Türkmenistanyň Bilim ministrligi
III BÖLÜM Türkiýe Respublikasy
Download 1.51 Mb. Pdf ko'rish
|
wlüýägulyýew M Türki ýurtlaryň taryhy-2010`HTTU
III BÖLÜM
Türkiýe Respublikasy (1918-2010) Milli azat-edijilik hereketiniň başlanmagy Mondros şertnamasy bilen Birinji jahan urşundan çekilen Osmanly döwleti bu söweşde ýeňiş gazanan döwletlerden topraklaryny goramaklygyň aladasyny edipdir. 1919-njy ýylyň 15-nji maýynda soýuzdaş döwletleriň goldawy bilen Gresiýa Izmire girdi we örän köp gan döküp, binalary ýakyp Anadolynyň günbataryndaky şäheri basyp aldy. Şol wagtlarda Stambulda bolan Mustafa Kemal ýurduny duşmandan goramak üçin täze strategiýanyň üstünde işleýärdi. Mustafa Kemala görä Osmanly döwleti öz möwrüdini doldurandyr. Watan bölünendir. Patyşa, halyf, hökümet manysyz boş sözlerdir. Ortada bir hakykat bardyr, ol hem eziz Watan Anadolydyr. Bu ýagdaýda ol kararyny beripdir: Garaşsyz türk döwletini gurmaly… Mustafa Kemal bu düşünjesini durmuşa geçirmek üçin garaşýan pursady 1919-njy ýylyň maý aýynda gelýär. Bu döwürde Samsun we töwereginde bidüzgünçiliklerin çykmagy netijesinde Osmanly hökümedi ony ol ýere ibermekligi makul bildi. 298 1919-njy ýylyň 19-njy maýynda Samsuna gelen Mustafa Kemalyň bu gelişi, täze dogjak döwletiň buşlukçysydyr. Ol bu sebitde düşünjelerini kämilleşdirip 1919-njy ýylyň iýulynda Erzurumda we sentýabrynda-da Siwasda halk bilen gujaklaşýar, olaryň goldawyny alýar. Dekabr aýynda Ankara gelen M. Kemal bu ýeri milli azat edijilik hereketiniň merkezi edip saýlaýar. M. Kemalyň hereketlerini üns berip synlaýan soýuzdaşlar, 1920-nji ýylyň 16-njy martynda Osmanly döwletiniň paýtagty Stambuly basyp alýarlar. Stambulyň basylyp alynmagy Osmanly döwletiniň ýykylyşyny çaltlaşdyrypdyr. Stambulyň basylyp alynyşyny we Osmanly patyşasynyň elinden hiç zadyň gelmeýişini uzakdan synlaýan Ankaradaky milli azat edijiler, 1920-nji ýylyň 23-nji aprelinde Ankarada ―Türkýe beýik millet mejlisini‖ açdylar we Mustafa Kemaly mejlisiň başlyklygyna saýladylar. Mejlisiň açylmagy diýmek, täze döwletiň düýbi tutuldy diýmekdir. Bu mejlis 1921-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda Teşkilaty Esasi Kanunyny (Konstitusiýa) yglan edipdir. Download 1.51 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling