Turkm dili-7 2017. indd


Download 438.92 Kb.
bet44/100
Sana17.06.2023
Hajmi438.92 Kb.
#1527825
1   ...   40   41   42   43   44   45   46   47   ...   100
Bog'liq
7-synp. Turkmen dili (2017, M.Hanmatow, A.Hanmatow)

§ 22. SYPAT AÝYRGYJY


▲ Sypat aýyrgyjy neneňsi?, nähili?, näçenji? diýen soraglara jogap bolup, bir zadyň hilini, bolşuny, gylyk- häsiýetini, näçedigini, görnüşini, nämeden edilendigini, kesp-kärini, ornuny görkezip, baş düşüm şekilinde bolýar we öz aýyklaýan sözüniň köplenç öňünden we käbir ýagdaýlarda hem yzyndan gelýär.
Sypat aýyrgyjy sypatlardan, görkezme çalyşmalardan, sanlardan, ortak işliklerden, işligiň hökmanlyk şekilinden, kesp-kär we maşgala aragatnaşygyny bildirýän sözlerden bolýar.
Meselem:

  1. Gorkut ata parasatly (sypat) goja bolupdyr.

  2. Gyzjagaz bäş (san) ýaşynda okamagy öwrenipdir.

  3. Pena özüniň başarýan (ort. işlik) işini ýoldaşlaryna hem öwredýär.

  4. Barmaly (işligiň hökm. şek) obamyz uzakdan görünýär.

  5. Ussa (kesp-kär görk. söz) Haýty – öz işiniň ussady.

  6. Jigim (maşg. aragatn. görk. söz) wepany gördüm.

Maşgala aragatnaşygyny görkezýän sözler aýyklanýan sözleriniň yzyndan hem gelip bilerler.
Meselem:
Wepa jigimi gördüm.



  1. nji gönükme. Sypat aýyrgyjy bolup gelen sözleri tapyň. Olaryň haýsy söz toparyndan hasyl bolandygyny anyklaň we sypat aýyrgyçlaryny baglanan sözleri bilen bilelikde göçüriň.

  • Almany ýokaryk at, ýere gaçýança ýa pelek diýipdirler, ygtyýar sizde, bizem guluňyz – diýip, kesirligi tutan Gulan şeýtanlyk etmän gönüläpdir. Ozal kän gylyç gemren bela bolmaga çemeli.

  • Biderek sammyklamany hem öwrendim diýsene. Heý, ýasawullar! Hany tizden-tiz alma getiriň, bu Gulamyň samyllysynyň ýalandygyny gözüne görkezeýin.

Ýasawullar derrew bir sebet akly-gyzylly almany geti- rip, patyşanyň ýanynda goýýarlar.
Gyzyl-kümüş esbabyny jugradyp, başyny silkeläp oýnaklap duran bedewiň üstünde oturan patyşa egilip, bir ullakan ýalpyllap duran gyzyl almany alýar-da ýokaryk zyňyp:

  • Hon-ha pelegiň ýanyna gitdi-diýip, tiňkesini asmana dikip durýar.

Zyňylan alma-da eňip gelýärkä, patyşanyň atynyň çat maňlaýyna patladaýmazmy! Duýdansyz zarba zähresi ýarylan çus bedew ürküp, çarpaýa galýar-da, öňe bir towusýar. Beýle zada garaşman oturan patyşa pötläp ýere gaçýar, şonda-da edil çüwdesi dagyň gara daşyna de- gip, jany tarpa çykýar. Şeýdip, şol ýigidem ölümden-ä dynypdyr. (A. Durdyýew «Ýa pelek»).



  1. nji gönükme. Sypat we degişlilik aýyrgyçlaryny, olaryň baglanýan sözlerini tapyň.

Eposda akyl-paýhasly, başarjaň zenanlary sylap, hor- mat1 goýup, olaryň sarpasyny saklapdyrlar, her işde olara sala salypdyrlar. Erkek adamlar aýallaryna maslahat sa- lanlarynda olaryň maslahaty bilen edilen iş köplenç ýerine düşüpdir.
«Gorkut ata» eposynyň döränine ýoňsyz1 wagtyň geçen- digine garamazdan, bu eser özüniň çeperçilik taýdanam, terbiýeçilik2 ähmiýeti tarapdan hem gymmatyny ýitirmeýär. Siz ýaşlar muny unutmaly dälsiňiz.
(Žurnaldan).


  1. Download 438.92 Kb.

    Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   40   41   42   43   44   45   46   47   ...   100




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling