Türkmenistanyň Bilim ministrligi


I BÖLÜM  Anadolynyň türkmenleşmegi


Download 1.51 Mb.
Pdf ko'rish
bet99/130
Sana21.04.2023
Hajmi1.51 Mb.
#1367924
1   ...   95   96   97   98   99   100   101   102   ...   130
Bog'liq
wlüýägulyýew M Türki ýurtlaryň taryhy-2010`HTTU

I BÖLÜM 
Anadolynyň türkmenleşmegi 
(XI asyryň başlary - 1299) 
Seljukly türkmenleriniň Anadoly ýerlerine 
aralaşmagy 
Türkmen taryhynyň iň esasy döwletlerinden biri bolan 
Beýik Seljukly türkmen döwleti 1040-njy ýylda Dandanakan 
söweşinden soňra gurlupdy. Ýöne Seljukly dinastiýasy entek 
Seljukly döwleti gurulmazyndan öň Anadola aralaşmagy 
başarypdyr. Mawerannahrda Garahanlylaryň we Gaznawylaryň 
gözegçiliginde bolan Seljukly dinastiýasy özüne ýurt gözlemek 
maksady bilen Anadola ýöriş gurnan bolsa gerek diýip alymlar 
çaklaýarlar. Bu wezipäni ýerine ýetirmekligi Togrul begiň agasy 
we Soltan Alp Arslanyň kakasy Dawut Çagry bege berlipdir. Ol 
üç müň türkmen atlysy bilen Mawerannahrdan Anadola hereket 
etdi we 1016-njy ýylda şol wagtlar Anadolyda höküm süren 
Wizantiýa imparatorlugynyň gündogar serhetlerinden girdi. Ol 
yzyna dolanyp gelip Togrul bege ―biz Horasan, Azerbeýjan we 
Gündogar Anadola gidip ol ýerlerde höküm sürüp bileris, çünki 
ol ýerlerde bize garşy güýçli bir garşydaş ýok‖ diýip gören 
eşidenlerini gürüň beripdir.
1028-nji ýylda Mahmyt Gaznawydan ýeňilip gaçan 
Arslan hana (Ysraýýl) bagly Türkmenleriň bir bölegi 
Azerbeýjan ýoly bilen Wizantya topraklaryna girdiler we hatda 
Diýarbekire çenli bardylar. 
1040-njy ýyldaky Dandanakan söweşinden soňra bu 
sapar Togrul begiň ýolbaşçylygynda Seljukly türkmenleri 
Anadola ýörişler gurnalýar. 1048-nji ýylda Musa Ýabgunyň 
ogly Hasanyň Wizantiýa bilen bolan bir söweşde şehit bolmagy 
netijesinde, Togrul begiň görkezmesi bilen Wizantiýa 
çeşmelerine görä 100 müň adamlyk Seljukly goşuny Wizantiýa 


267 
topraklaryna girdi. Bu ýerde Pasin diýlen ýerde bolup geçen 
söweşde Seljuklylar uly ýeňiş gazanýarlar (1049). Wizantiýa 
garşy gazanylan bu ilkinji ýeňiş Hasangala ýa-da Pasinler 
söweşi diýlip taryha ýazylandyr. Bu söweşden soňra bolup 
geçen ylalaşyga görä Wizantiýa döwleti Stambuldaky metjitde 
Abbasy halyfynyň we Togrul begiň adyna hutba okatmagy 
kabul edipdir.

Download 1.51 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   95   96   97   98   99   100   101   102   ...   130




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling