293
Çanakgala bogazynda durzuryldy. Suw ýoly bilen geçip
bilmejegini aňan iňlisler we fransuzlar pyýada goşunlaryny
Geliboly
ýarymadasyna
iberdiler.
Mustafa
Kemalyň
baştutanlygyndaky türk esgerleri duşman
bilen toprakda-da
dişini dyrnagyna dakyp söweşdi we 1916-njy ýylyň 8-9-njy
ýanwarynda iňlisler we fransuzlar Çanakgala frontyndaky
esgerlerini dolulygyna yzyna çekdiler.
Bu söweşiň netijesinde 200 müň töweregi türk ynsany
şehit bolupdyr. Iňlisleriň we fransuzlaryň ýitgileri hem 250 müň
töweregidir. Şeýle hem bu söweşiň türkleriň taryhy ýeňşi bilen
tamamlanmagy
netijesinde, Birinji jahan urşunyň uzamagyna
sebäp bolupdyr.
Mondros şertnamasy
1918-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda Mondros şertnamasy
bilen Osmnly döwleti Birinji jahan urşundan çekilipdir. 25
maddalyk bu şertnamanyň esasanam 7-nji we 24-nji maddalary
Osmanly döwletiniň garaşsyzlygyna zeper beren maddalardyr.
Muňa görä soýuzdaş döwletler, Osmanly döwletinde haýsy hem
bolsa özlerine garşy bir howp salyjy ýagdaý ýüze çykan
halatynda bu sebiti basyp almaklyk hakyna eýedirler. Şeýle hem
Osmanly döwletiniň alty welaýatynda ýagny, Erzurum, Wan,
Harput, Siwas, Bitlis we Diýarbakyrda mesele ýüze çykan
halatynda bu sebitleri basyp almaga hukuk gazandylar.
Osmanly döwleti Birinji jahan urşunda 2 850 000 kişini
söweşe çagyrypdyr, olardan 2 290 000-üni dürli sebäplerden
(şehit, hassa, tussag we şm.) ýitiripdir.
Do'stlaringiz bilan baham: