Türkmenistanyň Bilim ministrligi
Download 1.51 Mb. Pdf ko'rish
|
wlüýägulyýew M Türki ýurtlaryň taryhy-2010`HTTU
- Bu sahifa navigatsiya:
- Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan hödürlenildi Aşgabat -2010
5 Türkmenistanyň Bilim ministrligi Halkara türkmen – türk uniwersiteti Türki ýurtlaryň taryhy Synag okuw kitaby Taýýarlanlar: HTTU-nyň dosenti M.Öwlüýägulyýew, uly mugallym A. Annaberdiýew Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan hödürlenildi Aşgabat -2010 6 7 Giriş XX-nji asyryň ahyryna çenli dünýä kartasynda eke-täk türki döwlet Türkiýe respublikasy bolupdyr. Häzirki wagtda olaryň sany köpelip alta ýetdi. SSSR-iň dargamagy bilen Aziýa regionynda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen ýene-de bäş sany: Türkmenistan‚ Gazagystan‚ Özbegistan we Azerbeýjan ýaly garaşsyz özbaşdak türki döwletler peýda boldy. Bu döwletleriň halklarynyň taryhy köklerindäki‚ medeniýetlerindäki‚ dillerindäki we dinlerindäki umumylyklar olaryň biri-birine has ýakyn halklardygyny subut edýär. Oguz han‚ Gorkut ata, Görogly we ş.m. beýik şahsyýetleriň ol döwletleriň halklarynyň halk döredijiliginde‚ taryhynda we edebiýatynda gaýtalanmagy hem muňa doly güwä geçýär. 1552-nji ýylda ruslar Kazan hanlygyny ýykýarlar. Kazan hanlygynyň ýykylmagy bolsa Russiýa döwletiniň Merkezi Aziýa topraklaryna süýşmegine ýol açýar. XIX asyryň ikinji ýarymyndan başlap Merkezi Aziýadaky türki halklaryň Russiýa patyşalygynyň‚ soňra XX asyryň başlaryndan başlap tä 90-njy ýyllara çenli Sowetleriň täsirine düşmegi ol halklaryň biri-birine ýakynlaşmagyna we ykballarynyň meňzeş bolmagyna getiripdir. Bu topraklar ilki Russiýa patyşalygynyň‚ soňra bolsa Sowetleriň çig mal bazasyna öwrülipdir. Elipbiý meselesinde hem bu halklar araplaryň aralaşmagy bilen arap elipbiýini ulanan bolsalar‚ Sowetler döwrüniň ilkibaşynda latyn soňra bolsa krill elipbiýlerini ulanypdyrlar. Elipbiýleriniň umumylygy bolsa bu halklaryň biri-biriniň medeniýetini‚ edebiýatyny‚ dilini we ş.m. öwrenmekde özüniň oňyn täsirini ýetiripdir. XX asyryň ahyrlarynda Sowetleriň dargamagy bilen täze türki döwletleriň Garaşsyzlyk eýýamy başlanýar. SSSR-iň düzümindäki Merkezi Aziýa Respublikalary, şeýle-de 8 Zakawkazýadaky Azerbaýjan Respublikasy yzly-yzyna özleriniň özbaşdaklyklaryny yglan edýärler. Bu bolsa ol döwletleriň ähli ugurlarda ykdysadyýetde‚ syýasatda we medeniýetde ýokary göterilmegine getirmek bilen özbaşdak döwlet derejesinde dünýäniň iň möhüm meselelerini çözmäge mümkinçilik döretdi. Download 1.51 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling