Türkmenistanyň Bilim ministrligi


Lozan şertnamasy we Türkiýe Respublikasynyn yglan


Download 1.51 Mb.
Pdf ko'rish
bet118/130
Sana21.04.2023
Hajmi1.51 Mb.
#1367924
1   ...   114   115   116   117   118   119   120   121   ...   130
Bog'liq
wlüýägulyýew M Türki ýurtlaryň taryhy-2010`HTTU

Lozan şertnamasy we Türkiýe Respublikasynyn yglan 
edilmegi 
Mudanýa ýaraşygyndan soňra jemleýji bir şertnama gol 
çekmek maksady bilen ýygnanan halkara topar 1923-nji ýylyň 
iýul aýýnda Lozan şertnamasyny kabul etdi. Bu şertnama 
laýyklykda Türkiýäniň garaşszylygy bütin dünýä tarapyndan 
ykrar edildi. Lozan şertnamasy Türkiýäniň orderidir. Bu 
şertnamanyň käbir maddalary tankyt edilse-de netijede dünýä 
tarapyndan ykrar edilmek möhümdir. Lozana dogry düşünmek 
üçin Sewr şertnamasyna dogry düşünmelidir.
1923-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda Türkiýe beýik millet 
mejlisi Türkiýe Respublikasynyň gurlandygyny bütin dünýä jar 
etdi. Şol gün Mustafa Kemal Türkiýe Respublikasynyň 
prezidentligine saýlanypdyr.
Mustafa Kemalyň içeri we daşary syýasaty 
Türkiýaniň ilkinji Prezidenti Mustafa Kemal döwründe 
düýpli reformalar amala aşyryldy. Aslynda 1920-nji ýylyň 23-
nji aprelinde Türkiýe beýik millet mejlisiniň açylmagy türk 


301 
taryhynyň iň uly reformasydyr. Bu örän taryhy möhüm 
wakadyr, çünki bu mejlis gurlanda Osmanly döwleti ýaşayardy.
Mustafa Kemalyň reformalaryny yzygiderlikde şeýle 
beýan etmek mümkindir: 
Türkiýe beýik millet mejlisniň açylyşy (1920) 
Soltanlygyň ýykylmagy (1922) 
Türkiýe Respublikasynyň gurulmagy (1923) 
Türkiýe ykdysady kongresi (1923) 
Halyflygyň ýykylmagy (1924) 
Konstitusiýanyň kabul edilmegi (1924) 
Bilim (Tewhidi tedrsiat) kanuny, ýagny deňhukukly 
bilim kanuny (1924) 
Başgap (şlýapa) ynkylaby (1925) 
Halkara sagat we kalendaryň kabul edilmegi (1925) 
Türk medeni kanunynyň kabul edilmegi (1926) 
Anadoly demirýollarynyň satyn alynmagy (1927) 
Konstitusiýadan dini terminleriň çykarylmagy (1928) 
Halkara sanlaryň kabul edilmegi (1928) 
Harp ynkylaby (1928) 
Türk taryhyny gözleg-agtaryş jemgyýetiniň gurulmagy 
(1931) 
Halkara ölçeg birlikleriniň kabul edilmegi (1931) 
Türk dilini gözleg-agtaryş jemgyýetiniň gurulmagy 
(1932) 
Zenanlara syýasy haklaryň berilmegi (1934) 
Haýsy dine uýýanlyga garamazdan dini lybaslaryň diňe 
ybadathanalarda geýilmegi baradaky kanun (1934) 
Familiýa kanunynyň kabul edilmegi (1934) 
Milli we dini baýram günleriniň yglan edilmegi (1935) 
Atatürküň alty taglymatynyň Konstitusiýa girizilmegi 
(1936) 


302 
Mustafa Kemalyň reformalary türk halkynyň geljegi üçin 
örän ähmiýetlidir. Onuň maksady millilik bilen günbatar 
medeniýetini birleşdirmeklik bolupdyr. Meselem günbatar bilen 
gatnaşmak üçin kalendaryň (hijri ýyl hasabyndan milady ýyl 
hasabyna), sagatlaryň (24 sagat), ölçeg birlikleri döwrüň 
talabyna laýyk bolmalydy. Ýa-da harp ynkylabyny alyp göreliň. 
Osmanly döwleti arap elipbiýini ulanýardy. Ýöne bu elipbiýi 
öwrenmek kyndy, şeýle-de türk dilindäki sesleriň hemmesini bu 
elipbiýiň harplary bilen ýazmak mümkin däldi. Ýazylaýanda-da 
okamak kyndy. Mysal üçin arapçadaky waw (و ) harpyny u, ü, 
o, w şeklinde okamak mümkindi, bu bolsa esasanam çagalar 
üçin mesele bolup durýardy. Şeýle hem günbatar bilen 
gatnaşjak bolsaň olaryň elipbiýine, ýagny latyn elipbiýine 
geçmeklik has dogry diýlip hasap edilipdir. 
Mustafa Kemalyň döwründe edilen işleriň biri hem 
familiýa 
kanunydyr. 
Osmanly 
döwletinde 
raýatlaryň 
familiýalary deregine pylany ogly, pylany gyzy ýa-da lakamlar 
familiýanyň ýerini tutýardy. Mustafa Kemal her bir raýatyň 
hökmany bir familiýasy bolmalydygyny, esasanam ynsan 
mertebesini kiçeldiji ýa-da dini lakamlaryň jemgyýet 
gatnaşyklarynda ýalňyşdygy üçin familiýa kanunyny çykardy. 
Bu kanun bilen 1934-nji ýylda Mustafa Kemale ―Atatürk‖ ady 
berildi. 
Atatürk daşary syýasatda hem uly işleri amala aşyrandyr. 
Birinji dünýä söweşinden soňra gurlan Milletler jemgyýeti 
(Birleşen Milletler guramasy) 1932-nji ýylda agzalyk üçin täze 
döwlete çakylyk iberipdir we Türkiýe çakylyk bilen bu gurama 
agza bolupdyr.
Atatürküň döwründe 1936-njy ýylda gol çekilen Montrö 
bogazlar ylalaşygy bilen bogazlarda Türkiýäniň häkimiýeti 
gurlandyr. Bu şertnama bilen Türkiýe bogazlardan we 


303 
Garadeňizden geçýäň gämileri özüniň gözegçiligi astynda 
geçiripdir.
Mustafa Kemal Atatürküň bir arzuwy hem Lozan 
şertnamasy bilen Türkiýäniň serhetleriniň daşynda galan häzirki 
Hataýy öz topraklaryna goşmakdy. Ençeme ýyllap geçirilen 
diplomatiki gepleşiklerden we gatnaşyklardan soňra Hataý 
1939-njy ýylda Türkiýe serhetlerine goşulypdyr. Atatürk 
Hataýyn Türkiýä goşulanyny görüp bilmedi, ýöne onuň 
döwründe ekilen tohumlar ölümünden soňra miwesini beripdir.
Türkiýäniň ilkinji Prezidenti Mustafa Kemal Atatürk 
1938-nji ýylyň 10-njy noýabrynda ir sagat 09:05-de ýagty jahan 
bilen hoşlaşdy. Onuň guran Türkiýe döwleti häzirki döwürde 
dünýäniň öňdebaryjy döwletleri bilen ýakyn aragatnaşyk 
saklayar. 
Mustafa Kemal Atatürküň ölüminden soňra ýerine Ismet 
Inöni Prezident saýlandy. Ismet Inöni özüni ―Milli şef‖, 
Atatürki bolsa ―Ebedi şef‖ diýip yglan etdi.

Download 1.51 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   114   115   116   117   118   119   120   121   ...   130




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling