6-tema: «100» kontsentrinde goşmak we aýyrmak amallary. «100» kontsentrinde goşmak we aýyrmak temasynda sapaklaryň görnüşini geçirmek


Download 91.81 Kb.
Pdf ko'rish
bet1/4
Sana30.10.2023
Hajmi91.81 Kb.
#1734290
  1   2   3   4
Bog'liq
6-tema MOM material



6-tema: «100» kontsentrinde goşmak we aýyrmak 
amallary. «100» kontsentrinde goşmak we aýyrmak 
temasynda sapaklaryň görnüşini geçirmek
Bu bölümde 100 içindäki sanlary belgilemek we olaryň üstünde 
arifmetiki amallary ýerine ýetirmeklik iň esasy işleriň biridir.
Okuwçylar täze san birligi – onluk san düşünjesi we sanamagyň 
onluk ulgamynda esasy düşünjeleriň biri hasaplanýan – razrýad dü-
şünjesi bilen tanyşýarlar.
Bilimiň özleşdirilişinde ikibelgili sanlary okamak we ýazmak – 
ýüzden uly sanlary ýatdan we ýazuw arkaly öwretmegiň esasy bolup 
durýar. Ýatdan hasaplamak endigini we onuň ýazylyş düzgünini kä-
milleşdirmek esasy meseleleriň biridir.
Ýüz içindäki sanlaryň üstünde arifmetiki amalyň ýerine ýetirilişi-
ni öwrenmeklik okuwçylarda komponentleriň arasyndaky baglanyşygy 
we olardan alnan netijesiniň dogrulygyny ýatdan hasaplamak endigini 
ösdürmeklige kömek eder. Bu bolsa çagalarda arifmetik amallary ýerine 
ýeritmeklige girişilýän esasy basgançak bolup durýar. Şeýlelikde, okuw-
çylar goşmagyň tablisasyny we aýyrmagyň tablisasyny ýatdan bilmeklik 
derejä barýar (birbelgili sanlaryň üstündäki goşmak, aýyrmak tablisany 
ýatlamak ýeterlikdir).


Bu tablisany bilmeklik çagalara çalt işläp, dogry netije çykarmak-
lyga we indiki tapgyrda bölmäge, köpeltmäge geçmeklige taýýarlaýar. 
Şeýlelikde, goşmagyň we köpeltmegiň tablisasyny geljekde köpbel-
gili sanlaryň üstünde arifmetiki amallary ýatdan we ýazuw arkaly ýe-
rine ýetirmeklik düzgünine taýyarlaýar.
Ýüz içindäki sanlar bölümde sanlary belgilemek, goşmak, aýyr-
mak, köpeltmek, bölmek amallary öwrenilýär. Ýüz içindäki sanlary 
belgilemek we olaryň üstündäki arifmetiki amallaryň ýerine ýetirilişi-
ni öwrenmeklik ululyk düşünjesini we olaryň ölçeg birliklerini öwren-
meklige getirýär.
Bu bölümde ýönekeý we düzmeli meseleleri çözmeklige, san 
deňligine we deňsizligine, üýtgeýän bir ululykly ýönekeý deňlemele-
re, deňsizliklere seredilýär.
Okuwçylar üýtgeýän ululykly aňlatmalarda harplaryň peýdalanylýan-
dygy we olar arkaly hem aňlatma yazyp bolýandygy bilen tanyşýarlar.
Düşünjeleriň dowamy geometrik maglumatlar bilen doldurylýar.
Olardan: göni burç, gönüburçluk,
1) 
2) 
3) ABСD harplar bilen nokatlar belgilenilýär.
4) 
5) 
6)


7) 
– döwük çyzyk
8) döwük çyzygyň uzynlygy. Köpburçlugyň perimetri we başga-
da birnäçe geometrik figuralaryň mazmuny bilen baglanyşykly ýu-
muşlar çözülýär.

Download 91.81 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
  1   2   3   4




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling