Türkmenistanyň Bilim ministrligi
Lozan şertnamasy we Türkiýe Respublikasynyn yglan
Download 1.51 Mb. Pdf ko'rish
|
wlüýägulyýew M Türki ýurtlaryň taryhy-2010`HTTU
- Bu sahifa navigatsiya:
- Mustafa Kemalyň içeri we daşary syýasaty
Lozan şertnamasy we Türkiýe Respublikasynyn yglan
edilmegi Mudanýa ýaraşygyndan soňra jemleýji bir şertnama gol çekmek maksady bilen ýygnanan halkara topar 1923-nji ýylyň iýul aýýnda Lozan şertnamasyny kabul etdi. Bu şertnama laýyklykda Türkiýäniň garaşszylygy bütin dünýä tarapyndan ykrar edildi. Lozan şertnamasy Türkiýäniň orderidir. Bu şertnamanyň käbir maddalary tankyt edilse-de netijede dünýä tarapyndan ykrar edilmek möhümdir. Lozana dogry düşünmek üçin Sewr şertnamasyna dogry düşünmelidir. 1923-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda Türkiýe beýik millet mejlisi Türkiýe Respublikasynyň gurlandygyny bütin dünýä jar etdi. Şol gün Mustafa Kemal Türkiýe Respublikasynyň prezidentligine saýlanypdyr. Mustafa Kemalyň içeri we daşary syýasaty Türkiýaniň ilkinji Prezidenti Mustafa Kemal döwründe düýpli reformalar amala aşyryldy. Aslynda 1920-nji ýylyň 23- nji aprelinde Türkiýe beýik millet mejlisiniň açylmagy türk 301 taryhynyň iň uly reformasydyr. Bu örän taryhy möhüm wakadyr, çünki bu mejlis gurlanda Osmanly döwleti ýaşayardy. Mustafa Kemalyň reformalaryny yzygiderlikde şeýle beýan etmek mümkindir: Türkiýe beýik millet mejlisniň açylyşy (1920) Soltanlygyň ýykylmagy (1922) Türkiýe Respublikasynyň gurulmagy (1923) Türkiýe ykdysady kongresi (1923) Halyflygyň ýykylmagy (1924) Konstitusiýanyň kabul edilmegi (1924) Bilim (Tewhidi tedrsiat) kanuny, ýagny deňhukukly bilim kanuny (1924) Başgap (şlýapa) ynkylaby (1925) Halkara sagat we kalendaryň kabul edilmegi (1925) Türk medeni kanunynyň kabul edilmegi (1926) Anadoly demirýollarynyň satyn alynmagy (1927) Konstitusiýadan dini terminleriň çykarylmagy (1928) Halkara sanlaryň kabul edilmegi (1928) Harp ynkylaby (1928) Türk taryhyny gözleg-agtaryş jemgyýetiniň gurulmagy (1931) Halkara ölçeg birlikleriniň kabul edilmegi (1931) Türk dilini gözleg-agtaryş jemgyýetiniň gurulmagy (1932) Zenanlara syýasy haklaryň berilmegi (1934) Haýsy dine uýýanlyga garamazdan dini lybaslaryň diňe ybadathanalarda geýilmegi baradaky kanun (1934) Familiýa kanunynyň kabul edilmegi (1934) Milli we dini baýram günleriniň yglan edilmegi (1935) Atatürküň alty taglymatynyň Konstitusiýa girizilmegi (1936) 302 Mustafa Kemalyň reformalary türk halkynyň geljegi üçin örän ähmiýetlidir. Onuň maksady millilik bilen günbatar medeniýetini birleşdirmeklik bolupdyr. Meselem günbatar bilen gatnaşmak üçin kalendaryň (hijri ýyl hasabyndan milady ýyl hasabyna), sagatlaryň (24 sagat), ölçeg birlikleri döwrüň talabyna laýyk bolmalydy. Ýa-da harp ynkylabyny alyp göreliň. Osmanly döwleti arap elipbiýini ulanýardy. Ýöne bu elipbiýi öwrenmek kyndy, şeýle-de türk dilindäki sesleriň hemmesini bu elipbiýiň harplary bilen ýazmak mümkin däldi. Ýazylaýanda-da okamak kyndy. Mysal üçin arapçadaky waw (و ) harpyny u, ü, o, w şeklinde okamak mümkindi, bu bolsa esasanam çagalar üçin mesele bolup durýardy. Şeýle hem günbatar bilen gatnaşjak bolsaň olaryň elipbiýine, ýagny latyn elipbiýine geçmeklik has dogry diýlip hasap edilipdir. Mustafa Kemalyň döwründe edilen işleriň biri hem familiýa kanunydyr. Osmanly döwletinde raýatlaryň familiýalary deregine pylany ogly, pylany gyzy ýa-da lakamlar familiýanyň ýerini tutýardy. Mustafa Kemal her bir raýatyň hökmany bir familiýasy bolmalydygyny, esasanam ynsan mertebesini kiçeldiji ýa-da dini lakamlaryň jemgyýet gatnaşyklarynda ýalňyşdygy üçin familiýa kanunyny çykardy. Bu kanun bilen 1934-nji ýylda Mustafa Kemale ―Atatürk‖ ady berildi. Atatürk daşary syýasatda hem uly işleri amala aşyrandyr. Birinji dünýä söweşinden soňra gurlan Milletler jemgyýeti (Birleşen Milletler guramasy) 1932-nji ýylda agzalyk üçin täze döwlete çakylyk iberipdir we Türkiýe çakylyk bilen bu gurama agza bolupdyr. Atatürküň döwründe 1936-njy ýylda gol çekilen Montrö bogazlar ylalaşygy bilen bogazlarda Türkiýäniň häkimiýeti gurlandyr. Bu şertnama bilen Türkiýe bogazlardan we 303 Garadeňizden geçýäň gämileri özüniň gözegçiligi astynda geçiripdir. Mustafa Kemal Atatürküň bir arzuwy hem Lozan şertnamasy bilen Türkiýäniň serhetleriniň daşynda galan häzirki Hataýy öz topraklaryna goşmakdy. Ençeme ýyllap geçirilen diplomatiki gepleşiklerden we gatnaşyklardan soňra Hataý 1939-njy ýylda Türkiýe serhetlerine goşulypdyr. Atatürk Hataýyn Türkiýä goşulanyny görüp bilmedi, ýöne onuň döwründe ekilen tohumlar ölümünden soňra miwesini beripdir. Türkiýäniň ilkinji Prezidenti Mustafa Kemal Atatürk 1938-nji ýylyň 10-njy noýabrynda ir sagat 09:05-de ýagty jahan bilen hoşlaşdy. Onuň guran Türkiýe döwleti häzirki döwürde dünýäniň öňdebaryjy döwletleri bilen ýakyn aragatnaşyk saklayar. Mustafa Kemal Atatürküň ölüminden soňra ýerine Ismet Inöni Prezident saýlandy. Ismet Inöni özüni ―Milli şef‖, Atatürki bolsa ―Ebedi şef‖ diýip yglan etdi. Download 1.51 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling