Türkmen halk döredijiligi
Download 1.41 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen halk döredijiligi II-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
Halky kyssalar. Jadyly ertekiler
84 Türkmen halk döredijiligi ullakan bir oba bakan ugrady. Güljahan oba baryp, erkek adamyň lybas- laryny, at-ýarag satyn alyp, iýer-içer ýaly dürli azyklar hem alypdyr. Gül- jahan ýene şol agajyň düýbüne gelip, nahar iýip, içip bolansoň, atyny münüp, çeşmäniň ugruny syrýar-da, şol daglyga baka gidiberýär. Güljahan az ýöräp, köp ýöräp, dag etegine baryp, hälki guşlaryň salgy beren deresine barýar. Ol guşlaryň diýen gowagyny tapyp, atyny deräniň içinde daňyp, gowaga girip gidiberýär. Bir salym gowagyň içi bilen ýöräpdir welin, çarbaglyga ýetipdir. Bu çarbaglygy görmäge göz gerek: güller açylyşyp, bilbiller saýraşyp, her tarapdan çeşmeler akyşyp ýatyrmyş. Gyz bu bagyň içinde birsalym aýlanýar. Aýlanyp ýörkä, ullakan bir howzuň kenarynda geýimlerini çykaryp, suwa düşüpdir. Güljahan suwa düşünip bolandan soň, geýimlerini geýip, ýene ugraberýär. Ol köp ýöremänkä, ynha, bir köşgüň üstünden barýar. Emma munda janly-jemende ýok ekeni. Bu gyz eýläk- beýläk göz gezdirip, bir ýerde oturýar welin, oňa deňiç bir garry aýal gelip: − Ýeri, gyz, bu ýerlere heniz adamzadyň aýagy düşen däldir, sen nädip düşdüň? Sen Güljahan bolaýma? − diýipdir. Gyz: − Hawa, men Güljahan − diýipdir. Onsoň ikisi görşüp, saglyk-aman- lyk soraşypdyr. Garry: − Eý, Güljahan, balam, ynha, seniň mirasyňa ençeme ýyldan bäri garawulçylyk çekip otyryn, ynha, zadyň, ynha-da açaryň, özüň indi zadyňa eýelik et! − diýipdir Güljahan açary alyp, garry bilen gidip, hemme hazynany alýar. Gyz derrew bu hazynadan bir horjuny dolduryp alýar-da, ýene açary garra berip: − Eý, ene, sen şuny şu çaka çenli saklapsyň, indi hem tä men gelýän- çäm saklap ber − diýip, garry bilen hoşlaşyp, yzyna gaýdýar. Gowagyň agzyna çykyp seretse, ynha, ýabysy otlap ýör. Ol ýabysyny münüp gidiberipdir. Gyz gidip barýarka: «Indi men su ýer haýsy patyşa degişli bolsa, şony tapyp, şu ýerden käriz gazmak, gala salmak üçin rugsat alaýyn, soň şol şäherden ökde ussalar, adamlar getirip, şäher saldyraýyn, Şirwanadylyň köşgünden hem gowy bolan köşk saldyraýyn» diýip oýla- nypdyr. Ol şol gidip barşyna çölüstanyň eýesi patyşanyň şäherine ýetipdir. Güljahan söwdagär şekiline girip, bir saraýa düşüp, ol ýerden hem bir jaý alyp ýerleşýär, dem-dynjyny alyp, ertesi, ilki bilen, patyşa laýyk birnäçe gymmatbaha sowgatlar alýar we erkek lybasyna girip, patyşanyň ýanyna görüşmäge gidýär. Patyşanyň ýasawullary baryp: 85 − Şeýle-şeýle, bir ýurtdan bir söwdagär gelipdir, ol siziň ýanyňyza girmäge rugsat soraýar − diýipdirler. Patyşa: − Giribersin − diýip rugsat edýär. Gyz salam berip, tagzym edipdir. − Ýokary ötüberiň − diýip, patyşa ýokardan orun görkezen. Gyz ge- tiren sowgatlaryny patyşanyň öňünde goýupdyr. Patyşa: − Ýeri, myhman, nireli bolarsyňyz? Bu şähere näme üçin düşdüňiz? − diýip sorapdyr. Gyz: − Men pylan ýurtdan bolaryn, siziň eýelik edýän ýeriňizde çölüstanlyk bar eken, şondan men käriz gazdyrjak, ana, şol çölüstanlygy maňa bahasy bilen satsaňyz diýip, siziň ýanyňyza geldim − diýýär. Patyşa bir salym oturyp: − Ýagşy ýigit, siz myhmanhana baryň, çaý-çörek iýip-içiň. Bizem wezir-wekiller bilen maslahatlaşyp göreliň, belki, şol çölüstanlygy size satarys − diýipdir. Myhmany myhmanhana eltip, her hili naharlar berip, hormat-hezzetler edipdirler. Patyşa wezirlerini çagyryp: − Ýeri, wezirler, bu gelen söwdagär-ä biziň şol çölüstanymyzy dileýär, şondan käriz gazdyrjak diýýär, hany, nähili görýärsiňiz, satarysmy? Eger satsak, näçä satarys? − diýip soraýar. Wezirleriň biri: − Patyşamyz, ol bir boş ýatan suwsuz çöl, ondan biziň görýän peý- damyz ýok, ony söwdagäre bermek gerek, ýöne ol çöli näçä berjegiňizi biz bilebilmeris − diýipdir. Onda başga bir weziri: − Aý, bir müň tümen berse bolar-la − diýipdir. Patyşa myhmany çagyryp: − Ýagşy ýigit, ynha, biz-ä wezirler bilen maslahat etdik, ol çöli saňa bermekçi bolduk, bahasy hem bir müň tümen – diýip aýdypdyr. Güljahan muňa begenip, derrew bir müň tümeni patyşanyň öňünde sanap goýup: − Patyşamyz, maňa ussa hem-de işlär ýaly adam alyp gitmäge hem rugsat ediň − diýipdir. Patyşa munuň hemme soran zadyny kanagatlandyrýar. Güljahan baza- ra baryp, özüniň köp pul berjegini aýdyp, gowy ussalary, işlär ýaly adamlary toplapdyr, köp-köp iş malyny satyn alypdyr. Bu gyz hemme gerek zadyny Download 1.41 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling