Umumy dil bilimi


Mark Terensiý Warron (b.e.öň 116–27)


Download 1.57 Mb.
Pdf ko'rish
bet118/123
Sana18.06.2023
Hajmi1.57 Mb.
#1595397
1   ...   115   116   117   118   119   120   121   122   123
Bog'liq
Bekjäýew T Umumy dil bilimi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy (1)

Mark Terensiý Warron (b.e.öň 116–27) gadymy Rimiň bel-
li grammatikaçylarynyň biri. Ol ýigrimi bäş kitapdan ybarat bo-
lan «Latyn grammatikasy hakynda» atly ýygyndyny ýazypdyr. Bu 
ýygyndynyň alty kitaby biziň günlerimize gelip ýetipdir. Mark Teren-
siý Warron anomalçylaryň we anologçylaryň jedeline goşulýar hem-
de söz ýasalyşy anomaliýa, söz üýtgeýişi anologiýa hasaplaýar.
Mihail Wasilýewiç Lomonosow (1711–1765) rus grammati-
kasynyň semasiologik ugruny esaslandyryjy. Ol rus diliniň ilkinji 
ylmy grammatikasyny ýazýar («Российская грамматика» 1755 ý). 
Diller bilen gyzyklanyp, onuň dürli gepleşiklerde ýüze çykyşyny 
öwrenýär we ilkinji bolup diliň grammatik kadalaryny işläp düzýär. 
Nikolaý Iwanowiç Greç (1787–1867) özüniň «Rus diliniň 
giňişleýin grammatikasy» «Пространная русская грамматика» 
(ПРГ) we «Rus diliniň tejribe grammatikasy» «Практическая 
русская грамматика» atly kitaplarynda (1827 ý) dil bilimini taryhy 
we filosofik bölümlere, olary bolsa hususy hem-de umumy bölümlere 
bölýär. N.I.Greç özüniň grammatikasynda dil biliminiň 4 görnüşini 
öňe sürýär:
1.Umumy taryhy dil bilimi.
2.Rus taryhy dil bilimi.
3.Umumy filosofiki dil bilimi.
4.Rus filosofiki dil bilimi.
Eger M.W. Lomonosow rus grammatikasynyň semasiologiýa 
ugruny esaslandyran bolsa, N.I.Greç ondaky onomasiologik ugry 
kesgitlän alymdyr.
Nikolaý Sergeýewiç Trubeskoý (1890–1938) rus dilçisi, ilki 
Moskwada, Rostowda, soň Soliýada, Wenada işleýär. Praga lingwis-
tik mekdebini döredijileriň biridir. Onuň «Fonologiýanyň esaslary» 
atly kitaby 1939-njy ýylda nemes dilinde, 1960-njy ýylda rus dilinde 
çap edilýär. Bu kitap täze lingwistik ugruň düýbüni tutdy. Alym fono-
logiýadan başga diliň taryhy, gadymy diller bilen hem gyzyklanypdyr.
Nikolaý Wýaçeslawowiç Kruşewskiý (1851–1887) meşhur rus 
dilçisi, Kazan lingwistik mekdebiniň wekili. Onuň esasy işi umumy 


185
dil biliminiň möhüm meselelerine bagyşlanyp, 1883-nji ýylda çap edi-
len «Dil hakyndaky ylmyň öçerkidir». Alym bu kitabynda diliň bel-
likler ulgamydygyny ilkinji gezek belläp geçipdir. N.W.Kruşewskiý 
sözüň morfologik düzümini, söz ýasalyşyň meselelerini, sözleriň 
many baglanyşygyny düýpli öwrenipdir.

Download 1.57 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   115   116   117   118   119   120   121   122   123




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling