Türkmenistanyň Bilim ministrligi


Download 1.51 Mb.
Pdf ko'rish
bet105/130
Sana21.04.2023
Hajmi1.51 Mb.
#1367924
1   ...   101   102   103   104   105   106   107   108   ...   130
Bog'liq
wlüýägulyýew M Türki ýurtlaryň taryhy-2010`HTTU

Soltan Ýyldyrym Baýezit 
Soltan Myradyň şehit bolmagy bilen ýerine uly ogly 
Ýyldyrym Baýezit Osmanly tagtyna çykdy. Soltan Ýyldyrym 
Baýezidiň döwründe Osmanly döwleti Ýewropada we 
Anadolyda uly üstünlikler gazandy. Ol özüniň hökümdarlygy 
döwründe Anadolydaky türkmen begliklerini döwletiniň 
golastyna almagy başardy. 1396-njy ýylda Wengriýanyň 
ýolbaşçylygynda Wizantiýa we beýleki Ýewropa döwletleriniň 
hem goşulmagy bilen uly bir haçly goşunyna garşy Ýyldyrym 
Baýezidiň goşuny arasynda bolup geçen söweşde Osmanly 
döwleti taryhy ähmiýetli uly ýeňiş gazandy. Osmanly 
taryhçylary tarapyndan Nigbolu söweşi diýlip atlandyrylan bu 
beýik ýeňiş Osmanly türkmen döwletiniň taryhyndaky möhüm 
taryhy wakalaryň biri diýlip hasaplanylýar. Çünki bu taryhy 
beýik ýeňiş sebäpli, Soltan Baýezidiň ölüminden soňra döwletiň 
içindäki galagopluk döwründe haçlylaryň birisi hem Osmanly 
dölwetiniň üstüne çozmaga milt edip bilmändirler.
XIV asyryň soňlarynda Merkezi Aziýada, Demirgazyk 
Hindistanda we Eýranda uly ýeňişler gazanyp öz döwletini 
galkyndyran Emir Teýmirleň (Timur) bilen Soltan Ýyldyrym 


281 
Baýezidiň arasynda bolup geçen wakalar Osmanly döwletiniň 
pajygaly ýyllarydyr. XV asyryň başynda has takygy 1402-nji 
ýylyň 28-nji iýulynda Teýmirli döwleti bilen Osmanly 
döwletiniň arasynda bolup geçen Ankara söweşinde Emir 
Teýmirleň uly ýeňiş gazandy. Bu söweşde Emir Teýmirleňiň 
goşunynyň sany 160 müň adamdan ybarat bolup, şeýle hem 32 
sany pil bardy. Soltan Ýyldyrym Baýezidiň goşuny bolsa 70 
müň adamdan ybaratdy. Ýagny Teýmirleň bu söweşe gaty uly 
ähmiýet beripdi. Netijede Osmanly goşuny derbi dagyn edildi
Soltan Ýyldyrm Baýezit bolsa ýesir düşdi. Ýesir soltan 
Teýmirleňiň hut özi tarapyndan garşylandy we Osmanly 
soltanyna hormat goýlupdyr.
Teýmirleň gysga wagtyň içinde günbatar Anadolydaky 
topraklary hem eýeledi we türkmen begliklerine ýerlerini yzyna 
gaýdyp berdi. Şeýlelik bilen Teýmirleň bu türkmen begliklerini 
özüne tabyn kyldy. Teýmirleňiň Anadolynyň günbatar tarapyna 
eden ýörişinde ýesir soltan hem ýany bilen äkidilipdir. 
Ýyldyrym Baýezit Teýmirleňiň 15 gün ýaly gysga wagtyň 
içinde Izmiri basyp alyşyna haýran galypdyr. Baýezit 8 aýlap 
ýesirlkde bolupdyr we Teýmirleňiň özüni Samarkanda äkitjegini 
eşiden badyna barmagyndaky ýüzügünüň gaşynyň astyndaky 
zäheri içip 1403-nji ýylyň 9-njy martynda ýogalypdyr.

Download 1.51 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   101   102   103   104   105   106   107   108   ...   130




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling