278
Eýýäm 1300-nji ýyllara çenli
Anadoly Seljuk
türkmenleriniň döwleti dagap başlaýar. Onuň ýerini ýuwaş-
ýuwaş türkmen beglikleri alýar. Taryhda Osman türkmen
döwletini döreden şol türkmen beglikleridir. Olaryň başyny
Ärtogrul gazy çekipdir, özüniň dört ýüz türkmen atlysyna baş
bolup gelendigi aýdylýar
Ärtogrul gazy dogany Dündar bilen Anadolynyň
ýollaryny baglaýar. Beýleki iki dogany Gündogdy bilen Sungur
hökümdar Horasana dolanýar. Ärtogrul gazy «Bu 400 türkmen
öýlüden bir döwlet dünýä iner» diýip, altyn sözleri aýdypdyr.
Olar Anadoluda birnäçe ýerlerden geçip, 1270-nji ýylda Söwüdi
wizantiýalylardan aldylar. Seljuklylaryň soltany Alaeddin
Keýkubat bu ýeňşi üçin Söwüdi oturmaga, Domaniç
we Ermeni
dagyny bolsa, ýaýla üçin Ärtogrul bege berdi. Ärtogrul beg
tiresi bilen Söwüde ýerleşdi. Ol 1281-nji ýylda 93 ýaşynda
wepat bolýar.
Do'stlaringiz bilan baham: