Türkmenistanyň Bilim ministrligi


Türkiýe Ikinji jahan urşy ýylarynda


Download 1.51 Mb.
Pdf ko'rish
bet119/130
Sana21.04.2023
Hajmi1.51 Mb.
#1367924
1   ...   115   116   117   118   119   120   121   122   ...   130
Bog'liq
wlüýägulyýew M Türki ýurtlaryň taryhy-2010`HTTU

 
Türkiýe Ikinji jahan urşy ýylarynda 
Atatürk Birinji jahan urşundan soňra Ýewropada 
meýdana gelen ýagdaýy uly üns bilen derňäpdi. Ol 
Germaniýanyň we Italiýanyň geljekde dünýä howp saljagyny 
syzýardy. 
Esasanam 
Italiyanyň 
Ortaýer 
deňziniň 
gündogaryndaky islegleri, Türkiýe topraklary baradaky pikirleri 
türk hökümetini gaýgylandyrýardy. Bu ýagdaýda Türkiýe üçin 
Italiýanyň garşysynda bolan Angliýa we Fransiýanyň 
syýasatyna ýakynlaşmak iň dogry karardy. 
Atatürküň ölüminden soňra Ýewropada bloklaşmalar 
güýçlenipdi. 1939-njy 1939-njy ýylyň 1-nji sentýabrynda Ikinji 
jahan urşunyň başlamagy bilen 1939-njy ýylyň 19-njy 
oktýabrynda Türkiýe, Angliýa we Fransiýa ―Hyzmatdaşlyk 


304 
şertnamasyna‖ gol çekdiler. Ýagny bu döwletlerden biri söweşe 
girse beýlekiler oňa kömek etmelidi.
Ikinji jahan urşunda Türkiýe söweşe girmän, bitarap 
bolmaklygy esas edip aldy. Türkiýe haçanda söweşiň netijesi 
belle bolandan soňra, Ikinji jahan urşuna girdi. Has takygy 
1944-nji ýylyň 2-nji awgustyndan başlap, Germaniýa garşy 
söweşe girmezden, diplomatiki we ykdysady gatnaşyklaryny 
kesdi. Türkiýe 1945-nji ýylyň 23-nji fewralynda Germaniýa 
garşy urşa girendigini yglan etdi. Türkiýe söweşe girenini yglan 
edeninden iki aý on bäş gün soňra Germaniýa ýeňlişi kabul etdi 
we Türkiýe ýeňiş gazananlaryň hatarynda ýerini aldy. 
Şeýlelikde Türkiýe ýaragly söweşe girmezden urşy tamamlan az 
sandaky Ýewropaly döwletlerden biri bolupdyr. 
Türkiýäniň söweşe girmän saklanmagy SSSR-i kyn 
ýagdaýa salypdy. Stalin Türkiýäniň oýnan oýnuny ýadyndan 
çykarmady we ilki bilen 1925-nji ýylda Türkiýe we SSSR-iň 
arasynda 
gol 
çekilen 
bir-biriniň 
üstüne 
çozmazlyk 
şertnamasynyň ýatyrylandygyny yglan etdi. 1946-njy ýylyň 7-
nji awgustynda bolsa Anadolynyň gündogaryndaky Kars, 
Ardahan we Artwiniň Sowet hökümetine berilmegini talap edip 
ultimatum berdi. Stalin 1946-njy ýylyň 24-nji sentýabrynda 
talaplaryny gaýtalady, ýöne oňyn jogap alyp bilmedi.

Download 1.51 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   115   116   117   118   119   120   121   122   ...   130




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling