Türkmenistanyň Bilim ministrligi


Osmanly türkmen döwletinde galagopluk döwri


Download 1.51 Mb.
Pdf ko'rish
bet106/130
Sana21.04.2023
Hajmi1.51 Mb.
#1367924
1   ...   102   103   104   105   106   107   108   109   ...   130
Bog'liq
wlüýägulyýew M Türki ýurtlaryň taryhy-2010`HTTU

Osmanly türkmen döwletinde galagopluk döwri 
Osmanly döwletiniň goşunynyň Ankara söweşinde 
ýeňilmegi netijesinde Anadoludaky türkmen beglikleriniň 
hökümdarlary topraklaryny yzyna aldylar we Osmanly 
şazadalarynyň arasynda tagt ugrunda göreş başlady.
Teýmirleňiň esas maksady beýik we kuwwatly Osmanly 
döwletiniň ýerine özüne tabyn birnäçe Osmanly begligini 
meýdana getirmekdi. Şol sebäpli hem ol öň Anadoly beglerine 
degişli bolan topraklary olara gaýtaryp berdi, galan Osmanly 


282 
topraklaryny bolsa Baýezidiň dört ogluna paýlap beripdir. 
Şeýlelikde Teýmirleňiň Osmanly döwletiniň topraklaryny 
şazadalaryň arasynda paýlap bermegi bilen 11 ýyllap döwletiň 
içinde galagopluk ýagdaý bolupdyr, ýörişler durupdyr. Bu 
döwürde Osmanly şazadalary Süleýman Çelebi, Isa Çelebi, 
Mehmet Çelebi we Musa Çelebi birbirleri bilen söweşipdirler. 
Netijede 1413-nji ýylda Mehmet Çelebi Osmanly döwletiniň 
başyna geçmegi başarypdyr. 
Osmanly türkmen döwletinde galkynyş döwri 
 
Fatyh Soltan Mehmet 
Osmanly döwletiniň galkynyş döwrüniň başlangyjy 
Soltan Mehmet II-niň ýa-da meşhur ady bilen Fatyh Soltan 
Mehmediň 1451-nji ýylda tagta çykmagy bilen başlanýar. 
Soltan Mehmet II-niň döwri taryhçylar tarapyndan ―Orta asyryň 
ýapylyp täze döwrüň başlangyjy‖ diýlip hem kabul edilýär. 
Soltan Mehmet II-niň döwrüniň iň esasy wakasy 1453-nji ýylda 
Osmanly 
goşunynyň 
Wizantiýanyň 
ýüregi 
bolan 
Konstantinopoly (häzirki Stambul) eýelemegidir. 1453-nji ýylyň 
29-njy maýynyň sişenbe güni Fatyh Soltan Mehmet 
Wizantiýanyň 1125 ýyllyk paýtagty Stambula girdi. 
Fatyh Soltan Mehmet 1459-njy ýylda Serbiýa we 1463-
nji ýylda Morany eýeläninden soňra 1468-nji ýylda Albaniýa, 
Eflak, Bogdan (Moldawiýa) we Bosnany hem Osmanly 
döwletiniň häkimiýeti astna aldy. 1472-nji ýylda iki türkmen 
döwletiniň hökümdarlary, ýagny Osmanly türkmen döwletiniň 
soltany bilen Akgoýunly türkmen döwletiniň hökümdary Uzyn 
Hasan arasynda bolup geçen Otlukbili söweşi Osmanlylaryň 
taryhy ýeňşi bilen tamamlandy. Fatyh Soltan Mehmet özüniň 
hökümdarlygynda wenesiýalylar bilen 16 ýyllap söweşdi we 
1479-njy ýyldaky şertnama bilen olary salgyt tölemäge mejbur 


283 
etdi. Osmanly döwletiniň bu beýik hökümdary 1475-nji ýylda 
Krym ýarym adasyny hem özüne tabyn kylyp döwletini 
imperatorluk derejesine çykardy. 
Fatyh Soltan Mehmet 1481-nji ýylyň 4-nji maýynda 
hassalanyp ýogaldy. Ol Stambuly eýelemek bilen 1100 ýyllyk 
Gündogar Rim Imperatorlugyny ýykyp Fatyh ünwanyny aldy. 
Ol 1481-nji ýyla çenli 30 ýyllap soltanlyk etdi we hut özi 25 
ýörişe gatnaşdy. Ol Stambuly eýeläninden soňra ilkinji juma 
namazyny metjide öwrülen Hristiýanlaryň meşhur ybadathanasy 
bolan Aýasofýada okapdyr. Häzirki döwürde Aziýa sebitiniň iň 
meşhur söwda merkezlerinden biri bolan Stambuldaky Kapaly 
çarşy Fatyh Soltan Mehmediň döwründe gurlupdyr. Bu beýik 
türkmen soltany bu ýagty jahana gözlerini ýumanda Ýewropany 
titredýän beýik bir döwleti miras goýupdyr. Fatyh Soltan 
Mehmediň gubury Stambuldadyr.

Download 1.51 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   102   103   104   105   106   107   108   109   ...   130




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling