Türkmenistanyň Bilim ministrligi


Download 1.51 Mb.
Pdf ko'rish
bet115/130
Sana21.04.2023
Hajmi1.51 Mb.
#1367924
1   ...   111   112   113   114   115   116   117   118   ...   130
Bog'liq
wlüýägulyýew M Türki ýurtlaryň taryhy-2010`HTTU

Medeniyet we ylym 
Osmanly türkmen döwleti ylym-bilime aýratyn sarpa 
goýan döwletleriň başynda gelýär. Olar ylymda türkmenleriň 
asyrlardan bäri dowam edip gelýän medeniýetleri bilen Yslam 


294 
medeniýetini birleşdiripdirler. Şeýle hem höküm süren 
topraklardaky 
we 
Ýewropadaky 
medeniýetden 
hem 
peýdalanypdyrlar.
Osmanly döwletinde başlangyç bilim sybýan mekdepleri 
diýlip atlanyrylýan mekdeplerde berlipdir. Bu mekdepler 5-6 
ýaşlaryndaky çagalara okamagy, ýazmagy, käbir dini bilgileri 
we ýeňil matematikany öwretmek üçin gurlan mekdeplerdir. 
Sybýan mekdepleri Osmanly döwletinde dürli atlar bilen 
atlandyrylypdyr: 
Darut-talim, 
Darul-ilm, 
Mugallymhana, 
Mektep, Mektephana, Mahalle mektebi, Taş mektep, Mektebi 
Ibtidaiye we Sybýan mektebi. Bu mekdepleriň mugallymyna 
―mugallym‖, kömekçisine ―kalfa‖, okuwçylaryna bolsa ―talaba, 
suhte, tilmiz, puser we şägirt‖ diýlipdir.
Bilimlerini 
artdyrmak 
isleýänler 
medreselerde 
okuwlaryna dowam edipdirler. Medreseleriň mugallymlaryna 
müderris, okuwçylara bolsa danyşmen, talaba diýlipdir. 
Osmanlylar medrese guranlarynda özlerinden öňki Seljuklylary 
we 
Anadoly 
begliklerini 
mysal 
edip 
alypdyrlar. 
Bu 
medreselerde Şam, Müsür, Bagdat we Samarkandda okap bilim 
alan alymlar dersler beripdirler. Osmanly döwletinde hakyky 
manyda medrese ulgamy Fatyh Soltan Mehmediň döwründe 
gurlupdyr. Bu ulgam Osmanly medrese ulagmynyň oňurgasy 
bolupdyr. 
Osmanly döwletinde harby bilime aýratyn üns 
beripdirler. Şol maksat bilen hem ―ajemioglanlar ojagy‖, 
―ýeniçeri ojaklary‖ we ―enderun‖ atly bilim berýän edaralarda 
oglanlara ýörite harby terbiýe we bilim berlipdir. 
Şeýle hem her ýaşdaky halka elmydama açyk bolan 
ýerlerde hem ylym-bilim berlipdir. Osmanly döwletinde 
metjitler diňe bir ybadat edilýän ýer däl-de eýsem halk 
köpçüligine ylym-bilim berýän hyzmat ―öýi‖ bolupdyr.


295 
Osmanly 
metjitleriniň 
aglabasynyň 
kitaphanasy 
bolupdyr. Şeýle hem hususy kitaphanalar hem halka hyzmat 
edipdir. Kitaphanalar bir tarapdan halky kitap bilen üpjün edýän 
bolsa, başga bir tarapdan bolsa bu ýerde işleýän ylym-bilimli 
adamlar halkyň bilim derejesini artdyrmak üçin işler alyp 
barypdyrlar.
Her ýaşdaky halkyň ylym-bilim bilen baglanyşykly 
gyzykly söhbetlere gatnaşýan ýerleriniň biri hem kitap satylýan 
ýerler boludyr. Alymlaryň, talabalaryň we kitap bilen 
gyzyklanýanlaryň üýşýän ýeri bolan kitap dükanlarynda ylmy 
söhbetler gurnalypdyr, jedeller bolupdyr. Kitap satyş ýerleri 
ylym-bilimiň ýeri bolşy ýaly, kitap satyjylar hem gymmatly 
kitaplary halka ýetirmek bilen halkyň aňyýetiniň derejesini 
artdyrmakda möhüm wezipäni alyp barypdyrlar. 
Osmanly döwletinde Soltan Mahmyt II-niň döwründe 
1839-nji ýylda ―rüşdiýeler‖ açylypdyr. Rüşdiýe mekdepleri 
dereje bpýunça sybýan mekdepleriniň üstünde bolupdyr. 
Rüşdiýelere başda diňe musulman talabalar alynýan bolsa, 
1867-nji ýyldan başlap musulman bolmaýanlaryň çagalary hem 
alynmaga başlapdyr. Rüşdiýeler 4 ýyllyk bolupdyr. 1869-njy 
ýylda rüşdiýeleriň dowamy hökmünde 3 ýyllyk idadi okuwlary 
açylypdyr. 1867-nji ýylda rüşdiýe we idadiniň üstündäki sultani 
mekdepleri açylypdyr. Sultanileriň açylmagyna Soltan 
Abdülaziziň 1867-nji ýyldaky Pariže bolan zyýaraty sebäp 
bolupdyr. Bu ýerde soltan fransuz mekdeplerini halapdyr we 
Stambula gelip 1868-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda fransuz 
liseýleriniň modelindäki Galatasaraý sultanisini açypdyr. 
Sultaniler 5 ýyllyk okuwlar bolup, soňra 3 ýylyk taýýarlyk hem 
goşulypdyr we jemi 8 ýylda tamamlanypdyr.
Osmanly döwletinde ýokary okuw mekdepleriniň 
derejesindäki mekdepler XVIII asyryň ortalarynda XIX asyryň 
başlarynda açylypdyr. Olardan ―Mekdebi mülkiýei şahane‖ 


296 
1859-njy ýylda, ―Hendesei mülkiýe mekdebi‖ 1883-nji ýylda, 
―Mekdebi tybbyýeýi şahane‖ 1867-nji ýylda, ―Mekdebi hukuki 
şahane‖ 1880-nji ýylda, ―Tijaret mekdebi‖ 1882-nji ýylda, 
―Darül muallimin‖ 1848-nji ýylda we ―Darül-fünun‖ 1863-nji 
ýylda açyldy.
Şeýle hem Osmanly döwletinde Möwlana Jelaleddin 
Rumynyň Mesnewisini öwretmek maksady bilen 1844-nji ýylda 
Stambulda ―‖Darül mesnewi açylypdyr. 1918-nji yylda 
şeýhulyslamlyga (din işlerine) bagly gurulan ―Darul-Hikmetül-
Yslamiýe‖ atly edara ynsanlara yslamy tanatmak maksady bilen 
gurlupdyr.
Osmanly döwletindäki ilkinji Ylymlar Akademiýasy 
bolan ―Enjümen-i Daniş‖ 1851-nji ýylda açylypdyr. Enjümeni 
Danişiň alymlaryň arasyndan saýlanan 70 agzasy bolupdyr. 
Olardan 40 sanysy hökmany suratda günbatar dillerinden birini 
gowy derejede bilipdirler. Enjümeni Danişiň esas maksady türk 
dilini kämillleşdirmek, Darul Fünuna gerekli we beýleki dürli 
ylmy kitaplary ýazmak we terjime etmekden ybarat boupdyr.
Sadrazam Fuat Paşa we Ahmet Jewdet Efendiler bu 
ýerde ýazylan ilkinji eser bolan ―Kawaidi Osmaniýeyi‖ Soltan 
Abdülmejide sowgat etdiler. Şeýle hem Ahmet Jewdet Paşa iki 
jiltlik Osmanly taryhyny bu ýerde taýýarlapdyr. 
Daşary ýurtly alymlardan meşhur iňlis gündogarşynasy 
James W. Redhouse, nemes taryhçysy Hammer we fransuz 
gündogarşynasy Bianchi bu ylym ojagynyň agzalary 
bolupdyrlar. 
Ylymlar Akademiyasyna ilki başlarda diňe alymlar agza 
bolan bolsalar, soňralary käbir syýasatçylar hem agza bolmaga 
başlapdyrlar we munyň netijesinde alymlar bir tarapa itilipdir. 
Şeýlelikde akademiýa özünden talap edilenleri berip bilmändir 
we 1862-nji ýyldan soňra dargapdyr.


297 
Osmanly döwletiniň medeniýeti düýbi görünmeýän 
ummandyr. 600 ýyllyk bu döwlet özboluşly arhitekturasy, 
ylym-bilim, aýdym-saz sungaty, tagamlary, lybaslary, beýik 
şahsyýetleri, galalary, hammamlary, kitaphanalary, eserleri
metjitleri, 
keramika 
sungaty, 
haly 
sungaty, köprüleri, 
hassahanalary, diwan edebiýaty, halk edebiýaty, kartajylygy we 
ýene-ýeneleri bilen dünýä taryhynda we medeniýetinde öçmejek 
yzlar goýandyr.

Download 1.51 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   111   112   113   114   115   116   117   118   ...   130




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling