Türkmenistanyň Bilim ministrligi
Osmanly türkmen döwleti birinji jahan urşy ýyllarynda
Download 1.51 Mb. Pdf ko'rish
|
wlüýägulyýew M Türki ýurtlaryň taryhy-2010`HTTU
Osmanly türkmen döwleti birinji jahan urşy ýyllarynda
XX asyryň başlarynda Ýewropada döwletleriň arasynda bloklaşmalar başlapdy we 1914-nji ýyla gelinende Awstriýa- Wengriýanyň mirasdüşeri François Ferdinandyň we ayalynyň Saraýbosna zyýaraty wagtynda bir serbiýaly tarapyndan öldürülmegi bilen Birinji jahan urşy başlandy. Osmanly döwleti Ýewropadaky iň soňky topraklaryny hem ýitireninden soňra özüne soýuzdaş gözledi. Ýöne hiç bir döwlet Osmanly döwleti bilen hereket etmek islemeýärdi. Osmanly döwletiniň soýuzdaşlyklara kabul edilmeýişiniň esas sebäbi, uruş turan ýagdaýynda Osmanly döwletinden paý alyp bilmek üçindir. Şeýle hem Angliýa we Fransiýa ýaly döwletler Osmanly döwletini agyr ýük diýip hasap edipdirler. Bütin bu meseleler Osmanly hökümedini Germaniýa ýakynlaşdyrypdyr. 1914-nji ýylyň 2-nji awgustynda Germaniýa Osmanly döwletini özüniň soýuzdaşy diýip kabul edipdir. Ýöne Osmanly döwleti Germaniýa bilen edilen ylalaşygyň goranyş maksatly ylalaşykdygyny beýan edipdirler. Osmanly hökümedi ylalaşygyň goranyş maksatlydygyny aýtsa-da 1914-nji yylyň 3-nji awgustynda Goben we Breslaw atly harby gämilerini Stambula iberipdir. Halkara şertnamalara görä bu gämileriň 24 sagadyň içinde Türkiýeden çykmasy gereklidi. Ýöne Osmanly hökümedi bu gämileri satyn alandygyny yglan etdi. Germaniýa Osmanly döwletini näme üçin söweşe sokmak isleýärdi? Perişan ýagdaýdaky Osmanly döwleti 292 Germaniya nähili kömek berip bilerdi? Germaniýanyň Osmanly döwletini söweşe sokmak isleginiň iň esasy sebäbi, Osmanly soltanynyň Halyflyk statusyny ulanyp dünýädeki musulmanlary öz tarapyna çekmekdi. Ýöne bu hasaplama biraz yalňyşrakdy. Sebäbi Osmanly döwleti Soltan Abdülhamyt II-den soňra Yslamjylyk ideologiýasyny taşlap, Türkçülik ideologiýasyny alyp barýardy. Şeýle-de dünýädäki musulmanlar söweşe çagyrylýar, ýöne Osmanly döwletiniň birinji soýuzdaşy musulman däldi. Galyberse-de Osmanly döwletiniň garşysyndaky döwletleriň goşunlarynda-da Afrikadaky koloniýalaryndan getirilen musulmanlar bardy. Ýagny Germaniýanyň hasaby tutmandy. Germaniýanyň we Awstriýanyň basgylary netijesinde 1914-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda gämiler Garadeňize çykdylar we 29-njy oktýabrda Russiýanyň Siwastopol, Odessa we Noworossiýsk portlaryny we şäherlerini topa tutupdyr. Şeýlelikde Osmanly döwleti söweşe girdi. Osmanly döwleti Birinji jahan urşunda birnäçe frontda söweşdi. Bu frontlaryň hemmesi hem möhümdir, ýöne içlerinde biriniň türk taryhynda tutýan orny başgadyr. Çanakgala söweşi Birinji jahan urşynyň içinde taryhy ähmiýeti örän uly bolan ýeňişdir. Download 1.51 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling