada, esasan, ýewropoid we mongoloid jynsyna degiºli bolan ilat ýaºaýar. Ilatyò ýarysy diýen ýaly ýewropoid jynsyna degiºli bolup, Ýewropanyò we Aziýanyò günorta-günbatarynda ýaýran. Ýewraziýanyò halklary. Adatda, ilaty halklara bölmekde ölçeg hasaplanýan dili, taryhy taýdan däbe öwrülen medeni-ruhy mirasy, durmuº terzi hasaba alynýar. ªol sanda, diline görä, Ýewropa konti- nentinde üç sany uly topar german, roman, slawýan toparlary bar. Aziýada bolsa hytaýlar we hindiler dünýädäki iò köp sanly halklardyr. Türkler, türkmenler, özbekler, gazaklar, gyrgyzlar, azerbaýjanlar, garagalpaklar, tatarlar, baºgyrtlar türki dil toparyny düzýär. 134 Ýewraziýanyò syýasy kartasy. Materigiò syýasy kartasynda takmynan 90-dan artyk döwlet bar. Meýdanyna görä uly döwletlerden Russiýa (meýdany 17,1 mln kw.km), Hytaý (9,6 mln. kw. km), iò kiçi döwletlerden Watikan (0,4 kw. km), Lihtenºteýni (0,2 müò kw. km) görkezmek bolar. Iò köp sanly ilaty bar bolan döwletlere Hytaý (1,35 mlrd.dan artyk), Hindistan (1,3 mlrd-dan artyk), Indoneziýa (259,4), Päkistan (203,4 mln), Bangladeº (162,9 mln), Russiýa (144 mln-dan artyk), Ýaponiýa(125,3 mln) girýär. Bu döwletlerde Ýewraziýanyò ilatynyò ýarysyndan köp bölegi ýaºaýar. Ýewraziýanyò syýasy kartasynyò ºekillenmegi uzak dowam eden taryhy proses bolup, onda jemgyýetiò ösüºi görünýär. Adalgalar, daýanç düºünjeler we atlar Ilatyò gürlügi, jynslar, ýewropoid, germanlar, slawýanlar, romanlar, hindiler, türkler, syýasy karta. Barlag üçin soraglar 1. Materikde jynslar nähili ýaýrapdyr? 2. Ilatyò gürlüginiò sebäbi nämede? Ilat nirelerde gür? Amaly ýumuºlar 1. Meýdanyna, ilatynyò sanyna görä 10 sany iri döwletleri we 5 sany kiçi döwletleri sudury karta geçiriò, olaryò paýtagtlaryny kartadan tapyò. 2. Ýewraziýadaky ilat gür ýerleºýän çäkleri kartadan tapyò we deròäò. 59- §. Antropogen tebigy toplumlary Antropogen tebigy toplumlar. Ýewraziýanyò çägi gadymdan ilat ýaºap gelen siwilizasiýa merkezlerinden hasaplanýar. Orta deòiz kenarlaryndaky gadymy subtropik tokaýlar adamyò hojalyk iºi sebäpli 135 çapylypdyr. Gündogar Ýewropa düzlügindäki gara we kaºtan toprakly sähralaryò 80 % meýdany özleºdirilen. Olaryò ýerinde ºäher we obalar, baglar we dürli ekin meýdanlary ýaly antropogen toplumlar emele gelipdir. ªonuò ýalyda, Mesopotamiýa we Beýik Hytaý düzlükleri, Hindistan, Ýewropa we Orta Aziýanyò gadymdan öz- leºdirilip gelinýän çäklerinde, dag eòòitlerinde antropogen landºaftlar döredilipdir. Ýaºamak üçin amatly çäkler özleºdirilip gutarlypdyr. XX asyryò ikinji ýarymyndan baºlap tokaýlar, çöller we dagly zolaklary öz- leºdirmäge giriºildi. Netijede, antropogen tebigy toplum eýeleýän meý- danlar barha giòelýär. Tebigaty goramak maksadynda Ýewraziýa tebigy zolaklarynda we dagly ülkelerde goraghanalar, milli baglar, buýurmalar gurlan. Goraghana iºgärleriniò esasy maksady tebigatyò gaýtalanmaz ýerlerini, ajaýyp relýef ºekillerini, öwºün atýan magdanlaryny, dürli- dürli ösümlik we haýwanat dünýäsini we baºga tebigatyò ýady- gärliklerini tebigy ýagdaýda saklap galmakdyr. Ural dagynda Ilmen, Altaý, Ýewropada Belowe Puºçasy, Astrahan, Aziýada Çatkal, Yssykköl, Barguzin Taman, Negara ýaly goraghana we milli baglar döredilen. ªol bir wagtda, tebigaty goramak, onuò resurslaryndan akylly- baºly we tygºytlylyk bilen peýdalanmak meselesine-de uly üns berilýär. Adalgalar, daýanç düºünjeler we atlar Antropogen tebigy toplumlar, landºaft, goraghana, milli baglar, Belowe Puºçasy, Çatkal. Barlag üçin soraglar 1. Antropogen tebigy toplumlar diýende nämäni düºünýärsiòiz? 2. Goraghanalar, milli baglar nähili maksatlarda döredilýär? 136 Amaly sapaklar 1. Ýewraziýanyò antropogen tebigy toplumlara (atlasyò 30 31- nji sahypalaryndaky toplum kartadan peýdalanyp) häsiýetnama beriò. 2. Goraghanalary we milli baglary sudury karta geçiriò. 60- Download 4.19 Kb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling