Türkmenistanyň Bilim ministrligi


III BÖLÜM  Türkiýe Respublikasy


Download 1.51 Mb.
Pdf ko'rish
bet116/130
Sana21.04.2023
Hajmi1.51 Mb.
#1367924
1   ...   112   113   114   115   116   117   118   119   ...   130
Bog'liq
wlüýägulyýew M Türki ýurtlaryň taryhy-2010`HTTU

III BÖLÜM 
Türkiýe Respublikasy
(1918-2010) 
 
Milli azat-edijilik hereketiniň başlanmagy 
Mondros şertnamasy bilen Birinji jahan urşundan çekilen 
Osmanly döwleti bu söweşde ýeňiş gazanan döwletlerden 
topraklaryny goramaklygyň aladasyny edipdir. 1919-njy ýylyň 
15-nji maýynda soýuzdaş döwletleriň goldawy bilen Gresiýa 
Izmire girdi we örän köp gan döküp, binalary ýakyp 
Anadolynyň günbataryndaky şäheri basyp aldy.
Şol wagtlarda Stambulda bolan Mustafa Kemal ýurduny 
duşmandan goramak üçin täze strategiýanyň üstünde işleýärdi. 
Mustafa Kemala görä Osmanly döwleti öz möwrüdini 
doldurandyr. Watan bölünendir. Patyşa, halyf, hökümet 
manysyz boş sözlerdir. Ortada bir hakykat bardyr, ol hem eziz 
Watan Anadolydyr. Bu ýagdaýda ol kararyny beripdir: Garaşsyz 
türk döwletini gurmaly…
Mustafa Kemal bu düşünjesini durmuşa geçirmek üçin 
garaşýan pursady 1919-njy ýylyň maý aýynda gelýär. Bu 
döwürde Samsun we töwereginde bidüzgünçiliklerin çykmagy 
netijesinde Osmanly hökümedi ony ol ýere ibermekligi makul 
bildi.


298 
1919-njy ýylyň 19-njy maýynda Samsuna gelen Mustafa 
Kemalyň bu gelişi, täze dogjak döwletiň buşlukçysydyr. Ol bu 
sebitde düşünjelerini kämilleşdirip 1919-njy ýylyň iýulynda 
Erzurumda we sentýabrynda-da Siwasda halk bilen gujaklaşýar, 
olaryň goldawyny alýar. Dekabr aýynda Ankara gelen M. 
Kemal bu ýeri milli azat edijilik hereketiniň merkezi edip 
saýlaýar. 
M. Kemalyň hereketlerini üns berip synlaýan 
soýuzdaşlar, 1920-nji ýylyň 16-njy martynda Osmanly 
döwletiniň paýtagty Stambuly basyp alýarlar. Stambulyň 
basylyp 
alynmagy 
Osmanly 
döwletiniň 
ýykylyşyny 
çaltlaşdyrypdyr. 
Stambulyň basylyp alynyşyny we Osmanly patyşasynyň 
elinden hiç zadyň gelmeýişini uzakdan synlaýan Ankaradaky 
milli azat edijiler, 1920-nji ýylyň 23-nji aprelinde Ankarada 
―Türkýe beýik millet mejlisini‖ açdylar we Mustafa Kemaly 
mejlisiň başlyklygyna saýladylar. Mejlisiň açylmagy diýmek, 
täze döwletiň düýbi tutuldy diýmekdir. Bu mejlis 1921-nji 
ýylyň 20-nji ýanwarynda Teşkilaty Esasi Kanunyny 
(Konstitusiýa) yglan edipdir. 

Download 1.51 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   112   113   114   115   116   117   118   119   ...   130




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling