Türkmenistanyň Bilim ministrligi


Download 1.51 Mb.
Pdf ko'rish
bet102/130
Sana21.04.2023
Hajmi1.51 Mb.
#1367924
1   ...   98   99   100   101   102   103   104   105   ...   130
Bog'liq
wlüýägulyýew M Türki ýurtlaryň taryhy-2010`HTTU

 
 


276 
Medeniýet we ylym 
 
Anadoly Seljukly döwletiniň hökümdary Gylyç Arslan II 
başda bolmak bilen bu döwletiň soltanlary Anadolyda türkmen 
birligini, asudalygy we parahatçylygy saklap bilmekligi 
başardylar. Munyň netijesinde bolsa bu döwletde medeniyet çalt 
depginde ösüpdir. Esasanam Soltan Aladdin Keýkubat I-niň 
eden uly hyzmatlary netijesinde Anadoly Seljukly döwletini 
orta gündogaryň iň beýik döwleti derejesine çykarypdyr.
Anadoly Seljuklylary döwründe gurlan medreseler öz 
döwrüniň 
ylym-bilim 
ojaklary 
bolupdyr. 
Seljukly 
hökümdarlary, hatynlary we döwlet adamlary Anadolynyň 
hemme ýerinde diýen ýaly medreseler gurdurypdyrlar. Şeýlelik 
bilen ylym-bilim Anadolynyň hemme ýerine ýaýrapdyr. 
Esasanam mongol çozuşlaryndan gaçyp Horasanyň we 
Azerbeýjanyň üstünden Anadola göçmäge mejbur bolan 
alymlar, şahyrlar, senetkärler bu ýerlerdäki medreselerde dürli 
temalarda dersler berip gaty gymmatly alymlary ýetişdiripdirler. 
Esasanam Seljukly soltanlary we döwlet adamlary bu alymlara 
hemaýat edipdirler, olara uly hormat goýupdyrlar we gerekli her 
dürli maddy kömegi gaýgyrmandyrlar. Bu alym we şahyrlaryň 
arasynda başda Möwlana Jelaleddin Rumy we Ýunus Emre 
bolup, başga-da köp sanly şahsyýetler bardyr.
Esasanam Möwalan we Ýunus Emre Anadoluda türkmen 
we hristiýan jemagatlara uly täsir edipdirler. Möwlana hiçbir 
din, dil we jyns taýdan aýyrman, halky birleşdiriji rol oýnapdyr, 
wagyzlarynda we nesihatlarynda elmydama ynsan söýgüsini 
dillendiripdir. Ýunus Emräniň ýazan goşgulary bolsa bütin 
Anadola ýaýrapdyr. Onuň goşgularyndaky edebi gudrat we 
esasanam ynsan söýgüsi Anadolynyň serhetlerinden aşyp, 
dünýädäki ynsanlar tarapyndan uly haýranlyk bilen kabul 
edilipdir. 


277 
Anadoly Seljuklylary döwründe döwletiň resmi dili 
parsça bolupdyr. Beýik Seljukly we Anadoly Seljukly 
döwletleri döwründe türkmen dili medeniýet dili hökmünde 
kämilleşmedigi üçin ylmy we edebi eserler umuman parsça we 
arapça ýazylypdyr. Döwletiň resmi dili türkmençe bolmasa-da, 
halk ülkede türkmençe gürleşipdir. 
Anadoly Seljukly soltanlary Anadolynyň her tarapynda 
metjit, medrese, hassahana, gala, köpri, hammam, kerwensaraý 
we şm. sosýal ymaratlar gurdurypdyrlar. Şeýle hem soltanlaryň 
ýakyn garyndaşlary, döwlet adamlary we maddy ýagdaýy bolan 
adamlar beýle eserleri halka hyzmat maksady bilen 
gururypdyrlar. 

Download 1.51 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   98   99   100   101   102   103   104   105   ...   130




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling