Türkmenistanyň Bilim ministrligi
partiýasyny gurdy we bütin türk halkyny gujaklaýyjy syýasat
Download 1.51 Mb. Pdf ko'rish
|
wlüýägulyýew M Türki ýurtlaryň taryhy-2010`HTTU
- Bu sahifa navigatsiya:
- XX asyryň ahyrynda – XXI asyryň başlarynda türkmen- türk gatnaşyklary
partiýasyny gurdy we bütin türk halkyny gujaklaýyjy syýasat alyp bardy. 1989-njy ýylda Konstitusiýa laýyklykda Kenan Ewreniň Prezidentlik möhleti doldy we şol ýylyň 31-nji oktýabrynda Turgut Ozal Türkiýänin 8-nji Prezidentligine saýlandy. Turgut Ozalyň döwründe Türkýe-ABD gatnaşyklary ýygjamlaşypdyr. 90-njy ýyllarda Yraga garşy söweşde Türkiýe ABD-niň iň ýakyn soýuzdaşlaryndan biri bolan hem bolsa uruşdan soňra iň köp zyýan çeken döwlet Türkiýe bolupdyr. Onuň Prezidentligi döwründe döwletdäki býurokratiki işler azaldylypdyr, ýagny mesele iň gysga wagta çözülmäge başlapdyr, aşakdaky dolandyryjylaryň güýji artdyrylypdyr, awtoulag ýollary köpelipdir. 1990-njy ýyllarda Türkiýede radio we telewideniýe ulgamynda düypli özgerişlikler boldy. Bu döwürde hususy radio we telewideniýeleriň açylmagy netijesinde aragatnaşyk ulgamy kämilleşendir. 1983-1991-nji ýyllar arasynda Türkiýäniň ykdysadyýeti 5,2 % ösüpdir. 1993- nji ýylyň 17-nji aprelinde Prezident Turgut Ozal ýogaldy. 307 Turgut Ozal Atatürkden soňra wezipesiniň başynda wagty ýogalan Türkiýäniň ikinji prezidentidir. Turgut Ozalyň garaşylmadyk ölüminden soňra 1993-nji ýylyň 16-njy maýynda Süleýman Demirel Prezidentlik wezipesine saýlandy. 2000-nji ýylda Demireliň Prezidentlik möhleti dolanlygy sebäpli Ahmet Nejdet Sezer Türkiýäniň 10- njy Prezidenti boldy. 2008-nji ýylda Prezidentlige saýlanan Abdylla Gül häzirki wagtda Türkiýäniň Prezidentidir. XX asyryň ahyrynda – XXI asyryň başlarynda türkmen- türk gatnaşyklary Garaşsyz we Bitarap Türkmenistan bilen Türkiýäniň taryhy kökleri, bu iki doganlyk halky XX asyryň ahyrynda bir- biri bilen pugta birleşdirdi. Türkmenistanyň garaşsyzlygyny ilkinji ykrar eden döwlet doganlyk Türkiýedir. Türkmenistan Watanymyz garaşsyzlygyny alanyndan soňra Türkmenistanyň Prezidenti S. A. Nyýazow garaşsyz bir döwletiň baştutany hökmünde ilkinji resmi sapar bilen 1991-nji ýylyň 2-4-nji dekabrynda Türkiýä gitdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň bu saparynda Türkiýäniň Prezidenti Turgut Ozal bilen geçirilen gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň esasy ugurlary we wezipeleri kesgitlenildi. 1992-nji ýylyň 1-2-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň çagyrmagy boýunça Aşgabada Türkiýe Respublikasynyň premýer-ministri Süleýman Demireliň baştutanlygyndaky hökümet delegasiýasy geldi. Gepleşikleriň barşynda Türkmenistandan Türkiýä bilim almak üçin talyplaryň äkidilmegi esasy meselelerden biridir. Saparyň jemleri türkmen- türk hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk ösmegi üçin güýçli badalga bolup hyzmat etdi. 308 1992-nji ýylyň 28-31-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Türki dilli ýurtlaryň baştutanlarynyň duşuşygyna we Türkiýäniň döredilmeginiň 69 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin Ankara geldi. Şol döwürde Türkiýede bilim almak üçin türkmen talyplaryň ilkinji toparlary hem doganlyk döwlete gelipdiler. 1993-nji ýylyň 11-13-nji aprelinde Türkiýäniň Prezidenti Turgut Ozalyň türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň ösmegine güýçli itergi beren Türkmenistana dostlukly sapary boldy. Ýeri gelende aýtsak bu sapar mahalynda has takygy 12-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen täze Türkmen elipbiýi tassyklanyldy. Ýagny Türkmenistan hem Türkiýe ýaly indi latyn elipbiýinde ýazmaga we okamaga başlaýardy. Bu iki doganlyk halkyň taryhynda möhüm wakadyr. Türkiýäniň Prezidenti Turgut Ozalyň Ata Watan Türkmenistana zyýaratyndan birnäçe gün soňra ýagty jahan bilen hoşlaşmagy (17-nji aprel) türkmen halkyny çuňňur gynandyrdy. Türkiýäniň Prezidenti Turgut Ozalyň Türkmenistana bolan saparynyň çäklerinde türkmen-türk mekdebiniň açylyş dabarasy hem bolup geçdi. Bu taryhy wakanyň üstünden bir ýyldan gowrak wagt geçeninden soňra bolsa Prezident S. A. Nyýazowyň Permany bilen Türkmenistanda ilkinji halkara ýokary okuw mekdebi bolan Halkara türkmen-türk uniwersiteti açyldy (1994). 1994-nji ýylyň 19-21-nji iýunynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkiýä nobatdaky resmi sapary boldy. Saparyň çäklerinde Türkiýäniň Prezidenti Süleýman Demirel bilen duşuşan Prezident S. A. Nyýazow ikitaraplaýyn gatnaşyklary has hem ösdürmek üçin gepleşikler geçirdiler. 1995-nji ýylyň 16-19-njy ýanwarynda Saparmyrat Türkmenbaşynyň Türkiýä resmi saparynyň çäklerinde Türkmen energiýa göterijilerini dünýä bazarlaryna çykarmagy guramak 309 boýunça Döwletara geňeşiniň maslahaty bolup geçdi. Oňa Türkmenistanyň, Eýranyň, Russiýanyň we Türkiýäniň energetiki toplumlarynyň ýolbaşçylary we 30-dan gowrak nebitgaz kompaniýalarynyň we banklaryň wekilleri gatnaşdylar. 1996-njy ýylyň 18-19-njy noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşynyň Türkiýä nobatdaky sapary mahaly ykdysadyýet, tebigaty goramak, bilim we medeniýet, ýol gurluşygy ugurlarynda hyzmatdaşlyk barada hökümetara ylalaşyklarynda gol çekildi. 1997-nji ýylyň 12-nji maýynda Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Türkiýäniň Prezidenti Süleýman Demirel we Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy Gypjak obasynda türk kompaniýasy tarapyndan gurlan dokma kombinatynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar. 1998-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy Türkiýede saparda boldy we ol Türkiýäniň döredilmeginiň 75 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy. Şol ýylyň 11-13-nji noýabrynda Türkiýänin Prezidenti Süleýman Demirel öz ýurdunyň döwlet we iş adamlaryndan düzülen uly topar bilen Türkmenistana geldi. Özüniň Aşgabada resmi sapary mahaly Süleýman Demirel Saparmyrat Türkmenbaşy bilen türk kompaniýalary tarapyndan bina edilen desgalaryň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Olaryň arasynda Türkiýäniň ilkinji Prezidenti Mustafa Kemal Atatürküň ýadygärligi we seýilgähi, Ärtogrul Gazy adyndaky metjit we Türkmenistanyň Milli muzeýi bar. 2000-nji ýylyň 28-29-njy martynda Türkiýaniň Prezidenti Süleýman Demirel resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Gepleşiklerde energiýa serişdeleri boýunça hyzmatdaşlyga uly orun berildi. Bu resmi sapar Türkiýäniň Prezidenti hökmünde Süleýman Demireliň Türkmenistana iň soňky saparydyr. 310 2000-nji ýylyň 17-18-nji oktýabrynda Türkiýäniň 10-njy Prezidenti Ahmet Nejdet Sezer resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. XXI asyryň birinji on ýyllygynda ykdysadyýetiň we medeniýetiň dürli ugurlarynda özara peýdaly hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri onuň Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy bilen geçiren gepleşikleriniň baş temasy boldy. 2001-nji ýylyň 25-27-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy Türkiýä bardy we ol ýerde türki dilli döwletleriň baştutanlarynyň duşuşygyna gatnaşdy. 2003-nji ýylyň 11-nji dekabrynda türkmen elektrik energiýasyniň ilkinji megawattlary Eýranyň energetika ulgamynyň üsti bilen Türkiýä iberilip başlanyldy. 2007-nji ýylyň 14-nji fewralynda Türkmenistanyň ähli halk tarapyndan saýlanylan Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ygtyýarlyklary tassyklanyldy hem-de onuň işe girişmeginiň dabarasy boldy. Bu dabara gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Türkiýäniň Premýer-ministri Rejep Taýyp Erdogan bilen duşuşdy. Gurbanguly Berdimuhamedowa döwlet baştutanynyň köp taraply işinde üstünlikler arzuw edip, ýokary derejeli türk myhmany türkmen we türk halklarynyň arasyndaky garaşsyzlyk zamanasynda görlüp-eşidilmedik ösüşe eýe bolan gadymy doganlyk we dostluk gatnaşyklarynyň has-da pugtalandyrjakdygyna ynam bildirdi. 2007-nji ýylyň 9-njy iýunynda türkmen we türk halklarynyň arasyndaky dostluk we doganlyk däplerini pugtalandyrmak, olaryň dil bitewiligini gorap saklamak işine goşan uly goşandy üçin Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşa (merhum) türk diliniň 5-nji halkara olimpiadasynyň guramaçylyk geňeşi tarapyndan Atatürk adyndaky türk dili baýragy berildi. Türkiýäniň Halkara dil bilimi jemgyýeti tarapyndan döredilen bu baýrak türk dilini we 311 medeniýetini ösdürmäge örän uly goşant goşan görnükli döwlet işgärine her ýyl gowşurylýar. 2007-nji ýylyň 29-njy awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň täze saýlanylan Prezidenti Abdulla Güle onuň Türkiýäniň Beýik milli ýygnagynda Prezident saýlawlarynda ynamly ýeňşi bilen gutlap gutlag iberdi. 2007-nji ýylyň 6-7-nji dekabrynda Türkiýäňiň Prezidenti Abdulla Gül resmi sapar bilen Aşgabat şäherinde boldy. Gepleşikleriň netijesinde Bilelikdäki beýanata, şeýle hem Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara Türkmen-türk topary hakynda Türkmenistanyň hökümeti bilen Türkiýäniň hökümetiniň arasyndaky Ylalaşyga gol çekildi. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Türkiýäniň Prezidenti Abdulla Gül Daşaoguz welaýatynda saparda boldy, ol ýerde ýylda 1,5 milliard kilowat-sagatdan hem köp elektrik energiýasyny öndürjek döwlet elektrik stansiýasynyň açylyşyna gatnaşdy. Şol gün iki ýurduň baştutanlary Köneürgenç etrabyndaky Üç ýüz altmyş piriň ýadygärlik toplumyna zyýarat edip, gudraty güýçli Allatagala doga okady. 2008-nji ýylyň 10-njy noýabrynda Aşgabatda ýerleşen türkmen-türk dostlugy seýilgähinde garaşszy Türkiýäniň esasyny goýan göwrnükli syýasy işgär Mustafa Kemal Atatürküň ýadygäyliginiň etegine gül desseleriniň goýulmagynyň dabarasy boldy. 2008-nji ýylyň mart aýy Türkmenistanyň we Türkiýäniň taryhynda örän möhüm seneleriň biri hökmünde taryha girdi. 24-nji martta Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar bilen Türkiýä bardy. Türkiýäniň Prezidenti Abdulla Gül bilen Türkmenistanyň Prezidenti gepleşikleriň barşynda ozal gelnen ylalaşyklaryň ýerine 312 ýetirilişiniň barşyny ara alyp maslahatlaşdylar we netijeli arkalaşyga çemeleşmeleri anyklaşdyrdylar, söwda-ykdysady, energetika we ulag kommunikasiýa ulgamlarynda, dokma senagaty we gurluşyk pudaklarynda hyzmatdaşlyk etmegi ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda goýdular. Prezidentler türkmen- türk gatnaşyklarynyň rowaçlygynyň aýrylmaz bölegi hökmünde gumanitar sferasyndaky hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň zerurdygyny nygtadylar. Türk lideri Türkiýäniň Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmek bilen birlikde halkara guramalarynyň çäklerinde, ozaly bilen-de BMG-niň çäklerinde mundan beýläk hem işeňňir hyzmatdaşlyk etmekçidini nygtady. Abdylla Gül Gurbanguly Berdimuhamedowyň ikitaraplaýyn partnýorçylygyň ägirt uly potensialyny durmuşa geçirmegiň çeýe we netijeli guraly bolup çykyş edýän hökümetara komissiýasyny döretmek hakyndaky başlangyjynyň möhümdigini belledi. Ol Türkiýe tarapynyň Türkmenistanyň ýerasty ýataklaryndaky tebigy gazyň Ýewropa eltilmegi bilen gyzyklanýandygyny we degişli taslamalary durmuşa geçirmäge öz goşandyny goşmaga taýýardygyny aýtdy. Onuň pikiriçe, Baku-Türkmenbaşy demirýol paromly geçelge ulag sferasynda belelikdäki taslama bolup bilerdi. Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň ykdysadyýetiniň dürli ugurlaryny, hususan-da, dokma senagatyny ösdürmäge türk kompaniýalarynyň ägirt uly goşant goşýandygyny belledi. Türk maýasy senagat, ulag, gurluşyk, söwda we beýleki sferalarda işlemek bilen, netijeli hyzmatdaşlygyň aaýyp nusgalaryny görkezýär. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow köğ şahaly ulag infrastrukturasynyň, şol sanda Hazar deňzinde paromly demirýol geçelgeleriniň döredilmegini goldady. Ol bilelikdäki tagallalary birleşdirmegiň sferasy hökmünde Hazar deňziniň türkmen kenarynda ―Awaza‖ Milli syýahatçylyk zolagyny döretmek boýunça taslamany 313 mysal getirdi. Türkmenistanyň Prezidenti gumanitar-medeni sferada ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň aspektleri barada aýratyn durup geçdi. Onuň pikirine görä, syýahatçylyk netijeli özara gatnaşyklaryň geljegi uly we düşewüntli pudagy bolup, bu ugurda türkmen tarapyna türkiýeli hyzmatdaşlaryndan öwrenere zat köp. Gepleşikler tamamlanandan soň, Türkmenistanyň Medeniýet we teleradioýaýlymlar ministrligi bilen Türkiýe Respublikasynyň Radio-telewideniýe guramasynyň arasynda teleradioýaýlymlar ulgamynda özara hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň hökümeti bilen Türkiýeniň hökümetleriniň arasynda Ylalaşyk gazanyldy. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň arasynda hyzmatdaşyk etmek hakynda Teswirnama gol çekildi, Türkmenistanyň Prezidenti bilen Türkiýäniň Prezideni Bilelikdäki Beýanata gol çekdiler. Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýä saparynyň çäklerinde 25-nji martda Stambula bardy we ―Çyragan‖ Köşgünde Türkýede okaýan türkmen talyplary bilen duşuşdy. Ol türkmen- türk hyzmatdaşlygynyň derejesine ýokary baha berdi, Galkynyş eýýamyna gadam uran Türkmenistanyň çözýän meselelerini häsiýetlendirdi. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan ýaş, ökde hünärli hünärmenlere uly umyt baglaýar. 2008-nji ýylyň 28-njy noýabrynda Türkmenbaşy şäherinde Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň Prezidenti Abdulla Gül bilen duşudşy. Ikitaraplaýyn partnýorçylygy ösdürmek olaryň gepleşikleriniň esasy temasy boldy. Energetika we söwda-ykdysady sferalarda, ulag, aragatnaşyk, gurluşyk, dokma senagaty we beýleki birnäçe pudaklarda arkalaşykly hereket etmek meselesine aýratyn üns berildi. |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling