Ýeňiş — ýaşlarda Ýaşlar — jemgyýetiň öňdebaryjy gatlagy. Ýurdumyzda ýaşlar üçin mümkinçilikleriň ähli gapysy açyk. «Mawy ekran»


Download 14.35 Kb.
Sana15.06.2023
Hajmi14.35 Kb.
#1482054
Bog'liq
Ýeňiş — ýaşlarda 02.03.2022


Ýeňiş — ýaşlarda

Ýaşlar — jemgyýetiň öňdebaryjy gatlagy. Ýurdumyzda ýaşlar üçin mümkinçilikleriň ähli gapysy açyk. «Mawy ekran» arkaly Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisine tomaşa edenimizde, milli Liderimiziň ýaşlara ýol bermek, ösüşiň täze tapgyrynda olara möhüm döwlet işlerini ynanmak baradaky wajyp başlangyjyny diňlänimizde, göwün guşumyz belentlerde telwas etdi.


Halk häkimiýeti we halk bilen geňeşmek ýörelgesi döwletiň uly bir jemgyýet hökmünde beýgelmegine we ösmegine sebäp bolýar. Halk özüni döwlet işlerine goşant goşýan adam hökmünde döwlet we döwlet ýolbaşçysy bilen bir jan, bir ten hasaplaýar. Döwlet tarapyndan özüniň pikirine ähmiýet berilýänligi üçin özüni bagtly duýýar. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen şygary janlanýar.
Halk Maslahatynyň bu gezekki nobatdan daşary mejlisine bagtyýar ildeşlerimiz sabyrsyzlyk bilen garaşdy. Sebäbi döwletli maslahat il-ýurt üçin şu günden geljegimize barýan ýoly nurlandyrýan, ýagtyldýan, pikir-hyýallarymyzy, göwün ýüwürtmelerimizi, arzuwlarymyzy bir maksada düzýän milli ýörelge hökmünde durmuşymyza ornaşdy.
Taryhy çykyşynda döwlet Baştutanymyz: «Men ýurdumyzy ösdürmegiň täze tapgyrynda döwlet dolandyryşynda häzirki zamanyň ruhy şertleri, ýokary talaplary esasynda kemala gelen ýaş ýolbaşçylara ýol bermegi makul bilýärin» diýip, ýaşlara uly ynam bildirdi. Gahryman Arkadagymyzyň bu başlangyjy beýik syýasy edermenligiň nyşanydyr. Ýaşlara jogapkärli işleriň ynanylmagy, ýaşulularyň bolsa olara öwüt-ündew berip, halypalyk edip, dogry ýola ugrukdyrmagy, ýakyndan goldaw berip durmagy öňden gelýän türkmençilik dessurymyz bilen baglydyr.
Gahryman Arkadagymyz Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzyň beýik geljegini ýaş nesliň bagtyýarlygy, kadaly ösüşi bilen baglydygyny elmydama nygtap: «Ýaşlar Watanymyzyň güýji, kuwwaty, abraý-mertebesi hem-de beýik geljegidir» diýýär. Hormatly Prezidentimiziň ýaş nesil barada döwlet derejesinde edýän nusgalyk aladalaryny ödemekde tagallalarymyzy birleşdirmek, Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisiniň kararlarydyr çözgütlerinde kesgitlenjek möhüm wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşmak biz — bagtyýar ýaşlaryň gündelik durmuşymyzyň baş maksadyna öwrüler.
Ynama eýe bolmak aňsat iş däl. Bu gün döwlet Baştutanymyzyň biz — ýaşlara bildiren uly ynamy ömrümiziň bezegine, ýollarymyzyň şamçyragyna öwrüler. Gahryman Arkadagymyza wepaly bolup, her bir meselede Watan bähbidini ileri tutmak bilen, ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmak maksadymyzdyr.
Download 14.35 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling