Türkmenistanyň Bilim ministrligi


Download 1.51 Mb.
Pdf ko'rish
bet104/130
Sana21.04.2023
Hajmi1.51 Mb.
#1367924
1   ...   100   101   102   103   104   105   106   107   ...   130
Bog'liq
wlüýägulyýew M Türki ýurtlaryň taryhy-2010`HTTU

Osman beg 
Ärtogrul gazydan soň begligiň başyna ogly Osman 
saýlanýar. Atabeglerden söweş, serkerdelik tilsimatlaryny 
öwrenen Osman gazy 1299-njy ýylda Türkiýede güýçli döwlet 
döredýär. 
Osman Gazynyň ýeňişleri goňşy rum şazadalaryny we 
esasanam Wizantiýanyň imperatoryny herekete geçirdi. Olaryň 
arasynda bolan we Koýunhisar söweşi ady bilen taryha geçen 
bu söweş, Osman begiň baştutanlygyndaky türkmenleriň uly 
ýeňşi bilen tamamlanýar (1302).
Orhan beg 
Osman begden soňra döwletiň başyna onuň ogly Orhan 
beg geçipdir. Onuň döwründe 1326-njy ýylda Bursany eýeleýär 
we bu şäheri döwletiň paýtagtyna öwürýär. Orhan begiň adyna 
ilkinji pul (akça) Bursada basylypdyr. 1329-1330-njy ýylda 


279 
Izniki, 1337-nji ýylda Izmiti we 1354-nji ýylda Ankarany 
eýelän Orhan gazy topraklaryny ulaltdy. Orhan beg Izniki 
eýeländen soňra döwletiň paýtagtyny Iznike geçirdi. Orhan beg 
türkmen-yslam äleminiň töweregindäki hristiýan äleme garşy, 
taryhyň sahnasyna çykyp beýgelmek üçin, aklyny we harby 
ukyplaryny birleşdirmegi başarypdyr.
Soltan Myrat I 
Orhan gazynyň ölümünden soňra ýerine ogly Myrat 
geçdi (1362). Soltan Myrat tagta geçeninden Rumeli tarapyna 
ýörişe çykdy we gysga wagtyň içinde Çorly we Lüleburgazy 
eyeledi. Ol bu ýerlere Anadoludan Türkmenleri getirip 
ýerleşdirdi. Soltan Myrat ýörişine dowam edip 1362-nji ýylyň 
içinde Edirnäni zabt etdi. 
Osmanlylar eýelän yerleriniň guramaçylyk işleri bilen 
meşgulanýan döwründe serbiýalylar we bulgarlar Edirnäni 
gaýtaryp almak üçin herekete girişdiler. Hristiýan äleminiň 
lideri Papa Urben V-niň goldawy bilen wengerler, Bulgarlar, 
serbiýalylar, eflagyň şazadasy we bosnalylar birleşip Edirnä 
tarap ýola çykdylar. Edirnäniň günbatarynda Meriç derýasynyň 
öňünde bolan we Osmanly taryhynda Sypsyndygy ady bilen 
tanalýan bu söweşde türkmenler uly ýeňiş gazandylar (1364). 
1365-nji ýylda Soltan Myrat Osmanly döwletiniň paýtagtyny 
Bursadan Edirne şäherine geçirdi.
1372-nji ýylda Günbatar Trakýada we Makedonýada 
serbiýalylara garşy Çirmen söweşinde uly ýeňiş gazanan 
Osmanlylar, bu üstünlikleri bilen Makedoniýa söwda ýollaryny 
açypdyrlar. 
Ýewropada uly ýeňişler gazanmaga başlan Osmanly 
döwletiniň taryhynda möhüm orna eýe ebolan Birinji Kosowa 
söweşi 1389-njy ýylda bolupdyr. Başda serbiýalylar bolmak 
bilen Ýewropaly hristiýan halklardan ybarat bolan goşun bilen 


280 
Osmanly döwletiniň goşuny arasyndaky söweş türkmenleriň uly 
ýeňşi bilen tamamlandy. Kosowa söweşi türkmenleriň 
Rumelide ornaşmak maksady bilen Sypsyndygy we Çirmen 
söweşlerinden soňra gazanan üçünji uly söweşidir.
Ýöne Kosowa söweşinde Soltan Myrat söweş 
meýdanynda begenjinden gezmeläp ýören wagty bir serbiýaly 
tarapyndan hanjar bilen agyr yaralandy we gysga wagtyň içinde 
hem jan berdi. 29-30 ýyl höküm süren Soltan Myrat hemme 
söweşlerde diňe ýeňiş gazanypdyr, hiç ýeňilmändir. Ol 
Osmanly döwletiniň imperatorluk bolmak ýolunda düýbüni 
tutujy hökümdar hökmünde adyny taryha ýazdyrandyr.

Download 1.51 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   100   101   102   103   104   105   106   107   ...   130




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling