6-tema: «100» kontsentrinde goşmak we aýyrmak amallary. «100» kontsentrinde goşmak we aýyrmak temasynda sapaklaryň görnüşini geçirmek


Download 91.81 Kb.
Pdf ko'rish
bet2/4
Sana30.10.2023
Hajmi91.81 Kb.
#1734290
1   2   3   4
Bog'liq
6-tema MOM material

100 içindäki sanlary belgilemek
Bu temany öwredende mugallymyň esasy maksady çagalaryň 
100-e çenli sanamagy, berlen sanyň onlukdan we birlikden düzülýän-
digini bilmeklerini, sany okap, ýazyp, onlugyň öňürti, birligiň soň ýa-
zylýandygyny berk bellemeklerini gazanmakdyr.
“Birinji we ikinji razrýadyň birlikleri, razrýadly sanlar, razrýad go- 
şulyjylaryň jemi, birbelgili we ikibelgili sanlar” ýaly täze düşünjeleri 
we adalgalary okuwçylar bilmelidir. Ýüz içindäki sanlary belgilemek 
iki basgançakdan ybaratdyr:
a) ilki 11 – 20 arasyndaky sanlary belgilemek öwredilýär;
b) soňra 21 – 100 çenli sanlary belgilemek öwredilýär.
Iki basgançakdan öwredilmeginiň sebäbi ikinji onlukdaky sözler 
birinjidäki ýaly gaýtalanýar. Mysal: 2 “iki’’, 3 “üç’’, 5 “bäş’’ we ş.m.
12 “On bilen iki’’, 13 “On bilen üç’’, 15 “On bilen bäş’’ ýaly 
belgilenýär. Sebäbi ol ýazgylar birlikleri aňladýar. Onluk razrýad daky 
sanlar bolsa, şol sanyň näçe onlukdan durýandygyny aňladýar. 20 – 
“iki onluk’’, 30 – “üç onluk’’, 50 – “bäş onluk’’ we ş.m. Şeýlelikde, 
ýüz içindäki tegelek onluklar aşakdaky ýaly okalýar:
“20’’ – ýigrimi “60’’ – altmyş
“30’’ – otuz 
“70’’ – ýetmiş
“40’’ – kyrk 
“80’’ – segsen
“50’’ – elli 
“90’’ – togsan 
Iki onluga ýigrimi diýilýändigini, üç onluga otuz diýilýändigini, 
dört onluga kyrk diýilýändigini we ş.m. dokuz onluga togsan diýil-
ýändigini düşündirmeli.
Ikinji onlugyň sanlaryny öwrenmeklige geçmezden öňürti “On-
luk“ bölümindäki sanlary gaýtalamaly. Şu maksat bilen zatlary, her 
hatardaky okuwçylary, kitaplary 10-dan geçmezlik bilen sanatmaly.


ýatdan belgilemegi öwretmek
Çagalar ilkinji onlugy öwrenip başlanda “Onluk” diýen düşünje-
den başlamaly.
Ýagny, 10-sany san taýajygy bir dessejik etseňbir onlugyň eme-
le gelýändigini bilmeli. Soňra san taýajyklaryň kömegi bilen goşmak, 
aýyrmak düzgünleri öwrenmeli. 11-den 20-ä çenli sanlaryň birlikden, 
onlukdan emele gelşini we ýazylyşyny öwretmeli.
Mysal. Iki gözli horjunyň birinde onluklary, beýlekisinde birlik-
leri aňladýan san taýajyklary goýup, bir onluk bilen bir birlik bar, on-
da olaryň ýazgysy şu görnüşde ýazylýar.
On bilen bir sanyň 11 bolýandygyny, “bilen” sözüni aýryp, “on 
bir“ diýip okalýandygyny düşündirmeli. Şeýlelikde, bu horjundan 
peýdalanyp, beýleki sanlaryň hem nähili alynýandygyny, okandygyny 
öwretmeli. Bu düşünjeler öwredilende sanlaryň yzygiderliligini hök-
many saklamaly. Sebäbi çagalar sanlaryň ýerleşiş tertibini dogry bil- 
meli. San taýajyklaryndan başga-da, dürli figuralary peýdalanyp, san-
laryň alnyşyny düşündirip bolar.
Mysal üçin:
10 sany tegelek
10 bilen 1 = on bir


 10 bilen 2 = on iki
…………………………………………………
10 bilen 9 = on dokuz
Ikinji onlugyň sanlary baradaky düşünjäni berkitmek üçin çaga-
laryň san taýajyklaryndan peýdalanyp, aşakdaky ýaly soraglara jogap 
bermekleri maksadalaýykdyr:
a) 15 sany taýajykdan näçe onluk we näçe birlik düzüp bolar?
b) eliňe 1 onlukdan we 4 birlikden ybarat taýajyklary al. Ol haý-
sy sany emele getirdi?
ç) 17 sanda näçe onluk we näçe birlik bar?
d) haýsy san 1 onlukdan we 9 birlikden ybarat?
e) 13 taýajyga bir-birden taýajyk goý-da, 20-ä barýança sana we
hersiniň adyny aýt? 
ä) 17 taýajykdan bir-birden aýyr-da, 10-a gelýänçä sana we her-
siniň adyny aýt.
f) çyzgyçdan peýdalanyp, 11-den 20-ä çenli sanlaryň yzygiderli-
ligini düşündirmeli.
0 1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20
Şonda her sanyň aralygynyň 1 sm deňligini ýatlatmaly. Şu mysal-
lardan soň 10 sm = 1 dm deňdigini düşündirmeli. Bu bolsa ýene-de bir 
uzynlyk birligine düşünmeklige getirýär. Ol düşünjäniň kämilleşmegi 
üçin bir uzynlyk ölçegi birligindäki aňlatmany iki uzynlyk ölçeg 
birliginde aňladyp görmeli.
Mysal: 12 sm = 1 dm 2 sm ýa-da 1 dm 3 sm = 13 sm
15 sm = 1 dm 5 sm 1 dm 7 sm = 17 sm
18 sm = 1 dm 8 sm
berlen düşünjäni ýatdan hasaplamak üsti bilen berkitmeli. Ýagny, 
15 sm näçe dm we sm bolýar? 1 dm 4 sm näçe sm bolýar we 1 dm näçe 
sm bolar? 10 sm näçe dm bolýar we ş.m. soraglary çözdürmeli.
Şeýlelik bilen sanlaryň ýazylyşyny öwredip başlamaly. Onuň üçin 
iki gözden we iki hatardan ybarat görkezme esbaby peýdalanmaly.


Ýokardaky hataryň sagyndaky gözünde ýeke-ýeke goýulýan taýa-
jyklary ýerleşdirmeli. Çepindäkide bolsa, taýajyklaryň 10 sany daňlan 
çogdamyny ýerleşdirmeli. Aşakdaky hataryň sagynda birlikleri aň-
ladýan sifrleri ýerleşdirmeli, çepinde bolsa, onlugy aňladýan sifri ýer-
leşdirmeli. Şu suratdan görnüşi ýaly, 1 onlukdan, 3 birlikden ybarat 
bolan san 13 sany aňladýar. Şeýle düzgüni peýdalanyp, 11-den 20-ä 
çenli sanlaryň her birini görkezip bolar. Bu düzgünleri okuwçylaryň 
özlerine gaýtaladyp ýerine ýetirtmeklik sanlaryň nähili alynýandygy-
na gowy göz ýetirmekligine kömek eder. Her bir 11-den 20-ä çenli san-
lary ýazanda, näçe birlikden, näçe onlukdan düzülendigini soramaly. 
Ýazylan sanyň sag tarapyndaky birinji san nämäni aňladýandygyny, 
ikinji san nämäni aňladýandygyny, düşündirip durmaly.
Mysal: 17 – bu sanda 7 sany birlik we 1sany onluk bar ýa-da 
19 sanda – 9 sany birlik, 1 sany onluk bar.
Çagalara 10 we 20 sanyň ýazylyşyny aýratyn düşündirmeli. Se-
bäbi 10-da 1(bir) onluk bolup, birligiň ýokdugyny, 20-de 2 (iki) onluk 
bolup, birligiň ýokdugyny we 0-diýen sanyň şol sanda birligiň ýok-
dugyny aňladýandygyny düşündirmeli.


Okuwçylaryň başarnyklaryny, endiklerini kämilleşdirmek üçin, 
dürli görnüşli soraglara ýazuw arkaly jogap bermeklerini gazanmaly:
Mysal.
1) 1 onlukdan 9 birlikden ybarat bolan sany ýaz.
2) 11-iň yzyndan gelýän sany ýaz.
3) 15-den 1 san uly sany ýaz.
4) 12+1 jemi ýaz.
5) 18–1 tapawudy ýaz.
Soňra dilden jogaplaryň nädip alnandygyny soramaly. Düşünje-
lerini kämilleşdirmek üçin, 10 + 5; 15 – 5; 15 – 10 görnüşli mysallary 
çözmeklige geçmeli.
15–10 bu 1 onluk 5 birlikden ybarat bolan sandan 1onlugy aýyr-
saň, 5 birligiň galýandygyny aýtmaly.
Şeýle yzygiderlilikde okuwçylara birlik sany ýazmak üçin bir sif-
riň, onlukdan we birlikden ybarat sany ýazmak üçin iki sifriň gerek-
digini düşündirmeli. Bu bolsa “birbelgili”, “ikibelgili” san düşünjesi-
ni ýüze çykarýar.
Düşünjeleri berkitmek üçin okuwçylara birnäçe birbelgili we iki-
belgili sanlary ýazdyrmaly. Mysal:
a) birnäçe birbelgili we ikibelgili san ýaz:
2, 7, 9, 12, 17, 19.
b) 4 sany yzygider ikibelgili san ýaz:
13, 14, 15, 16 ýa-da 15, 16, 17, 18
ç) 4 sany yzygider birbelgili san ýaz:
4; 5; 6; 7 ýa-da 6; 7; 8; 9
we ony 10 birlik artdyr, haýsy san alnar?
Alnar 14; 15; 16; 17 ýa-da 16; 17; 18; 19.
100-e çenli sanlary belgilemek edil 20-ä çenli belgilenişi ýaly 
öwredilýär. Ilki dilden, soňra ýazuw arkaly düşündirilýär.
1 onluk, 2 onluk, 3 onluk we soňky onluklaryň emele getirýän 
sanyny onuň adyny we ýazylyşyny düşündirmeli:
1 onluk = 10 (on) 
6 onluk = 60 (altmyş)
2 onluk = 20 (ýigrimi) 
7 onluk = 70 (ýetmiş)
3 onluk = 30 (otuz) 
8 onluk = 80 (segsen)
4 onluk = 40 (kyrk) 
9 onluk = 90 (togsan)
5 onluk = 50 (elli)


Beýleki sanlaryň birnäçesini ýazyp, adyny, okalyşyny öwretmeli.
1) 25 (ýigrimi bäş), iki onlukdan 5 birlikden ybarat.
2) 37 (otuz ýedi), 3 onlukdan 7 birlikden ybarat.
3) 4 onluk 6 birlik, bu 46 (kyrk alty) bolýar.
8 onluk 9 birlik, bu 89 (segsen dokuz) bolýar we ş.m. ýene-de 
birnäçesini çözdürmeli.
Şeýle düşünjeleri 70 + 5; 8 + 20; 34 – 4; 48 – 40 ýaly mysallar 
bilen berkitmeli. Mysallar çözülende uzynlyk ölçeg birliginden peýda-
lanyp, sm-den dm-e we dm-den sm-e geçmegi gaýtalamaly.
dm = 30 sm 
80 sm = 8 dm
dm = 50 sm 
70 sm = 7 dm.
Bu tema düşündirilende sanlaryň ýerleşiş tertibini ýatda saklamak 
üçin aşakdaky ýaly soraglara dilden jogap bermeklerini guramaly.
1) 79 sandan öň haýsy san gelýär?
2) 100 haýsy sandan soň aýdylýar?
3) 50 haýsy sanlaryň arasynda ýerleşýär?
Ýüz içindäki sanlary ýazuw arkaly belgilemegi öwredilende ola-
ryň ýazuw düzgünini we sanyň ýazgysynda her sanyň aňladýan ma-
nysyny ýatda saklamagy gazanmaly.
Ilki sanlary hasap taýajyklarynyň kömegi bilen aňladyp, soňra 
kesme sanlar bilen ýazgysyny ýazmaly.
Mysal üçin:
3 daňy onluk taýajyk we 4 sany taýajyk 34 (otuz dört) sany aňladýar. 
Bu düzgüni ýene-de birnäçe sanlary almakda ulanmaly 
(26, 63, 58 we ş.m.)
Okuwçylar şeýle hereketlerden soň, “Sagdan ilki birlikler soňra 
onluklar sany ýazylýar“ diýip netije çykararlar. Netijäni berkitmek 


üçin “5, 7, 1” sanlardan peýdalanyp mümkin bolan ikibelgili sanlary 
ýazmagy tabşyrmaly, olar:
11; 15; 17; 51; 55; 57; 71; 75; 77.
Okuwçylar ýazuw arkaly belgilemegi öwrenýän wagty razrýad-
lary we razrýadlardaky sanlaryň aňladýan manysyny bilmelidir.
Mysal: 57 sanda 5 – onluk we 7 birlik bar ýa-da 5 birlik ikinji 
razrýadda, 7 birlik birinji razrýadda ýazylgy diýip, kesme sanlardan 
peýdalanyp görkezmeli. Ol sany razrýadlaryň jemi görnüşinde:
57 = 50 + 7
ýazgysyny ýazmaly. Ikibelgili sanlaryň birnäçesini ýazyp, olardaky 
sanlaryň nämäni aňladýandygyny we haýsy razrýadda nämäniň du-
randygyny gaýtalap, ýazuw we dil üsti bilen öwretmeli.

Download 91.81 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   2   3   4




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling