Hojamyrat Goçmyradow


Halk döredijiliginiň çeper edebiýat bilen


Download 5.01 Kb.
Pdf ko'rish
bet105/112
Sana31.01.2024
Hajmi5.01 Kb.
#1827884
1   ...   101   102   103   104   105   106   107   108   ...   112
Bog'liq
Goçmyradow H~Türkmen halk döredijiligi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

Halk döredijiliginiň çeper edebiýat bilen 
arabaglanyşygy 
 


174 
Ýaşlary belent ruhly, zähmetsöýer, watansöýüji adamlar edip ýetişdirmek 
öňde duran wezipeleriň biri. Şu meselede türkmen halk döredijiliginiň hem-de 
çeper edebiýatyň bitirýän hyzmaty uly. 
Türkmen edebiýatynyň geçmiş taryhyna, häzirki döwre göz aýlanymyzda-
da, halk döredijiligini öz eserlerinde ulanmadyk şahyrdyr ýazyjyny tapaýmak 
aňsat däl. Diýmek, halk döredijiligi bilen türkmen edebiýatynyň arabaglanyşygy 
özüniň gözbaşyny örän uzaklardan alyp gaýdýar. 
Türkmen şahyrlary geçmişde halk döredijiligini ussatlyk bilen 
peýdalanyp, özleriniň eserlerini bezäpdirler we çuň manyly çeper hem-de sada 
dilde bermegi başarypdyrlar. Klassyk şahyrlarymyzdan Andalybyň, Azadynyň, 
Magtymgulynyň, Magrupynyň, Şabendäniň, Mollanepesiň, Keminäniň, 
Seýdiniň, 
Zeliliniň 
we 
beýlekileriň 
eserleriniň 
ölmez-ýitmezliligi, 
gymmatlylygy olaryň halk döredijiliginden ussatlyk bilen peýdalanmagyndadyr. 
Şahyrlarymyzyň eserleriniň stil, ideýa hem žanr taýyndan biri-biriniňkiden 
tapawutlanyşy ýaly, halk döredijiliginden peýdalanyşy hem şol şekildedir. 
Mollanepes halk döredijiliginden bir ertekini alyp, ony özüçe işläp, 
“Zöhre-Tahyr” dessanyny döretdi. Andalyp dürli wakalardan doly rowaýatlary 
saýlap alyp, “Ýusup-Züleýha”, “Leýli-Mejnun”, “Babaröwşen”,”Zeýnelarap” 
ýaly dessanlary, “Oguznamany” ýazdy. Şabendäniň “Gül-Bilbili”, Şeýdaýynyň 
“Gül-Senuberi” we beýleki birnäçe eserler hem halk rowaýatlaryndan, 
ertekilerinden saýlanylyp alnyp, üstünde işlenilip, döredilen dessanlardyr. 
Rowaýatlar, ertekiler halk döredijiliginiň kyssa toparyna degişli. Emma 
halk döredijiliginiň matallar, nakyllardyr atalar sözi ýaly žanrlaryny öz içine 
alýan şahyrana topary-da bar. Şahyrlar, ýazyjylar şahyrana toparynyň 
žanrlaryny-da öz eserlerinde ussatlyk bilen ulanýarlar. 
XV111 asyr hem-de X1X asyr klassyk şahyrlary halk döredijiliginiň 
şahyrana hem-de kyssa toparlarynyň žanrlaryndan ýerlikli peýdalanypdyr. 
Magtymguly folklor žanrlaryndan ýerlikli peýdalanan şahyr. Ol şeýle 
ýazýar: 

Download 5.01 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   101   102   103   104   105   106   107   108   ...   112




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling