Xix asyryň ahyrynda- XX asyryň baş


Download 27.17 Kb.
bet1/4
Sana18.06.2023
Hajmi27.17 Kb.
#1562623
  1   2   3   4
Bog'liq
TÜRKMEN JEDITLERI- Y.AGAJANOW


XIX ASYRYŇ AHYRYNDA- XX ASYRYŇ BAŞLARYNDA TÜRKMENISTANDA JEDITÇILIK HEREKETLERINIŇ ÖSÜŞI
AgajanowYhlas - talyp,
Ajynyýaz adyndaky Nöküs DPI, Nöküs şäheri.

Annotasiýa: Bu makalada XIX-XX asyr türkmen durmuşyndaky ýagdaýy, jeditçilik hereketiniň döremegi we onuň türkmen topragyndaky wekilleri barada maglumat berilýär.

XIX asyryň ahyrynda Türküstan sebitinde Patyşa Russiýasynyň basybalyjylykly we boýunegdirijilikli syýasat alyp barmagy netijesinde türki halklaryň taryhynda düýpli öwrülişikler bolup geçdi. Ruslar deslap, Gazak hanlyklaryny, Kokand hanlygyny, Buhara Emirligini we Hywa hanlygyny basyp aldylar. Soňra bolsa Türkmenleri boýun egdirdiler. Eýsem, ülkäniň elden gitmesiniň sebäpleriniň biri-de tälim-terbiýe üns berilmezligidir. Diňe dini tälim alan halk dünýewi ylymlardan yzda galdy. Olar ösen ýurtlar üstüne abanyp durandygyndan gapyl galyp, biri-biri bilen söweşip geziberdiler. We bu pursatdan Patyşa Russiýasy peýdalanyp galdy.


Rus Imperiýasynyň soňky ýyllarynda musulmanlaryň arasynda bilime bolan höwes çar tarapa ýaýrap, Kryma, Wolga sebitlerine, Azerbeýjana, Türkistana, ahyrsoňy hem Transkaspi sebitine baryp ýetýär. Jemgyýeti döwrebaplaşdyrmagy maksat edinen reformatorlar bilim bermegiň täze ýollaryny we ählumumy sowatlylyk ýa-da aýallaryň bilim almagy ýaly ösen jemgyýetçilik kadalaryny ündeýärler.
Orta asyrlara mahsus bolan yzagalaklykdan gutulmak, jemgyýetiň umumy durkuny täzelemek barada ýazyp, türkmenleriň döwrebaplygyň ýolundan ýöremegini, sowatly jemgyýeti ýetişdirmegi, dünýewi bilimi dini häkimiýetden ýokarda tutmagy we ýönekeý adamlary bilim bermek arkaly galkyndyrmagy teklip edýärler. Olar dünýä tälim ulgamyndaky täzelikleri öwrenip ,ony öz halkyna öwretmek isläpdirler. Halkyň pikirlenişini üýtgetmäge, global derejede pikirleýän we iş ýöredýän ynsanlary ýetişdirmäge hereket edipdirler.
Şeýlelikde, döwrüň derwaýys meslelerini çözmäge gönükdirilen “jeditçilik” (usul-i jadid sözünden) ýa-da “täze usul” hereketi emele gelýär. Bu termin ilki bilen 1880-nji ýyllarda tatar alymy Ysmail Beý Gasprinskiniň (1851-1914) başda durmagy bilen açylan täze tatar mekdeplerinde pedagogikada ulanylýar.
Jeditleriň niýeti bilimi “dünýewi” we “dini” diýen iki bölege bölmek däldi; olar döwrebap ylym bilen adaty bilimi birleşdirýän köpri gurmak isleýärdiler. Täze intellektual gurşawda Ýewropa ylymlary we olar bilen bir hatarda yslamy öwreniş sapaklary hem okadylýar.
Jedit hereketiniň türkmen intelligensiýa wekilleriniň arasynda belli ýazyjylar, magaryfçylar, dilçiler we alymlar bolan Abdylhekim Gulmuhammedowy, Kümüşaly Böriýewi, Seýitmyrat Öwezbaýewi, Muhammet Geldiýewi, Orazmämmet Wepaýewi, Berdi Kerbabaýewi, Garaja Burunowy, Mollamurty, Durdy Gylyjy, Körmollany, Şemseddin Kerimini, Muhametguly Atabaý ogluny we başga-da ençeme görnükli şahsyýetleri agzamak mümkin. Ýöne esasy jedit akymy boýunça ýazylan daşary ýurt ylmy işlerinde täzeçilligiň türkmen wekilleri barada, dogrusy, az agzalýar. Hatda , türkmenlerde hiç hili jeditçilik bolmadyk diýen nädogry garaýyşlar hem bar. Şeýle garaýyşlary ýok etmek maksadynda aşakdaky olardan birnäçesi barada durup geçeliň.

Download 27.17 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
  1   2   3   4




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling