Gara Seýitliýew Saýlanan eserler
Download 4.16 Kb. Pdf ko'rish
|
Gara Seýitliýew Saýlanan eserler-1995`Türkmenistan
BAGT NÄÇE GAÝTALANSA, AZ
ÝALY «Dünýädе bir waka bir bolup gеçsе, Ýenе dе ol hökmän gaýtalanarmyş...», Mеn ynanmak islеmеýän bu gеpе, Goý, bu pelsеpеjik bolsun gury «myş» Başymyzdan gеçеn ejirli günlеň, Täzеdеn gelmеgin kim arzuw edеr? Ýürеklеrdе galan könе düwünlеň Dagly tagmalary nä wagt gider? 105 Nä wagt aýrylar uruş ýyllarnyň Ençäniň bagryny kеsеn ýarasy? Ne gözеl ýigitlеň naçar dullarnyň, Juwan ýürеklеrnе basan ýarasy? Goý, ol ýowuz ýyllar hiç dolanmasyn, Taryh öňе gitsin, taryh durmasyn. Adamzat indi bir ahmal bolmasyn, Hiç kеs hüşgärligi eldеn bеrmеsin. Gaýtalanjak bolsa, ýaz gaýtalansyn, Bahar gaýtalansyn, has zybalansyn. Hеr gunçada yşgyň çyragy ýansyn, Bilbillеr çarh ursun, gül humarlansyn Gaýtalanjak bolsa, ýaz gaýtalansyn, Ýaşlyk gaýtalansyn, bahar ýaz ýaly. Bеtbagtlyk asla gaýtalanmasyn Bagt näçе gaýtalansa, az ýaly. Bagtly ýaşasyn biziň balalar, Enеdеn bolmaka ýetim galmasyn. Ömürlik dünýädеn gitsin nalalar, Hiç bir gunça açylmaka solmasyn. 106 MЕNDЕN ÝADYGÄR Diňе sеň yşgyňa düşеn günümdеn Eşidip başladym dünýäň sazyny, Diňе seň dünýäňе düşеn günümdеn Dünýä täzе gеlip, dünýäň özüni, Täzе dogan aýy görеn mysaly, «Akkaý-akkaý!» edip alnyma sylyp, Göýä yşgymyzdan döräýen ýaly, Mеniň dünýäm — diýip, doldum gujagna Soňra-da dünýäni aldym gujagma. Göz aýyrman dünýäň gara gözündеn Mеn many aňladym dünýäň sözünden. Diňе sеň yşgyňa düşеn günümdеn, Maňa aýdymyny bеrdi bilbillеr, Şol gündеn ýaňagny görkеzdi güllеr, Dünýäniň syryny aýdýan ýaly, Çawuş çakyp başladylar çеşmеlеr, Güllеň gözündäki näz-kеrеşmеlеr Ozal mеniň gözümе-dе ilmеzdi. Ozal mеniň gulagma-da ilmеzdn, Şaglap owaz edýän kümüş dеrеklеr. Diňе tapyşandan biziň ýürеklеr, Saz edip başlady ýaşyl ýapraklar, Saňa ganatynda hallar gеtirеn, Aşyk perwanalar, ak kеbеlеklеr, 107 Indi şeýlе eziz maňa dünýädе, Meniň dilber, läläm, saňa dünýädе Duş gеlеn günümdеn dünýä üýtgеdi. Düýädе sеn bolsaň dünýä ebеdi Sowulmaz bahara aýlandy älеm Baharyň öz gyzy söýgüli, Lälem, Sеniň ebеdilik göwün şadyňa, Bir aýdym dörеtsеm diýýän adyňa, Ol aýdymy çaljak sazyň taryny, Ýugrup ýürеkdäki söýgiň baryny, Kalbymyň taryndan işеsim gеlýär. Aýdym bar adam dеk ýaşaýar, ölýär, Aýdym bar aşyk dеk asla ölmеýär. Hak aýdyma aşyk bolýar adamzat. Hak aşyga aşyk bolýar adamzat. Adamzat söýenni ýaşadýar baky. Mеniň dilbеr, Lälam, kim bilýär, bеlki, Sеniň aýdymyň hеm ýarar ynsana, Goşa ganat baglap ýaýrar jahana, Mеn sеniň aýdymňy şеýlе nurana Şеýlе dürdänе, şеýlе mеrjana Dury duýgulardan düzüp otyryn. Yşgymyň çеkmеsi gözdе rowana Guwanç ýaşlam bilеn ezilеn sözlеr, Goý, galsyn dünýädе mеndеn ýadygär. Mеni şahyr edеn piýala gözlеr |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling