Hiç kim özüniň pikirini we ynam-ygtykadyny beýan etmegine ýa-da olardan
ýüz döndermegine mejbur edilip bilinmez.
Her bir adamyň döwlet ýa-da kanun arkaly goralýan gaýry syrlary özünde
saklaýan maglumatlardan başga maglumatlary kanunda gadagan edilmedik usulda
erkin gözlemäge, almaga we ýaýratmaga hukugy bardyr.
43-nji madda. Raýatlara kanunda bellenilen tertipde ýygnaklary,
ýygnanyşyklary, ýörişleri we beýleki köpçülikleýin çäreleri geçirmek azatlygy
kepillendirilýär.
44-nji madda. Raýatlar Konstitusiýanyň we kanunlaryň çäklerinde
hereket
edýän syýasy partiýalary we gaýry jemgyýetçilik birleşiklerini döretmäge
haklydyrlar.
Konstitusion gurluşy zorlukly üýtgetmegi maksat edinýän, öz işinde zorluga
ýol berýän, raýatlaryň konstitusion hukuklaryna we azatlyklaryna garşy çykyş
edýän, urşy, teniniň reňkiniň alamaty boýunça, milli, dini duşmançylygy wagyz
edýän, halkyň saglygyna we ahlaklylygyna kast edýän syýasy partiýalaryň we
gaýry jemgyýetçilik birleşikleriniň, şeýle hem milli ýa-da dini alamatlar boýunça
syýasy partiýalaryň döredilmegi we işlemegi gadagan edilýär.
45-nji madda. Türkmenistanyň raýatlarynyň jemgyýetiň we döwletiň işlerini
dolandyrmaga gös-göni, şeýle-de erkin saýlanan wekilleriniň üsti bilen gatnaşmaga
hukugy bardyr.
Do'stlaringiz bilan baham: