285
Maltanyň soýuzdaşlygyndaky harby gämileri bilen Osmanly
deňiz harby güýçleri arasynda 1571-nji ýylda bolup geçen we
taryhda Inebahty söweşi ady bilinen söweşde haçlylar uly ýeňiş
gazandylar. Bu söweşden soňra wenesiýalylar
bilen bir
şertnama baglaşylan hem bolsa, Kipr, Osmanly döwletiniň
häkimiýetinde galypdyr.
Soltan Selim II ýa-da Sary
Selim ady bilen hem bilinen
Bu hökümdar goşuny bilen hiçbir ýörişe gatnaşmadyk
ilkinji
Osmanly soltanydyr. Şeýle hem ol Stambulda ýogalan ilkinji
Osmanly patyşasydyr.
Osmanly türkmen döwletiniň pese gaçmagy we ýykylmagy
Karlofça şertnamasy
Osmanly döwleti XVII asyryň ahyrynda ilkinji gezek
toprak ýitiripdir. Soltan Mustafa II-niň döwründe Osmanly
döwleti Awstriýa üç gezek ýöriş gurnady. 1695-nji we 1696-njy
ýyllardaky iki ýörişde uly ýeňiş gazan Osmanly goşuny, 1697-
nji ýyldaky üçünji ýörişde, Zenta söweşinde agyr bir ýeňlişe
duçar boldy. Bu ýeňlişden soňra Osmanly döwleti Osmanly
döwleti ýitiren topraklaryny yzyna almak umydyny ýitiripdir.
Zenta ýeňlişinden soňra Osmanly döwlet adamlarynyň arasynda
parahatçylyk şertnamasynyň tarapdarlarynyň sany köpeldi.
1699-njy ýylda gol çekilen Karlofça şertnamasy
bilen
Osmanly döwletiniň Ýewropa ýörişleri durupdyr. Mundan soňra
döwletiň ýeke-täk gaýgysy bar bolan topraklary gorap
saklamakdan
ybarat
bolupdyr.
Esasanam
Wengriýa
topraklarynyň ýitirilmesi bilen Osmanly döwletiniň Orta
Ýewropadaky häkimiýeti soňlanýardy.
Prut söweşi
Osmanly taryhyndaky möhüm söweşleriň
biri hem
Russiýa garşy bolan Prut söweşidir. Soltan Ahmet III-niň
286
soltanlygy döwründe, has takygy 1711-nji ýylda Russiýa garşy
harby ýörişe çykan Osmanly goşunynyň sany ruslardan dört
esse agdykdy we ruslar çykgynsyz ýagdaýa düşüpdiler. Russiýa
Osmanly döwletine ylalaşyk teklip etdi. Ýöne Osmanly döwleti
belki-de täzeden doguş diýlip atlandyryljak bu taryhy pursatdan
peýdalanyp bilmedi we Russiýa bilen ylalaşyga razy boldy.
Goşunyny uly bir betbagtçylykdan sypdyrmagy başaran
Russiýanyň Patyşasy Pýotr I üçin bu diplomatiki ýeňişdir.
Do'stlaringiz bilan baham: