Hojamyrat Goçmyradow


Download 5.01 Kb.
Pdf ko'rish
bet41/112
Sana31.01.2024
Hajmi5.01 Kb.
#1827884
1   ...   37   38   39   40   41   42   43   44   ...   112
Bog'liq
Goçmyradow H~Türkmen halk döredijiligi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

Datly süýtler emişenim, 
Dartyşyp donlar geýenim, 
Dalaşyp nanlar iýenim, 
Eziz käbäm balasy, 
Ýaşlykda ýanan dogan –eý! 
Aýal-gyzlara 
degişli 
agy 
bentlerinde,olaryň 
adamkärçiligi, 
iş 
başarjaňlygy, el işine nepisligi ulaldylyp görkezilýär:
 
Iňňesi guýy gazan, 
Nusgasy iller gezen
Edenine el ýetmez, 
Dokanyndan suw ötmez, 
Eý,waý… bagtym garalan, 
Ne gazapdy salanyň!… 
Türkmenlerde öleniň sarpasy saklanylýar. Halkyň arasynda ýaş çaga 
ölende köp, dowamly ses edilmeýän bolsa-da, gysga wagt dowamynda sanalýan 
bentler örän täsirli hem tolgundyryjy: 
Gül aýagy ýörände, 
Gyzyl dili saýranda, 
Barjak öýün bellände, 
Öz gapysyn tananda, 
Eli taýak tutanda,  
Boýy kölge atanda, 
Daňdan görlen düýş bolduň, 
Agaja gonan guş bolduň!
Hojalygyň baştutany, ýaşuly adamlar ölende aýdylýan bentleriň arasynda 
onuň yzynda galan ogluna, gelnine, olaryň iň ulusyna nesihat beriji mazmunly 
setirlere duş gelinýär: 
Berk guşagyn biliňi, 
Gaýyn enem öldi diýip, 
Dargatmagyn yzyny, 
Aglatmagyn ogluny, 
Saraltmagyn gyzyny, 
Gapyňdan myhman gelse, 
Gülüp garşy alawer, 


56 
Ile syryň bildirme
Gaýratyňa galawer-ow
Eý,eh-eh-eh-ow!
 
Uruş ölüm-ýitimsiz bolmaýar. Gökdepe urşunda ähli perzendini aldyran 
maşgalalar boldy. Agy bendinde ene ýüreginiň nalasy has-da eýmenç berilýär: 
Gara daglam ýykyldy, 
Çynarlarym çapyldy, 
Bilimiň kuwwatlary, 
Gözümiň göreçleri, 

Download 5.01 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   37   38   39   40   41   42   43   44   ...   112




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling