Hojamyrat Goçmyradow


Download 1.05 Mb.
Pdf ko'rish
bet75/112
Sana14.02.2023
Hajmi1.05 Mb.
#1198126
1   ...   71   72   73   74   75   76   77   78   ...   112
Bog'liq
Goçmyradow H Türkmen halk döredijiligi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

Oglum-oglum, aý oglum, 
Men seniň etiňden iýeýinmi? 
Ýa porsy duşmanyň düşegine gireýinmi? 
Ataň- Gazanyň namysyny ýere çalaýynmy, 


117 
Näme edeýin, oglum?- 
diýýär. 
Aýal maşgala ar-namysyny perzentden hem ýokary goýýar, Emma perzent 
şu meselede enäni hem gaýgyrmaýar. 
Bu ne sözdür? Saklan hatyn ene, 
Meniň üstüme gelme, meniň üçin aglama, 
Goý meni çeňňele ursunlar, goý etimden kessinler, 
Gara gowurma etsinler, kyrk gyzyň öňüne eltsinler, 
Olar bir iýse, sen iki iýgil. 
 
Orazyň şu sözleri atasy Salyr Gazanyň ar-namysyny belent tutmaklyga 
çagyryş bolup ýaňlanýar. Oglunyň sözlerini eşiden Burla hatyn wepalylygyň, 
ar-namysyň nusgasyny görkezýär. 
Eposda milli oýunlaryň aglabasy ýatlanylýar. Göreş tutdurmak, ýaglyga 
towusmak, altyn gabak atdyrmak, ýaş oglanjyklaryň aşyk oýnamagy ýaly milli 
oýunlar eserde beýanyny tapýar. Aslyny Gorkut ata döwründen alyp gaýdýan 
göreş tutmak, pälwanlaryň güýç synanyşygy biziň şu günlerimizde-de dowam 
etdirilýär. 
Türkmen däp-dessurlaryna mahsus bolan aýratynlyklaryň ýene biri 
begençli wakany buşlamak, ýagny söýünjelemek, buşluk hakyny almak ýaly 
pursatlar hem ünsüňi çekýär. Eserde beýan edilişi ýaly, on alty ýyllap duşman 
gabawunda bolan Beýregiň boşap gelenini magşuk gyzy Çiçegiň onuň ene-
atasyna buşlaýan pursady, ine şeýle beýan edilýär: “On alty ýyllyk hesretiň, 
ogluň Beýrek geldi ahyr. Gaýyn ata, gaýyn ene, muştulyk, maňa ne werersiz”. 
Eposdan geçmişde türkmen durmuşynda aw awlamak, şikara çykmak ýaly 
däpleri hem yzarlamak bolýar. 
Ynsan durmuşynda hemişe toý, şatlyk-şagalaň bolup durmaýar. Toý bar 
ýerinde ýas hem, kynçylykly, gamly pursatlar hem bolýar. Toý däbinde, 
baýramçylyk, dabaraly günlerde gyzyl-ala geýinýän adamlar gamly günlerde 
diňe bir ruhy taýdan gyýylman, şoňa laýyklykda lybasyny hem üýtgedýär. 
Bezemen egin-başlaryny gara lybas bilen çalşyrýar. 
Oguz aýal-gyzlarynyň geýinýän eşiginde hem millilik bar. Gyzyl reňk 
türkmen halkynyň däbinde, esasanam aýal-gyzlaryň däbinde-eşiginde 
ýörgünlidir. Eserde gyzlar hemişe diýen ýaly gyzyl reňkli eşikde 
suratlandyrylýar. Sebäbi gyzyl reňkli, gyrmyzy köýnek geýmeklik türkmen 
zenanlaryna mahsus bolupdyr.Gyzyl reňke üns berlendigini halylaryň 
ýerliginiň-de gyzyl bolandygy bilenem düşündirmek bolar. 
Eserde miras düşmeklik, söweşde ýeňiş gazanan goç ýigitlere ülke 
paýlamaklyk ýaly däpler hem görkezilýär. 
“Gorkut ata” eposynda oguz türkmenleriniň adatlarynyň, däp-
dessurlarynyň häzirki döwürdäki adatlara ýakyndygyny subut edýän mysallaram 
az däl. Munuň şeýledigini hazire çenli saklanyp galan nakyllaram subut edýär. 


118 
Nakyllar eposda köplenç Gorkut atanyň wesýetleri, pata bermek görnüşinde 
berilýär. “Ogly bolan öýerermiş, gyzy bolan göçürermiş” däbine laýyklykda, 
sawçy bir ýere gudaçylyga gidip gelen wagty: “Oglanmysyň, gyzmysyň” 
diýlipdir. 
Bu aňlatma “Gurtmysyň, tilkimisiň” görnüşinde-de gelýär. Eger iş şowly 
bolsa, gudaçylyga giden “gurt” ýa-da “oglan” diýip jogap berýär. 
Umuman, “Gorkut ata” eposy taryhymyzy, däp-dessurlarymyzy, edebi 
mirasymyzy öwrenmekde gymmatly ýadygärlikdir. 
Milli däp-dessurlarymyz özüniň gözbaşyny türkmeniň dana gojasy Gorkut 
ata döwründen alyp gaýdýar. Şol däp-dessurlar “Gorkut ata” eposynda giň 
beýan edilýär. Bu ajaýyp eserde getirilen däp-dessurlar biziň häzirki 
günlerimizde hem özüniň ähmiýetini ýitirmeýär. 

Download 1.05 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   71   72   73   74   75   76   77   78   ...   112




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling