289
etmegdir. Ýöne bu mejlisdäki deputatlar bu Kanuny Esasynyň
soltanyň häkimiýetiniň serhetlerini örän giňiş tutýandygyny
aýdyp garşy çykmaga başlamagy netijesinde 1877-nji ýylda
Soltan Abdülhamit II bu Konstitusiýany düýbünden ýatyrypdyr,
mejlisi bolsa dargadypdyr.
Aýastefanos şertnamasy
Soltan Abdülhamit II-niň hökümdarlygynyň başlarynda
1877-1878-nji ýyldaky osmanly-rus söweşinde Russiýa goşuny
Stambulyň etegine çenli gelmegi başarypdyr. Kyn ýagdaýda
galan soltan ruslar bilen Aýastefanos şertnamasyna gol çekipdir
(1878). Bu şertnama bilen Osmanly döwletiniň demirgazyk-
gündogar sebitleri Russiýanyň golsatyna geçipdir. Angliýa
Ayastefanos şertnamasyny
bahana edip, yagny Russiýanyň
günorta tarap gelmeginiň öňüni aljakdygyny bahanalap 1878-nji
ýylda Osmanly döwleti garşy bolsa-da Kipre ýerleşipdir.
Hijaz demirýoly
Soltan Abdülhamit II Panislamizm ýagny Yslamjylyk
ideologiýasyny güýçli derejede ulanmagy başaran Osmanly
patyşasydyr. Onuň iň beýik eserlerinden
biri hem Hijaz demir
ýolydyr. 1901-1908-nji ýyllar arasynda tamamlanan demirýoly
Şam-Medine arasyny bir-birine baglapdyr. Bu demir ýoluň
gurluşygy üçin gerekli harajatlar diňe musulmanlardan
ýygnanypdyr we gurluşygynda-da diňe musulmanlar işläpdirler.
Do'stlaringiz bilan baham: