Türkmenistanyň Bilim ministrligi
Download 1.51 Mb. Pdf ko'rish
|
wlüýägulyýew M Türki ýurtlaryň taryhy-2010`HTTU
- Bu sahifa navigatsiya:
- Osmanly türkmen döwletiniň ýykylmagy
Sewr şertnamasy
Birinji jahan urşunda ýeňilen döwletleriň hatarynda bolan Osmanly döwleti söweşden çekilmek üçin Mondros şertnamasyna gol çekipdi we jemleýji parahatçylyk şertnamasy 1920-nji ýylda kabul edildi. Sewr şertnamasy 433 maddadan ybarat bolup, bu şertnama görä Osmanly döwletiniň paýyna Stambul we töweregi galýardy. Anadolynyň galan topraklary bolsa başga döwletleriň arasynda paýlanylypdyr. Sewr şertnamasynyň güýje girmegi üçin türk tarapy hem gol çekmelidi. Osmanly döwleti bu şertnamany kabul eden hem bolsa, Ankara hökümeTi şertnamany kabul etmedi, gaýtam 299 kabul edenleri hem watan haýyny diýip yglan etdi. Sewr şertnamasy öli dogan şertnamadyr. Çünki hiç wagt güýje girmändir. Osmanly türkmen döwletiniň ýykylmagy Mustafa Kemalyň ýolbaşçylygyndaky milli azat edijiler Anadolynyň bir garyş topragy üçin şirin janlaryny orta goýdular. Angliýanyň, Fransiýanyň we Gresiýanyň basybalyjylykly hereketlerine garşy türk halky birleşdi we yzly- yzyna taryhy ýeňişler gazanyp Anadolyny duşmandan arassalamagy başardy. Bu ýeňişleriň arasynda esasanam Sakarýa meýdan söweşi aýratyn orun tutýar. 1921-nji ýylyň sentýabr aýyndaky söweşde grek goşuny derbi-dagyn edilip, şol bir wagtyň özünde dünýä sahnasynda täze türk hökümetiniň abraýy dabaralanandyr. 22 gije-gündiz dowam eden Sakarýa söweşinden soňra mejlis tarapyndan Mustafa Kemala marşall çini we Gazy ady dakyldy. 1922-nji ýylyň awgust aýynyň 26-na herekete geçen türk goşunlary 30-njy awgustda Anadolyny duşmandan arassaladylar. Ýagny 1071-nji ýylyň 26-njy awgustynda Malazgirt ýeňşi bilen Anadolynyň gapylary türkmenlere açylan bolsa, ýene bir 26-njy awgustda (1922) gurlan bu Watan ýok bolmakdan dyndy. Bu taryhy ýeňiş netijesinde Osmanly döwletiniň ýerine täze milli bir Türkiýe döwleti dogdy. Türk hökümetiniň taryhy ýeňşinden soňra 1922-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda türk, iňlis, fransuz we italýan wekilleriň gatnaşmagynda Mudanýa ýaraşygyna gol çekildi. Mudanýa ýaraşygy türk azat edijilik göreşiniň türkleriň ýeňşi bilen netjelenendigini görkezýän ilkinji diplomatiki we syýasy resminamadyr. 300 Mudanýa ýaraşygyndan soňra Türkiýeniň parlamenti 1922-nji ýylyň 1-nji noýabrynda soltanlygyň ýatyrylandygyny bütin dünýä jar etdi. Şeýlelide 1299-njy ýylda gurlan Osmanly türkmen döwleti taryh bolýardy. Soltanlygyň ýatyrylmagy bilen Osmanly patyşasy Mehmet Wahidetdin iňlisleriň kömegi bilen Stambuldan Malta gitdi we 3,5 ýyllyk sürgün durmuşdan soňra 1926-njy ýylda dünýäden ötdi. Soltanyň daşary ýurda gitmegi bilen halyflyk meslesi ýüze çykypdyr. Çünki Osmanly patyşasy şol bir wagtyň özünde Yslam dünýäsiniň hem lideridi, ýagny halyfydy. Türkiýe parlamenti 1922-nji ýylyň 18-nji noýabrynda Abdülmejit efendini halyf saýlapdyr. Download 1.51 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling