Türkmenistanyň Bilim ministrligi


Download 1.51 Mb.
Pdf ko'rish
bet112/130
Sana21.04.2023
Hajmi1.51 Mb.
#1367924
1   ...   108   109   110   111   112   113   114   115   ...   130
Bog'liq
wlüýägulyýew M Türki ýurtlaryň taryhy-2010`HTTU

Trablusgarp söweşi 
Osmanly döwletiniň demirgazyk Afrikadaky iň soňky 
topraklary Trablusgarpdy (Liwiýa). Bu topraklar entek XVI 
asyrda Osmanly döwletiniň häkimiýetine geçipdi. Bu ýerde 
Alžir, Tunus, Trablusgarp ojaklaryndan meýdana gelen we 
adyna ―Garp (magryp) ojaklary‖ diýlip atlandyrylan aýry bir 


290 
dolandyryş edarasyny gurupdy. Ýöne Fransiýanyň Alžiri basyp 
almagy bilen galan iki ―ojak‖ bilen has ýakyn gatnaşyk 
gurmaga başlapdy. 1835-nji ýylda Trablusgarp gönüden-göni 
merkeze baglanypdy. 
Fransiýanyň Tunusu hem basyp almagy bilen galan 
ýeke-täk toprak Trablusgarba Italiýa ýuwaş-ýuwaşdan meýil 
edýärdi. Italiýa 1911-njy ýylyň 28-nji sentýabrynda Osmanly 
döwletine Trablusgarby boşatmagy üçin 24 sagat wagt berdi. 
Osmanly döwleti Italiýanyň talabyny yzyna gaýtarmagy bilen 
29-njy sentýabrynda söweş başlady.
Osmanly döwleti bilen Italiýanyň arasyndaky söweş 
1912-nji 
ýylyň oktýabryndaky Uşi şertnamasy bilen 
tamamlandy. Uşi şertnamasy bilen Osmanly döwleti 
demirgazyk Afrikadaky iň soňky topraklaryny hem ýitirdi.
Balkan söweşleri 
XX asyryň başlarynda Ýewropanyň günorta taraplary 
ýagny Balkanlar sebiti, Osmanly döwletiniň iň pajygaly 
ýerleriniň biridir. 1912-nji ýylyň oktýabryndan 1913-nji ýylyň 
awgustyna çenli dowam eden we 10 aý süren Balkan söweşleri 
iki perdeli bolupdyr.
Osmanly döwleti Balkan söweşinde içeri we daşary 
sebäpler ýüzünden taryhynyň iň uly ýeňlişlerinden birine 
sezewar bolupdyr. Munyň netijesinde Ýewropanyň ortasyndan 
Meriç derýasyna çenli gündogara çekilmäge mejbur bolupdyr. 
Şeýlelikde Gündogar Trakýanyň daşyndaky Ýewropadaky ähli 
topraklaryny ýitiripdir. Uly döwletleriň karary we diplomatiki 
ýollardan Ortaýer deňzindäki adalaryň hemmesini diýen ýaly 
Italiýa we Gresiýa bermäge mejbur bolupdyr. 
Balkan söweşleri netijesinde Osmanly döwleti 550 ýyl 
töweregi höküm süren topraklaryny ýitirmek bilen bir hatarda 
esasanam Gresiýa we Bulgaristana beren topraklaryndaky 


291 
Türkler bu döwletleriň we halklaryň basgysy netijesinde 
Anadola göçmäge başlapdyrlar. Birnäçe aýyň içinde 
Makedoniýadan Anadola 200 müň türk göçüp gelipdir. Gresiýa, 
Bulgaristan we Serbiýadan ýagny Balkanlardan göçenleriň sany 
bolsa 400 müň töweregidir.

Download 1.51 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   108   109   110   111   112   113   114   115   ...   130




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling