288
garşy çykan Ýewropa döwletleriniň (Fransiýa; Angliýa) hem
goldawyny alyp, Russiýany ýaraşyk etmäge mejbur etmek üçin
Kryma çozdylar. 1855-nji ýýlda bu üçli soýuzdaşlyga
Italiýadaky Piýemonte hökümedi hem goşuldy. Bu söweşde
soýuzdaş üç daşary ýurt goşunynyň sany 100 müň, Osmanly
döwletiniň goşunynyň sany bolsa bary-ýogy 7 müň töweregi
bolupdyr. 1855-njy ýylyň dekabrynda iki tarap hem ýaraşyk
etmäge meýilli bolandyklary üçin söweşe bes edildi. Krym
söweşiniň netijesini jemlemek üçin 1856-njy ýylda Pariž
kongressi ýygnandy. Osmanly döwleti
taryhynda ilkinji gezek
bir kongresse gatnaşan döwletler bilen deň hukukly döwlet
bolup gatnaşypdyr. Bu şertnama bilen Garadeňiz bitarap
statusuna eýe bolupdyr. Osmanly döwleti
taryhynda ilkinji
gezek Krym söweşinde daşary ýurtdan karz pul alypdyr.
Do'stlaringiz bilan baham: