Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi Ähli hünärleriň I ýyl talyplary üçin
Jeýtun medeniýeti. Änew medeniýeti
Download 461.55 Kb. Pdf ko'rish
|
1-nji tema. Giriş. Taryh barada düşünje. Türkmenistanyň ýerlerinde ilkidurmuş jemgyýetçilik gurluşy
3. Jeýtun medeniýeti. Änew medeniýeti. Türkmenistanyň günorta etraplarynda neolit zamanynyň medeniýeti Jeýtun medeniýeti ady bilen taryha girýär. Onuň Jeýtun medeniýeti diýip, atlandyrylmagy gadymy Jeýtun obasynyň ady bilen baglanyşdyrylyp, ol Aşgabat şäherinden 30 km. demirgazyk-günbatarda ýerleşýär. Bu ýadygärlik arheolog W.M. Masson tarapyndan uzak ýyllaryň dowamynda öwrenilýär. Jeýtun medeniýetiniň obalarynda ortaça, takmynan 5-6 adamdan ybarat, 35-40 maşgala ýaşap, olarda jemi ilat 200-240 töweregi adam bolupdyr. Jeýtun medeniýetiniň ýadygärlikleri esasy üç topara bölünip, olardan Günbatar topar ýadygärlikleri Bamy, Giýewjik, Kelete bolup, Serdar etraby bilen Gökdepe etrabynyň aralygyny ýerleşýär. Ýadygärlikleriň merkezi toparyna Jeýtun, täze Nusaý, Çopandepe, Togalakdepe, Pessejikdepe degişli bolup, bular Gökdepe etrabyndan Altyn asyr etrabynyň çäklerinde ýerleşýän Uludepä, ýa-da Mälik baba ýadygärligine çenli aralygy öz içine alýar. Ýadygärlikleriň gündogar toparyna Monjuklydepe, Çagyllydepe we Gadymydepe degişli bolup, olar mäne-Çäçe ýaýlarynda ýerleşýär. Olar berk pagsadan salnan öýler bolup, düşekleri hekli palçyk bilen suwalyp, diwarlary gyzyl ýa-da gara reňk bilen reňklenipdir. Jeýtunlylar ekerançylygyň düme we suwarymly ekerançylyk tilsimlerini-de giňden ulanypdyrlar we bol hasyl ýygnapdyrlar. Änew medeniýeti: günorta Türkmenistanyň gadymy ekerançylyk taýpalarynyň taryhyny we medeniýeti öwrenmek üçin Änew obasynyň ýakynyndaky iki depäniň (demirgazyk we günorta tarapyndaky depeler) gazylyp agtarylmagy-da uly ähmiýete eýedir. Olaryň öwrenilmegi baryp 1904-nji ýylda amerikan alymy R. Pampelliniň ýolbaşçylygynda başlanýar. Änew medeniýetine degişli ýadygärlikden arheologik gazuw-barlag işleri geçirilende çig kerpijiň galyndylarynda dänäniň gabyklary we gylçyklary tapylypdyr. Munuň özi gadymy ata-babalarymyzyň bu ýerde däne ekinlerini ösdürip ýetişdirendiklerine şaýatlyk edýär. Tapylan bugdaýyň bu görnüşi häzir Gadymy Änew tapyndylary we bina ýadygärlikleri ak bugdaý ady bilen bellidir. Änew medeniýetine degişli obalaryň galyndylary häzirki Çäçe obasyndan başlap, Aşgabat-Baharly ýolunyň 73 km aralygynda duş gelýär. Öý iş tabşyrmak: temany okap gelmek, test düzüp gelmek. Soraglar we ýumuşlar: 5 1. Türkmenistanyň taryhynyň döwürleşdirilişi we onuň ähmiýeti nämede? 2. Türkmenistanyň taryhynyň çeşmeşynaslygy, esasy çeşmeler we onuň aýratynlyklary nähili? 3. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen taryhyny düýpli we dogruçyl öwrenmek babatdaky sargytlary haýsylar? 4. Türkmenistanyň çäginde ekerançylygyň ýüze çykan ilkinji ýerleri haýsylar? Download 461.55 Kb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling