Elipbiý çemeleşme
Informasiýany ölçemekligiň elipbiý çemeleşme görnüşi informasiýany saklamagyň we geçirmegiň sifr (kompýuter) sistemalarynda ulanylýar. Bu sistemalarda informasiýany kodlamagyň ikilik usulyndan peýdalanylýar. Elipbiý çemeleşmede informasiýa mukdaryny kesgitlemek üçin saklanylýan we geçirilýän koduň ölçegi uly ähmiýete eýedir. Bilşimiz ýaly, i razrýadly ikilik koduň kömegi bilen N (N – 2-niň bitin derejesi) simwoldan durýan elipbiýi kodlamak bolýar. Bu ululyklar öz aralarynda
2 i =N formula arkaly baglanyşýarlar. Bu ýerde N sana elipbiýiň
kuwwaty diýilýär.
Elipbiý çemeleşmede informasiýanyň mukdaryny hasaplamak
Elipbiýiň her belgisi (simwoly) informasiýanyň käbir mukdaryna, ýagny käbir informasion agrama (i) eýedir. Ikilik elipbiýiň (iki belgiden ybarat) bir belgisiniň informasion agramy informasiýanyň iň kiçi birligi (1 bit) deregine kabul edilýär.
5. Täze temany berkitmek:Sorag-jogap alyşmak:
1. Informasiýany ölçemeklige elipbiý çemeleşme bilen informasiýanyň mazmunynyň arasynda baglanyşyk barmy?
2. Elipbiýiň kuwwaty näme?
3. Türkmen elipbiýiniň her bir harplarynyň informasion agramy näçä deň?
Gönükmeler
1. 64 simwolly elipbiýiň harplary bilen ýazylan habar 100
simwoly özünde saklaýan bolsa, bu habardaky informasiýanyň mukdaryny hasaplaň.
2. Habar 65 simwoldan ybarat bolup, 128 simwoly özünde
saklaýan elipbiýiň kömegi bilen ýazylypdyr. Bu habardaky
informasiýanyň mukdaryny hasaplamaly.
6. Öý işini tabşyrmak:
Geçilen täze temany okamak we özleşdirmek. §1 sah.8-15
7. Sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak: Soraglara takyk, dogry jogap beren, sapakda işjeňlik görkezip, temany gürrüň bermäge işjeň gatnaşan okuwçylar atlandyrylyp, olar bahalandyrylýar (bahalar synp žurnalyna, gündeliklere goýulýar).
Sapakda nämeler öwrendiňiz? Sapak gyzykly geçdimi?
Do'stlaringiz bilan baham: |