Soib begmatow saz 6-njy synp üçin derslik
-njy tema. HOREZM OAZISINIŇ KLASSYK SAZY
Download 463.45 Kb. Pdf ko'rish
|
musiqa 6 turkman
6-njy tema.
HOREZM OAZISINIŇ KLASSYK SAZY Horezm iň gadymy medeniýete eýe bolan, özüniň medeniýeti we sungaty bilen Orta Aziýa medeniýetiniň ösüşine uly goşant goşdy. Horezm klassyk sazy žanrlara baý. Özüniň mukamlary, mu- kam ýollarynda döreden klassyk saz we aýdymlary, özboluşly dessan ýerine ýetirijilik sungatlaryna eýedir. Horezm mukam- lary «Rast», «Buzruk», «Nowa», «Dugah», «Segah», «Irak» we «Panjgah» (doly bolmadyk bölüm)dan ybaratdyr. Umuman olara «Alty ýarym mukam» diýilýär. Horezm mukamlaryndan daşary bu oazise mahsus bolan «Su- wara», «Nagyş», «Farýod» ýaly klassyk aýdym we sazlar hem bar. Bular esasan Horezm klassyk sazynyň nusgalarydyr. Olaryň ýerine ýetirilişinde hem özboluşlylyk bardyr. Olar saz gurallary we aýdymyň ýerine ýetirilişinde aýdyň görünýär. XIX asyrda bolsa Horezm mukamlary «Horezm tanbur çyzygy» esasynda nota alnan. ?! 18 Horezm klassyk sazynyň ýene bir görnüşi bu dessan ýer- ine ýetirijiligidir. Çünki, bu oazisde dessanlar hem aýdym görnüşinde ýerine ýetirilýär. Dessan aýdýanlar halkyň arasynda bagşy ady bilen ýöredilýär (meselem, Balabagşy). Horezm oazisi klassyk ýerine ýetirijiligine degişli saz gural- lary aşakdakylardyr: tar, gyjak, goşatüýdük, tanbur, dutar, surnaý (bulaman, garmon) we dep. Horezm klassyk sazynyň halypalary Madrahim Şirgazy, Haji- han Baltaýew, Kämiljan Atanyýazowlardyr. “Suwara” we “Feruz I” eser lerini diň läň. ALIKAMBAR Horezm oazisiniň aýdymçy we sazandalar ansambly 19 1. Horezm oazisi hakynda nämeleri bilýärsiňiz? 2. Horezm klassyk sazy nusgalary hakynda aýdyp beriň. 3. Näçe sany Horezm mukamlaryny bilýärsiňiz? 4. Horezm dessançylyk sungaty hakynda aýdyp beriň. 5. «Alikambar» sazyndan nusga çalyp beriň. ?! Horezm oazisi dessançylyk sungaty, halkyň arasynda giň ýaýran žanr hasaplanýar. Oazise mahsus aýratynlyklara eýe bolan bu žanr özboluşly çerine ýetirijilik däpleri bilen başga oazislerden tapawutlanýar. Horezm dessan ýerine ýetirijiliginiň özboluşly ýerine etirijilik däplerinde açyk ses bilen aýdylýar. Adata görä, proza tekst hekaýa ýaly okalýar. Munda bagşy diňleýjileri özüne çekmek bilen birlikde wakany düşündirip geçýär, soňra dessanyň goşgy tekstini aýdym edip aýdýar. Horezm oazisinde ozaldan dessanlary dutar saz guralynyň kömeginde ýerine ýetirlip gеlipdir. Soňky wagtlarda dessan ýerine ýetirijiligi örän ösüşe eýe boldy. Onuň ýerine ýetirijilik ýollary hem köpeldi. Netijede ýerine ýetiriji bagşylar amalyýetinde, tar saz guraly we sazandalar ansamblynyň goşulyşmagynda ýerine ýetirmek giňden ýaýrady. Horezm oazisiniň dessan ýerine ýetirijiliginde meşhur bagşylar köp. Olaryň arasynda Balabagşy ady bilen halkyň arasynda meşhur bolan sungat işgäri – Kurbannazar Abdullaýеwdir. Horezm dessançylyk sungatynyň ýerine ýetirijilik tärleri. |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling