Türkmenistanyň Bilim ministrligi
Download 1.51 Mb. Pdf ko'rish
|
wlüýägulyýew M Türki ýurtlaryň taryhy-2010`HTTU
- Bu sahifa navigatsiya:
- Anadoly Seljukly Döwleti
Malazgirt Söweşi
Beýik Seljukly döwleti gurulmança başlaýan we Togrul begiň döwründe dowam eden Anadola ýörişler Soltan Alp Arslanyň döwründe öz miwesini beripdir. 1071-nji ýylyň 26-njy awgustynda Seljukly goşuny we Wizantiýa goşunu arasynda bolup geçen söweş türkmenleriň taryhy ýeňşi bilen tamamlanýar. Bu söweşiň netijesinde Anadolynyň gapylary Seljuklylara doly açylýar. Malazgirt söweşinden soňra Anadola giden türkmenler öňkilerden tapawutlylykda ol ýerlerde ýurt tutunypdyrlar. Malazgirt söweşinde Wizantiýanyň hökümdary Roman Diogen bir musulman türkmen hökümdaryna ýesir düşdi. Bu bagt türkmenleriň beýik soltany Alp Arslana nesip etdi. Soltan Alp Arslan ýesir hökümdaryň dogruçyllygy üçin ony bagyşlapdyr we yzyna paytagtyna iberipdir. Ýöne Diogeniň Wizantiýanyň täze hökümdary tarapyndan öldürilmegi netijesinde Soltan Alp Arslan şazadalaryna, serkerdelerine we türkmen halkyna Anadolynyň hemme ýerine ýaýramaklaryny buýrupdyr. Soltan Alp Arslanyň buýrugyny ýerine getiren türkmenler gysga wagtyň içinde Ortaýer deňziniň kenarýakalaryna çenli barypdyrlar. Malazgirt söweşinde ýeňilen Wizantiýa goşuny gaýdyp türkmenleriň garşysyna çykyp bilmändir. Şeýlelikde Anadolynyň türkmenleşmesi durmuşa geçipdir. 268 Anadoly Seljukly Döwleti Anadoly Seljukly döwletiniň ilkinji hökümdary Seljugyň agtygy Kutalmyşyň ogly Süleýmanşadyr. Ol Marmara deňzine tarap hereket edip 1075-nji ýylda Stambulyň gapdalyndaky Izniki eýeledi we bu ýeri Anadoly Seljukly döwletiniň paýtagtyna öwürmek bilen öz döwletiniň düýbüni tutdy. Ýarym asyrdan gowrak dowam eden göreşden soňra Süleýman şa tarapyndan düýbi tutulan Anadoly Seljukly döwleti, häzirki Türkiýe topraklaryndaky ilkinji türkmen döwletidir. Süleýman şanyň 1086-njy ýylda ölüminden soňra Anadoly Seljukly döwleti 1086-1092-nji ýyllar arasynda hökümdarsyz galypdyr. 1092-nji ýylda Süleýman şanyň ogly Gylyç Arslan soltanlygyny yglan edýär. Soltan Gylyç Arslan özüniň hökümdarlygynda haçlylar garşy uly göreş alyp barypdyr. XI asyryň soňlarynda Watikanyň baştutanlygynda Günbatar Ýewropada, Hezreti Isanyň dogan şäheri bolan Ierusalimi musulmanlardan ―arassalamak‖ üçin herekete geçmek pikiri orta çykdy. Bu maksat bilen Papa Urban II-niň tagallalary bilen Stambula gelen 600 müň adamlyk haçly goşuny, Wizantiýa imparatory Aleksios tarapyndan 1096-njy ýylda Anadoly tarapyna geçirildi. Seljuklylar bu agyr haçly goşunyny Izmit ýakynlarynda ýeňlişe sezewar etdiler. Haçlylaryň uly bir bölegi öldürüldi, sag galanlar bolsa Stambula gaçdylar. 1097-nji ýylda täzeden herekete geçen haçly goşuny Anadoly Seljukly döwletiniň paýtagty Izniki gabadylar. Netijede Seljuklylar Iznikden çekilmäge mejbur boldylar. Şeýlelikde Anadoly Seljukly döwleti Marmara kenarýakalryny taşlap Anadolynyň ortalaryna çekildiler. Soltan Gylyç Arslan paýtagt Iznikiň Wizantiýa tarapyndan eýelenmegi netijesinde Konýany öz döwletiniň paýtagty diýip yglan etdi. Bu ýerde 269 Soltan Gylyç Arslanyň ýolbaşçylygyndaky Seljukly goşunlary 1101-nji ýylda Siriýa tarapyna gidip barýan haçlylary agyr bir ýeňlişe sezewar etdi. Soltan Gylyç Arslanyň bu ýeňşi haçlylaryň Siriýa taraplaryna hereketleriniň öňüni alypdyr. Seljukly soltany Anadolynyň dürli ýerlerinde haçlylara garşy mertlerçe söweşip olaryň basybalyjylykly hereketiniň öňüni aldy. Soltan Gylyç Arslan on bäş ýyllyk hökümdarlygynda bir tarapdan Wizantiýa, beýleki tarapdan haçlylara garşy kyn şertlerde göreşipdir. Soltan Gylyç Arslanyň agtygy Soltan Gylyç Arslan II-niň döwründe (1155-1192) Malazgirt söweşinden soňra Wizantiýa garşy ikinji uly ýeňiş gazanyldy. 1176-njy ýylyň sentýabr aýynda Mýrakefalon jülgesinde bolup geçen söweşde Wizantiýa goşuny uly bir zarba alypdyr. Taryhy ýeňlişe sezewar bolan Wizantiýa söweş jerimesi hökmünde Seljukly döwletine 100 müň altyn tölemäge mejbur bolupdyr. Bu ýenişden soňra Anadolyny täzeden eýelemek isleýän Wizantiýa Seljuklylara garşy goranyşda bolupdyr we şeýlelik bilen üstünlik Anadoly Seljukly döwletiniň eline geçipdir. Taryhy ýeňişden soňra Soltan Gylyç Arslan II bütin musulman hökümdarlara fetihnama iberipdir. Anadoly Seljukly döwletiniň taryhynda Aladdin Keýkubadyň döwri (1220-1237) galkynyş döwri diýlip atlanydyrylýar. Taryhy çeşmelerde ―Beýik Soltan‖ diýlip atlandyrylan Aladdin Keýkubatyň 17 ýyllyk hökümdarlygynda Anadoluda syýasy we harby üstünlikler gazanmak bilen bir hatarda, döwletiň ykdysadyýet we medeniýet taýdan galkynmagyna uly hyzmat edipdir. Ol halkara söwda ýollarynyň asudalygyny goramak bilen bu söwdanyň has hem kämilleşmegi üçin kerwensaraýlar gurdurypdyr. Ylym, medeniyet we sungat adamlaryny golastynda saklan Aladdin Keýkubat, mongol çozuşlaryndan gaçan türküstanly we eýranly alymlary, şahyrlary, sungat adamlaryny Anadoluda ýerleşdirip, olara 270 hemaýat edipdir. Şeýle-de Seljukly şäherlerinde köp sanly galalar, metjitler, medreseler, köprüler, hassahanalar gurduryp halkyna uly bir mirasy ýadygärlik goýupdyr. Aladdin Keýkubadyň ölümünden soňra onuň ogly Gyýaseddin Keýhüsrewiň döwründe (1237-1246) Anadoly Seljukly uly bir betbadtçylyga sezewar boldy. Gyýaseddin Keýhüsrewiň tejribesiz, başarnyksyz we döwlet işlerini ýöretmek ukybynyň bolmaýyşy döwletiň çökmegine sebäp bolan wakalara sezewar etdi. Bu wakalaryň içinde iň agyry mongollar bilen bolup geçen Kösedag söweşidir. Günbatara tarap gelýän mongollar 1242-nji ýylda Anadoly topraklaryna gadamlaryny basdylar. Gyýaseddin Keýhüsrew 80 müň adamlyk goşun ýygnap Siwasa geldi. Ýanyndaky tejribeli serkerdeler mongollara Siwasda garaşaly diýseler hem öz diýenini tutup duran Seljukly soltany Kösedaga tarap hereket etdi. Ýolda ýadan Seljukly goşunyndan 20 müň kişi, soltanyň buýrugy bilen mongollaryň üstüne çozdy. Mongollar gaçan bolup, gysga wagtyň içinde yzlaryna dolandylar we Seljukly goşunyny derbi-dagyn etdiler. Seljukly goşuny aljyrap näme etjegini bilmän durka, Soltan Gyýaseddin Keýhüsrew aglap, Tokat we Ankaranyň üstünden Antalýa gaçdy. Başsyz galan Seljukly goşunymongollar bilen söweşmän dagady we uly bir ýeňlişe sezewar boldy. Şeylelikde 80 müň adamlyk uly bir Seljukly goşuny, soltanyň gorkaklygy we ukypsyzlygy, tejribeli döwlet adamlaryna, serkedelere ähmiýet bermezligi we taktiki ýalňyşlyklar sebäbi bilen türkmen taryhynyň hiçbir döwründe duş gelinmeýän ýagdaýda çykgynsyz ýagdaýa düşdi. Bu ýagdaýa mongollaryň özleri hem hayran galypdyr, hat-da olar munyň bir söweş hilesi bolup biljegini pikir edipdirler, ýöne hakykat derrew orta çykypdyr. Mongollar Anadolyda uly bir ýykgynçylyk edipdirler, köp sanly olja ýygnapdyrlar. 271 Soltan Gyýaseddin Keýhüsrewden soňra Anadoly Seljukly döwletinde çöküş döwri başlapdyr. Anadoly Seljukly döwleti Gylyç Arslan V-niň döwründe, has takygy 1318-nji ýylda ýykyldy. Download 1.51 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling