82
Ýewropa sazynyň dünýä halklarynyň arasynda ýaýra-
magy. Ýewropa sazy ösüşi boýunça örän uly basgançagy
basyp geçipdir we häzire çenli ösüp gelýär. Onuň dünýä
halklaryna bolan täsiri örän uly bolup, bu ýagdaýy
Garaşsyz Döwletleriň Arkadaşlygy halklarynyň saz medeniýe-
tiniň mysalynda görmek mümkin. Bu ýagdaý
ilki bilen rus
sazyna geçip barha ösüpdir, soňra başga halklaryň hata-
rynda gyrgyz, gazak, täjik,
hususan-da, özbek sazyna örän uly
täsir edip, özboluşly ugurda şekillenipdir.
Ýewropa sazynyň däpleriniň özbek sazyna girip gelme-
gi XX asyryň başlarynda bolup geçdi. Şol sanda, özbek
kompozitorlarynyň döredijiliginde bu hadysanyň täsiri başgaça
bolup, bütin asyryň dowamynda ösüpdir we özüniň belent
derejesine ýetipdir. Bu hadysalaryň kompozitorlarynyň
ilkinji
nesli W.Uspenskiý, S.Kozlowskiý, S,Wasilenko, R.Gliýerleriň,
T.Sadykow, M.Aşrafiý, I.Akbarow, T.Jalilow, M.Burhanow bilen
83
bolan döredijilik işlerinden başlanypdyr. Netijede özbek sazynda
Ýewropa mahsus bolan ýerlerde
kamer-saz guraly, opera, sim-
fonik eserler emele geldi. Hut şeýle hadysany biz başga Orta
Aziýa döwletlerinde hem görmek bolar.
Ýewropa klassyk sazlaryndan saýlap, namuna diňläň.
Torgaý sazyny nota garap ýerine ýetiriň:
TORGAÝ I
1. M.I.Glinkada saza bolan islegiň oýanmagynda daýhanlar orkestriniň roly
nämede?
2. Germaniýa we Italiýa saparlary Glinkanyň döredijiliginde nähili yz galdyrýar?
3. «Ruslan we Lýudmila» operasynyň döredilmegi barada aýdyp beriň.
4. Ispaniýa sapary hakynda aýdyp beriň.
5. «Komarinskaýa» simfonik fantaziýasynyň döredilişi hakynda aýdyp beriň.
?!