Wagty: Sapagyň temasy: Ferment beloklary


Download 12.45 Kb.
Sana09.01.2022
Hajmi12.45 Kb.
#261217
Bog'liq
ferment beloklary


Synpy: 9A 9b

Wagty:
Sapagyň temasy: Ferment beloklary.

Sapagyň maksady:
1.Bilim beriji: Ferment beloklaryna düşünje bermek.

2.Terbiýeleýji: Okuwçylary Ata-Watana,ene topraga,halkymyza wepalylyk ruhunda terbiýelemek.


3.Pikirlenmäni ösdüriji:Özbaşdak pikir ýöretme endiklerini artdyrmak.

Sapakda ulanylmaly görkezme esbaplar:barlagnamalar,interaktiw tagta.

Sapagyň görnüşi:Leksiýa,multimediýa-interaktiw usulyny peýdalanmak.

Sapagyň gidişi.

I.Sapagyň guramaçylyk döwri.

a)okuçylar bilen salamlaşmak.

b)gatnaşygy barlamak.

II.Geçilen temany soramak:

1. Beloklaryň biopolimerleriniň uglewodlaryň biopolimerlerinden nähili tapawudy bar?

2. Olaryň meňzeşligi barmy?

3. Beloklaryň haýsy gurluş derejeleri bolýar we olar biri-birinden nähili tapawutlanýarlar?

4. Beloklaryň düzümindäki monomerlere näme diýilýär/

III.Geçilen temany jemlemek:

Beloklaryň düzümini we onuň düzümine girýän aminokislotalary öýde ýazyp öwreniň.

IV.Täze temanydüşündirmek:

Her bir janly öýjükde bir wagtyň dowamynda biohimiki täsirleşmeleriň ýüzlerçesi üznüksiz ýagdaýda amala aşýarlar. Bu täsirleşmeleriň dowamynda öýjüge daşyndan gelen maddalaryň dargama we turşama hadysalary bolup geçýär. Täs-ň netijesinde emele gelen önümleri we energiýany öýjük özüne gerekli bolan dürli organiki maddalary öndürmek üçin peýdalanýar. Bu hili täs-ň çalt depgin bilen amala aşmagyny fermentler üpjün edýärler.

Fermentler-täs-ri tizleşdiriji biologiki katalizatorlar. Häzirki wagtda fermentleriň müňden gowragy mälimdir. Fermentleriň hersi bir ýa-da birnäçe meňzeş täs-ri üpjün etmäge ukyply. Olaryň her molekulasy bir minutyň dowamynda birnäçe müňden birnäçe milliona çenli operasiýany ýerine ýetirip bilýär. Bu täs-ň geçişinde fermentleriň özi harçlanylmaýarlar.Ol diňe täs-mä gatnaşýan maddalar bilen birleşýär,olaryň öwrülişigini çaltlandyrýarlar,emma täs-n üýtgemän çykýar.

Sazlaýjy beloklar. Haýwanlaryň we ösümlikleriň ýöriteleşen öýjükleri gormonlar diýlip atlandyrylýan maddalary öndürýärler. Gormonlar fiziologiki hadysalary sazlaýjy ýörite maddalardyr.

Beloklar- goraýjy serişdeler. Bakteriýalar ýa-da wiruslar haýwanlaryň we adamyň ganyna düşende organizm ýörite goraýjy beloklary-antibedenleri işläp çykarýar

Beloklar –energiýanyň çeşmesi.

V.Gecilen temany berkitmek:

1. Fermentleriň esasy wezipesi nämeden ybarat?

2. Näme üçin fermentleriň kömegi bilen katalizlenýän täsirleşmeler pH-a we tem-ra bagly bolýarlar?

3. Gormonlar haýsy wezipäni ýerine ýetirýärler?

4. Öýjük immuniteti näme?

VI.Geçilen temany jemlemek we okuwçylary bahalandyrmak:



Fermentleriň,gormonlaryň,öýjük immunitetiniň häs-syny ýazyp öwreniň.

VII.Öýe iş tabşyrmak:&12sah.75
Download 12.45 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling