Tema: Baş harplar we sözi täze setire geçirmek düzgüni Baş harplaryň ýazuw düzgüni
Download 17.79 Kb.
|
Baş harplar we sözi täze setire geçirmek düzgüni
- Bu sahifa navigatsiya:
- Sözi täze setire geçirmek düzgüni
Tema: Baş harplar we sözi täze setire geçirmek düzgüni Baş harplaryň ýazuw düzgüni. Has atlaryň ilki harpy baş harp bilen ýazylýar. Bu kada, esasan, aşakdaky ýalydyr: 1.Adam atlarynyň, familiýalarynyň we adynyň deregine ulanylýan lakamlarynyň ilki harpy baş harp bilen ýazylýar. Meselem: Aman Gurbanow, Annageldi Myradowiç, Babaew, gyzymyz Maýsa, Zelili, Mätäji, Pyragy. Şu hili atlar we lakamlar tirkeşdirilip ulanylanda, olaryň arasyna defis goýulmaýar. Meselem: Magttymguly Pyragy, Seýitnazar Seýdi, Mämmetweli Kemine. 2. Haýwanlara dakylýan atlaryň ilki harpy baş harp bilen ýazylýar. Meselem: Akbaý, Dordepel, Garagöz, Akbilek, Sakar, Gyrat. 3. Geografik atlaryň, meýdançalaryň, köçeleriň atlarynyň ilki harpy baş harp bilen ýazylýar. Meselem: Mary welaýaty, Aşgabat şäheri, Bezirgen obasy, Köpetdag, Murgap derýasy, Çeleken ýarym adasy. Bellik: Sypat ýasaýjy goşulmalary kabul edip, has atlyk manysyny ýitiren sözler setir harpy bilen ýazylýar. Meselem: aşgabatly, ýanbaşly, garagumly. Soňuna –sy-,-siz,-daky,-däki goşulmalary goşulan has atlar bu bellige girmeýär. Olaryň ilki harpy baş harp bilen ýazylýar. Meselem: Aşgabatdaky mekdep, Maksatdaky kitap. Sen Gözelsiz gezelenje gitme. 4. Planetalaryň, asman jisimleriniň atlarynyň ilki harpy baş harp bilen ýazylýar. Meselem: Ýer, Aý, Gün, Ýedigen, Demirgazyk ýyldyzy. 5. Döwletiň, ýokary partiýa, döwlet, organlarynyň we guramalarynyň atlaryny bildirýän sözleriň hemmesiniň (kömekçi sözlerden we partiýa sözünden başgasy) ilki harpy baş harp bilen ýazylýar. Meselem: Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Merkezi Komiteti, Garagalpagystanyň Ýokary Geňeşiniň Prezidiumy, Harby-Deňiz Floty. Sözleriň ilki seslerinde düzülen abbrewiaturalaryň hemme harplary baş harp bilen ýazylýar. Meselem: BMG, GDU, TDU, ABŞ. 6. Baýramlaryň we belli taryhy wakalaryň adyny bildirýän sözleriň birinji sözüniň ilki harpy baş harp bilen ýazylýar. Meselem: Dokuzynjy maý, Täze ýyl, Halkara aýal-gyzlar güni. Bellik: 1) Beýik Watançylyk urşy diýen atlar bu kadadan çykyp, olaryň başky iki sözüniň ilki harpy baş harp bilen ýazylýar. 2) Eger-de şeýle atlaryň düzümindäki tertip sanlar sifr bilen berilse, onuň yzyndaky sözüň ilkinji harpy baş harp bilen ýazylýar. Meselem: 8-nji Mart, 1-nji Sentýabr. 7. Ministrlikleriň, edaralaryň, fabrik-zawodlaryň, okuw jaýlarynyň, gazetleriň, jurnallaryň, tomaşa jaýlarynyň, söwda guramalarynyň, edebi we beýleki eserleriň atlarynyň ilki sözüniň ilki harpy baş harp bilen ýazylýar. Meselem: Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Garagalpak döwlet uniwersiteti, Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatry, «Mekan» gazeti, «Aýgytly ädim » romany. Bellik: Eger-de şeýle söz düzümlerinde has at bolsa, onuň hem ilki harpy baş harp bilen ýazylýar. Meselem: «Bitarap Türkmenistan» gazeti, «Ýawaş Don» romany. 8.Käbir halkara guramalarynyň adyny aňladýan sözleriň (kömekçi sözlerden başgasynyň) ilki harpy baş harp bilen ýazylýar: Birleşen Milletler Guramasy, Milli Howpsuzlyk Komiteti, Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Jemgyýeti. 9. Sözlemleriň birinji sözüniň ilki harpy baş harp bilen ýazylýar. Meselem: Okuwçylar gazet okaýarlar. Sen haçan şähere gitjek? 10. Goşgularyň her setiriniň ilki harpy baş harp bilen ýazylýar. Bellik: Käwagtlar goşguda sözlem düzülişiniň aýratynlygyna garap, bu düzgünden çykmalar hem bolup biler. 11.Stilistik maksatlar bilen baglylykda Watan, Azatlyk, Siz ýaly sözler baş harplar bilen-de ýazylyp bilner. Sözi täze setire geçirmek düzgüni 1. Sözüň setire sygmadyk bölegi täze setire geçirilende, olar bogna bölünip geçirilýär: baý-dak, pa-ra-hat-çy-lyk, de-mir-çi, te-kiz-le-mek. 2. Bir bogundan ybarat bolan sözler näçe sesden düzülen bolsa-da olary täze setire geçirmek üçin bölmek bolmaýar. Meselem: stol, klas, wagt, metr, şrift, punkt, tekst, sport. 3. Bir çekimliden düzülýän bogunlar setir soňunda hem goýulmaýar, täze setire hem geçirilmeýär. Meselem: a-dam, A-şyr, . 4. Defis bilen ýazylan goşulmalar (-la,-le.-ha,-hä,-da,-de, we ş.m.) we tirkeş sözleriň bir bölegi täze setire geçirilmeli bolanda, setiriň soňunda we täze setiriň başynda defis goýulýar. 5. Sözleriň ilkinji seslerinden düzülen ýa-da sözleriň ilkinji seslerinden we sifrlerden düzülen gysgaldylan goşma sözleri täze setire geçirmek üçin bölmek bolmaýar: TDU, GDU. TU-154, IL-62 we ş.m. Download 17.79 Kb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling