Magtymguly pyragy harby-watançylyk we gahrymançylyk barada «Namysly, gaýratly, arly goç ýigit, Söweş güni gurban eder başyny»


Download 18.03 Kb.
Sana31.01.2023
Hajmi18.03 Kb.
#1142422
Bog'liq
MAGTYMGULY HARBY-WATANÇYLYK


MAGTYMGULY PYRAGY HARBY-WATANÇYLYK WE GAHRYMANÇYLYK BARADA

«Namysly, gaýratly, arly goç ýigit,


Söweş güni gurban eder başyny».

«Goç ýigit demir galadyr».


«Ýüz namart bitirmez bir merdiň işin».


Döwlet gonsa goç ýigidiň başynda,
Hemaýatly ili gerek daşynda

Mert ýigitler gylyjyna daýanar,


Namart tuta bilmez golda çöp bolsa

«Goç ýigide toýdur-baýram,


Her iş gelse il biläni»

Magtymguly, söweş bolar,


Ýigidiň syry paş bolar,
Ýa başyn biýr, ýa baş alar,
Goç ýigit ýoldaş üstünde.
Ýigit öler ýurt üstünde,
Janyn berip ar üstünde,
goç ýigitler il üstünde
Namys bilen ar gerekdir.

Atda aýak bolsa, özge-syn bolmaz,


Ärde gaýrat bolsa, işi kyn bolmaz,
Söweş güni goç ýigitde müýn bolmaz,
Garşy bakar, peýkam-ýaýa seretmez.

Ýüňi ýeten goç ýigidiň ýanynda


Altmyş nedir, ýetmiş nedir, ýüz nedir...

Goç ýigit mal tapsa, hümmeti artar,


Namart peýda tapsa, köňlün dar eýlär.

Namart duşman görse, gussadan öler,


Goç ýigitler tördün, bäşin aňlamaz.

Mert oldur ki, bolsa köňli rehimli,


Göwresi giň gerek, özi pähimli,
Giň ýerde garga deý bolsun wehimli,
Ýerinde hünäri, işi gerekdir.

Atylan ok daşdan gaýtmaz,


Mert namardy adam öýtmez;
Golun kesseň, sözün aýtmaz,
Çyn merdana, goç ýigitler.

«Mert ýigitler atar, salar gylyjy»,


«Söweşde mert başdan geçer».


Mert ýanynda söweş tursa güýdelmez,


Magtymguly, öwüt bergil söz bile,
Eşiden deň bolmaz gören göz bile,
Mert çykar myhmana güler ýüz bile,
Namart özün gizlär, myhman ýoluksa
Goç ýigidiň at-ýaragy şaý bolsa,
Ýetişer, her ýerde haýda-haý bolsa.
Özi Hatam bolup, ýene baý bolsa,
Çar tarapdan myhman gelişin görüň.
Gaplaň kimin arlap girse meýdana,
Tilki kimin bazy berse her ýana,
Duranda gaýa dek durup merdana,
Alar ýerden at salyşy gerekdir.
Mertden bolan ýygyn görse, ýol baslar,
Namart ogly denin-dusun anlamaz.

Mert gerek jepa çekmäge,


At gerek dere sökmäge,
Supra ýaýyp, nan dökmäge,
Könlünin hümmeti gerek.

Mert ogludyr ile ýazar desterhan,


Dogry söz üstünde berer sirin jan,
Ömrüni ötgerer, diýmez bir ýalan,
Jäht eýläp, ýalan söz aýdyjy bodma.

Ozal akan ýerden akarmys aryk,


Özün öwen ýigdin tanapy çüýrük,
Mertden asna tutsan, abraýyna särik,
Namart asnasyna hile getirmis.

Magtymguly, ýüregimde dert dörär,


Kim görüpdir, koý içinden gurt dörär?
Eý ýaranlar, mert ýigitden mert dörär,
Kaçan turdy, namart ogly mert oldy?

Mertler ata çyksa söwes sarydyr,


Ýow üstüne ýörer ýoly türkmenin.
Download 18.03 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling