Hojamyrat Goçmyradow


Download 1.05 Mb.
Pdf ko'rish
bet11/112
Sana14.02.2023
Hajmi1.05 Mb.
#1198126
1   ...   7   8   9   10   11   12   13   14   ...   112
Bog'liq
Goçmyradow H Türkmen halk döredijiligi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

 
 
 
 
 


23 
Toý aýdymlary 
 
Nika toýy bilen baglanyşykly däp-dessurlara aýdymlar döredilipdir.Olara 
toý aýdymlary (öleňler) diýilýär. Toý aýdymlary toý tutulyşynyň hemmesini öz 
içine alýan däp-dessury ýüze çykarýar. Olarda maşgala durmuşyny gurmak 
baradaky garaýyşlar-gyz çykarmak, gelin edinmek bilen baglanyşykly däp-
dessurlar, yrymlar şöhlelendirilýär. Toý aýdymlary halk döredijiliginiň 
şahyrana toparynyň beýleki žanrlaryndan belli bir wagtda, ýagny toý wagtynda 
aýdylýandygy bilen tapawutlanýar. 
Toý aýdymlary halk döredijiliginiň özboluşly žanrydyr. Ol ýurdumyzyň 
hemme etraplarynda gabat gelmeýär. Munuň üstesine, toý aýdymlary etraplarda 
dürlüçe-de atlandyrylýar. Lebap sebitlerinde “öleň”, üleň”, “ haý, öleň”, “ýar-
ýar”, Daşoguzda “heşelle” diýen at bilen ýaýrapdyr. Ahal sebitlerinde toý 
aýdymlary “Leeran”, “Ýareýjan”,”Ýar-ýar” ady bilen bellidir. Emma dürli atlar 
bilen ýaýran bu aýdymlaryň tekstleri biri-birine meňzeşdir. Hemmesi-de toýa 
bagyşlanylan aýdymlardyr. 
Toý aýdymlary gadymy döwürlerde durmuşa çykarylýan gyzyň 
boýdaşlarynyň, onuň hossarlarynyň, gelin edinýänleriň dilinden aýdylypdyr. 
Gyzyň dilinden aýdylýan aýdymlaryň bentleriniň 2-nji we 4-nji setirleriniň 
soňunda “Ene jan”, “Eje jan” sözleri getirilýär. Şu setirleriň soňunda köplenç 
“Haý,öleň”, “Ýar-ýar”, Leeran” sözleri gaýtalanýar. 
Toý aýdymlary özüniň görnüşi, temasy, ýerine ýetirilişi boýunça 
tapawutlanýar. Olar aýal-gyzlar tarapyndan ýerine ýetirilip, toýy edilýän gyza 
hem ýigide, olaryň hossarlaryna bagyşlanýar. 
Bu aýdymlary durmuşa çykýan gyz heniz atasy öýündekä, onuň deň-
duşlary aýdýar.Ilkibaşda köplenç gepe çeper aýal aýdyp başlaýar.Toý gyzansoň, 
gyzyň töweregine ýygnananlar, gyzyň özi, hem hossarlary aýdyma goşulýar. 
Öleňleri gudalar-da, durmuşa çykýan gyzyň aýal dogany-da, gelnejesi-de, deň-
duşlary-da ýerine ýetirýärler. 
Gelnalyjy gelensoň, şagalaňyň üstüne täze gelenler- gelnajylar hem
goşulýar. Öleňler köp halatda iki tarap bolup, garşyma-garşy bolubam aýdylýar.
Toý aýdymlarynda gelin edinmek, gyz çykarmak däbi bilen 
baglanyşykda, her hili adatlar-ýigidi synlamakdan başlap, tä toý gutarýança 
däp-dessurlar azda-kände beýanyny tapýar: 

Download 1.05 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   7   8   9   10   11   12   13   14   ...   112




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling